Garawul diňiniň ONLAÝN KITAPHANASY
Garawul diňiniň
ONLAÝN KITAPHANASY
türkmen
Ä
  • Ç
  • ç
  • Ä
  • ä
  • Ž
  • ž
  • Ň
  • ň
  • Ö
  • ö
  • Ş
  • ş
  • Ü
  • ü
  • Ý
  • ý
  • MUKADDES KITAP
  • EDEBIÝATLAR
  • DUŞUŞYKLAR
  • w07 1/1 sah. 25—30
  • «Ilkinji direliş» eýýäm başlandy!

Şuňa degişli wideo ýok.

Bagyşlaň, wideo ýüklenende näsazlyk ýüze çykdy.

  • «Ilkinji direliş» eýýäm başlandy!
  • Garawul diňi Ýehowa Hudaýyň Patyşalygyny yglan edýär — 2007
  • Sözbaşylar
  • Meňzeş maglumat
  • «Haýsy ten bilen geler?»
  • Eýýäm başlandymy?
  • «Olaryň her birine bir ak don berildi»
  • Biziň üçin bu nämäni aňladýar
  • Direliş näme?
    Mukaddes Kitaba degişli soraglaryň jogaby
  • «Men Hudaýa umyt baglaýaryn»
    Garawul diňi Ýehowa Hudaýyň Patyşalygyny yglan edýär — 2017
  • Direlişiň boljakdygyna ýürekden ynanýarys!
    Garawul diňi Ýehowa Hudaýyň Patyşalygyny yglan edýär — 2020
  • Isanyň direlişi bize nähili täsir edýär?
    Garawul diňi Ýehowa Hudaýyň Patyşalygyny yglan edýär — 2014
Başgalary
Garawul diňi Ýehowa Hudaýyň Patyşalygyny yglan edýär — 2007
w07 1/1 sah. 25—30

«Ilkinji direliş» eýýäm başlandy!

«Ilki bilen Mesihe degişli ölüler direler» (1 SELANIKLILER 4:16).

1, 2. a) Ölen adamlar üçin nähili umyt bar? b) Direlişe ynanmak üçin bizde nähili esas bar? (çykgyda seret).

«DIRI adamlar öljekdigini bilýärler». Adam ata günä edenden bäri, ölüm baradaky pikir adamlary rahatsyzlandyrýar. Taryhdan bilşimiz ýaly, her bir adam iru-giç öljekdigini bilýär. Şol sebäpli köp adamlarda şeýle soraglar döreýär: ölümden soň näme bolýar? Ölenleriň ýagdaýy barada näme aýtsa bolar? Mukaddes Ýazgylarda: «Ölen adamlar hiç zady bilmeýär» diýip aýdylýar (Wagyzçy 9:5).

2 Ölen adamlar üçin umyt barmy? Hawa. Sebäbi Hudaýyň adamlara degişli ilkibaşdaky niýeti berjaý bolmaly. Asyrlar boýy Hudaýyň wepaly gullukçylary Şeýtany tokmaklajak we onuň ýetiren zyýanyny ýok etjek Nesil baradaky Ýehowanyň wadasyna ynanýarlar (Barlyk 3:15). Şeýle wepaly gullukçylaryň köpüsi öldi. Olar Ýehowanyň ähli wadalarynyň berjaý boljakdygyny görmek üçin ölümden direlmeli (Ýewreýler 11:13). Olar direlermi? Hawa, çünki Pawlus resul: «Hem dogrular, hem egriler ölümden direler» diýdi (Resullaryň işleri 24:15). Pawlus resul bir sapar üçünji gatyň penjiresinden gaçyp, «öli halynda galdyrylan» Eftihos atly bir ýaş ýigidi direltdi. Bu Mukaddes Ýazgylarda aýdylýan dokuz sany direlişleriň iň soňkusydy (Resullaryň işleri 20:7—12)a.

3. Ýahýa 5:28, 29-njy aýatlardaky Isanyň sözleri saňa nähili teselli berýär we näme üçin?

3 Mukaddes Ýazgylardaky dokuz sany direliş, Pawlus resulyň aýdan sözlerine ynanmaga gowy subutnama boldy. Bu direlişler Isanyň: «Muňa geň galmaň, çünki gabyrdakylaryň hemmesiniň Onuň [Isanyň] sesini eşitjek wagtlary gelýär» diýen sözleri biziň imanymyzy berkidýär (Ýahýa 5:28, 29). Gör, neneňsi ajaýyp sözler! Bu dogan-garyndaşlary ölen millionlarça adamlara nähili teselli berýär!

4, 5. Mukaddes Ýazgylarda nähili direlişler barada aýdylýar, şu makalada haýsy direlişe serederis?

4 Hudaýyň patyşalygy ýer ýüzünde höküm süren mahaly, ölen adamlaryň köpüsi direler (Zebur 37:10, 11, 29; Işaýa 11:6—9; 35:5, 6; 65:21—23). Emma mundan öň başga-da direliş bolmaly. Birinjiden, Isa Mesih direlip, biziň üçin Hudaýa töleg tölemelidi. Ol b. e. 33-nji ýylynda ölüp direldi.

5 Ikinjiden, mesh edilenler «Hudaýyň Ysraýyly» Isa Mesihiň gökdäki şöhratyna goşulmaly, olar «elmydama Reb bilen bile bolar» (Galatýalylar 6:16; 1 Selanikliler 4:17). Bu direlişe «irki direliş» ýa-da «ilkinji direliş» diýilýär (Filipililer 3:10, 11; Ylham 20:6). Ilkinji direlişden soň, millionlarça adamlar direler, olaryň ýer ýüzünde jennetde ebedi ýaşamaga umydy bolar. Gökde ýa-da ýer ýüzünde ýaşamaga umyt etsegem, biz «ilkinji direliş» bilen gyzyklanýarys. Ol nähili direliş? Ilkinji direliş haçan başlandy?

«Haýsy ten bilen geler?»

6, 7. a) Göge galmazyndan öň, mesh edilen mesihçilere näme bolmaly? b) Olar nähili tende direler?

6 Pawlus resul Korintoslylara ýazan birinji hatynda ilkinji direliş barada sorag berip: «Ölüler nähili direler? Haýsy ten bilen geler?» diýdi. Soňra ol öz soragyna şeýle jogap berýär: «Seniň ekýän zadyň ölmese, ýaşaýşa gowuşmaz... Ýöne Hudaý oňa Öz isleýşi ýaly, bir ten... berýär... asmana degişli tenler hem dünýewi tenler bardyr; ýöne asmana degişlileriň şöhraty başga, dünýewileriňki başgadyr» (1 Korintoslylar 15:35—40).

7 Pawlus resulyň aýtmagyna görä, mukaddes ruh bilen mesh edilen mesihçiler gökde ýaşaýyş sylagyny alar ýaly ölmeli. Olar ölenden soň dünýewi teni topraga öwrülýär (Barlyk 3:19). Hudaýyň bellän wagty olar asmana «degişli» tende direlýär (1 Ýahýa 3:2). Hudaý olara ölmezlik sowgadyny berýär. Bu sowgat olara doglan wagty berilmeýär. Pawlus resul: «Çüýreýän çüýremezlik donuny geýmelidir, bu ölümli ölmezlik donuny geýmelidir» diýýär. Hudaýyň ölmezlik sowgadyny ilkinji direlenler «geýýärler» (1 Korintoslylar 15:50, 53; Barlyk 2:7; 2 Korintoslylar 5:1, 2, 8).

8. Ýehowanyň 144 müň adamy dürli dinlerden saýlamaýandygyny nireden bilýäris?

8 Ilkinji direlişde diňe 144 müň adam direler. Ýehowa olary Isa direlenden soň, b. e. 33-nji ýylynyň Pentikost baýramyndan ýygnap başlady. Olaryň hemmesiniň «maňlaýynda Onuň [Isanyň] we Atasynyň ady ýazylgy» (Ylham 14:1, 3). Hudaý olary dürli dinlerden saýlamaýar. Olaryň ählisi mesihçi, şol sebäpli Ýehowa Atasynyň adyny buýsanç bilen güwälik edýärler. Mesh edilen mesihçiler direlenden soň, olara gökde ýumuş berilýär. Olar Hudaýa şeýle gulluk edýändiklerine begenýärler.

Eýýäm başlandymy?

9. Ilkinji direlişiň haçan başlandygyny bilmägä Ylham 12:7; 17:14-nji aýatlar nädip kömek edýär?

9 Ilkinji direliş haçan başlandy? Onuň eýýäm başlanandygyna anyk subutnama bar. Mysal üçin, Ylham kitabynyň iki sany babyny deňeşdirip göreliň. Ilki bilen, Ylham kitabynyň 12-nji babyna seredeliň. Şol bapda ýaňy tagta çykan Isa Mesih perişdeleri bilen Şeýtana we onuň jynlaryna garşy urşa başlandygy aýdylýar (Ylham 12:7—9). Bu urşuň 1914-nji ýylda başlandygyny biziň jurnalymyzda birnäçe gezek düşündirilipdib. Üns beren bolsaňyz bu gökdäki urşa mesh edilen mesihçileriň hiç biride gatnaşmady. Geliň, indi Ylham kitabynyň 17-nji babyna seredeliň. Ol ýerde «Beýik Babyl» ýykylandan soň, Guzynyň milletleri ýeňendigi aýdylýar. Soňra «çagyrylan, saýlanan we sadyk galanlar» onuň bilen ýeňerler diýilýär (Ylham 17:5, 14). Isa bilen «çagyrylan, saýlanan we sadyk galanlar» Şeýtanyň dünýäsini ýok etmeli bolsa, onda olar eýýäm direlmeli. Diýmek, Armageddondan öň ölen mesh edilen mesihçiler 1914-nji ýyldan başlap Armageddona çenli direlmeli.

10, 11. a) Ýigrimi dört ýaşuly kim we olaryň biri Ýahýa resula nämäni mälim etdi? b) Mundan biz nähili netijä gelip bileris?

10 Biz ilkinji direlişiň haçan başlandygyny anyk aýdyp bilerismi? Ylham 7:9—15-nji aýatlarda Ýahýa resul «hiç kimiň sanap bilmejek bir uly märeke» barada gören görnüşini beýan edeninde, bir täsin pikiri aýtdy. Ýigrimi dört ýaşulularyň biri Ýahýa resula uly märekäniň kimdigini düşündirdi. Şol ýaşulular Isa Mesih bilen gökdäki şöhrata eýe bolup höküm sürýän 144 müň mesihçileri aňladýarc (Luka 22:28—30; Ylham 4:4). Ýahýa resul gökde ýaşamaga umyt edýärdi, ýöne ýaşuly oňa ýüzlenende, ol ýer ýüzünde ýaşaýardy. Şonuň üçin görnüşde Ýahýa gökde ýaşaýyş sylagyny häli almadyk ýer ýüzünde ýaşaýan mesh edilen mesihçini suratlandyrýar.

11 Ýahýa beýik märekäniň kimdigini ýigrimi dört ýaşulularyň biri düşündirýän bolsa, biz nähili netijä gelip bileris? Şu günler Ýehowadan gelýän hakykaty ýigrimi dört ýaşulular toparyndan direlenler aýdýan bolmaly. Muny bilmek näme üçin wajyp? Sebäbi Hudaýyň ýer ýüzündäki mesh edilen gullukçylary beýik märekäniň kimdigini 1935-nji ýylda bildiler. Eger ýigrimi dört ýaşulylaryň biri bu wajyp hakykaty açan bolsa, onda ol iň bolmanda 1935-nji ýylda gökde direlen bolmaly. Diýmek, ilkinji direliş 1914—1935-nji ýyllar aralygynda başlan bolmaly. Munuň wagtyny anygrak kesgitläp bolarmy?

12. Näme üçin ilkinji direliş 1918-nji ýylyň bahar paslynda başlan bolmaly? Düşündiriň.

12 Geliň, indi Mukaddes Ýazgylardaky wakalaryň meňzeşliklerine seredeliň. B. e. 29-njy ýylynyň güýz aýynda Isa Mesih Hudaýyň Patyşalygynyň Patyşasy hökmünde bellendi. Üç ýarym ýyldan soň b. e. 33-nji ýylyň bahar paslynda beýik ruhy şahsyýet bolup direldi. Isa Mesih 1914-nji ýylyň güýz aýlarynda Patyşalyk tagtyna geçende, mesh edilen wepaly şägirtler üç ýarym ýyldan soň, ýagny 1918-nji ýylyň bahar paslynda gökde direlip başladylarmyka? Mümkin şeýledir. Bu Mukaddes Ýazgylarda göni aýdylmasa-da, Isa patyşa bolan mahaly ilkinji direlişiň başlandygyny görkezýän aýatlara garşy gelmeýär.

13. Näme üçin 1 Selanikliler 4:15—17-nji aýatlara görä, Isa patyşa bolan wagty ilkinji direliş başlandy diýse bolýar?

13 Pawlus resul şeýle ýazýar: «Biz diriler, Rebbiň gelmegine çenli [Isanyň patyşalygynyň dowamynda] galanlar, ölen imanlylardan asla öňe çykmarys. Çünki Rebbiň Özi emirli gygyryş bilen, baş perişdäniň sesi bilen, Hudaýyň surnaýy bilen gökden iner, şeýlelikde, ilki bilen Mesihe degişli ölüler direler. Ondan soňra biz, galan diriler olar bilen bile Rebbi howada garşylamak üçin bulutlar içinde alnyp göterileris. Şeýlelikde, elmydama Reb bilen bile bolarys» (1 Selanikliler 4:15—17). Şonuň üçin Isa patyşa bolmazyndan öň, ölen mesh edilenler Isa patyşa bolan mahaly ýer ýüzünde ýaşaýan mesihçilerden öň gökde direlýärler. Diýmek, ilkinji direliş Isa patyşa bolan mahaly we patyşa bolandan soň hem dowam edýär (1 Korintoslylar 15:23). Ilkinji direlişde mesh edilenleriň hemmesi birden direlmän, birnäçe wagtyň dowamynda direlýärler.

«Olaryň her birine bir ak don berildi»

14. a) Ylham kitabynyň 6-njy babynda beýan edilen görnüş haçan ýerine ýetdi? b) Ylham 6:9-da näme suratlandyrylýar?

14 Geliň, indi Ylham kitabynyň 6-nji babyndaky subutnama seredeliň. Bu bapda Isa atyň üstünde oturan ýeňiş gazanan Patyşa ýaly suratlandyrylýar (Ylham 6:2). Halklar bütin dünýäde bolýan uruşlara gatnaşýarlar (Ylham 6:4). Açlyk giňden ýaýraýar (Ylham 6:5, 6). Gyrgynçylyk kesellerden adamlar ejir çekýär (Ylham 6:8). Bu pygamberlikleriň hemmesi bütin dünýäde 1914-nji ýyldan bäri berjaý bolýar. Ýöne başga zatlar hem ýerine ýetýär. Görnüşde gurbanlyk edilýän ýer hem suratlandyrylýar. Onuň aşagynda «Hudaýyň sözi, oňa eden güwälikleri üçin öldürilenleriň janlary» bar (Ylham 6:9). «Tende jan [ýaşaýyş] ganda bolýandygy sebäpli, gurbanlyk edilýän ýeriň aşagynda Isanyň wepaly gullukçylarynyň gany bar, çünki olar gorkman yhlasly wagyz edeni üçin öldürildiler (Lewililer 17:11).

15, 16. Ylham 6:10, 11-nji aýatlar näme üçin ilkinji direlişe degişlidigini düşündiriň.

15 Mesihçileriň gany Habylyň gany ýaly adalatlylyk barada gygyrýar (Barlyk 4:10). «Olar batly ses bilen gygyryp diýýärdiler: «Eý mukaddes, hakyky Baýar! Sen haçana çenli ýer ýüzünde ýaşaýanlary höküm edip, biziň ganymyzy olardan aljak däl?» Soňra näme bolýar? «Olaryň her birine bir ak don berlip, özleri kimin öldüriljek ýoldaşlarynyň, doganlarynyň sany tamamlanýança ýene az salym garaşmagy islendi» (Ylham 6:10, 11).

16 Bu ak don gurban edilýän ýeriň aşagyndaky gana berilýärmi? Elbetde, ýok! Donlar göçme manyda gurban edilýän ýerde ganyny dökenlere berilýär. Olar Isanyň ady üçin janyny gurban etdiler, häzir olar ruhy şahsyýet hökmünde direldi. Muny biz nireden bilýäris? Mundan öň Ylham kitabynda: «Ýeňen ak egin-eşikler geýer. Men onuň adyny ýaşaýyş kitabyndan öçürmerin» diýilýär. Ýadyňyzda bolsa ýigrimi dört ýaşulynyň «başlary altyn täçli, ak lybaslydy» (Ylham 3:5; 4:4). Uruş, açlyk we mergi ýeri gyryp başlandan soň, gurban edilýän ýerdäki gany aňladýan 144 müňleriň agzalary, gökde direlip we simwolik ak don geýdiler.

17. Ak don alanlar haýsy manyda «garaşmaly»?

17 Ýaňy direlenler haklaryny Hudaýyň aljak gününe «garaşmaly». Olaryň doganlary ýagny mesh edilen mesihçiler ýer ýüzündekä synaglarda aýypsyzdygyny görkezmeli. Ýehowanyň höküm güni gelende olar «garaşmagyny» bes ederler (Ylham 7:3). Şol wagt direlenler Isa Mesih bilen bile erbetleri, şol sanda hem mesihçileri öldürenleri ýok eder (2 Selanikliler 1:7—10).

Biziň üçin bu nämäni aňladýar

18, 19. a) Şu günler ilkinji direlişiň başlandygyny haýsy deliller boýunça anyklap bolýar? b) Ilkinji direliş baradaky düşünje size nähili täsir edýär?

18 Mukaddes Ýazgylarda ilkinji direlişiň haçan başlandygy anyk aýdylmasa-da, ýöne onuň Isa Mesihiň patyşa bolan wagtyndan başlandygy aýdylýar. Isa patyşa bolmazyndan öň ölen mesh edilen mesihçiler ilkinji direldiler. Isanyň patyşa bolan döwründe ýer ýüzündäki mesh edilen mesihçiler ölende, «birden göz açyp-ýumasy salymda» beýik ruhy şahsyýetlere öwrülýärler (1 Korintoslylar 15:51). Mesh edilen mesihçiler gökde ýaşaýyş sylagyny Armageddon urşy başlamazyndan öň alarlarmy? Biz bu barada bilmeýäris. Emma Hudaýyň bellän wagtynda 144 müňleriň hemmesi gökdäki Sion dagynyň üstünde durjakdygyny bilýäris.

19 Biz 144 müňleriň köp böleginiň eýýäm Isanyň ýanyndadygyny bilýäris. Ýer ýüzünde olaryň az bölegi galdy. Bu Ýehowanyň höküm gününiň golaýlap gelýändigini nähili gowy subut edýär! Tizden Şeýtanyň bütin dünýäsi ýok ediler. Şeýtanyň özi hem düýpsüz çuňluga zyňylar. Soňra ýerdäki ýaşaýyş üçin direliş başlanar we wepaly adamlar Isanyň döken gany esasynda kämillige ýeter. Ol kämillik Adam atanyň ýitiren kämilligi ýaly bolar. Barlyk 3:15-däki Ýehowanyň pygamberligi ýerine ýetýär. Şol döwürde ýaşamaklyk neneňsi ajaýyp!

a Ýene-de sekiz sany direliş barada şu aýatlarda aýdylýar: 3 Patyşalar 17:21—23; 4 Patyşalar 4:32—37; 13:21; Markus 5:35, 41—43; Luka 7:11—17; 24:34; Ýahýa 11:43—45; Resullaryň işleri 9:36—42.

b 1914-nji ýylda Isanyň patyşa bolandygyny Mukaddes Ýazgylar subut edýär. Ýehowanyň Güwäçileriniň neşir eden «Mukaddes Ýazgylar näme öwredýär?» diýen kitabynyň 215—218-nji sahypalaryna seret.

c Ýigrimi dört ýaşuly gökdäki şöhrata eýe bolan mesh edilen mesihçileri suratlandyrýandygyny bilmek üçin Ýehowanyň Güwäçileriniň çap eden «Ylham — onuň beýik derejesi ýakyndyr» diýen kitabyň 77-nji sahypasyna seret (rusça).

Siz nähili düşündirersiňiz?

Bize şu aşakdaky aýatlar «ilkinji direlişiň» haçan başlandygyny bilmäge nädip kömek edýär?

• Ylham 12:7; 17:14

• Ylham 7:13, 14

• 1 Korintoslylar 15:23; 1 Selanikliler 4:15—17

• Ylham 6:2, 9—11

    Türkmençe edebiýatlar (1997—2026)
    Çykmak
    Girmek
    • türkmen
    • Paýlaş
    • Sazlamalar
    • Copyright © 2025 Watch Tower Bible and Tract Society of Pennsylvania
    • Şertler we düzgünler
    • Gizlinlik syýasaty
    • Gizlinlik sazlamalary
    • JW.ORG
    • Girmek
    Paýlaş