15-NJI BAP
Baştutanlyk düzgünine tabyn bolmagyň peýdasy
ÝEHOWANYŇ islegini guramaçylykly ýerine ýetirmek üçin, Älemiň Hökümdaryna tabyn bolmaly. Hudaýyň Ogly Isa mesihçiler ýygnagynyň başy. Hudaýyň baştutanlyk düzgünine tabyn bolmagyň peýdasy köp, şonuň üçin biz ähli ýagdaýlarda oňa tabyn bolmaga jan edýäris.
2 1 Musa 1:28 we 2:16, 17-nji aýatlardan görnüşi ýaly, Hudaý Erem bagynda tabyn bolmak düzgünini goýdy. Haýwanlara adamlar gözegçilik etmelidi, Adam ata bilen How ene bolsa Hudaýa tabyn bolup ýaşamalydy. Hudaý şeýle düzgüni parahatlygyň we tertip-düzgüniň bolmagy üçin berdi. 1 Korinfliler 11:3-de hem baştutanlyk düzgüni barada aýdylýar. Pawlus resul: «Siziň şuny bilmegiňizi isleýärin: her erkegiň başy Mesih, aýalyň başy erkek, Mesihiň başy hem Hudaýdyr» diýdi. Diýmek, Ýehowadan başga hemmeler kimdir birine tabyn bolmaly.
3 Şu günler adamlaryň köpüsi baştutanlyk düzgünine eýermeýär. Näme üçin? Munuň başyny Adam ata bilen How ene başlady. Olar Erem bagynda Hudaýa tabyn bolmakdan boýun gaçyrdy (1 Mus. 3:4, 5). Olar erkin ýaşarys öýtseler-de, Şeýtan Iblise tabyn bolup, onuň guly boldular. Şeýdip, bütin adamzat Hudaýdan daşlaşdy (Kol. 1:21). Netijede, häzir köp adamlar Şeýtana tabyn bolup ýaşaýar (1 Ýah. 5:19).
4 Hudaýyň Sözündäki hakykaty öwrensek we şol boýunça ýaşasak, Şeýtanyň golastynda bolmarys. Biz Ýehowany Hökümdarymyz hasaplap ömrümizi oňa bagyş edip, suwa çümdürildik. Dawut patyşa ýaly, bizem Ýehowany «hemmeden beýik» hasaplaýarys (1 Tar. 29:11). «Ýehowa hak Hudaý... Bizi ol ýaratdy, biz onuňky. Biz onuň halky, örüsiniň goýunlary» (Zeb. 100:3). Dogrudanam, Ýehowa ähli zady ýaradan beýik Hudaý, biz diňe oňa tabyn bolmaly (Ylh. 4:11). Hudaýyň gullukçylary Ýehowa doly tabyn bolan Isa Mesihden görelde alýarlar.
5 Isa ýer ýüzündekä nähili kynam bolsa Atasyna gulak asyp ýaşady. Ýewreýler 5:8-de: «Ol Hudaýyň ogly bolsa-da, görgi görüp gulak asmagy öwrendi» diýilýär. Dogrudanam, Isa agyr kynçylyklarda-da gökdäki Atasyna tabyn bolup, wepaly boldy. Şeýle-de ol hiç zady öz-özünden etmeýärdi, öz pikirini aýtmaýardy we özüni şöhratlandyrmaýardy (Ýah. 5:19, 30; 6:38; 7:16—18). Ol garşy çyksalar-da, yzarlasalar-da, Atasynyň islegini höwes bilen edýärdi (Ýah. 15:20). Nähili ýagdaý bolsa-da, Isa Hudaýa tabyn bolýardy. Ol «özüni kiçeldip... jebir pürsünde ölýänçä gulak asdy». Isa Ýehowa doly tabyn bolup, Atasyny şöhratlandyrdy we bütin adamzadyň ebedi ýaşamagyna ýol açdy. Hudaý hem ony beýgeltdi (Flp. 2:5—11; Ýew. 5:9).
KIME TABYN BOLMALY?
6 Biz Ýehowa tabyn bolup, gulak assak, köp kynçylyklaryň öňüni alarys. Hudaýa tabyn bolmaýan adamlar başyna köp bela satyn alýarlar. Ganym duşmanymyz Şeýtan her birimizi ýuwutmak üçin elinde baryny edýär. Eger biz Şeýtanyň duzagyna düşmesek, ähli zatda Ýehowa pesgöwünlilik bilen tabyn bolsak, halas bolarys (Mat. 6:10, 13; 1 Pet. 5:6—9).
7 Isa mesihçiler ýygnagyna ýolbaşçylyk edýär we ol «wepaly hem paýhasly hyzmatkäre» ýygnaklara gözegçilik etmäge ygtyýar berdi. Muňa düşünmek, garaýşymyza we birek-birek bilen gatnaşygymyza täsir edýär. Biz ýygnakda baştutanlyk düzgünine eýersek, ähli ýagdaýda Mukaddes Kitabyň görkezmelerine gulak asarys. Meselem, yhlasly wagyz ederis, ýygnaklara gatnaşyp, jogap bereris, ýaşulular bilen işleşeris we guramada gurnalýan çärelere gatnaşarys (Mat. 24:45—47; 28:19, 20; Ýew. 10:24, 25; 13:7, 17).
8 Ýehowa tertip-düzgüni gowy görýän Hudaý. Biz oňa tabyn bolup, ajaýyp häsiýetlerinden görelde alsak, ýygnakda parahatlyk, howpsuzlyk we tertip-düzgün bolar (1 Kor. 14:33, 40). Bizem Dawut patyşa ýaly Ýehowanyň guramasynyň agzasydygymyza begenýäris. Dawut Ýehowanyň gullukçylary bilen erbet adamlaryň arasyndaky tapawudy görende: «Hudaýy Ýehowa bolan halk bagtlydyr!» diýdi (Zeb. 144:15).
9 Maşgalanyň başy är. Erkek adam hem Mesihe tabyn bolýar, Mesihiň başy bolsa Hudaýdyr (1 Kor. 11:3). Aýal ärine tabyn bolmaly, çagalar bolsa ene-atasyna gulak asmaly (Efes. 5:22—24; 6:1). Maşgalada hemmeler şu düzgüne eýerse, agzybirlik bolar.
10 Är Mesihden görelde alyp, aýalyny, çagalaryny söýýän maşgalabaşy bolmaly (Efes. 5:25—29). Eger är mähirli, ýumşak bolsa, diňe özüni bilmän, maşgalasynyň aladasyny etse, aýalyna, çagalaryna oňa tabyn bolmak aňsat bolar. Şeýle-de aýal ärine gowy kömekçi bolar (1 Mus. 2:18). Eger aýal ärine hormat goýsa, ýürekden goldasa, äri ony söýer, guwanar. Şeýdip, aýal Hudaýy hem şöhratlandyrar (1 Pet. 3:1—4). Şonda çagalaram ene-atasyndan görelde alyp, Hudaýa tabyn bolar.
Baştutanlyk düzgünine tabyn bolmak bütin durmuşymyza täsir edýär
11 Ýehowa tabyn bolsak, «ýokary häkimiýetlere» hem tabyn bolarys, sebäbi «olaryň höküm sürmegine Hudaý rugsat berdi» (Rim. 13:1—7). Mesihçiler döwletiň kanunyna gulak asyp, wagtly-wagtynda salgyt töleýär. Şeýdip, «patyşanyňkyny patyşa, Hudaýyňkyny Hudaýa berýärler» (Mat. 22:21). Mundan başga-da, mesihçiler meýdançada wagyz edende şahsy maglumaty goramak baradaky kanuny berjaý edýärler. Biz döwletiň Ýehowanyň islegine garşy gelmeýän ähli kanunlaryna boýun bolsak, arkaýyn wagyz ederis (Mar. 13:10; Res. 5:29).
12 Baştutanlyk düzgünine tabyn bolmak bütin durmuşymyza täsir edýär. Tizden ähli adamlaryň Ýehowa tabyn boljak günlerini gözümiz bilen göreris (1 Kor. 15:27, 28). Ýehowanyň hökümdarlygyny goldap, oňa tabyn bolýan adamlar tükeniksiz bereketleri alarlar.