Garawul diňiniň ONLAÝN KITAPHANASY
Garawul diňiniň
ONLAÝN KITAPHANASY
türkmen
Ä
  • Ç
  • ç
  • Ä
  • ä
  • Ž
  • ž
  • Ň
  • ň
  • Ö
  • ö
  • Ş
  • ş
  • Ü
  • ü
  • Ý
  • ý
  • MUKADDES KITAP
  • EDEBIÝATLAR
  • DUŞUŞYKLAR
  • w07 1/8 sah. 21—25
  • «Özüňizi her hili betnebislikden goraň»

Şuňa degişli wideo ýok.

Bagyşlaň, wideo ýüklenende näsazlyk ýüze çykdy.

  • «Özüňizi her hili betnebislikden goraň»
  • Garawul diňi Ýehowa Hudaýyň Patyşalygyny yglan edýär — 2007
  • Sözbaşylar
  • Meňzeş maglumat
  • Ýerliksiz haýyş
  • Betnebislikden goranyň
  • Ýaşaýyş nämä bagly?
  • Aladasyz gelejek
  • Siz «Hudaýyň nazarynda baýmysyňyz»?
    Garawul diňi Ýehowa Hudaýyň Patyşalygyny yglan edýär — 2007
  • Sen Hudaýa doly bil baglaýaňmy?
    Garawul diňi Ýehowa Hudaýyň Patyşalygyny yglan edýär — 2006
  • Hemişe Hudaýyň Patyşalygyny agtaryň
    Garawul diňi Ýehowa Hudaýyň Patyşalygyny yglan edýär — 2016
Garawul diňi Ýehowa Hudaýyň Patyşalygyny yglan edýär — 2007
w07 1/8 sah. 21—25

«Özüňizi her hili betnebislikden goraň»

«Çünki biriniň ýaşaýşy onuň mal-mülküniň bollugyna bagly däldir» (LUKA 12:15).

1, 2. a) Şu günler adamlaryň nämä kowalaşýandygy barada näme bilýärsiňiz? b) Olaryň garaýşy bize nähili täsir edip biler?

ADAMLARYŇ köpüsi üstünlik gazanmak we gelejekde aladasyz ýaşamak üçin pul, mal-mülk, abraý, köp hak tölenýän iş, maşgala ýaly zatlary wajyp hasaplaýarlar. Baý we garyp ýurtlarda-da, köp adamlar baýamaga hem-de üstünlik gazanmaga çalyşýarlar. Olar ruhy zatlar bilen gyzyklanýan ýaly bolsalar-da, gün-günden olaryň ruhy höwesi peselýär.

2 Bu barada Mukaddes Ýazgylarda pygamberlik edilipdi. Onda: «Soňky günlerde kyn pursatlar bolar. Çünki adamlar özüni söýýän, pula gyzan... lezzeti Hudaýdan köp söýýän, Hudaýyň ýolunda ýörän bolup, bu ýoluň güýjüni inkär edýänler çykar» diýilýär (2 Timoteos 3:1—5). Mesihçiler şeýle adamlaryň arasynda ýaşap, olaryň garaýşynyň we ýaşaýşynyň täsirine düşmejek bolup her gün göreşýärler. «Dünýäniň öz üstüňden höküm sürmegine ýol bermez» ýaly, bize näme kömek eder? (Rimliler 12:2, Filipsiň terjimesi, iňl.).

3. Biz Isanyň haýsy maslahatyna serederis?

3 Bu barada «Imanymyzyň Öňbaşçysy, Kämilleşdirijisi Isa» bize gowy ündew berdi (Ýewreýler 12:2). Bir sapar Isa Mesih märekä hakyky sežde bilen baglanyşykly soraglary düşündirip durka, bir adam onuň sözüni bölüp: «Mugallym! Doganyma aýt, goý, ol mirasy meniň bilen bölüşsin» diýip haýyş etdi. Şonda Isa ol adama we diňläp duranlara möhüm maslahat berdi. Ol betnebislikden gaça durmak barada berk duýduryş berip, bir mysal getirdi. Geliň, Isanyň aýdan sözlerine üns berip seredeliň we onuň beren maslahatynyň nähili peýdasynyň bardygy barada pikirleneliň (Luka 12:13—21).

Ýerliksiz haýyş

4. Haýyş eden adamyň Isanyň sözüni bölmekligi näme üçin ýerliksizdi?

4 Isa şägirtlerine we başga adamlara ikiýüzlülikden seresap bolmak, Ynsan Ogly bilen birlikdedigi barada batyrgaýlyk bilen ykrar etmek we mukaddes ruhuň kömegini almak hakynda gürrüň berip duran mahaly, bir adam onuň sözüni bölýär (Luka 12:1—12). Isanyň bu wajyp sözlerine şägirtleri çynlakaý garamalydy. Şeýle wajyp gürrüňi bölüp, ol adam dogany bilen mirasy paýlaşmak baradaky dawany çözmegi haýyş etdi. Onuň haýyşy ýerliksiz bolsa-da, biz bu wakadan gowy sapak edinip bileris.

5. Adamyň eden haýyşy onuň ýüregindäki niýetini nädip görkezdi?

5 Bir alym: «Adamyň häsiýetini köplenç dini taglymaty diňlände, näme hakda oýlanýandygyndan bilse bolýar» diýýär. Isa ruhy temalar barada gürrüň berip durka, ol adam baýamak hakynda oýlanýardy. Onuň miras almak barada arzyny kanun esasynda edendigi ýa-da etmändigi belli däl. Mümkin, ol Isanyň hökümdarlygyny we adamlaryň işini paýhasly çözýän kazy hökmünde onuň abraýyny öz bähbidi üçin ulanjak bolandyr (Işaýa 11:3, 4; Matta 22:16). Nähili bolsa-da, ol haýyşy bilen ýüregindäki pikirini, ýagny ruhy zatlaryň gadyryny bilmeýändigini görkezdi. Bu bize ýüregimizi barlap görmäge gowy sebäp dälmi näme? Mysal üçin, ýygnak duşuşyklarynda, başga zatlar ýa-da ýygnakdan soň etjek işlerimiz barada oýlanyp bileris. Şeýle bolmaz ýaly, biz aýdylýan zatlary ünsli diňläp, durmuşymyzda nädip ulanyp bolýandygy barada oýlanmaly. Şonda gökdäki Atamyz Ýehowa we imandaşlarymyz bilen gatnaşygymyzy berkidip bileris (Zebur 22:22; Markus 4:24).

6. Näme üçin Isa adamyň haýyşyny ýerine ýetirmedi?

6 Şeýle haýyş bilen ýüzlenmäge näme iteren bolsa-da, Isa onuň haýyşyny ýerine ýetirmeýär. Isa oňa: «Eý adam, kim Meni siziň kazyňyz ýa miras bölüjiňiz edip belledi?» diýdi (Luka 12:14). Isa bu sözleri arkaly Musanyň kanuny boýunça şeýle meseleleri çözmek üçin şäherlerde kazylar bellenilendigini ýatlatdy (Kanunyň gaýtalanyşy 16:18—20; 21:15—17; Rut 4:1, 2). Galyberse-de, Isa has wajyp işler bilen meşguldy, ýagny Hudaýyň Patyşalygy baradaky hakykaty güwälik edýärdi we adamlara Hudaýyň islegini öwredýärdi (Ýahýa 18:37). Isanyň göreldesine eýerip, durmuşyň aladalaryna ünsümizi sowman, biz wagtymyzy, güýjümizi hoş habary wagyz etmäge we «bütin milletleri şägirt etmäge» sarp edýäris (Matta 24:14; 28:19).

Betnebislikden goranyň

7. Isa nämä düşündi?

7 Isa adamlaryň ýüregindäki çuň pikirlerini bilýärdi. Ol maşgala dawasyny çözmegi haýyş eden adamyň başga bir aladasynyň bardygyna düşündi. Şonuň üçin ol haýyşy ýerine ýetirmekden boýun gaçyryp, onuň aladasynyň sebäbini görkezdi. Ol şeýle diýdi: «Habardar boluň! Özüňizi her hili betnebislikden goraň, çünki biriniň ýaşaýşy onuň mal-mülküniň bollugyna bagly däldir» (Luka 12:15).

8. Betnebislik näme we ol nämä eltýär?

8 Betnebislik ýöne bir maksat bilen we ýerlikli ulanmak üçin puly ýa-da käbir zatlary edinmek islegini aňlatmaýar. Bir sözlügiň aýtmagyna görä, bu «doýmaz-dolmaz islegi kanagatlandyrmak üçin dyrjaşmagy, hiç zatdan gözi doýmazlygy» aňladýar. Açgöz adam biriniň zadyna göz gyzdyryp, özüne zerur bolmasa-da, şol zady edinmek isleýär. Ol munuň başga adamlara nähili täsir etjegi barada oýlanmaýar. Şeýle adam zat edinmegiň küýüne düşüp, onuň pikirine we hereketine agalyk edýär, şeýdip zat onuň taňrysy bolýar. Ýadyňyzda bolsa, Pawlus resul Hudaýyň Patyşalygyny miras almajak açgöz adamy butparaz bilen deňäpdi (Efesliler 5:5; Koloseliler 3:5).

9. Açgözlük nämeden görünýär? Mysal getiriň.

9 Isanyň «her hili betnebislikden goranyň» diýen duýduryşy ünsüňi çekýär. Betnebisligiň dürli görnüşleri bar. Onuň käbiri on tabşyrygyň iň soňkusynda şeýle agzalýar: «Goňşyň öýüne göz dikme; goňşyň aýalyna, guluna, gyrnagyna, öküzine, eşegine, goňşyňky bolan hiç bir zada göz dikme» (Çykyş 20:17, MKS). Mukaddes Ýazgylarda açgözlük sebäpli adamlaryň agyr günä edendigi hakynda birnäçe mysallar bar. Ilki bilen, Şeýtan biriniň zadyna, ýagny diňe Ýehowada bolan şöhrata, hormata we hökümdarlyga göz gyzdyrdy (Ylham 4:11). How ene ýagşyny we ýamany özi çözjek bolup aldandy, şeýdip, ol adamlary günä hem ölüme eltdi (Barlyk 3:4—7). Öň perişde bolan jynlar «öz mertebelerinden» närazy bolup, «mesgenlerini terk edip», haky bolmadyk zatlary almak islediler (Ýahuda 6; Barlyk 6:2). Şeýle-de Balam, Ahan, Gehaz we Iuda Iskariot barada oýlanyp göreliň. Olar bar zadyna kaýyl bolman, baýlyga göz gyzdyrdylar. Soňra öz gulluk wezipesine daýanyp hyýanat etdiler we heläkçilige uçradylar.

10. Isanyň «habardar boluň» diýen duýduryşyna nädip eýermeli?

10 Isanyň açgözlükden «habardar boluň» diýen duýduryşy örän ýerlikli! Näme üçin? Sebäbi birinde açgözlügi görmek aňsat, ýöne özüňde görmek kyn. Emma Pawlus resul «her hili erbetligiň bir köki pul söýgüsidir» diýdi (1 Timoteos 6:9, 10). Ýakup şägirt nädogry höwes «bogaz bolup, günäni dogurýandyr; günä hem ýetişenden soň ölümi dogurýandyr» diýip düşündirdi (Ýakup 1:15). Isanyň «habardar boluň» diýen maslahatyna görä, başga adamlaryň açgözlügini görüp, olara höküm çykarmaly däl-de, eýsem, öz ýüregimizi barlap, «özümizi her hili betnebislikden goramaly».

Ýaşaýyş nämä bagly?

11, 12. a) Isa betnebislik barada nähili duýduryş berdi? b) Biz näme üçin Isanyň duýduryşyna gulak asmaly?

11 Betnebislikden habardar bolmagyň ýene bir sebäbi bar. Bu barada Isa: «Biriniň ýaşaýşy onuň mal-mülküniň bollugyna bagly däldir» diýdi (Luka 12:15). Mal-mülke kowalaşylýan dünýäde, adamlaryň pikirine görä, baýlyk arkaly bagta we üstünlige ýetip bolýar. Isa bu sözleri aýtmak bilen durmuşyň manyly hem-de kanagatly bolmagy mal-mülke we onuň köplügine bagly däldigini görkezdi.

12 Ýöne käbir adamlar munuň bilen razylaşmaýarlar. Olar baýlygyň kömegi bilen durmuşyňy ähli zat bilen üpjün edip, bagtly we kanagatly edip bolýar diýýärler. Şol sebäpli olar gowy we täze enjamlary edinmek üçin gije-gündiz işleýärler. Olaryň pikiri boýunça, bu bagtly durmuşa eltýär. Emma olar şeýle pikirde bolup, Isanyň aýdan wajyp sözlerini unudýarlar.

13. Durmuşa we mal-mülke paýhasly garaýyşda bolmak näme?

13 Isa bollukda ýaşamagyň dogry ýa-da nädogrudygy barada aýtman, eýsem, ol adamyň ýaşaýşy «onuň mal-mülküne», ýagny edinen zadyna bagly däldigini düşündirdi. Biz ýaşaýyş üçin köp zadyň gerek däldigini bilýäris. Muňa diňe biraz iýmit, bir-iki egin-eşik we jaý gerek. Barly adamlarda şeýle zatlar köp, emma garamaýaklar bu zatlary edinmek üçin agyr zähmet çekmeli bolýarlar. Ýöne adamlaryň arasyndaky bu tapawutlyk, olar ölenden soň deňleşýär (Wagyzçy 9:5, 6). Şonuň üçin durmuşymyzy manyly hem-de gymmatly etmek üçin diňe zat edinmek bilen meşgullanmaly däl. Eger biz Isanyň ýaşaýyş barada aýdan sözlerine seretsek, bu aýdyň bolar.

14. Isanyň «ýaşaýyş» diýen sözi näme aňladýar?

14 Lukanyň kitabynda Isa «ýaşaýyş onuň mal-mülküniň bollugyna bagly däldir» diýende, «ýaşaýyş» (grekçe zoi diýen) sözi ulanýar. «Ýaşaýyş» diýen söz bu ýerde nähili ýaşamalydygyny görkezmän, eýsem, ýaşaýşyň özüni aňladýara. Isanyň aýtmagyna görä, biz baý ýa-da garyp, gurply ýa-da ýeter-ýetmez ýaşaýandygymyza garamazdan, hiç birimiz ömrümizi uzaldyp we ertirki güne ýetjekdigimizi bilmeýäris. Dagdaky wagzynda Isa: «Siziň haýsy biriňiz alada edip, öz boýuňyzy tirsek boýy artdyryp bilýärsiňiz?» diýdi (Matta 6:27). Mukaddes Ýazgylarda diňe Ýehowa «ýaşaýşyň gözbaşydygy» hem-de wepaly gullukçylaryna gökde we ýer ýüzünde «ebedi ýaşaýşy», ýagny «soňsuz ýaşaýşy» diňe onuň berip biljekdigi aýdyň görkezilýär (Zebur 36:9; 1 Timoteos 6:12, 19).

15. Näme üçin köp adamlar baýlyga bil baglaýarlar?

15 Isanyň sözlerinden, adamyň ýaşaýşa bolan nädogry garaýşynyň giňden ýaýrandygy görünýär. Baýlaram, garyplaram kämilsiz, olaryň ählisiniň takdyry birdir. Musa pygamber şeýle diýdi: «Ömrümiziň günleri ýetmiş ýyldyr; zordan segsen bolaýanda-da olaryň buýsanjy zähmet bilen jepadyr, çünki günlerimiz tiz geçýär, biz uçup gidýäris» (Zebur 90:10; Eýýup 14:1, 2; 1 Petrus 1:24). Şol sebäpli Hudaý bilen gatnaşygyny berkitmedik adamlar, Pawlus resulyň aýdyşy ýaly köplenç «iýeliň, içeliň, çünki ertir öleris» diýýärler (1 Korintoslylar 15:32). Başga adamlar bolsa durmuşyň çalt geçip gidýändigi hem näbelliligi sebäpli, howpsuzlygy we durnuklygy baýlykdan gözleýärler. Olar mal-mülki we baýlygy toplasalar durmuşy rahat bolar öýdýärler. Şol sebäpli, olar rahat we bagtly durmuş baýlykda we mal-mülkdedir diýen nädogry pikirde bolup, baýamak üçin gije-gündiz işleýärler (Zebur 49:6, 11, 12).

Aladasyz gelejek

16. Ýaşaýşyň hakyky gymmaty näme bilen kesgitlenmeýär?

16 Hawa, adam bol ýaşap, ýagny iýmitiň, egin-eşigiň, jaýyň we başga zatlaryň bollugy onuň durmuşyny rahat edip biler hem-de gowy bejerişi alyp, ömrüni birnäçe ýyla uzaldyp biler. Emma şeýle ýaşaýşa manyly we aladasyz diýip bolarmy? Ýaşaýşyň hakyky gymmaty uzak ýaşamak, maddy baýlygymyzyň köplügi we ondan lezzet almak bilen kesgitlenmeýär. Pawlus resul baýlyga bil baglamagyň howpludygy barada belläp geçdi. Ol Timoteosa şeýle ýazdy: «Häzirki döwürdäki baýlara tekepbir bolmazlygy tabşyr. Wepasyz baýlyga däl-de, lezzet almagymyz üçin her zady bize bolluk bilen beren diri Hudaýa umyt baglasynlar» (1 Timoteos 6:17).

17, 18. a) Mal-mülk babatdaky haýsy mysallar, biziň görelde almagymyza mynasyp? b) Indiki makalada Isanyň haýsy tymsalyna serederis?

17 Baýlyga bil baglamak akylsyzlykdyr, çünki ol «wepasyzdyr». Eýýup örän baý adamdy, emma ol betbagtçylyga uçranda, oňa baýlygy kömek etmedi. Ol baýlygyndan birden mahrum boldy. Diňe Hudaý bilen berk gatnaşygy, Eýýuby synaglarda we betbagtçylykda gorady (Eýýup 1:1, 3, 20—22). Ybraýym pygamberiň mal-mülki köp bolsa-da, oňa Ýehowanyň beren kyn ýumşuny ýerine ýetirmäge päsgel bermedi. Netijede, ol ak pata alyp, «köp milletleriň atasy» boldy (Barlyk 12:1, 4; 17:4—6). Şu mysallaryň ählisi biziň görelde almagymyza mynasyp. Biz ýaş ýa-da gartaşan bolsak-da, durmuşymyzda nämäni wajyp saýyp we nämä umyt baglaýandygymyzy barlap görmeli (Efesliler 5:10; Filipililer 1:10).

18 Isanyň açgözlük we ýaşaýşa dogry garaýyşda bolmak barada aýdan sözleri wajyp we öwrenmäge mynasypdyr. Emma Isa bu barada ýene-de käbir zatlar aýtdy. Ol akmak baý adam hakynda bir tymsal gürrüň berdi. Biz şu günler onuň tymsalyny durmuşymyzda nädip ulanyp we ondan nämä öwrenip bileris? Bu soraglaryň jogabyny indiki makalada bileris.

a «Ýaşaýyş» diýip terjime edilen başga bios diýen grek sözi, «biografiýa» we «biologiýa» diýen iňlis sözünden gelip çykan. Bir sözlügiň düşündirmegine görä, bu «adamyň ömrüni», «nähili ýaşaýandygyny» we «ýaşaýyş üçin serişdäni» aňladýar.

Siz nähili jogap berersiňiz?

• Bir adamyň haýyşyny Isanyň ýerine ýetirmändiginden, biz näme öwrenip bileris?

• Açgözlükden biz näme üçin we nädip goranmaly?

• Näme üçin ýaşaýyş mal-mülke bagly däl?

• Näme ýaşaýşy hakyky gymmatly we aladasyz edýär?

    Türkmençe edebiýatlar (1997—2026)
    Çykmak
    Girmek
    • türkmen
    • Paýlaş
    • Sazlamalar
    • Copyright © 2025 Watch Tower Bible and Tract Society of Pennsylvania
    • Şertler we düzgünler
    • Gizlinlik syýasaty
    • Gizlinlik sazlamalary
    • JW.ORG
    • Girmek
    Paýlaş