«Ýehowanyň beýik güni ýakyndyr»
Ýakyndyr, Ýehowanyň beýik güni ýakyndyr we örän çalt ýetip gelýär. (SEFANÝA 1:14)
1, 2. a) Mesihçiler haýsy aýratyn güne garaşýarlar? b) Biz özümize nähili soraglary bilmeli we näme üçin?
DURMUŞA çykjak gyz sabyrsyzlyk bilen toý gününe garaşýar. Göwreli aýal begenç bilen çagasynyň dünýä inmegine garaşýar. Ýadaw işçi dynç alyş rugsadyny almagy arzuw edýär. Bularyň arzuwlarynyň näme meňzeş taraplary bar? Olaryň hemmesi durmuşyna täsir etjek aýratyn ähmiýetli güne garaşýarlar. Olaryň garaşýan günleri bir-birinden tapawutlansa-da, hemmesi örän tolgunýarlar we alada edýärler. Olaryň umyt bilen garaşýan günleri hökman geler, şol sebäpden oňa taýýar bolasy gelýärler.
2 Mesihçiler hem şu günler aýratyn bir güne sabyrsyzlyk bilen garaşýarlar. Ol gün «Ýehowanyň beýik güni» (Işaýa 13:9; Ýowel 2:1; 2 Petrus 3:12). «Ýehowanyň güni» näme we ol adamlara nähili täsir eder? Ol gün gelende, biz taýýar bolar ýaly näme etmeli? Bu soraglaryň jogaplaryny bilmek wajyp, sebäbi şu günki bolýan wakalar Mukaddes Ýazgylardaky: «Ýakyndyr, Ýehowanyň beýik güni ýakyndyr we örän çalt ýetip gelýär» diýen sözleriň hakdygyny görkezýär (Sefanýa 1:14).
«Ýehowanyň beýik güni»
3. «Ýehowanyň beýik güni» näme?
3 «Ýehowanyň beýik güni» näme? Mukaddes Ýazgylarda «Ýehowanyň beýik güni» diýlen jümle, Ýehowanyň duşmanlaryny jezalandyrjak hem-de adyny şöhratlandyrjak wagty bilen baglanyşykly. Ýahudanyň we Iýerusalimiň biwepa adamlaryna, şeýle-de Babylyň we Müsüriň zalym ýaşaýjylarynyň hemmesine Ýehowa jeza berende, olar «Ýehowanyň gününiň» nämedigini bildiler (Işaýa 2:1, 10—12; 13:1—6; Ýeremiýa 46:7—10). Emma Ýehowanyň iň «beýik güni» ýene-de geler. Ýehowa şol «gün» onuň adyna ysnat getirýän adamlara jeza berer. Şol gün ýalan dinleriň dünýä imperiýasy «Beýik Babylyň» ýykylmagy bilen başlap, Armageddon urşunda erbet dünýäniň ýok edilmegi bilen tamamlanar (Ylham 16:14, 16; 17:5, 15—17; 19:11—21).
4. Näme üçin adamlaryň köpüsi Ýehowanyň çalt ýakynlaşyp gelýän gününden gorkmaly?
4 Adamlaryň köpüsi düşünseler-de, düşünmeseler-de Ýehowanyň çalt ýakynlaşyp gelýän gününden gaty gorkmaly. Näme üçin? Ýehowa Sefanýa pygamber arkaly şeýle jogap berýär: «Ol gün — gahar güni, muşakgat we daryşyk, harabaçylyk we weýrançylyk güni, garaňkylyk we tümlük, bulutly we dumanly gün». Ol gün, hakykatdan-da, aýylganç gün bolar! Şeýle-de pygamber: «Men adamlara hasrat çekdirerin... sebäbi olar Ýehowa garşy günä etdiler» diýýär (Sefanýa 1:15, 17).
5. Millionlarça adamlar Ýehowanyň gününiň gelmegine nädip garaşýarlar we näme üçin?
5 Muňa garamazdan, millionlarça adamlar Ýehowanyň gününiň gelmegine sabyrsyzlyk bilen garaşýarlar. Näme üçin? Sebäbi olar şol gün dogry adamlaryň gutuljakdygyny we azat boljakdygyny, Ýehowanyň mukaddes adynyň bolsa beýgeljekdigini, şöhratlanjakdygyny bilýärler (Ýowel 3:16, 17; Sefanýa 3:12—17). Adamlar şol günden gorkmalymy ýa-da oňa sabyrsyzlyk bilen garaşmaly? Bu olaryň her günki edýän işlerine bagly. Size ol günüň golaýlaşýandygynyň näme ähmiýeti bar? Siz ol güne taýýarmysyňyz? Ýehowanyň golaýlap gelýän güni sizi dogry ýaşamaga höweslendirýärmi?
«Ýaňsylaýjylar ýaňsyly sözler bilen geler»
6. Köp adamlar «Ýehowanyň gününe» nähili garaýar we näme üçin mesihçiler muňa geň galmaýar?
6 Häzir haýal etmän hereket etmegiň wagty bolsa-da, adamlaryň köpüsi «Ýehowanyň gününiň» ýakynlaşýandygy barada oýlanmaýarlar. Olar bu howply gün hakdaky duýduryşa biperwaý garap gülýärler. Mesihçiler bolsa muňa geň galmaýarlar. Sebäbi olar Petrus resulyň duýduryşyny ýatdan çykarmaýarlar. Petrus şeýle diýdi: «Ozaly bilen, biliň, ahyrky günlerde öz höweslerinde gezýän ýaňsylaýjylar ýaňsyly sözler bilen gelip: «Rebbiň gelmeginiň wadasy hany? Atalar ölenden bäri hemme zat ýaradylyşyň başlangyjynda bolşy ýaly dur» diýer» (2 Petrus 3:3, 4).
7. Ruhy taýdan oýa bolmaga näme kömek eder?
7 Şeýle nädogry garaýşy inkär edip, ruhy taýdan oýa bolmaga bize näme kömek eder? Petrus bize şeýle diýdi: «Mukaddes pygamberleriň öňden aýdan sözlerini, Reb hem Halasgäriň resullaryňyz arkaly size beren buýrugyny ýadyňyza salmak üçin sap pikirleriňizi ýatlatma arkaly oýarýaryn» (2 Petrus 3:1, 2). Şu pygamberlikdäki duýduryş pikirlerimizi sap saklamaga kömek eder. Mümkin, şunuň ýaly ýatlatmalary köp eşidendiris, ýöne olar häzir has hem wajyp. Şonuň üçin biz olara üns bermeli (Işaýa 34:1—4; Luka 21:34—36).
8. Adamlaryň köpüsi Mukaddes Ýazgylardaky ýatlatmalary näme üçin ret edýärler?
8 Näme üçin adamlaryň köpüsi ýatlatmalary ret edýärler? Petrus resul şeýle diýdi: «Olar gökleriň Hudaýyň sözi arkaly gadymdan bäri bardygyndan, ýeriň suw arkaly suwdan döräninden bilgeşleýin gapyldyr. Ýöne ol wagtky dünýä şol suwda hem gark bolup heläklenipdi» (2 Petrus 3:5, 6). Hawa, şeýle adamlar Ýehowanyň gününiň gelmegini hem-de durmuşyny özgertmek islemeýärler. Olar diňe özüni bilip ýaşaýandygy sebäpli Ýehowanyň öňünde jogap bermek islemeýärler! Petrusyň aýdyşy ýaly olar «bilgeşleýin gapyldyr».
9. Nuh bilen Lutuň günlerinde adamlar duýduryşa nähili garadylar?
9 Ýaňsylaýjylar Ýehowanyň geçmişde adamlaryň işlerine goşulandygyna bilgeşleýin üns bermeýärler. Isa Mesih we Petrus resul şol wakalaryň ikisini, ýagny «Nuhuň günleri» bilen «Lutuň günlerini» aýdyp geçdiler (Luka 17:26—30; 2 Petrus 2:5—9). Adamlar Tupandan öň hem Nuhuň beren duýduryşyna üns bermediler. Şeýle-de Sodom we Gomorra ýok edilende, Lut «giýewleriniň gözüne bälçireýän ýaly göründi» (Barlyk 19:14).
10. Duýduryşa üns bermeýän adamlara Ýehowa nähili garaýar?
10 Şu günler hem adamlar duýduryşa biperwaý garaýarlar. Ýehowa duýduryşa üns bermeýän adamlara şeýle diýýär: «Özüniň hamyrmaýasynyň üstünde oturyp, ýüreginde: «Reb ýagşylyk-da, ýamanlyk-da etmeýär» diýýän adamlary Men jezalaryn. Olaryň baýlygy olja bolar, öýleri eýesiz galar; jaýlar gurarlar, emma onda ýaşamazlar, üzüm ekerler, ýöne şerabyny içmezler» (Sefanýa 1:12, 13). Adamlar gündelik işleri bilen gümra bolsalar-da, çeken zähmetiniň rehnetini doly görmez. Näme üçin? Sebäbi Ýehowanyň güni duýdansyz geler, ýygnan baýlyklary olary halas etmez (Sefanýa 1:18).
«Oňa garaş»
11. Biz haýsy duýduryşy unutmaly däl?
11 Hudaýyň duýduryşyna biperwaý garaýan adamlardan tapawutlylykda, biz Habakkuk pygamberiň duýduryşyny ýatda saklamaly. Ol şeýle diýdi: «Görnüş belli bir wagta degişli, ol ahyrky gün barada aýdýar we ýalan sözlemez. Ol gün gijikýän ýaly bolup görünse-de, oňa garaş, ol hökman geler, gijikmez» (Habakkuk 2:3). Bikämil adamlaryň garaýşynda ol gün gijikýän ýaly görünse-de, Ýehowanyň gijikdirmejekdigini biz ýatdan çykarmaly däl. Ýehowanyň güni öz wagtynda, adamlaryň garaşmaýan wagty geler (Markus 13:33; 2 Petrus 3:9, 10).
12. Isa näme barada duýdurdy we sadyk hyzmatkär nähili işleri bilen tapawutlanýar?
12 Isa Ýehowanyň gününe garaşmagyň wajypdygyny belläp, hatda käbir şägirtleriniň şol güni ýatdan çykarjakdygyny duýdurdy. Isa olar barada şeýle pygamberlik etdi: «Bu ýaramaz hyzmatkär öz içinden: «Agam giç geler» diýip, ýoldaşlaryny urmaga, serhoşlar bilen iýip-içmäge başlasa, ol hyzmatkäriň agasy onuň oslamaýan gününde, bilmeýän sagadynda gelip... paýyny» berer (Matta 24:48—51). Emma olardan tapawutlylykda, sadyk hem akylly hyzmatkär ol güni ýatdan çykarmaýar. Ol hüşgär bolup, özüniň taýyndygyny görkezýär. Isa ýer ýüzündäki «bütin mal-mülküni» oňa ynandy (Matta 24:42—47).
Haýal-ýagallyk etmezlik wajyp
13. Isa haýal-ýagallyk etmezligiň wajypdygyny nädip nygtady?
13 I asyrdaky mesihçiler üçin ruhy taýdan oýa bolmak has wajypdy. Olar «Iýerusalimi goşunlaryň gurşanyny görenlerinde», haýal etmän şäherden çykmalydylar (Luka 21:20, 21). Bu waka b. e. 66-njy ýylynda boldy. Isa şonda mesihçileriň haýal etmeli däldigini nygtap, şeýle diýdi: «Öýüň üçegindäki öýünden bir zat almak üçin aşak inmesin; ekin meýdanyndaky donuny almak üçin yzyna öwrülmesin» (Matta 24:17, 18). Taryhyň görkezişi ýaly, Iýerusalim diňe dört ýyldan soň weýran edildi. Ýöne näme üçin mesihçiler Isanyň sözlerine b. e. 66-njy ýylynda gulak asmalydylar?
14, 15. I asyrdaky mesihçiler Iýerusalimi goşunlaryň gurşap alanyny görenlerinde, näme üçin ondan haýal etmän çykmalydylar?
14 B. e. 70-nji ýylyna çenli Rim goşuny Iýerusalimi derbi-dagyn etmedik bolsa-da, dört ýylyň dowamynda parahatlyk ýokdy. Şol ýyllar zorluk we gandöküşiklik has köp boldy. Bir taryhçy Iýerusalimdäki wakany şeýle gürrüň berýär: «Graždanlyk urşunda gandöküşiklik, wagşylyk, zalymlyk diýseň möwç urýardy». Ýaş ýigitleriň ellerine zorluk bilen ýarag berip, harby güýçleri berkitmek üçin gulluk etdirýärdiler. Olary söweşe taýýarlamak üçin her gün harby okuw geçirýärdiler. Şeýle agyr şertlere garşy çykýan adamlar dönük hasaplanýardy. Eger mesihçiler şäherde eglenen bolsalardy, onda olar örän howply ýagdaýa düşerdiler (Matta 26:52; Markus 12:17).
15 Isanyň diňe Iýerusalimdäkiler däl, eýsem, «Ýahudadakylar-da daglara gaçsyn» diýendigine üns bermeli. Bu sözler örän wajypdy, sebäbi rim goşuny birnäçe aýdan Iýerusalimi basyp almak üçin ýene-de gelmelidiler. Ilki bilen olar b. e. 67-nji ýylynda Jeliläni, soňky ýyl bolsa Ýahudany basyp aldylar. Netijede, bütin ýurtda agyr muşakgat başlandy. Ýagdaýyň gitdigiçe kynlaşýandygy sebäpli, ýehudylaryň hiç biride Iýerusalimden gaçyp bilmedi. Şäheriň derwezeleri bolsa goralýardy, ondan çykyp gaçmak kyndy, gaçaýanda-da, rimlileriň tarapyna geçdi diýip hasaplanylýardy.
16. I asyrdaky mesihçiler betbagtçylykdan halas bolmak üçin näme etmelidiler?
16 Biz bu ýagdaýlaryň ählisini göz öňünde tutsak, Isanyň näme üçin haýal etmäň diýendigine düşüneris. Mesihçiler ruhy taýdan oýa bolmak üçin hemme zada taýýar bolmalydylar we baýlyga kowalaşmaly däldiler. Ylaýta-da olar Isanyň duýduryşyna gulak asyp, «bar zadyndan el çekmelidiler» (Luka 14:33). Gulak asyp, haýal etmän Iordan derýasynyň beýleki tarapyna gaçanlar halas boldular.
Ruhy taýdan oýa bolmaly
17. Näme üçin biz ruhy taýdan oýa bolmaly?
17 Mukaddes Ýazgylardaky pygamberlikler soňky günleriň bosagasynda ýaşaýandygymyzy anyk görkezýär. Şu günler biz hasam ruhy taýdan oýa bolmaly. Esger parahatlyk döwründe özüni söweşdäki ýaly ykjam we howply duýmaýar. Emma onuň harby taýýarlygy bolmasa, duýdansyz urşa çagyrylanda ölüm howpuna düşmegi ahmal. Mesihçiler hem şonuň ýaly her bir ýagdaýda ruhy söweşe taýýar bolmaly. Eger ruhy taýdan oýa bolmasak, howp abananda özümizi gorap bilmeris we Ýehowanyň güni biziň garaşmadyk wagtymyz geler (Luka 21:36; 1 Selanikliler 5:4). Kim «Ýehowadan ýüz öwren bolsa», şu günler ony agtarmagyň edil wagtydyr (Sefanýa 1:3—6; 2 Selanikliler 1:8, 9).
18, 19. Biz Ýehowanyň «gününiň gelmegini» nädip ýatda saklap bileris?
18 Petrus resulyň Ýehowanyň gününi «çaltlandyrmaly» ýa-da başga terjimelere görä, «berk ýadymyzda saklamaly» diýip, maslahat berýändigi geň däl! Biz Ýehowanyň gününi nädip «ýatda saklap» bileris? Munuň üçin biz «mukaddes ýaşaýyşda, takwalykda gezmelidiris» (2 Petrus 3:11, 12). Bu bize «Ýehowanyň gününe» umyt bilen garaşmaga kömek eder. Elbetde, Ýehowanyň gününiň gelmegini biz çaltlandyryp bilmeris. Ýöne biz ol güne garaşyp, Hudaýa yhlasly gulluk etsek, wagt çalt geçer (1 Korintoslylar 15:58).
19 Hudaýyň Sözi barada oýlanyp, ondaky «garaşyň» diýen maslahatyna gulak assak, ol güne garaşmaga kömek eder (2 Petrus 3:11). Mukaddes Ýazgylardaky ençeme pygamberlikde diňe bir Ýehowanyň gününiň gelmegi däl, eýsem, Ýehowa «garaşýan» adamlara bol bereketler eçiljekdigi hem aýdylýar (Sefanýa 3:8).
20. Biz haýsy maslahata çyn ýürekden eýermeli?
20 Sefanýa arkaly berlen maslahata çyn ýürekden eýermegiň şu günler edil wagty. Ol şeýle diýdi: «Ýehowanyň gahar-gazaby siziň başyňyza inmänkä, Ýehowanyň gazap güni gelmänkä, Onuň kanunlaryny berjaý edýän pesgöwünli ähli adamlar, Ýehowany agtaryň. Dogrulygy, pesgöwünligi agtaryň, Ýehowanyň gazap gününde, megerem, gizlenip bilersiňiz» (Sefanýa 2:2, 3).
21. 2007-nji ýylda Hudaýyň halkynyň garaýşy nähili bolmaly?
21 Şol sebäpli 2007-nji ýyl üçin ýyllyk aýat hökmünde «Ýehowanyň beýik güni ýakyndyr» diýen aýat saýlanyldy. Ýehowanyň halky ol günüň «ýakyndygyna we örän çalt ýetip gelýändigine» ynanýar (Sefanýa 1:14). Ol gün «gijikmez» (Habakkuk 2:3). Şu pygamberlikleriň tiz berjaý boljakdygyny göz öňünde tutup, nähili wagtda ýaşaýandygymyzy berk ýatda saklalyň!
Nähili jogap berersiňiz?
• «Ýehowanyň beýik güni» näme?
• Näme üçin köp adamlar Ýehowanyň güni barada oýlanmaýarlar?
• I asyrdaky mesihçiler näme üçin ruhy taýdan oýa bolmalydy?
• Bize ruhy taýdan oýa bolmaga näme kömek eder?
[19-njy sahypadaky ýazgy]
2007-nji ýylyň ýyllyk aýady: «Ýehowanyň beýik güni ýakyndyr». Sefanýa 1:14