78-NJI AÝDYM
«Hudaýyň Sözüni öwredeliň»
Çap edilen görnüşi
1. Höwes bilen öwredeliň
Hudaýyň Sözüni.
Çäksizdir akyldarlygy,
Göreris güýjüni.
Isa öwretdi ýadaman
Sabyr-takat bilen.
Geliň, öwredeliň ýaltanman
Söýgi, mähir bilen.
2. Hemişe halal ýaşalyň,
Edeliň ýagşylyk.
Tämiz ýürekli bolalyň,
Edeliň şaýatlyk.
Ýahyň Sözüni okalyň,
Tapalyň dürdäne.
Wagyzda yhlasly bolalyň,
Ekeliň köp däne.
3. Hudaý hökman kömek eder,
Öwrediň Sözüni.
Doga-dilegi eşider,
Gaýgyrmaz güýjüni.
Hudaýyň Sözi hakykat,
Pespäl kabul eder.
Olar hem hoş habary söýer,
Her gün wagyz eder.
(Serediň: Zeb. 119:97; 2 Tim. 4:2; Tit. 2:7; 1 Ýah. 5:14)