Garawul diňiniň ONLAÝN KITAPHANASY
Garawul diňiniň
ONLAÝN KITAPHANASY
türkmen
Ä
  • Ç
  • ç
  • Ä
  • ä
  • Ž
  • ž
  • Ň
  • ň
  • Ö
  • ö
  • Ş
  • ş
  • Ü
  • ü
  • Ý
  • ý
  • MUKADDES KITAP
  • EDEBIÝATLAR
  • DUŞUŞYKLAR
  • lfb sap. 52 sah. 126—sah. 127 abz. 1
  • Ýehowanyň goşuny

Şuňa degişli wideo ýok.

Bagyşlaň, wideo ýüklenende näsazlyk ýüze çykdy.

  • Ýehowanyň goşuny
  • Mukaddes Kitapdan sapaklarym
  • Meňzeş maglumat
  • Elýaşa alaw arabasyny görüpdi. Sen hem görýärmiň?
    Garawul diňi Ýehowa Hudaýyň Patyşalygyny yglan edýär — 2013
  • 2 Patyşalar kitabynyň mazmuny
    Mukaddes Kitap
  • «Biziňkiler olardan has köpdür»
    Mesihçileriň durmuşy we wagzy. Okuw depderi — 2022
Mukaddes Kitapdan sapaklarym
lfb sap. 52 sah. 126—sah. 127 abz. 1
Alyşa bilen hyzmatkäriniň daşyny Siriýa goşuny gabaýar

52-NJI SAPAK

Ýehowanyň goşuny

Siriýanyň patyşasy Benhadat Ysraýyla birnäçe gezek çozýar. Alyşa pygamber her gezek onuň nirä çozjagyny Ysraýyl patyşasyna habar berýärdi. Patyşa hem şol ýere barmaýardy. Şonuň üçin Benhadatyň gahary gelýär. Ol Alyşany tutjak bolýar. Benhadat Alyşa pygamberiň Dotan şäherine barandygyny eşidýär. Ol goşunyny şol ýere iberýär.

Siriýa goşuny gije Dotan şäherine gelýär. Alyşanyň hyzmatkäri ir bilen turup, daşaryk çykýar. Görse, şäheriň daşynda uly goşun durdy. Ol gorkup: «Alyşa, indi näme ederis?» diýýär. Alyşa-da: «Gorkma, biziňkiler olardan has köp» diýýär. Şol wagt hyzmatkär daglaryň depesinde köp atlary we söweş arabalary görýär. Olar ot ýaly ýanyp durdy. Olary hyzmatkäre Ýehowa görkezdi.

Alyşa bilen hyzmatkäri köp perişdeleri görýär

Siriýa goşuny Alyşany tutmaga gelýär. Alyşa: «Ýehowa, olary kör et» diýip dileg edýär. Esgerleriň gözi görýärdi. Ýöne olar nirä gelendigine düşünmeýärdiler. Alyşa esgerlere: «Siz başga şähere geldiňiz. Gözleýän adamyňyz bärde ýok. Ýörüň, men sizi onuň ýanyna äkideýin» diýdi. Olar Alyşanyň yzyna düşüp gitdiler. Alyşa esgerleri Samariýa äkitdi. Ysraýyl patyşasy şol ýerde ýaşaýardy.

Siriýaly esgerler nirä gelendigine soň düşündiler. Ysraýylyň patyşasy Alyşa pygambere: «Olary öldüreýinmi?» diýýär. Alyşa olardan ar aldymy? Ýok. Ol patyşa: «Esgerleri öldürme, gaýtam iýip içir. Soňra öýüne goýber» diýdi. Şeýdip, patyşa olara saçak ýazdy, iýip-içirip öýüne goýberdi.

Siriýa esgerleri Samariýada iýip-içip otyrlar

«Biz Hudaýa arkaýyn ýüzlenip bilýäris, sebäbi islegine görä näme dilesek, ol hökman eşider» (1 Ýahýa 5:14).

Soraglar: Ýehowa Alyşa bilen hyzmatkärini nädip gorady? Ýehowa senem gorap bilermi?

2 Patyşalar 6:8—24

    Türkmençe edebiýatlar (1997—2026)
    Çykmak
    Girmek
    • türkmen
    • Paýlaş
    • Sazlamalar
    • Copyright © 2025 Watch Tower Bible and Tract Society of Pennsylvania
    • Şertler we düzgünler
    • Gizlinlik syýasaty
    • Gizlinlik sazlamalary
    • JW.ORG
    • Girmek
    Paýlaş