Garawul diňiniň ONLAÝN KITAPHANASY
Garawul diňiniň
ONLAÝN KITAPHANASY
türkmen
Ä
  • Ç
  • ç
  • Ä
  • ä
  • Ž
  • ž
  • Ň
  • ň
  • Ö
  • ö
  • Ş
  • ş
  • Ü
  • ü
  • Ý
  • ý
  • MUKADDES KITAP
  • EDEBIÝATLAR
  • DUŞUŞYKLAR
  • rj 5-nji böl. sah. 12—15
  • «Janyňyzy goraýan çopana we gözegçä dolanyň»

Şuňa degişli wideo ýok.

Bagyşlaň, wideo ýüklenende näsazlyk ýüze çykdy.

  • «Janyňyzy goraýan çopana we gözegçä dolanyň»
  • Ýehowa dolanyň
  • Meňzeş maglumat
  • «Maňa dolanyň»
    Garawul diňi Ýehowa Hudaýyň Patyşalygyny yglan edýär — 2020
  • Hudaý saňa güýç berer
    Ýehowa aýdym aýdalyň
  • Ýehowa sizi söýýär!
    Garawul diňi Ýehowa Hudaýyň Patyşalygyny yglan edýär — 2021
  • Olara haýal etmän dolanmaga kömek ediň!
    Garawul diňi Ýehowa Hudaýyň Patyşalygyny yglan edýär — 2008
Başgalary
Ýehowa dolanyň
rj 5-nji böl. sah. 12—15

BÄŞINJI BÖLÜM

«Janyňyzy goraýan çopana we gözegçä dolanyň»

Sen şu broşýurada agzalan kynçylyklaryň haýsy hem bolsa biri bilen göreşýärmiň? Eger şeýle bolsa, onda sen ýeke däl. Hudaýyň gadymy döwürde ýaşan we häzirki wepaly gullukçylarynyň köpüsi hem şeýle kynçylyklary başdan geçirdiler. Emma olar Ýehowanyň kömegi bilen kynçylyklaryň ählisine hötde geldiler, bu saňa-da başardar.

Ýehowa dolananyňda, onuň goldajakdygyna ynanyp bilersiň

ÝEHOWA dolananyňda, onuň goldajakdygyna ynanyp bilersiň. Ol saňa aladalaryňy, agyr duýgularyňy ýeňmäge, kalbyňa we pikiriňe rahatlyk berip, ynsabyňy arassalamaga kömek eder. Şonda seniň ýene-de Ýehowanyň beýleki gullukçylary bilen bile oňa gulluk etmäge islegiň dörär. Seniň ýagdaýyňy I asyrda ýaşan käbir mesihçilere meňzetse bolar. Petrus resul olara: «Siz azaşan goýunlar ýalydyňyz, indi bolsa janyňyzy goraýan çopana we gözegçä dolandyňyz» diýip ýazdy (1 Petrus 2:25).

Dogrudan-da, Ýehowa dolansaň, bu seniň durmuşyňda gelen iň gowy kararyň bolar. Näme üçin şeýle diýse bolar? Sebäbi şonda sen Ýehowanyň ýüregini şatlandyrarsyň (Süleýmanyň tymsallary 27:11). Biziň özümizi alyp barşymyz Ýehowa täsir edýär, sebäbi onuň duýgulary bar, muny seniň özüňem gowy bilýänsiň. Elbetde, Ýehowa bizi özüni söýmäge we gulluk etmäge mejbur etmeýär (Kanun taglymaty 30:19, 20). Mukaddes Ýazgylary öwrenýän bir alym şeýle diýdi: «Ynsan ýüreginiň gapysyny daşyndan däl-de, diňe iç ýüzünden açyp bolýar». Biz Ýehowa ýürekden we söýgi bilen gulluk etsek, şol gapyny açdygymyz bolar. Şeýdip, biz onuň ýüregini juda begendireris. Hawa, Ýehowa sežde edip, biz hiç zat bilen deňäp bolmajak şatlygyň eýesi bolarys. Ýehowa bolsa şeýle seždä mynasyp Hudaýdyr (Resullaryň işleri 20:35; Ylham 4:11).

Ruhy taýdan gowşap, ýygnaga gelmedik uýany dogan-uýalar mähirli garşy alýarlar

Galyberse-de, sen Ýehowa edýän seždäňi dikeltseň, öz ruhy zerurlyklaryňy kanagatlandyryp başlarsyň (Matta 5:3). Adamlar: «Durmuşyň manysy näme?» diýip soraýarlar. Olar şuňa meňzeş soraglaryň jogabyny bilmek isleýärler, sebäbi Ýehowa adamy şeýle isleg bilen ýaratdy. Biz bolsa Ýehowa gulluk edip, şu islegimizi kanagatlandyrýarys. Hawa, Ýehowa söýgi bilen sežde edýändigiňe düşünmek diýseň bagtly edýär (Zebur 63:1—5).

Mähriban dogan-uýa, Ýehowa seniň oňa dolanmagyňy isleýär. Muny nämeden bilse bolar? Üns beren bolsaň, şu broşýurany taýýarlamak üçin doganlar gaty köp doga etdiler. Belki-de, bu broşýurany saňa ýygnak ýaşulusy ýa-da başga bir imandaşyň getirip berendir. Sen hem ony okap, ondaky aýdylan zatlara görä hereket edesiň gelendir. Bu zatlaryň bary Ýehowanyň seni unutmandygyny subut edýär. Ol seni mähir bilen yzyna çagyrýar (Ýahýa 6:44).

Ýehowanyň ýiten gullukçylaryny hiç haçan unutmaýandygyny bilmek bize teselli berip biler. Donna atly uýamyz munuň şeýledigine göz ýetirdi. Ol şeýle gürrüň berýär: «Men hakykatdan kem-kemden daşlaşdym, ýöne köplenç Zebur 139:23, 24-nji aýatlardaky: „Eý Hudaý, meni barla-da, ýüregimi bil, meni syna-da, pikirlerimi bil; gör, mende erbet ýol bar bolsa, meni ebedi ýola sal“ diýen sözleriň üstünde oýlanýardym. Men bu dünýäden däldigime düşünýärdim, dünýäde hiç hili ornaşyp hem bilmedim. Ýehowanyň guramasy nirede bolsa, menem şol ýerde bolmalydygyma göz ýetirdim. Ýehowanyň meni hiç haçan terk etmändigine düşünip başladym; aslynda, meniň özüm oňa dolanmalydym. Men Ýehowa dolanandygyma diýseň begenýärin!»

«Ýehowanyň meni hiç haçan terk etmändigine düşünip başladym; aslynda, meniň özüm oňa dolanmalydym»

Biz seniň hem Ýehowa dolanyp, onuň «eçilýän şatlygyny» duýmagyň üçin gyzgyn doga edýäris (Nehemýa 8:10). Sen Ýehowa dolanandygyňa hiç haçan ökünmersiň.

Ýehowa nädip dolanmalydygy barada berilýän soraglaryň jogaby

NÄMEDEN BAŞLAMALY?

Ruhy taýdan gowşan uýamyz Mukaddes Ýazgylary okaýar

Adatça, syrkawlan adamyň saglygy kem-kemden gowulaşýar. Şonuň ýaly ruhy taýdan gowşan mesihçi-de imanda berkemek üçin her gün iň bolmanda biraz ruhy iýmit iýmeli. Hemme zady birden etmelidir diýip pikir etme. Belki-de, sen Mukaddes Ýazgylary okamak ýa-da onuň audioýazgysyny diňlemek, edebiýatlarymyzyň birini öwrenmek ýa-da jw.org saýtymyza girmek üçin birnäçe minut sarp etmek islärsiň. Şeýle-de mümkin boldugyndan tizräk ýygnak duşuşygyna barjak bol. Esasan-da, Ýehowa doga edip, ondan kömek sora. Mukaddes Ýazgylarda: «Ähli ýüküňizi onuň üstüne atyň, sebäbi ol siziň aladaňyzy edýändir» diýilýär (1 Petrus 5:7).

«Men ruhy taýdan gowşanymda, hatda doga etmäge-de ýaýdanyp başladym. Ahyrsoňy, ýüregimi bire baglap, doga edenimde, ýygnagymyzyň ýaşulusy meni ideg etdi. Ol maňa Ýehowanyň menden ýüz öwürmändigine düşünmäge kömek etdi. Ýaşuly dogan maňa her gün Mukaddes Ýazgylary okamagy maslahat berdi. Men onuň maslahatyna eýerenimde, ýygnaga dolanmaga güýç topladym. Wagtyň geçmegi bilen, men wagza çykyp başladym. Ýehowanyň menden ýüz öwürmändigine diýseň begenýärin» (Ewa).

DOGAN-UÝALAR MENI NÄHILI KABUL EDERKÄ?

Ýygnakdaky dogan-uýalaryň seni mähirli garşy aljakdygyna şübhelenme. Olar seni ýazgarmazlar, gaýtam, söýgüsini görkezip, ruhlandyrarlar (Ýewreýler 10:24, 25).

«Men Patyşalyk zalyna barmaga utanýardym. Ýygnaga barsam, dostlarym maňa nähili gararka diýip pikirlenýärdim. Şonda, ýagny 30 ýyl mundan ozal ýygnakdaky bir gartaşan uýa ýanyma gelip: „Oglum, öýüňe hoş geldiň!“ diýdi. Bu sözler maňa güýçli täsir etdi. Men, dogurdan-da, öýüme dolanypdyryn» (Hawýer).

«Patyşalyk zalyna baranymda, hiç kim görmez ýaly, men iň soňky hatarda oturdym. Emma çagalygymdan tanaýan dogan-uýalar meni görüp tanadylar. Olar meni mähirli kabul edip, gujakladylar. Bu maňa şeýle täsir etdi welin, kalbymy rahatlyk gurşap aldy. Men özümi öýe gelen ýaly duýdum» (Marko).

ÝYGNAK ÝAŞULULARY MAŇA NÄDIP KÖMEK EDER?

Ýaşulular hem seni mähirli garşylarlar. Olar seniň «başdaky söýgiňi» dikeltmek isleýändigiňi görüp, öwgüli sözler aýdarlar (Ylham 2:4). Şeýle-de saňa rehimdarlyk bildirip, eden ýalňyşlyklaryňy düzetmäge «ýumşaklyk bilen» kömek ederler (Galatýalylar 6:1; Süleýmanyň tymsallary 28:13). Olar seniň bilen «Ebedi ýaşaň!» atly kitap arkaly okuw geçirilmeginiň aladasyny ederler. Ýaşulular edýän her bir tagallaňy görüp, seni goldarlar we göwünlik bererler (Işaýa 32:1, 2).

«Sekiz ýyllap ýygnaklara barmasam-da, ýaşulular hemişe meni ideýärdiler. Bir gezek ýaşuly dogan maňa öň düşen käbir suratlarymyzy görkezdi. Olar maňa Ýehowa şatlyk bilen gulluk eden döwrümi ýatlatdy. Hawa, ýaşulular maňa ruhy taýdan dikelmäge mähirli kömek etdiler» (Wiktor).

«Hudaý saňa güýç berer»

Iki uýamyz ýygnakda bir aýdym kitabyny ulanyp, aýdym aýdýarlar

Biziň «Ýehowa aýdym aýdalyň» atly kitabymyzda ençeme ruhlandyryjy aýdymlar bar. Olar saňa ruhy taýdan dikelmek üçin teselli berip we ruhlandyryp biler. Meselem, 38-nji aýdymyň sözlerine üns ber. 1 Petrus 5:10-njy aýada esaslanan bu aýdymyň ady «Hudaý saňa güýç berer».

  1. Saňa Alla hakykaty açyp berdi,

    Çykardy gap-garaňky dünýäden.

    Ýüregiňi, päk niýetleriňi gördi,

    Azat etmek isledi günäden.

    Hudaýy söýmegi berdiň wada,

    Hiç haçan mätäç bolmarsyň zada.

  2. Hudaý söýgüli Ogluny gurban berdi,

    Sebäbi söýýär her bir ynsany.

    Ýeke-täk Ogluny gaýgyrmadyk Alla

    Hökman berkider gowşan imany.

    Hudaý söýgiňi ýatdan çykarmaz,

    Eziz halkyny asla unutmaz.

    GAÝTALAMA:

    Hudaý saýlady bizi, bolalyň ynamly.

    Güýç berer, berkider, eder has çydamly.

    Dogry ýoly görkezer halas bolar ýaly.

    Güýç berer, berkider, eder has çydamly.

«Ýehowa aýdym aýdyň»

Ýokardaky Patyşalyk aýdymyny ýa-da başgasyny diňlemek üçin jw.org saýtyna girip bilersiň.

    Türkmençe edebiýatlar (1997—2026)
    Çykmak
    Girmek
    • türkmen
    • Paýlaş
    • Sazlamalar
    • Copyright © 2025 Watch Tower Bible and Tract Society of Pennsylvania
    • Şertler we düzgünler
    • Gizlinlik syýasaty
    • Gizlinlik sazlamalary
    • JW.ORG
    • Girmek
    Paýlaş