91-NJI AÝDYM
Söýgi bilen zähmet çekeliň
Çap edilen görnüşi
1. Ýehowa Hudaýymyz,
Dileg edýäris ýürekden.
Söýgiň örän güýçli, görýäris,
Her birimiz şat.
Ýürekden çekdik zähmet,
Gökden eçildiň bereket.
Ýehowa, şanyňa gurlan öý
Getirsin şöhrat.
GAÝTALAMA:
Ýehowa, şanyňa öý gurduk,
Halkyň üçin uly hormat.
Janaýaman gulluk ederis elmydama,
Ýüregiňi ederis şat.
2. Dogan-uýalar bilen
Agzybir işleşdik her gün.
Ýakymly günleri ýatlasak,
Galkynýar göwün.
Ruhuň görkezdi ýoly,
Agzybir işleşer ýaly.
Elmydam şan-şöhrat, beýik at
Seniňki bolsun.
GAÝTALAMA:
Ýehowa, şanyňa öý gurduk,
Halkyň üçin uly hormat.
Janaýaman gulluk ederis elmydama,
Ýüregiňi ederis şat.
(Serediň: Zeb. 116:1; 147:1; Rim. 15:6)