Garawul diňiniň ONLAÝN KITAPHANASY
Garawul diňiniň
ONLAÝN KITAPHANASY
türkmen
Ä
  • Ç
  • ç
  • Ä
  • ä
  • Ž
  • ž
  • Ň
  • ň
  • Ö
  • ö
  • Ş
  • ş
  • Ü
  • ü
  • Ý
  • ý
  • MUKADDES KITAP
  • EDEBIÝATLAR
  • DUŞUŞYKLAR
  • lfb sap. 53 sah. 128
  • Ýehoýada batyrgaýdy

Şuňa degişli wideo ýok.

Bagyşlaň, wideo ýüklenende näsazlyk ýüze çykdy.

  • Ýehoýada batyrgaýdy
  • Mukaddes Kitapdan sapaklarym
  • Meňzeş maglumat
  • Hak Hudaýdan gorkalyň
    Garawul diňi Ýehowa Hudaýyň Patyşalygyny yglan edýär (Ýygnak üçin) — 2023
  • Ýehowa batyrgaý gullukçylaryny ýalkaýar
    Mesihçileriň durmuşy we wagzy. Okuw depderi — 2023
  • Ganhor şa aýaly almytyny aldy
    Mesihçileriň durmuşy we wagzy. Okuw depderi — 2022
  • 9-njy bölüm
    Mukaddes Kitapdan sapaklarym
Başgalary
Mukaddes Kitapdan sapaklarym
lfb sap. 53 sah. 128
Baş ruhany Ýehoýada adamlaryň öňünde ýaşajyk Ýehoýaşy patyşa belleýär

53-NJI SAPAK

Ýehoýada batyrgaýdy

Izabeliň gyzy bardy, onuň ady Atalýa. Atalýa hem ejesi ýaly erbetdi. Ol Ýahudanyň patyşasyna durmuşa çykýar. Äri ölensoň, ogly patyşa bolýar. Ogly ölensoň, özi patyşa bolýar. Atalýa ýerine başga biriniň patyşa bolmagyny islemeýärdi. Şonuň üçin patyşanyň neslini, hatda agtygyny hem öldürjek bolýar. Hemmeler ondan gorkýardy.

Şol döwür baş ruhany bardy. Onuň ady Ýehoýada. Aýalynyň ady bolsa Ýehoşeba. Olar Atalýanyň erbetdigini bilýärdi. Şonuň üçin Ýehoýaşy gizleýärler. Ýehoýaş Atalýanyň agtygydy. Atalýa olaryň Ýehoýaşy gizländigini bilse öldürerdi. Baş ruhany bilen aýaly Ýehoýaşy ybadathanada ulaldýar.

Ýehoýaş ýedi ýaşaýar. Bir gün Ýehoýada baştutanlary we lewileri ýygnaýar. Olara: «Ybadathananyň gapysyny garawullaň. Hiç kimi salmaň» diýýär. Soňra ol Ýehoýaşyň başyna täç geýdirýär. Ony Ýahudanyň patyşasy belleýär. Ýahuda halky: «Ýaşasyn patyşa!» diýip gygyrýar.

Şa aýaly Atalýa gaharly gygyrýar

Şa aýaly Atalýa goh-galmagaly eşidýär. Ylgap ybadathana barýar. Ol ýerde täze patyşany görýär. Soňra: «Aldawçylar! Aldawçylar!» diýip gygyrýar. Ýüzbaşylar ony derrew tutup äkidýärler, soňra öldürýärler. Atalýa adamlara nähili erbet işleri etdirdi?

Ýehoýada halka Ýehowa dolanmaga kömek etdi. Halk: «Diňe Ýehowa sežde ederis» diýip söz berdi. Halk Ýehoýadany diňläp, Bagalyň buthanasyny ýumurdy. Butlaryny bölek-bölek etdi. Ol ruhanylary we lewileri ybadathanada gulluk etmäge belledi. Halk ol ýerde ýene Ýehowa sežde edip bilýärdi. Şeýle-de Ýehoýada ybadathananyň agzynda garawullary goýdy. Indi ol ýere erbet adamlar girip bilmeýärdi. Soňra Ýehoýada bilen ýüzbaşylar Ýehoýaşy köşge getirdiler. Ony tagtda oturtdylar. Ýahudanyň adamlary begendiler. Halk indi Ýehowa arkaýyn sežde edip bilýärdi, sebäbi Atalýa öldi, Bagal butlaram ýok edildi. Şeýlelikde, Ýehoýada hiç zatdan gorkman, köp adamlara kömek edip bildi.

«Bedeni öldürse-de, jany öldürip bilmeýänlerden gorkmaň. Gaýtam hem jany, hem bedeni Jähennemde ýok edip bilýänden gorkuň» (Matta 10:28).

Soraglar: Ýehoýada nähili adamdy we ol näme etdi? Ýehowa saňa-da batyrgaý bolmaga kömek edermi?

2 Patyşalar 11:1—12:12; 2 Taryh 21:1—6; 22:10—12; 23:1—24:16

    Türkmençe edebiýatlar (1997—2026)
    Çykmak
    Girmek
    • türkmen
    • Paýlaş
    • Sazlamalar
    • Copyright © 2025 Watch Tower Bible and Tract Society of Pennsylvania
    • Şertler we düzgünler
    • Gizlinlik syýasaty
    • Gizlinlik sazlamalary
    • JW.ORG
    • Girmek
    Paýlaş