6-njy bölüm
Ysraýyllar Hudaýyň wada beren ýurdunda ýaşap başladylar. Olar indi mukaddes çadyrda Ýehowa arkaýyn sežde edýärler. Ruhanylar halka kanuny öwredýärdi, serdarlar bolsa ýolbaşçylyk edýärdi. Şu bölümde adamlaryň gelýän kararlarynyň we edýän işleriniň başga adamlara-da täsir edýändigi gürrüň berilýär. Her bir ysraýylly Ýehowa wepaly bolmaly we başga adamlara görelde görkezmeli. Ene-atalar, çagalaryňyza Deboranyň, Nagomynyň, Ýuşanyň, Hannanyň, Ýeftahyň gyzynyň we Şamuweliň göreldesi hakda gürrüň beriň. Şeýle-de başga halkdan bolan adamlaryň hem Ýehowa gulluk edendigini aýdyň. Rahaw, Rut, Ýaýyl we gibgonlylar Ýehowanyň elini görendigi üçin, onuň halkyna goşuldylar.