Garawul diňiniň ONLAÝN KITAPHANASY
Garawul diňiniň
ONLAÝN KITAPHANASY
türkmen
Ä
  • Ç
  • ç
  • Ä
  • ä
  • Ž
  • ž
  • Ň
  • ň
  • Ö
  • ö
  • Ş
  • ş
  • Ü
  • ü
  • Ý
  • ý
  • MUKADDES KITAP
  • EDEBIÝATLAR
  • DUŞUŞYKLAR
  • od bap 11 sah. 116—122
  • Hudaýa sežde edilýän ýerler

Şuňa degişli wideo ýok.

Bagyşlaň, wideo ýüklenende näsazlyk ýüze çykdy.

  • Hudaýa sežde edilýän ýerler
  • Ýehowanyň islegini ýerine ýetirýän gurama
  • Sözbaşylar
  • Meňzeş maglumat
  • ÝYGNAK JAÝLARY
  • ÝYGNAK JAÝLARYNYŇ GURLUŞYGY
  • KONGRESLER KÖŞGI
  • Hudaýa sežde edilýän ýeri gymmat saýyň
    Garawul diňi Ýehowa Hudaýyň Patyşalygyny yglan edýär — 2015
Ýehowanyň islegini ýerine ýetirýän gurama
od bap 11 sah. 116—122

11-NJI BAP

Hudaýa sežde edilýän ýerler

ÝEHOWA gullukçylaryna bilim almak we biri-birini ruhlandyrmak üçin ýygnanyşmagy tabşyrdy (Ýew. 10:23—25). Gadymy döwürde ysraýyllar «mukaddes ýygnak çadyrynda» Hudaýa sežde edýärdiler (2 Mus. 39:32, 40). Soňra Dawudyň ogly Süleýman patyşa Ýehowa sežde etmek üçin ybadathana gurdy (1 Pat. 9:3). B. e. öň 607-nji ýylda şol ybadathana weýran edildi. Şondan soň ýehudylar Hudaýa sežde etmek üçin sinagogalarda ýygnanyşyp başladylar. Wagtyň geçmegi bilen, ybadathana gaýtadan dikeldilip, ýene-de arassa seždäniň merkezi boldy. Isa sinagogalarda-da, ybadathanada-da öwredýärdi (Luka 4:16; Ýah. 18:20). Ol hatda dagyň eteginde-de ýygnanyşan adamlara wagyz etdi (Mat. 5:1—7:29).

2 Isa ölenden soň, şägirtleri Mukaddes Kitaby öwrenmek we birek-biregi ruhlandyrmak üçin köpçülik ýerlerinde ýa-da imandaşlarynyň öýünde ýygnanyşýardylar (Res. 19:8, 9; Rim. 16:3, 5; Kol. 4:15; Flm. 2). Käwagt bolsa olar yzarlamalar sebäpli ýygnaklary gizlinlikde geçirýärdiler. Görşümiz ýaly, Hudaýyň wepaly gullukçylary «Ýehowadan tälim almak» we oňa sežde etmek üçin ýygnanyşypdyrlar (Işa. 54:13).

3 Şu günler bizem Hudaýa sežde etmek üçin köpçülikleýin binalarda ýa-da öýlerde ýygnanyşýarys. Wagyz duşuşyklary köplenç imandaşlaryň öýlerinde geçirilýär. Dogan-uýalar öýüni duşuşyklar üçin berip, bol bereket aldylar.

ÝYGNAK JAÝLARY

4 Ýehowanyň Şaýatlary köplenç ýygnaklaryny Ýygnak jaýynda geçirýär. Adatça, gurama ýer satyn alyp, Ýygnak jaýyny gurýar ýa-da gurlan binany satyn alyp, ony täzeden bejerýär. Çykdajylary azaltmak üçin bir Ýygnak jaýyny birnäçe ýygnak ulanýar. Käbir ýerlerde bolsa ýygnak geçirmek üçin kireýine jaý almaly bolýar. Täze Ýygnak jaýy gurulsa ýa-da öňki Ýygnak jaýy täzeden doly bejerilse, açylyş dabarasy geçirilse gowy bolýar. Ýöne onda kiçiräk bejeriş işleri geçirilse, açylyş dabarasy geçirilmeýär.

5 Ýygnak jaýyny adamlaryň ünsüni çekmek üçin has üýtgeşik edip gurmak gerek däl. Dürli ýurtlardaky Ýygnak jaýlarynyň gurluşy biri-birinden tapawutlansa-da, olar Ýehowa sežde etmek üçin gurulýar (Res. 17:24). Ýerli ýagdaýy göz öňünde tutup, Ýygnak jaýlarynda ýygnaklary rahat geçirer ýaly edip gurmaly.

6 Ýehowanyň Şaýatlary Ýygnak jaýlarynyň aýawly ulanylmagyna we abat saklanmagyna goşant goşýarlar. Ýygnak jaýyna gelenlerden hiç hili pul ýygnalmaýar. Çykdajylaryň ödelmegine kömek etmek isleýän adamlar ýörite goýlan guta pul atyp bilýärler. Her kim öz göwnünden çykaranyny berýär (2 Kor. 9:7).

7 Dogan-uýalar Ýygnak jaýyny arassa hem abat saklamak üçin pul we el kömegini berip bilýändigine begenýärler. Arassaçylyk we abat saklamak işlerine köplenç ýygnak ýaşulusy ýa-da hyzmatçysy gözegçilik edýär. Adatça, arassaçylyk işlerine topardaky dogan-uýalar gatnaşýar we oňa toparyň gözegçisi ýa-da onuň kömekçisi ýolbaşçylyk edýär. Ýygnak jaýynyň daşam, içem Ýehowany we onuň guramasyny şöhratlandyrmaly.

Dogan-uýalar Ýygnak jaýyny arassa hem abat saklamak üçin pul we el kömegini berip bilýändigine begenýärler

8 Eger bir Ýygnak jaýyny köp ýygnak ulanýan bolsa, ýaşulular Ýygnak jaýyna seredýän komiteti döredýärler. Şol komitet Ýygnak jaýyna we ondaky zatlara gözegçilik edýär. Ýygnaklaryň ýaşulular maslahaty bir dogany Ýygnak jaýyna seredýän komitetiň koordinatory edip belleýär. Komitete ýaşulular maslahaty gözegçilik edýär. Komitet Ýygnak jaýynyň arassaçylyk we abatlaýyş işlerine we gerekli zatlaryň ýeterlikli bolmagyna jogap berýär. Munuň üçin bolsa ähli ýygnaklar bir-biri bilen ýakyndan hyzmatdaşlyk etmeli.

9 Eger birnäçe ýygnak bir Ýygnak jaýyny ulanýan bolsa, ýygnaklar bir wagtda däl-de, gezekli-gezegine geçiriler ýaly gün tertibini düzmeli. Ýaşulular gün tertibini düzende, diňe öz peýdasyny gözlemän, bir-birine hormat goýmaly (Flp. 2:2—4; 1 Pet. 3:8). Hiç bir ýygnak beýleki ýygnaklar üçin karara gelip bilmeýär. Ýygnaklaryň birine etrap gözegçisi gelse, beýleki ýygnaklar şol hepdedäki duşuşyklarynyň wagtyny üýtgedip biler.

10 Ýygnak jaýynda toý nutugy ýa-da ýas nutugy bilen çykyş ediljek bolsa, Ýygnagyň gulluk komitetinden rugsat soramaly. Şol ýaşulular ähli ýagdaýlary göz öňünde tutmaly we filialyň görkezmesine görä karara gelmeli.

11 Ýygnak jaýynda şeýle çäreleri geçirýän dogan-uýalaryň özüni alyp barşy hiç kimi büdretmeli däl, Ýehowanyň adyna we ýygnagyň abraýyna ysnat getirmeli däl (Flp. 2:14, 15). Käwagt filialyň görkezmesi bilen Ýygnak jaýynda Patyşalyk gullugynyň mekdebi we Pionerler mekdebi ýaly başga-da ruhy çäreler geçirilýär.

12 Ýygnak jaýynda biz Hudaýa sežde edýäris. Şonuň üçin ol ýere gelýänler daş keşbi, geýnişi we özüni alyp barşy bilen Ýehowany şöhratlandyrmaly (Nes. 5:1; 1 Tim. 2:9, 10). Şeýtsek, ýygnaklary gymmat saýýandygymyzy görkezýäris.

13 Ýygnak geçirilýän wagty tertip-düzgüni saklamaly. Şol sebäpli ene-atalara çagalaryny öz ýanynda oturtmak maslahat berilýär. Ýaş çagaly ene-atalar ýygnakdakylaryň ünsüni sowmaz ýaly, gerek wagty çagalaryny köşeşdirmek ýa-da başga ýagdaýlar sebäpli daşyna alyp çykmak üçin, gapa golaý ýerde otursa gowy bolar.

14 Talaba laýyk gelýän käbir doganlar ýygnaga gelýänlere hyzmat etmek üçin bellenilýär. Olar ünsli, mähirli hem-de paýhasly bolmaly. Ýygnaga täze gelenleri güler ýüz bilen garşy alyp, olara özüni arkaýyn duýmaga kömek etmeli, gijä galanlara ýer tapyp bermeli, duşuşyga gelenleriň sanyny hasaba almaly we jaýyň içiniň ýyly bolmagyna hem-de howasynyň çalşylyp durmagyna gözegçilik etmeli. Şeýle-de çagalar duşuşykdan öň ýa soň ylgap, ýa-da sahnanyň töwereginde oýnap ýörmez ýaly, şol doganlar ene-atalara çagalaryna seretmegi ýatladyp biler. Çaga gulak asman başlasa, ýygnakdakylaryň ünsi bölünmez ýaly, hyzmat edýän dogan onuň ene-atasyndan çagasyny daşary alyp çykmagy haýyş edip biler. Hyzmat edýän doganlar ýygnaga gelenler arkaýyn diňläp, ruhlanyp gider ýaly elinde baryny etmeli. Şu jogapkärçilige ýaşuly ýa-da hyzmatçy doganlar bellense gowy bolar.

ÝYGNAK JAÝLARYNYŇ GURLUŞYGY

15 I asyrdaky mesihçileriň käbiri has gurplurak ýaşaýardy. Şol sebäpli Pawlus resul: «Siz artykmaç zadyňyz bilen olara kömek ediň. Şonda olar hem artykmaç zady bilen siziň ýetmeýän zadyňyzy ýetirerler. Şeýlelikde, siziň araňyzda deňlik bolar» diýdi (2 Kor. 8:14). Şu günlerem «deňlik» bolar ýaly, bütin dünýädäki ýygnaklaryň berýän pul sadakalary arkaly Ýygnak jaýlaryny gurýarlar we olarda bejeriş işlerini geçirýärler. Dogan-uýalaryň jomartlyk bilen pul sadakalaryny berýändigine guramamyzam, ýygnaklaram ýürekden minnetdar.

16 Filial käbir zatlary göz öňünde tutup, ýygnaklaryň haýsy Ýygnak jaýyna barmalydygyny belleýär. Şeýle-de filiala degişli ýerlerde täze Ýygnak jaýlaryny haçan we nirede gurulmalydygyny hem-de haýsysynda bejeriş işlerini geçirmelidigini çözýär. Tebigy betbagtçylyk bolanda Ýygnak jaýlaryny, gerek bolsa, dogan-uýalaryň öýlerini bejermegiň aladasyny edýär.

17 Filial gurluşyk üçin ýer satyn almaga, meýletinçileriň işine, Ýygnak jaýlarynyň çyzgysyna, gerekli rugsatnamalary almaga, gurluşygyna, bejeriş işleriniň geçirilmegine gözegçilik edýär. Köp ýurtlarda ençeme Ýygnak jaýlary gerek. Şonuň üçin gurluşyga meýletinçileriň kömegi gerek bolýar. Talaba laýyk gelýän we gurluşyga kömek etmek isleýän suwa çümdürilen dogan-uýalaryň ählisi arzany dolduryp, ýygnagynyň gulluk komitetine berip biler. Suwa çümdürilmedik wagyzçylar hem öz Ýygnak jaýlarynyň gurluşygyna ýa-da bejeriş işlerine gatnaşyp bilýärler.

KONGRESLER KÖŞGI

18 I asyrdaky mesihçiler köplenç kiçi topar bolup ýygnanyşýardylar. Käwagt bolsa köpçülik bolup ýygnanyşýardylar (Res. 11:26). Şu günlerem Ýehowanyň halky etrap hem-de welaýat kongreslerinde köpçülik bolup ýygnanyşýar. Kongres geçirmek üçin köplenç uly jaýlar kireýine alynýar. Emma şeýle jaýlary tapmak ýa-da kireýine almak kyn bolsa, Kongresler köşgüni gurmaly bolýar.

19 Kongresler köşgi gerek bolsa, käwagt uly jaý satyn alynýar we bejerilýär. Köplenç bolsa boş ýer satyn alnyp, täze Kongresler köşgi gurulýar. Kongresler köşgüniň ululygy ýerli zerurlyklara görä bolýar. Filial Kongresler köşgüni gurmazdan ýa-da onuň üçin jaý satyn almazdan öň, ähli çykdajylary hasaplaýar. Onuň näçeräk ulanyljakdygyny göz öňünde tutýar.

20 Kongresler köşgüniň bejeriş işlerini geçirmek üçin doganlary filial belleýär. Etrapdaky ýygnaklar Kongresler köşgüni yzygiderli arassalap durýarlar. Ýylda iki gezek uly arassaçylyk işlerini we wagtal-wagtal bejeriş işlerini hem geçirýärler. Şeýle işlere doganlar meýletin gatnaşyp biler. Şonuň üçin dogan-uýalar şu işe kömekleşmäge höweslendirilýär (Zeb. 110:3; Mel. 1:10).

21 Käwagt Kongresler köşgünde mekdepler, etrap gözegçileri we ýygnak ýaşululary üçin ýörite duşuşyklar geçirilýär. Kongresler köşgi hem Ýygnak jaýy ýaly Ýehowa sežde edilýän mukaddes ýer hasaplanýar. Şol sebäpli Kongresler köşgüne baranymyzda-da daş keşbimiz, geýnişimiz we özümizi alyp barşymyz bilen Ýehowany şöhratlandyrmaly.

22 Ýehowa halkyny goldaýar. Şonuň üçin dünýäniň ahyrynda halkyna goşulýan adamlar gün-günden köpelýär (Işa. 60:8, 10, 11, 22). Dogan-uýalar Ýehowa arkaýyn sežde edip biler ýaly, Ýygnak jaýlarynyň, Kongresler köşgüniň abat hem arassa bolmagy üçin elimizde baryny edýäris. Ýehowa minnetdar, biziň birek-biregi ruhlandyrmak üçin ýygnanyşýan ýerlerimiz bar.

    Türkmençe edebiýatlar (1997—2026)
    Çykmak
    Girmek
    • türkmen
    • Paýlaş
    • Sazlamalar
    • Copyright © 2025 Watch Tower Bible and Tract Society of Pennsylvania
    • Şertler we düzgünler
    • Gizlinlik syýasaty
    • Gizlinlik sazlamalary
    • JW.ORG
    • Girmek
    Paýlaş