Garawul diňiniň ONLAÝN KITAPHANASY
Garawul diňiniň
ONLAÝN KITAPHANASY
türkmen
Ä
  • Ç
  • ç
  • Ä
  • ä
  • Ž
  • ž
  • Ň
  • ň
  • Ö
  • ö
  • Ş
  • ş
  • Ü
  • ü
  • Ý
  • ý
  • MUKADDES KITAP
  • EDEBIÝATLAR
  • DUŞUŞYKLAR
  • ypq sorag 7 sah. 21—23
  • Ahlaksyzlyk etmäge yrjak bolsalar näme etmeli?

Şuňa degişli wideo ýok.

Bagyşlaň, wideo ýüklenende näsazlyk ýüze çykdy.

  • Ahlaksyzlyk etmäge yrjak bolsalar näme etmeli?
  • Ýaşlary gyzyklandyrýan 10 soragyň jogaby
  • Meňzeş maglumat
  • Jynsy gatnaşyk bizi has ysnyşdyrarmyka?
    Ýaşlaryň sowallary — peýdaly maslahatlar, I tom
  • Jynsy gatnaşyk babatdaky ynançlarymy nädip düşündirip bilerin?
    Ýaşlaryň sowallary
  • Oral (agyz arkaly) jynsy gatnaşyk etmek dogrumy?
    Ýaşlaryň sowallary
  • Näme üçin durmuş gurýançam garaşamaly?
    Ýaşlaryň sowallary — peýdaly maslahatlar, II tom
Başgalary
Ýaşlary gyzyklandyrýan 10 soragyň jogaby
ypq sorag 7 sah. 21—23
Ýetginjek gyz ýaş oglanyň teklibinden çürt-kesik ýüz öwürýär

7-NJI SORAG

Ahlaksyzlyk etmäge yrjak bolsalar näme etmeli?

MUNY BILMEK NÄME ÜÇIN WAJYP?

Seniň jynsy gatnyşyk babatda gelýän kararyň bütin ömrüňe täsir edip biler.

SEN NÄME EDERDIŇ?

Şeýle ýagdaýy göz öňüne getir: Helen Maýkly bary-ýogy iki aý bäri tanaýar. Ýöne onuň göwnüne olar biri-birini ömürboýy tanaýan ýaly görünýär. Olar birnäçe sagatlap telefonda gürleşýärler, dynman SMS ýazyşýarlar, biri söze başladygy beýlekisi yzyny dowam etdirýär. Emma Maýkl ýönekeý gürrüňdeşlikden has köp zady isleýär.

Geçen iki aýyň içinde Maýkl bilen Heleniň arasynda el tutuşmakdan we ogşaşmakdan başga hiç zat bolmandy. Helen mundan öte geçmek islemeýär. Ýöne ol Maýkly hem ýitiresi gelmeýär. Sebäbi ol diňe Maýklyň ýanynda özüni şeýle owadan hem-de arzyly duýýar. Şonuň üçinem Helen öz ýanyndan: «Biz biri-birimizi söýýäris ahyry» diýip oýlanýar.

Eger sen Heleniňki ýaly ýagdaýa düşen bolsaň näme ederdiň?

SAKLAN WE OÝLAN!

Owadan köýnek esgi edilip, tozan süpürmek üçin ulanylýar

Jynsy gatnaşyk Hudaýyň maşgala guranlara beren sowgady. Nikadan öň jynsy gatnaşykda bolýan adam Hudaýyň berýän sowgadyny depeleýär. Bu edil sowgat berlen owadan köýnegi esgi edip, tozan süpürmek üçin ulanan ýalydyr

Eger sen fizikanyň kanunyna, meselem, ýeriň dartyş güýjüne sowuk-sala garasaň, zelel çekersiň. Şonuň ýaly-da ahlak kadalaryny, mysal üçin, «ahlaksyzlykdan gaça durmak» baradaky tabşyrygy bozsaň, özüňe zyýan ýetirersiň (1 Selanikliler 4:3).

Eýsem, ahlaksyzlyk etmek nähili erbet netijeleri getirip biler? Injilde: «Ahlaksyzlyk edýän adam öz bedenine garşy günä edýändir» diýilýär (1 Korinfliler 6:18). Bu nähili beýle bolýar?

Geçirilen barlaglara görä, nikasyz jynsy gatnaşykda bolan ýaşlaryň köpüsi eden işi sebäpli gaty lapykeç boldular.

  • ÖKÜNMEK. Nikadan öň jynsy gatnaşykda bolan ýaşlaryň köpüsi eden işine gaty ökünendigini boýun aldylar.

  • YNAMDAN GAÇMAK. Halaşýany bilen jynsy gatnaşykda bolansoň, oglan-gyzlar öz ýanyndan: «Ol başga kim bilen ýatdyka?» diýip, oýlanyp başlaýarlar.

  • ARZUWYŇ PUÇ BOLMAK. Gyzlar özleriniň ulanylyp taşlanmagyny däl-de, söýgi bilen aladasynyň edilmegini isleýärler. Oglanlaryň köpüsi bolsa namysyndan geçen gyzy kän bir halamaýandygyny aýdýarlar.

  • Mundan nähili netije çykarsa bolýar? Sen ahalksyzlyk etseň, gymmatly zadyňy, ýagny ar-namysyňy ýitirip, abraýdan gaçarsyň (Rimliler 1:24). Seniň bedeniň juda gymmatly. Ony öňýeten adama bermän, gaýtam, aýap sakla!

Hudaýyň «ahlaksyzlykdan gaça durmak» baradaky tabşyrygyna eýermegi berk ýüregiňe düw (1 Selanikliler 4:3). Şeýle etseň, durmuş guranyňda maşgala gatnaşygyndan şatlyk taparsyň we nikadan öň jynsy gatnaşykda bolýanlardan tapawutlylykda, özüňi günäkärlemek hem-de ökünmek ýaly duýgular bolmaz (Süleýmanyň tymsallary 7:22, 23; 1 Korinfliler 7:3).

OÝLANYP GÖR

  • Seni ýürekden söýýän adam jan saglygyňy howp astyna salarmy we abraýdan düşürermi?

  • Ol seniň, hakykatdanam, aladaňy edýän bolsa, Hudaý bilen dostlugyňa zyýan ýetirjek işi etmäge iterermi? (Ýewreýler 13:4).

GYZLAR ÜÇIN

Ýetginjek gyz oýlanyp otyr

Köp oglanlar nikadan öň bile bolan gyzyna öýlenmejekdigini aýdýarlar. Näme üçin? Sebäbi olar has akylly-başly we edep-ekramly gyzy almak isleýärler.

Sen muňa gaty haýran galýansyň, hatda gaharyň gelýän bolmagy-da mümkin. Ýöne bir zady unutma: nikadan öň jynsy gatnaşyk filmlerde we telegepleşiklerde görkezilişi ýaly däldir, sebäbi durmuşda ähli zat başgaça bolýar.

Özüňi aldatma! Saňa jynsy gatnaşyk etdirjek bolýan adam diňe öz peýdasyny gözleýär (1 Korinfliler 13:4, 5).

OGLANLAR ÜÇIN

Ýetginjek oglan oýlanyp otyr

Sen bir gyz bilen duşuşýan bolsaň, özüňe şeýle sorag ber: «Men halaşýan gyzymyň, dogrudanam, aladasyny edýärinmi?» Eger sen «hawa» diýip jogap beren bolsaň, muny iş ýüzünde görkezýärmiň? Güýç-gaýratyňy Hudaýyň kanunlaryny berjaý etmek üçin ulan, synaga düşürip biljek ýagdaýlardan gaça durmak üçin paýhasly bol we diňe öz peýdaňy gözlemän, gaýtam, halaşýan gyzyňa ýürekden söýgi bildir.

Eger sen özüňi şeýle alyp barsaň, söwer ýaryň hem edep-ekramly şulamly gyz ýaly: «Söýgülim meniňki, men-de onuňkydyryn» diýer (Nagmalar nagmasy 2:16). Şeýdip, sen onuň söýgüsini gazanarsyň.

MASLAHAT

Eger halaşýan oglanyň: «Meni söýýän bolsaň, muňa razylaşarsyň» diýip, seni ahlaksyzlyk etmäge yrjak bolsa, oňa: «Sen meni söýýän bolsaň, beýle zady etdirjek bolmazdyň!» diýip, dogumly jogap ber.

Başga jynsdaky adam bilen ýeke galanyňda, şu görkezmä eýer: Eneň-ataň ýanynda etmejek zadyňy halaşýanyň bilen ikiçäk galanyňda-da etme.

SEN NÄME ETMEKÇI?

  • Halaşýanyň ahlaksyzlyk etmäge yrjak bolsa näme edersiň?

  • Haýsy ýagdaýlarda saňa «ýok» diýmek kyn bolmagy mümkin?

  • Sen şeýle ýagdaýa düşmez ýaly näme edip bilersiň?

    Türkmençe edebiýatlar (1997—2026)
    Çykmak
    Girmek
    • türkmen
    • Paýlaş
    • Sazlamalar
    • Copyright © 2025 Watch Tower Bible and Tract Society of Pennsylvania
    • Şertler we düzgünler
    • Gizlinlik syýasaty
    • Gizlinlik sazlamalary
    • JW.ORG
    • Girmek
    Paýlaş