Biziň tagalla etmeli häsiýetlerimiz
«Dogrulygyň, Hudaýyň ýolunyň, imanyň, söýginiň, sabyr hem ýumşaklygyň yzynda ylga» (1 TIM. 6:11).
1. «Yzynda ylgamak» diýen jümle näme aňladýar?
«YZYNDA ylgamak» diýen jümle näme aňladýar? Bu bir zada ýetmek üçin erjellik bilen onuň yzynda ylgamaklygy aňladýar. Meselem, Musanyň günlerinde faraon gullaryny yzyna gaýtarmak üçin goşunlary bilen ysraýyllylaryň «yzyndan kowýar», ýöne Gyzyl deňzinde heläk bolýarlar (Çyk. 14:23). Gadymy Ysraýylda birini tötänden öldüren adam gaçybatalga hökmünde bellenen alty şäheriň birine çalt gaçmalydy. Ýogsam, öldürileniň garyndaşy oňa derek aryny almak üçin «ganhoryň yzyndan kowup ýetip, ganygyzmalyk bilen ony öldürmegi mümkindi» (Kanun. 19:6).
2.a) Hudaý käbir mesihçilere nähili sylag taýýarlady? b) Hudaý mesihçileriň köpüsine näme wada berýär?
2 Geliň, ýagşylyk etmäge tagalla eden Pawlus resulyň mysalyna üns bereliň. Ol şeýle diýdi: «Emma bir zady edýärin: yzdaky zatlary unudyp, öňdäkilere el uzadyp, Hudaýyň Mesih Isadaky arşa tarap çakylygynyň baýragyna mynasyp bolmak üçin pellehana tarap ylgaýaryn» (Flp. 3:14). Mukaddes Ýazgylaryň aýtmagyna görä, 144 000 mesh edilen mesihçiler, şol sanda Pawlus resul hem gökdäki ýaşaýyş sylagyny alýarlar. Olar Isa Mesih bilen birlikde onuň Müňýyllyk hökümdarlygynda ýer ýüzüniň üstünden höküm sürerler. Hudaý olara nähili ajaýyp sylag taýýarlady! Emma şu günler mesihçileriň aglabasy başga sylagy almaga tagalla edýärler. Ýehowa olara Adam ata bilen Howa enäniň ýitiren zadyny, ýagny ýer ýüzündäki Jennetde ebedi we tut ýaly sagdyn ýaşaýşy söýgi bilen bermegi wada berýär (Ylh. 7:4, 9; 21:1—4).
3. Hudaýyň merhemetine minnetdarlygymyzy nädip görkezip bileris?
3 Günäli adamlar dogry iş emäge näçe tagalla etseler-de, ebedi ýaşaýşy gazanyp bilmeýärler (Iş. 64:6). Ebedi ýaşaýşa diňe Hudaýyň Isa Mesih arkaly söýgi bilen berýän gutulyşyna iman edip ýetip bolýar. Biz Hudaýyň merhemetine minnetdarlygymyzy nädip görkezip bileris? Şu tabşyryga gulak asmak wajyp: «Dogrulygyň, Hudaýyň ýolunyň, imanyň, söýginiň, sabyr hem ýumşaklygyň yzynda ylga» (1 Tim. 6:11). Şu häsiýetlere seretsek, «has köp» tagalla etmegi ýüregimize düwmäge kömek eder (1 Sel. 4:1).
«Dogrulygyň... yzynda ylgaň»
4. Näme üçin «dogrulyga» eýermeklik wajyp we nämeden başlamaly?
4 Pawlus resul Timoteosa ýazan birinji we ikinji hatynda tagalla etmeli häsiýetleri sanap geçýär we her gezek ilki bilen «dogrulygy» agzaýar (1 Tim. 6:11; 2 Tim. 2:22). Mukaddes Ýazgylaryň ençeme başga aýatlarynda-da, biz dogrulyga eýermeklige çagyrylýarys (Sül. tym. 15:9; 21:21; Iş. 51:1). Dogrulyga eýermek üçin ilki bilen, «hak Hudaýy we [Onuň] ibereni Isa Mesihi tanamaly» (Ýahýa 17:3). Dogrulyga eýermeklik adamy öňki eden günälerine toba etmeklige we Hudaýyň islegini ýerine ýetirer ýaly «dönmäge» höweslendirýär (Res. iş. 3:19).
5. Hudaýyň razylygyny gazanmak we ony saklamak üçin näme etmeli?
5 Ak ýürekden dogrulyga eýerýän millionlarça adamlar özüni Ýehowa bagyş edip, suwda çokundyrylýarlar. Eger suwda çokundyrylan mesihçi bolsaň, seniň durmuşyň dogrulyga eýerýändigiňi görkezýärmi? Eger sen hakykatdan-da dogrulyga eýermäge tagalla edýän bolsaň, wajyp karara geleniňde, «ýagşy bilen ýamany» saýgarmak üçin Mukaddes Ýazgylardan görkezme alarsyň (Ýewreýler 5:14-i okaň). Meselem, eger sen durmuş gurmadyk mesihçi bolsaň, suwda çokundyrylmadyk mesihçi bilen ysnyşmakdan gaça durmagy doly ýüregiňe düwdüňmi? Eger düwen bolsaň, onda sen dogrulyga eýerýärsiň (1 Kor. 7:39).
6. Dogrulyga eýermek näme?
6 Dogry bolmaklyk özüňe ynam etmekligi ýa-da «juda dogry» bolmaklygy aňlatmaýar (Wag. 7:16). Özüni başgalardan gowy saýyp, göz üçin dogrulyk edýänlere Isa duýduryş berdi (Mat. 6:1). Hakyky dogrulyga eýermek üçin ýüregiňi, ýagny pikiriňi, garaýşyňy, niýetiňi we höwesiňi düzetmeli. Eger biz şeýtsek, agyr günäleri etmeris (Süleýmanyň tymsallary 4:23-i okaň; Ýakup 1:14, 15-nji aýatlary deňeşdiriň). Galyberse-de, Ýehowa bize ak pata berer we başga-da wajyp häsiýetleri ösdürmäge kömek eder.
«Hudaýyň ýolunyň [wepalylygyň, TD]... yzynda ylgaň»
7. «Hudaýa wepalylyk» näme?
7 Wepalylyk berlenlik we janaýamazlyk bilen baglanyşykly. Mukaddes Ýazgylaryň bir sözlüginde «Hudaýa wepalylyk» diýip terjime edilen grek sözi «Hudaýy gynandyrmakdan gorkulýan peýdaly gorkuny» aňladýar. Ysraýyllylar köplenç şeýle wepalylygy görkezmediler. Hatda Hudaý olary Müsürden azat edenden soň hem olar onuň kanuny bozýardylar.
8. a) Adam ata günä edenden soň, nähili sorag ýüze çykdy? b) «Mukaddes syr» nädip aýan edildi?
8 Kämil Adam atanyň günä edeninden müňlerçe ýyl geçensoň, «her bir adam Hudaýa doly wepaly bolup bilermi?» diýen soraga henizem jogap berilmändi. Günäli adamlaryň hiç biri-de Hudaýa kämil wepalylygy saklap bilmedi. Emma Ýehowa «mukaddes syry» aýan edip, bu soraga öz wagtynda jogap berdi. Hudaý gökdäki ýalňyz Ogly kämil adam bolup doglar ýaly, onuň janyny Merýemiň göwresine saldy. Isa ýer ýüzündäki ýaşaýşy, şol sanda kemsidiji ölümi bilen hak Hudaýa ak ýürekden bagyş edilmegiň we doly wepalylygyň nämedigini görkezdi. Onuň dogalary gökdäki söýgüli Atasyna hormat goýýandygyny görkezýärdi (Mat. 11:25; Ýahýa 12:27, 28). Ine şol sebäpli, Ýehowa Pawlusa ylham berip «Hudaýyň ýolunyň [wepalylygynyň, TD] syryny» Isanyň göreldeli durmuşy arkaly düşündirdi (1 Timoteos 3:16-ny okaň).
9. Biz nädip Hudaýa wepaly bolup bileris?
9 Biz günäli bolanymyz üçin Hudaýa doly wepalylygy görkezip bilmeýäris. Ýöne tagalla edip bileris. Munuň üçin Mesihiň göreldesine eýerer ýaly elimizden gelenini etmeli (1 Pet. 2:21). Şonda biz «Hudaýyň ýolunda ýörän bolup, bu ýoluň güýjüni inkär edýänler» ýaly ikiýüzli bolmarys (2 Tim. 3:5). Emma Hudaýa wepalylyk daşyndan görünmeli däldigini aňlatmaýar. Meselem, toý köýnegi bolsun ýa-da zat satyn almak üçin dükana gidendäki eşigimiz bolsun, biziň daşky keşbimiz hemişe «Hudaýyň ýolunda gezýänlere» mynasyp bolmaly (1 Tim. 2:9, 10). Hawa, Hudaýa wepaly bolmak üçin gündelik durmuşymyzda onuň dogry kadalaryna eýereris.
«Imanyň... yzynda ylgaň»
10. Nädip imanymyzy berkidip bileris?
10 Rimliler 10:17-ni okaň. Mesihçiler berk imany ösdürip, ony saklamak üçin Hudaýyň Sözündäki gymmatly hakykat barada oýlanmaly. «Sadyk hem akylly hyzmatkär» bize kömek edip, ençeme edebiýatlary çap edýär. «Ýer ýüzünde ýaşan iň beýik adam» we «Beýik Mugallymdan öwren» diýen iki sany ajaýyp kitap bize Mesihi has gowy tanamaga hem-de oňa eýermäge kömek edýär (Mat. 24:45—47). Şeýle-de sadyk hyzmatkär «Hudaýyň [Mesihiň, TD] sözüne» köp üns berilýän duşuşyklary we kongresleri guraýar. Sen Hudaýyň berýän zatlaryna «has köp üns bermek» üçin nämede kämilleşmelidigini görýärmiň? (Ýew. 2:1)
11. Imanymyzy berkitmäge doga we gulak asmaklyk nähili kömek edýär?
11 Şeýle-de imany doga edip berkidip bolýar. Bir gezek Isanyň şägirtleri ondan: «Biziň imanymyzy köpelt!» diýip soradylar. Bizem Hudaýdan kiçigöwünlilik bilen imanymyzy köpeltmegini diläp bileris (Luka 17:5). Munuň üçin Hudaýyň mukaddes ruhuny dilemeli, çünki «iman» ruhuň miwesidir (Gal. 5:22). Galyberse-de, imanymyzy Hudaýyň tabşyryklaryna gulak asyp berkideris. Meselem, biz wagyz işine köpräk gatnaşmaly. Şeýtsek, biz bagtly bolarys. «Öňürti Hudaýyň Patyşalygyny, Onuň dogrulygyny agtaryp», alýan bereketlerimiz barada oýlansak hem, biziň imanymyz köpeler (Mat. 6:33).
«Söýginiň... yzynda ylgaň»
12, 13. a) Isa nähili täze tabşyryk berdi? b) Mesihi söýgini bildirmek näme aňladýar?
12 1 Timoteos 5:1 2-nji aýatlary okaň. Mesihçileriň biri-birini nädip söýmelidigi barada Pawlus gowy maslahat berdi. Hudaýa wepaly bolsak, biz Isanyň «Meniň sizi söýşüm ýaly, siz-de biri biriňizi söýüň» diýen täze tabşyrygyna gulak asmaly (Ýahýa 13:34). Ýahýa resul hem muny aýdyň belläp geçdi: «Dünýä malyna baý bolup, doganyny mätäçlikde görende, oňa ýüregiýukalyk etmeýän kişide Hudaýyň söýgüsi nähili galar?» (1 Ýahýa 3:17). Söýgini iş ýüzünde görkezendigiň ýadyňa düşýärmi?
13 Söýgini bildirmegiň ýene bir ýoly, doganlarymyza kine saklaman, olary bagyşlamaly (1 Ýahýa 4:20-ni okaň). Biz Hudaýyň ylhamy bilen ýazylan şu maslahata eýermek isleýäris: «Biri-biriňize sabyr-takatly boluň. Birew birewden kineli bolsa, Mesihiň [Ýehowanyň] sizi bagyşlaýşy ýaly, siz hem birek-biregi bagyşlaň» (Kol. 3:13). Eger sen ýygnakdaky imandaşyňdan öýkelän bolsaň, şu maslahaty ulanyp ony bagyşlap bilermiň?
«Sabryň... yzynda ylgaň»
14. Filadelfiýadaky ýygnakdan biz nähili sapak edinip bileris?
14 Gysga wagtly maksada ýetmek bir mesele, ýöne ýetmesi kyn ýa-da köp wagt garaşmaly maksada ýetmek başga mesele. Elbetde, ebedi ýaşaýşa ýetmek üçin sabyr gerek. Reb Isa Filadelfiýadaky ýygnaga şeýle diýdi: «Sözümi berjaý edip, sabyr bilen çydanyň üçin,.. synag sagadyndan seni goraryn» (Ylh. 3:10). Görşümiz ýaly, Isa sabryň gerekdigini öwretdi, çünki bu häsiýet kynçylyklarda we synaglarda kömek edýär. I asyrda Filadelfiýadaky ýygnagyň doganlary köp iman synaglarda sabyrly bolup, ajaýyp görelde galdyrdylar. Şol sebäpli Isa olara uly kynçylyklarda-da kömek etjekdigine ynandyrdy (Luka 16:10).
15. Isa çydamlylyk barada näme öwretdi?
15 Isa şägirtleriniň iman etmeýän dogan-garyndaşlarynyň we dünýädäki adamlaryň olary ýigrenjekdiklerini bilip, azyndan iki sapar ruhlandyryp şeýle diýdi: «Soňuna çenli çydan halas bolar» (Mat. 10:22; 24:13). Şeýle-de Isa şägirtleriniň çydamak üçin gerekli güýji nireden alyp biljekdigini görkezdi. Bir mysala seredeliň. Isa daşlyk ýere düşenleri «[Hudaýyň] sözüni eşidende şatlyk bilen kabul edýänlere» meňzetdi, ýöne olar synag wagty imandan dänýär. Emma wepaly şägirtlerini bolsa, gowy topraga düşen, Hudaýyň sözüni «saklaýan» hem-de «sabyr bilen miwe berýänlere» meňzetdi (Luka 8:13, 15).
16. Millionlarça adamlara çydamaga näme kömek edýär?
16 Sen çydamlylygyň syrynyň nämededigine üns berdiňmi? Biz Hudaýyň Sözüni ýüregimizde we aňymyzda diri «saklamaly». Bu babatda dogry, aňsatlyk bilen okalýan we gitdigiçe köp dillerde elýeterli bolan Mukaddes Ýazgylaryň Täze dünýä terjimesi kömek edýär. Eger biz her gün Mukaddes Ýazgylardaky okan zatlarymyz barada oýlansak, «çydamak» üçin gerekli güýç alyp, sabyr bilen miwe getirip bileris (Zeb. 1:1, 2).
«Ýumşaklygyň... [we parahatlygyň] yzynda ylgaň»
17. a) «Ýumşaklyk» bildirmek näme üçin wajyp? b) Isanyň ýumşakdygy nämeden görünýär?
17 Etmedik ýa-da diýmedik zadyň üçin aýyplasalar hiç kim halamaýar. Adatça, adamlar adalatsyz tankyda gahar bilen jogap berip özüni aklamak isleýärler. Ýöne «ýumşaklyk» bildirmeklik nähili gowy bolardy (Süleýmanyň tymsallary 15:1-i okaň). Adalatsyz tankytlananda ýumşak bolmak üçin köp tagalla etmeli. Bu babatda Isa Mesih kämil görelde galdyrdy. «Sögülende sögmän, görgi görende gorky salman, Özüni adyl höküm çykarýan Hudaýa tabşyrdy» (1 Pet. 2:23). Elbetde, biz ähli zatda Isa ýaly bolup bilmeris, ýöne ýumşaklyk bildirmegi gowulandyryp bilerismi?
18. a) Ýumşaklyk nähili miwe getirýär? b) Biz ýene nähili wajyp häsiýeti ösdürmeli?
18 Isanyň göreldesine eýerip, imanymyzy goramak üçin «her wagt jogap bermäge taýýar bolalyň. Muny ýumşaklyk, saýhallylyk bilen edeliň» (1 Pet. 3:15, 16). Dogrudan-da, ýumşaklyk gullukda duşýan adamlar we imandaşlar bilen gahar-gazaba getirýän jedeliň öňüni almaga kömek edýär (2 Tim. 2:24, 25). Ýumşaklyk parahatlygyň bolmagyna ýardam edýär. Mümkin, şol sebäpli Pawlus Timoteosa ýazan ikinji hatynda «parahatlygy» yzyna eýermeli häsiýetleriň arasynda agzaýar (2 Tim. 2:22; 1 Timoteos 6:11-i deňeşdiriň). Hawa, «parahatlyk» Mukaddes Ýazgylardaky eýermeli häsiýetleriň biridir (Zeb. 34:14; Ýew. 12:14).
19. Ýedi mesihi häsiýetlere seretmeklik seni nämä höweslendirdi we näme üçin?
19 Biz dogrulyk, Hudaýa wepalylyk, iman, söýgi, sabyr, ýumşaklyk we parahatlyk ýaly mesihçileriň eýermeli ýedi häsiýetine gysgaça seretdik. Ýygnakdaky dogan-uýalaryň her biri şu gymmatly ýedi häsiýeti bildirmek üçin has köp tagalla etse, nähili gowy bolardy! Bu Ýehowa şöhrat getirýär we oňa her birimizi kämilleşdirmäge ýol berýär.
Oýlanmak üçin soraglar
• Dogrulyga eýermeklik we Hudaýa wepalylyk näme aňladýar?
• Imana we çydamlylyga eýermäge näme kömek eder?
• Biri-birimiz bilen gatnaşygymyza söýgi nähili täsir etmeli?
• Näme üçin ýumşaklyga we parahatlyga eýermeklik wajyp?