39-NJY SAPAK
Hudaý gany mukaddes hasaplaýar
Gansyz hiç bir adam ýaşap bilmeýär. Bizi Hudaý ýaratdy, şonuň üçin onuň gan babatda görkezme bermäge haky bar. Ol nähili görkezme berýär? Gany iýseň ýa-da gan goýbertseň bolýarmy? Gan bilen bagly mesele ýüze çyksa, sen nädip dogry karara gelip bilersiň?
1. Ýehowa gany nähili hasaplaýar?
Gadymy döwürde Ýehowa gullukçylaryna: «Ähli jandaryň ganynda jan bardyr» diýdi (3 Musa 17:14). Ýehowa üçin adamyň jany ganda, ýagny ikisini hem deň görýär. Ýehowa jany, ýagny ýaşaýşy mukaddes hasaplaýar. Diýmek, gan hem mukaddes.
2. Hudaý nämäni gadagan edýär?
Geçmişde Ýehowa halkyna: «Gan iýmäň» diýipdi (1 Musa 9:4 we 3 Musa 17:10-njy aýatlary oka). Birnäçe asyr geçensoň, mesihçilere-de: «Gandan... gaça duruň» diýip tabşyrdy (Resullar 15:28, 29).
Gandan nädip gaça durmaly? Aýdaly, lukman saňa arak içme diýse, sen içmersiň. Ýöne sen aragy başga zada garyp içersiňmi ýa-da damardan goýberersiňmi? Elbetde, beýle etmersiň. Hudaýyň «gandan gaça duruň» diýen tabşyrygyna görä, biz gany içmeli däl ýa-da gany çykarylmadyk malyň etini iýmeli däl. Şeýle-de düzümine gan goşulyp taýýarlanan zatlary hem iýmeli däl.
Bejergi almaly bolanda gan ulansa bolýarmy? Hudaýyň gan baradaky kanunyna görä, käbir bejergileri almak bolmaýar. Meselem, gany ýa-da onuň esasy dört bölegini, ýagny, eritrositleri, leýkositleri, trombositleri we plazmany goýbertmek bolmaýar. Mukaddes Kitapda käbir bejergileri almaly ýa almaly däldigi anyk aýdylmaýar. Meselem, käte ganyň esasy dört böleginiň birinden taýýarlanýan fraksiýalary ýa-da öz ganyňy ulanyp bejergi berýärler. Şeýle bejergini almalymy ýa almaly däldigini her kimiň özi çözýära (Galatýalylar 6:5).
SÖHBETDEŞLIK
Gan bilen bagly bejergi almaly bolanda dogry karara gelmegi öwreneliň.
3. Ýehowany begendirýän karara geliň
Bejergi meselesinde nädip Hudaýyň garaýşyny göz öňünde tutmaly we dogry karara gelmeli? WIDEONY görüp, aşakdaky maslahatlara eýermegiň wajypdygy hakda gürrüňdeş boluň.
Hudaýdan akyldarlyk dile (Ýakup 1:5).
Mukaddes Kitapdan öz ýagdaýyňa degişli prinsipi tapyp, şoňa eýer (Nakyllar 13:16).
Ýaşaýan ýeriňde haýsy bejergileriň berilýändigini bil.
Haýsy bejergileriň saňa gabat gelmeýändigini anykla.
Gelen kararyň sebäpli ynsabyň kösemesin (Resullar 24:16)b.
Ynsaba bagly meselede özüň karara gel. Oňa hiç kim, hatda ýanýoldaşyň hem, ýaşuly hem, mugallymyň hem goşulyp bilmeýär (Rimliler 14:12).
Gelen kararyňy bir ýere ýazyp goý.
4. Biz gowy bejergi almak isleýäris
Hudaýyň gan baradaky tabşyrygyny bozman gowy bejergi alyp bolýar. WIDEONY görüň.
Titus 3:2-ni okap, aşakdaky sorag boýunça gürrüňdeş boluň.
Lukmanlar bilen näme üçin sylaşykly gepleşmeli?
Goýbertmek bolmaýar |
Her kimiň özi çözýär |
---|---|
A. Plazma |
Plazmadan alnan fraksiýalar |
B. Leýkositler |
Leýkositlerden alnan fraksiýalar |
Ç. Trombositler |
Trombositlerden alnan fraksiýalar |
D. Eritrositler |
Eritrositlerden alnan fraksiýalar |
5. Ganyň fraksiýalaryny alsa bolýarmy?
Gan, esasan, dört bölekden, ýagny eritrositlerden, leýkositlerden, trombositlerden we plazmadan ybarat. Şol dört bölegiň hersi birnäçe kiçi böleklerden, ýagny fraksiýalardan ybaratc. Lukmanlar käbir fraksiýalary bedeniň kesele garşy göreşijilik ukybyny ýokarylandyrmak ýa-da gany lagtalandyrmak üçin ulanýar.
Ganyň fraksiýalaryny almaly ýa almaly däldigini her mesihçiniň özi çözmeli. Ol Mukaddes Kitap boýunça terbiýelenen ynsabyna görä karara gelmeli. Käbirleriniň ganyň fraksiýalary bilen bagly bejergileri almaga ynsaby çatsa, käbirleriniň ynsaby çatmaýar.
Karara geleniňde aşakdaky sorag hakda oýlan.
Lukmana ganyň fraksiýalaryny alýandygymy ýa-da almaýandygymy nädip düşündirerin?
ADAMLAR ŞEÝLE DIÝSE: «Hemmeler gan goýbertýär. Munuň nämesi erbet?!»
Sen nähili pikir edýärsiň?
ESASY PIKIRLER
Gan meselesinde Ýehowa biziň dogry karara gelmegimizi isleýär.
Gaýtalamak
Ýehowa gany näme üçin mukaddes hasaplaýar?
Gan goýbertmeli däldigini Hudaýyň haýsy tabşyrygyndan bilip bolýar?
Gan bilen bagly bejergi almaly bolanda nädip dogry karara gelip bilersiň?
KÖPRÄK BILIŇ
Öz ganyň bilen edilýän bejergini almak isleseň, nämeleri göz öňüne tutmaly?
Ganyň esasy böleginden taýýarlanan fraksiýalary almakçy bolsaň, näme hakda oýlanmaly?
Bir lukman Hudaýyň gan baradaky tabşyrygynyň dogrudygyna göz ýetirýär.
Keselhanalar bilen işleşýän komitetlerde gulluk edýän ýaşulular dogan-uýalara kömek edýärler.
a 35-nji sapaga serediň.
b «Ganyň fraksiýalaryny alsa bolýarmy?» diýen sözbaşa, «Gan bilen bagly bejergiler» diýen 3-nji goşmaça maglumata we 2006-njy ýylyň noýabr aýynda çykan «Hudaýa gullugymyzyň» 3—6-njy sahypalaryna serediň.
c Käbir lukmanlar ganyň esasy dört bölegine-de ganyň fraksiýalary diýýärler. Şonuň üçin lukmana gany we esasy dört bölegini, ýagny eritrositleri, leýkositleri, trombositleri, plazmany goýbertmejekdigiňi düşündirmeli.