Garawul diňiniň ONLAÝN KITAPHANASY
Garawul diňiniň
ONLAÝN KITAPHANASY
türkmen
Ä
  • Ç
  • ç
  • Ä
  • ä
  • Ž
  • ž
  • Ň
  • ň
  • Ö
  • ö
  • Ş
  • ş
  • Ü
  • ü
  • Ý
  • ý
  • MUKADDES KITAP
  • EDEBIÝATLAR
  • DUŞUŞYKLAR
  • ypq sorag 2 sah. 6—8
  • Men näme üçin daş keşbim barada aladalanýaryn?

Şuňa degişli wideo ýok.

Bagyşlaň, wideo ýüklenende näsazlyk ýüze çykdy.

  • Men näme üçin daş keşbim barada aladalanýaryn?
  • Ýaşlary gyzyklandyrýan 10 soragyň jogaby
  • Meňzeş maglumat
  • Daş keşbimi halamasam näme etmeli?
    Ýaşlaryň sowallary — peýdaly maslahatlar, II tom
Ýaşlary gyzyklandyrýan 10 soragyň jogaby
ypq sorag 2 sah. 6—8
Bir ýetginjek gyz moda žurnalyna seredýär

2-NJI SORAG

Men näme üçin daş keşbim barada aladalanýaryn?

MUNY BILMEK NÄME ÜÇIN WAJYP?

Sen aýna seredeniňde, diňe daş keşbiňi görýärsiň. Emma ondan-da has wajyp zatlar bar.

SEN NÄME EDERDIŇ?

Şeýle ýagdaýy göz öňüne getir: Juliýa aýnada özüni synlaýar. Ol: «Gaty semräpdirin, men hökman horlanmaly» diýýär. Ejesi, kakasy we joralary bolsa: «A gyz, iňňä sapaýmaly bolupsyň» diýýärler.

Juliýa: «Iki-üç kilogram horlanmasam-a bolmaýar. Birki gün hiç zat iýmänim bilen öläýesim ýok-la» diýip, içini gepledýär.

Eger sen Juliýanyň ýerine bolsaň näme ederdiň?

SAKLAN WE OÝLAN!

Bir ýetginjek gyz aýna seredip, edil gyşyk-myşyk görkezýän aýna sereden ýaly, özüni semiz görýär

Daş keşbiň barada nädogry pikirde bolmak edil gyşyk-myşyk görkezýän aýna sereden ýalydyr

Elbetde, daş keşbiň barada oýlanmak nädogry däl. Mukaddes Ýazgylarda Sara, Rahel, Abygaýyl, Ýusup we Dawut ýaly ençeme erkekdir aýallaryň owadan hem-de görmegeý bolandygy aýdylýar. Abyşag atly gyza bolsa «gaty görmegeý» diýilýär (1 Patyşalar 1:4).

Emma ýaşlaryň köpüsi daş keşbi barada çendenaşa köp aladalanýarlar. Bu ýagdaý köp kynçylyklara eltip biler. Ýöne oýlanyp gör:

  • Geçirilen bir barlaga görä, gyzlaryň 58 göterimi özlerini semiz hasaplaýarlar. Ýöne, aslynda, olaryň bary-ýogy 17 göterimi şeýledi.

  • Başga bir barlaga görä, özlerini semiz hasaplaýan aýallaryň 45 göterimi, aslynda, hordy.

  • Käbir ýaşlar horlanjak bolup ölüm howply anoreksiýa keseline duçar bolýar. Olar hiç zat iýmän-içmän özlerini horlaýarlar.

Eger sende anoreksiýa ýa-da şoňa meňzeş başga bir keseliň alamatlary bar bolsa, haýal etmän ejeňden, kakaňdan, ýa-da ynamdar adamdan kömek sora. Mukaddes Ýazgylarda: «Dost her wagt söýýändir; dogan bolsa aladaly gün üçin doglandyr» diýilýär (Süleýmanyň tymsallary 17:17).

ASLYNDA NÄMÄNI ÜÝTGETMELI?

Adamy daş keşbi däl-de, gowy häsiýetleri bezeýär. Gel, Dawut patyşanyň ogly Abşalomy ýada salaly. Mukaddes Ýazgylarda şeýle diýilýär:

«Görmegeýlikde Abşalom ýaly magtalýan adam tutuş Ysraýylda ýokdy. Depesinden dyrnagyna çenli onuň ýekeje-de kemi ýokdy» (2 Şamuwel 14:25).

Emma ol diýseň ulumsy, dönük we şöhratparazdy! Şol sebäpli Abşalom hakda okanyňda, görmegeý ýigit däl-de, barypýatan dönük we ganhor adam göz öňüňe gelýär.

Injilde şeýle maslahatyň berilýändigi örän ýerlikli:

«Täze häsiýetlere geýniň» (Koloslylar 3:10).

«Goý, siziň daş keşbiňizi... ýüregiňizdäki solmaýan owadanlyk... bezesin» (1 Petrus 3:3, 4).

Elbetde, daş keşbiňe üns bermek nädogry däl, ýöne seniň nähili adamdygyň has-da wajyp. Adatça, adamlary boý-syratyň däl-de, gowy häsiýetleriň özüne çekýär. Anna atly gyz şeýle diýýär: «Owadanlyk birbada özüne çekse-de, köplenç seniň nähili adamdygyň we gowy häsiýetleriň başgalaryň ýadynda galýar».

ÖZÜŇE DOGRY BAHA BER

Sen daş keşbiň sebäpli lapykeç bolýarmyň?

Sen daş keşbiňi üýtgetmek üçin plastiki operasiýa etdirmek ýa-da berk berhiz tutmak barada oýlanypmydyň?

Eger sende şeýle mümkinçilik bolan bolsa, daş keşbiň nämesini üýtgederdiň? (Özüňe degişli bolanlary belle).

  • BOÝUŇ

  • AGRAMYŇ

  • SAÇYŇ

  • SYRATYŇ

  • ÝÜZÜŇ

  • BAŞGA ZATLARYŇ

Eger sen ilkinji iki soraga «hawa» diýip jogap berip we daş keşbiňde üýtgetmek isleýän üç ýa-da ondan köp zady bellän bolsaň, şuny unutma: Aslynda, seni alada goýýan zatlara başgalar asla ünsem bermeýär. Daş keşbiň barada aşa köp aladalansaň, özüňi kyn ýagdaýa salarsyň (1 Şamuwel 16:7).

SEN NÄME ETMEKÇI?

  • Men saglygymyň aladasyny etmek üçin...

  • Sportyň peýdaly görnüşleri bilen meşgullanyp bilerin, meselem...

  • Eger joram horlanmak üçin berk berhiz tutýandygyny aýtsa, men...

KÖPRÄK BILMEK ÜÇIN

Deň-duşlaryň näme diýýär? Daş keşp

«Deň-duşlaryň näme diýýär? Daş keşp» atly wideony görüp bilersiň. (www.jw.org/tk saýtyna girip, TAGLYMATLAR > ÝETGINJEKLER diýen bölümi saýla)

    Türkmençe edebiýatlar (1997—2026)
    Çykmak
    Girmek
    • türkmen
    • Paýlaş
    • Sazlamalar
    • Copyright © 2025 Watch Tower Bible and Tract Society of Pennsylvania
    • Şertler we düzgünler
    • Gizlinlik syýasaty
    • Gizlinlik sazlamalary
    • JW.ORG
    • Girmek
    Paýlaş