Hudaýyň saýlan halkynda doglanlar
«Ýehowa Hudaý seni özüniň halky etmek üçin saýlady» (KANUNYŇ GAÝTALANYŞY 7:6).
1, 2. Ýehowa öz halky üçin nähili uly işler etdi we ysraýyllylar Hudaý bilen gatnaşykda bolmak üçin näme etdi?
B. E. ÖŇ 1513-nji ýylda Ýehowa ýerdäki gullukçylary bilen täze äht baglaşdy. Şol ýyl Ýehowa dünýä şalygy bolan Müsüri masgaralap, ysraýyllylary gulçulykdan azat etdi. Şeýdip, Ýehowa olaryň Halasgäri we Eýesi boldy. Bu wakadan öň, Hudaý Musa pygambere şeýle diýipdi: «Ysraýyl ogullaryna şeýle diý: «Men Ýehowa, men sizi Müsürden çykararyn, müsürlileriň süteminden halas ederin, gulçulykdan çykararyn, el uzadyp, beýik hökümler bilen azat ederin. Men sizi alyp, öz halkym ederin we siziň Hudaýyňyz bolaryn» (Çykyş 6:6, 7; 15:1—7, 11).
2 Tizden ysraýyllylar Müsürden çykansoň, olar Ýehowa Hudaý bilen ýakyn gatnaşykda bolmak üçin äht baglaşdylar. Şondan bäri Ýehowa bir adam ýa-da bir maşgalanyň agzalary bilen gatnaşyk etmän, ýer ýüzünde guramaçylykly bir halk döretdi (Çykyş 19:5, 6; 24:7). Ol halkyna gündelik durmuşynda, ylaýta-da, sežde etmek üçin görkezme hökmünde kanun berdi. Musa olara şeýle diýdi: «Biz çagyran mahalymyz Ýehowa Hudaýyň bize ýakyn bolşy ýaly we biziň oňa ýakyn bolşumyz ýaly, haýsy beýik halkyň şeýle taňrysy bar? Şu gün size berýän adyl kararlarym we hökümlerim ýaly haýsy beýik halkyň şeýle kanuny bar?» (Kanunyň gaýtalanyşy 4:7, 8).
Güwäçi halkda doguldy
3, 4. Ysraýyldan halk döremeginiň esasy sebäbi näme?
3 Ýüzlerçe ýyl geçensoň, Ýehowa ysraýyllylardan halk döredendiginiň esasy sebäbini Işaýa pygamber arkaly görkezip, şeýle diýdi: «Eý Ýakup, seni Döreden, eý Ysraýyl, seni Ýaradan Ýehowa şeýle diýýär: «Gorkma, çünki men seni satyn aldym. Men seniň adyňy tutup çagyrdym, sen meniňki. Çünki men Ýehowa, seniň Hudaýyň, Ysraýylyň Mukaddesi, seniň Halasgäriň. . . . Meniň ogullarymy uzakdan, gyzlarymy ýeriň ujundan we şöhratym üçin kimi ýaradan, kimi döreden, ýasan bolsam, meniň adymy göterýänleriň baryny getir» diýerin. Ýehowa diýýär: «Siz meniň güwäçilerim we meniň saýlan gullukçym . . . meni şöhratlandyrsyn diýip, özüm üçin döreden halkym» (Işaýa 43:1, 3, 6, 7, 10, 21).
4 Ysraýyllylar Ýehowanyň adyny göterýändigi üçin başga halklaryň öňünde öz edýän işleri bilen onuň hökümdarlygyny güwälik etmelidi. Olar Ýehowanyň «şöhraty üçin» ýaradylan halkdy. Olar Ýehowany «şöhratlandyrmak» üçin dörän halk hökmünde onuň gudrat bilen azat edişini yglan edip, mukaddes adyny şöhratlandyrmalydy. Başgaça aýdanyňda, olar Ýehowanyň Güwäçi halky bolup gulluk etmelidi.
5. Ysraýyl haýsy manyda bagyş edilen halk boldy?
5 B. e. öň XI asyrda ýaşan Süleýman patyşa Ýehowanyň Ysraýyly halk hökmünde saýlandygyny aýtdy. Ol Ýehowa dogada ýüzlenip: «Ýehowa, sen olary ýer ýüzündäki ähli halklaryň içinden saýlap, özüňe miras etdiň» diýdi (3 Patyşalar 8:53). Şeýle-de her bir ysraýylly Ýehowa bilen aýratyn gatnaşyk saklaýardy. Öň Musa olara şeýle diýipdi: «Siz Ýehowa Hudaýyň ogullarysyňyz... Sen Ýehowa Hudaýyň üçin mukaddes halksyň» (Kanunyň gaýtalanyşy 14:1, 2). Şonuň üçin ýaş ysraýyllylara Ýehowa özüni bagyş etmek gerek däldi. Sebäbi olar Hudaýa bagyş edilen halkyň agzasy bolup dünýä inýärdi (Zebur 79:13; 95:7). Her täze doglan nesle Ýehowanyň kanuny öwredilýärdi we Ysraýyl Ýehowa bilen äht baglaşanlygy üçin olar hökman kanuny berjaý etmelidi (Kanunyň gaýtalanyşy 11:18, 19).
Özleri saýlamalydy
6. Ysraýyllylar nämäni özleri saýlamalydy?
6 Ysraýyllylar Hudaýa bagyş edilen halkyň agzasy bolup dünýä inse-de, Hudaýa gulluk etmegi olaryň özleri saýlamalydy. Wada edilen diýara girmänkä, Musa olara şeýle diýdi: «Şu gün size garşy gökleri we ýeri şaýat edip çagyrdym: men size ýaşaýyş we ölüm, bereket hem-de nälet hödürleýärin. Özüň we nesilleriň hem ýaşar ýaly ýaşaýşy saýla, Ýehowa Hudaýyňy söý, onuň sesine gulak asyp, wepaly bol. Çünki Ýehowa ata-babalaryň bolan Ybraýyma, Yshaga we Ýakuba wada eden ýerde ýaşamagyň üçin saňa ýaşaýyş hem-de uzak ömür berýär» (Kanunyň gaýtalanyşy 30:19, 20). Şonuň üçinem her bir ysraýylly Ýehowany söýmegi, oňa gulak asmagy hem-de wepaly bolmagy özleri saýlamalydy. Şeýlelikde, ysraýyllylar saýlan ýoly üçin özleri jogapkärdi (Kanunyň gaýtalanyşy 30:16—18).
7. Ýeşuwyň döwürdeşleri ölensoň näme boldy?
7 Kazylaryň döwründe wepalylygyň hem-de biwepalylygyň nähili netije getirýändigi has hem aýdyň boldy. Mundan birnäçe ýyl öň, ysraýyllylar Ýeşuwyň oňat göreldesine eýerende, ak pata alypdylar. «Ýeşuwyň döwründe-de, ondan soňky ýaşan ýaşulularyň döwründe-de Ýehowanyň Ysraýyl üçin eden ähli uly işlerini gören halk Ýehowa gulluk edýärdi». Emma Ýeşuw ölenden birnäçe wagt geçensoň, «ne Ýehowany, ne onuň Ysraýyl üçin eden işlerini bilýän nesil peýda boldy. Ysraýyl ogullary Ýehowanyň ýigrenýän erbet işlerini edip başladylar» (Kazylar 2:7, 10, 11). Görşümiz ýaly, bu ýaş, tejribesiz nesil, alan mirasynyň we Hudaýa bagyş edilen halkyň agzasydygynyň gadyryny bilmedi. Ýehowa Hudaý bolsa geçmişde olar üçin ajaýyp işleri edipdi (Zebur 78:3—7, 10, 11).
Talaba laýyk ýaşamak
8, 9. a) Ysraýyllylar Ýehowa özüniň bagyş edilendigini nädip görkezip bilýärdi? b) Meýletin sowgat berýän adam üçin onuň näme peýdasy bardy?
8 Ýehowa ysraýyllylara bagyş edilen halk hökmünde ýaşar ýaly mümkinçilik döredipdi. Meselem, kanun boýunça berilýän mal gurbanlarynyň käbiri hökmandy, käbiri bolsa meýletin berilýärdi (Ýewreýler 8:3). Meýletin gurbanlara ýakylýan sowgatlar, çörek sowgatlary we parahatlyk sowgatlary degişlidi. Bu gurbanlar Ýehowa berilýärdi we olar arkaly Ony razy edip hem-de Oňa minnetdarlygyňy bildirip bolýardy (Lewililer 7:11—13).
9 Şeýle meýletin gurbanlar Ýehowa ýaraýardy. Ýakylýan sowgatlar we çörek sowgatlary «Ýehowa üçin atyr yslydy» (Lewililer 1:9; 2:2). Parahatlyk sowgatlary getirilende, malyň gany we ýagy Ýehowa berilýärdi, etini bolsa ruhanylar hem-de gurban berýän adam iýýärdi. Şeýlelikde, gurban berýän adam, ruhanylar we Ýehowa Hudaý göçme manyda bir saçakdan iýýärdi. Bu bolsa olaryň arasyndaky parahatlygy aňladýardy. Kanunda şeýle diýilýär: «Eger siz, Ýehowa parahatlyk sowgatlaryny getirjek bolsaňyz, onda ony razy eder ýaly edip getiriň» (Lewililer 19:5). Ysraýyllylar doglandan Ýehowa bagyşlanan bolsalar-da, Ýehowany öz Hudaýy edip saýlan her bir adam meýletin sowgatlary berip, onuň razylygyny gazanyp, köp bereket alýardy (Malaki 3:10).
10. Işaýa we Malaki pygamberleriň döwründe Ýehowa närazylygyny nädip bildirdi?
10 Emma muňa garamazdan, Hudaýa bagyş edilen halk köplenç Ýehowa biwepalyk edýärdi. Işaýa pygamber arkaly Ýehowa olara şeýle diýdi: «Sen maňa goýunlardan ýakylýan sowgatlar getirmediň we gurbanlar bilen meni şöhratlandyrmadyň. Men seni sowgat getirip, maňa gulluk etmegiňi mejbur etmändim» (Işaýa 43:23). Onsoňam, Hudaýy söýüp, oňa ýürekden gulluk edýändigiňi görkezmeýän sowgatlaryň Ýehowa üçin gymmatlygy ýokdy. Meselem, Işaýa pygamberiň ýaşan döwründen 300 ýyl geçenden soň, Malaki pygamberiň döwründe ysraýyllylar keselli mallary gurban edýärdi. Ýöne Malaki pygamber olara şeýle diýdi: «Goşunlar Hudaýy Ýehowa: «Men sizden razy däl. Siziň berýän sowgatlaryňyz bolsa maňa ýigrenç» diýýär. ...Siz talanan, agsak we keselli mallary sowgat getirýärsiňiz. Şeýle sowgatlary siziň eliňizden almak, eýsem, maňa ýararmy?» diýip, Ýehowa aýdýar» (Malaki 1:10, 13; Amos 5:22).
Hudaýa bagyş edilen halk ret edildi
11. Ysraýyllylara nähili mümkinçilik berlipdi?
11 Haçan-da ysraýyllylar Ýehowa özlerini bagyş edende, ol şeýle wada berdi: «Eger siz meniň sözüme gulak assaňyz, ähtimi berjaý etseňiz, ähli özge halklaryň içinde meniň halkym bolarsyňyz, çünki bütin ýer ýüzi meniňkidir. Siz maňa degişli patyşalar, ruhanylar we mukaddes millet bolarsyňyz» (Çykyş 19:5, 6). Wada edilen Mesih şol halkdan döremelidi we Hudaýyň Patyşalygynyň agzalary bolmaga, ilki bilen, olara mümkinçilik berlipdi (Barlyk 22:17, 18; 49:10; 2 Patyşalar 7:12, 16; Luka 1:31—33; Rimliler 9:4, 5). Emma ysraýyllylaryň aglabasy Hudaýa beren sözünde tapylmady (Matta 22:14). Olar Mesihi inkär etdiler we ony ahyry öldürdiler (Resullaryň işleri 7:51—53).
12. Bagyş edilen ysraýyl halkyny Ýehowanyň ret edendigini Isanyň haýsy sözleri görkezýär?
12 Isa pygamber ölmezinden birnäçe gün öň, ýehudy dini ýolbaşçylaryna şeýle diýdi: «Siz Mukaddes Ýazgylarda: «Ussalaryň ret eden daşy, burçuň başy boldy. Bu Rebbiň edenidi, biziň gözümize bir täsinlik» diýen sözi asla okamadyňyzmy? Munuň üçin size diýýärin, Hudaýyň Patyşalygy sizden alnyp, Onuň miwelerini öndürjek millete berler» (Matta 21:42, 43). Bagyş edilen Ysraýyl halkyny Ýehowanyň ret edendigini görkezip, Isa şeýle diýdi: «Eý Iýerusalim! Pygamberleri öldürýän, özüne ýollananlary daşlaýan Iýerusalim! Bir towugyň jüýjelerini ganatlarynyň aşagyna ýygnaýşy ýaly, Men hem ençeme gezek seniň çagalaryňy ýygnajak boldum, emma siz islemediňiz. Ine, öýüňiz size haraba bolup galýar» (Matta 23:37, 38).
Hudaýa bagyş edilen täze halk
13. Ýeremiýanyň günlerinde Ýehowa nähili pygamberlik etdi?
13 Ýeremiýa pygamberiň döwründe Ýehowa öz halky barada täze bir pygamberlik aýtdy. Ol pygamberlikde şeýle diýilýär: «Ýehowa şeýle diýýär: «Meniň Ysraýyl we Ýahuda öýi bilen täze äht baglaşjak günüm ýetip gelýär, bu äht olaryň ata-babalarynyň elinden tutup, Müsürden çykaranymda baglaşan ähtim ýaly däl. «Men olaryň äri we eýesi bolsam-da, olar meniň öňki ähtimi bozdular» diýip, Ýehowa aýdýar. «Şol günlerden soň, ynha, men Ysraýyl öýi bilen äht baglaşaryn. Men kanunymy olaryň kalbyna guýaryn we ýüreklerine ýazaryn. Men olaryň Hudaýy, olaram meniň halkym bolar» diýip, Ýehowa aýdýar» (Ýeremiýa 31:31—33).
14. Ýehowa bagyş edilen täze halkyň esasy haçan we nädip tutuldy? Täze halk kim?
14 Bu täze ähtiň esasy, b. e. 33-nji ýylynda Isa ölensoň, özüniň kämil janynyň bahasyny Atasyna gowşuran mahaly, tutuldy (Luka 22:20; Ýewreýler 9:15, 24—26). Emma bu täze äht b. e. 33-nji ýylynyň Pentikost güni mukaddes ruh inip, täze halk bolan «Hudaýyň Ysraýyly» doglanda güýje girdi (Galatýalylar 6:16; Rimliler 2:28, 29; 9:6; 11:25, 26). Petrus resul mesh edilen mesihçilere şeýle ýazdy: «Siz özüňizi tümlükden ajaýyp nuruna çagyran Hudaýyň şöhratly işlerini yglan etmäge saýlanan nesil, Patyşanyň ruhanylary, mukaddes millet, Hudaýa degişli halksyňyz. Siz bir wagtlar halk däldiňiz, ýöne şindi Hudaýyň halkysyňyz» (1 Petrus 2:9, 10). Ysraýyl halkynyň Ýehowa bilen aýratyn gatnaşygy kesildi. Ýehowa indi bereketini ysraýyllylara däl-de, ruhy Ysraýyla «Patyşalygyň miwelerini öndürýän millete», ýagny mesihçiler ýygnagyna berdi (Matta 21:43).
Hudaýa özüňi bagyş etmek
15. B. e. 33-nji ýylynyň Pentikost güni Petrus resul diňleýjilerine suwda çokundyrylmak üçin näme etmeli diýdi?
15 B. e. 33-nji ýylynyň Pentikost gününden soň, her kes ýehudy bolsun-bolmasyn Hudaýa özüni bagyş edip, «Ata, Ogul we Mukaddes Ruhuň ady bilen çokundyrylmalydy»a (Matta 28:19). Petrus resul Pentikost güni ýehudylara we ýehudy dinini kabul eden adamlara şeýle sözler bilen ýüzlendi: «Toba ediň, günäleriňiziň ötülmegi üçin ähliňiz Isa Mesihiň adyna çokundyrylyň; ine şeýdip, Mukaddes Ruh sylagyny alarsyňyz» (Resullaryň işleri 2:38). Ýehudy we ýehudy dinini kabul edenler suwda çokundyrylyp, Ýehowa özüni bagyş edenine görä ýaşaýandygyny we Isa Mesihi kabul edýändigini görkezmelidiler, çünki Ýehowa ol arkaly günäleri geçýär. Olar Isany Ýehowanyň baş Ruhanysy, Ýolbaşçy we mesihçiler ýygnagynyň Başy hökmünde kabul etmelidi (Koloseliler 1:13, 14, 18).
16. Pawlusyň günlerinde akýürekli ýehudy we ýehudy däller nädip ruhy Ysraýylyň agzalary boldular?
16 Ençeme ýyldan soň, Pawlus resul şeýle ýazdy: «Ilki Şamdakylary, Iýerusalimde we bütin Ýahuda ýurdundakylary hem-de başga milletleri toba edip, Hudaýa dönmäge, toba mynasyp iş bitirmäge çagyrdym» (Resullaryň işleri 26:20). Pawlus resul ýehudylara we ýehudy dällere Isanyň Mesihdigine göz ýetirmäge, soňra olaryň Hudaýa özüni bagyş edip, suwda çokundyrylmagyna kömek etdi (Resullaryň işleri 16:14, 15, 31—33; 17:3, 4; 18:8). Bu täze şägirtler Hudaýa dönüp, ruhy Ysraýylyň agzalary boldular.
17. a) Möhürlenmek babatda haýsy iş tamamlanyp gelýär we haýsy iş dowam edýär? b) Indiki makalada nämä serederis?
17 Şu günler ruhy Ysraýylyň galyndysynyň möhürlenmegi tamamlanyp gelýär. Olar doly möhürlenenden soň, ýeriň dört ýelini saklap duran «dört perişdä» ýeli goýbermäge ygtyýar berler, şonda «uly muşakgat» başlanar. Häzir bolsa ýer ýüzünde ebedi ýaşajak «uly märekäniň» ýygymy gyzgalaňly alnyp barylýar. Bu adamlar, ýagny «başga goýunlar» şu ýoly özleri saýlaýarlar we «Guzynyň ganyna» iman edýändigini Ýehowa özüni bagyş edip, suwda çokundyrylyp görkezýärler (Ylham 7:1—4, 9—15; 22:17; Ýahýa 10:16; Matta 28:19, 20). Olaryň arasynda mesihçi ata-enesiniň terbiýelemegi bilen mesihçi bolan ençeme ýaşlar bar. Eger senem şeýle ýaşlaryň biri bolsaň, indiki makala seniň üçin gyzykly bolsa gerek.
a 2003-nji ýylyň Magtymguly aýynyň 15-ine çykan «Garawul diňi» žurnalyndaky makala seret (rus.) (s. 30, 31).
Gaýtalamak üçin soraglar
• Ýaş ysraýyllylar näme üçin Hudaýa özüni bagyş etmeýärdi?
• Ysraýyllylar Hudaýa özüni bagyş edişlerine laýyk ýaşaýandygyny nädip görkezýärdi?
• Özüni bagyş eden Ysraýyl halkyny Ýehowa näme üçin ret etdi we onuň ýerine kimi saýlady?
• B. e. 33-nji ýylynyň Pentikost gününden başlap, ýehudy we ýehudy däller ruhy Ysraýylyň agzasy bolmak üçin näme etmelidi?