8-nji bölüm
Ýehowa Süleýmana akyldarlyk berdi. Ol hatda Hudaýyň ybadathanasyny gurdy. Ýöne Süleýman kem-kemden Ýehowadan daşlaşdy. Ene-atalar, çagalaryňyza Süleýmanyň butlara sežde edendigi üçin Ýehowadan daşlaşandygyny düşündiriň. Şol sebäpli patyşalyk hem ikä bölünýär. Hudaýa gulak asmaýan patyşalar halky Ýehowadan daşlaşdyrýar. Halk buta sežde edip başlaýar. Şol döwür Ýehowanyň wepaly pygamberleriniň köpüsi yzarlandy, hatda öldürildi. Şa aýaly Izabel sebäpli demirgazyk patyşalygy hem erbet işleri edip başlady. Hemme adamlar diýen ýaly Ýehowadan ýüz öwrüp, buta sežde etdiler. Şeýdip, Ýehowadan daşlaşdylar. Ýöne halkyň arasynda Ýehowa wepaly adamlaram bardy. Meselem, Ýehoşapat patyşa we Ylýas pygamber Ýehowa wepaly gulluk etdi.