Garawul diňiniň ONLAÝN KITAPHANASY
Garawul diňiniň
ONLAÝN KITAPHANASY
türkmen
Ä
  • Ç
  • ç
  • Ä
  • ä
  • Ž
  • ž
  • Ň
  • ň
  • Ö
  • ö
  • Ş
  • ş
  • Ü
  • ü
  • Ý
  • ý
  • MUKADDES KITAP
  • EDEBIÝATLAR
  • DUŞUŞYKLAR
  • w09 15/6 sah. 16—20
  • Goňşyňyza hakykaty aýdyň

Şuňa degişli wideo ýok.

Bagyşlaň, wideo ýüklenende näsazlyk ýüze çykdy.

  • Goňşyňyza hakykaty aýdyň
  • Garawul diňi Ýehowa Hudaýyň Patyşalygyny yglan edýär — 2009
  • Sözbaşylar
  • Meňzeş maglumat
  • Biziň goňşymyz kim?
  • Maşgala meselesinde hakykaty aýdyň
  • Ýygnagyň işlerinde hakykaty aýdyň
  • Işde dogruçyl boluň
  • Hökümete hakykaty aýdyň
  • Dogruçyl bolmagyň berýän bereketleri
  • Ýalançy dünýäde hakykat barmy?
    Dürli temalar
  • Hakykaty aýdyň
    Garawul diňi Ýehowa Hudaýyň Patyşalygyny yglan edýär — 2018
  • «Seniň hakykatyňda gezeýin»
    Garawul diňi Ýehowa Hudaýyň Patyşalygyny yglan edýär — 2018
  • «Goňşyňy özüň ýaly söý»
    Garawul diňi Ýehowa Hudaýyň Patyşalygyny yglan edýär — 2014
Başgalary
Garawul diňi Ýehowa Hudaýyň Patyşalygyny yglan edýär — 2009
w09 15/6 sah. 16—20

Goňşyňyza hakykaty aýdyň

«Ýalany egniňizden çykaryp, her biriňiz öz goňşyňyza hakykaty aýdyň» (EFES. 4:25).

1, 2. Adamlaryň köpüsi hakykata nähili garaýar?

HAKYKAT barada birnäçe asyrdan bäri jedel gidýär. B. e. öň VI asyrda grek alymy Alkeý: «Hakykat şerapdadyr» diýdi. Ol şeraby çendenaşa içen adam hakykaty aýdýar diýmekçi boldy. I asyrda Rim hökümdary Pontius Pilatus Isadan: «Hakykat näme?» diýip soranda, hakykata nädogry garaýandygyny görkezdi (Ýahýa 18:38).

2 Şu günler hem hakykata her hili garalýar. Köp adamlaryň aýtmagyna görä, «hakykat» sözüniň dürli manysy bar we her bir adam oňa özüçe düşünýär. Käbir adamlar hakykaty diňe özüne amatly ýa-da peýdaly bolanda aýdýar. «Ýalanyň ähmiýeti» atly kitapda şeýle diýilýär: «Dogrulyk — asylly nusga bolsa-da, ýa almaly ýa-da ölmeli diýip göreşmeli bolanda, onuň hiç hili peýdasy ýok. Bu meselede adamyň hiç hili alajy bolmaýar. Ol ýaşamak üçin ýalan sözlemeli bolýar».

3. Nädip Isa hakykaty aýtmakda ajaýyp görelde görkezdi?

3 Ýöne Isanyň şägirtleri düýbünden tapawutlanýar! Isa hakykata filosofiýa hökmünde garamaýardy. Ol hemişe hakykaty aýdýardy. Hatda onuň duşmanlary: «Mugallym! Biz Seniň dogruçyldygyňy, Hudaýyň ýoluny hakykat ýüzünden öwredýändigiňi... bilýäris» diýýärdi (Mat. 22:16). Şu günlerem mesihçiler Isanyň göreldesine eýerýär. Olarda hakykaty aýtmalymy ýa-da aýtmaly däl diýen sorag döremeýär. Olar Pawlus resulyň imandaşlaryna: «Ýalany egniňizden çykaryp, her biriňiz öz goňşyňyza hakykaty aýdyň» diýen sözleri bilen razylaşýarlar (Efes. 4:25). Geliň, Pawlusyň aýdan sözleri bilen baglanyşykly üç soraga seredeliň. Birinjiden, biziň goňşymyz kim? Ikinjiden, hakykaty aýtmak nämäni aňladýar? Üçünjiden, her gün oňa nädip eýerip bileris?

Biziň goňşymyz kim?

4. I asyrdaky ýehudy dini ýolbaşçylaryndan tapawutlylykda Isa goňşymyzyň kimdigine Ýehowanyň garaýşyny nädip görkezdi?

4 B. e. I asyrynda käbir ýehudy dini ýolbaşçylary diňe ýehudylar we olaryň ýakyn dostlary «goňşymyz» bolýar diýip öwredýärdi. Emma Isa Atasynyň häsiýetini we pikirini kämillikde bildirdi (Ýahýa 14:9). Ol şägirtlerine Hudaýyň hiç bir milleti we jynsy ala tutmandygyny görkezdi (Ýahýa 4:5—26). Galyberse-de, mukaddes ruh Petrus resula «Hudaýyň hiç kimi ala tutman, eýsem, her milletde kim Ondan gorksa, dogrulyk etse, şony kabul edýändigini» aýan etdi (Res. iş. 10:28, 34, 35). Şol sebäpli, biz ähli adamlara ýakynymyz ýaly garamaly, hatda duşmançylykly garaýanlary-da söýmeli (Mat. 5:43—45).

5. Goňşyňa hakykaty aýtmak näme aňladýar?

5 Pawlusyň goňşyňa, ýagny ýakynyňa hakykaty aýtmaly diýen sözleri nämäni aňladýar? Bu ýalan sözlemän dogry zady aýtmagy aňladýar. Mesihçiler başgalara nädogry maglumat berip, aldamaýarlar. Olar «erbetligi ýigrenip, ýagşylyga ýapyşýar» (Rim. 12:9). Biz «hakykat Hudaýa» eýerip, sözde we iş ýüzünde dogruçyl we akýürekli bolmaga çalyşýarys (Zeb. 15:1, 2; 31:5). Biz ýalan sözlemän, pikirlenip aýtsak, oňaýsyz we kyn ýagdaýlary ýerlikli çözeris (Koloseliler 3:9, 10-njy aýatlary okaň).

6, 7. a) Dogruçyl bolmak üçin bar bilýän zadyňy, şol sanda şahsy mesele barada her bir soran adama aýtmalymy? Düşündiriň. b) Hakykaty aýtmagymyza we ynanmagymyza kim mynasyp?

6 Dogruçyl bolmak sorag berlende doly jogap bermegi aňladýarmy? Ýok. Isa ýer ýüzünde ýaşanda, käbir adamlaryň göni jogap almaga we belli bir maglumaty bilmäge mynasyp däldigini görkezdi. Ikiýüzli dini ýolbaşçylar Isanyň haýsy güýç ýa-da ygtyýar bilen gudrat görkezýändigini soranlarynda, ol: «Men sizden bir zat sorajak; Maňa jogap beriň, Men-de size bu zatlary haýsy ygtyýar bilen edýänimi aýdaýyn» diýdi. Onuň soragyna kanunçylar we ýaşulular jogap bermek islemeýär, şonda Isa: «Men-de size bu zatlary haýsy ygtyýar bilen edýänimi aýtmaýaryn» diýdi (Mar. 11:27—33). Ol iman etmeýän we erbet adamlaryň soraglaryna jogap bermeýärdi (Mat. 12:10—13; 23:27, 28). Şu günlerem Hudaýyň halky erbet niýetli, mekir, öz bähbidi üçin ýalan sözleýän we imandan dänen adamlardan seresap bolmaly (Mat. 10:16; Efes. 4:14).

7 Pawlus hem käbir adamlaryň soragyna doly jogap bermeli däldigini düşündirdi. Ol «ýaraşyksyz gepleri agza alyp, beýlekileriň işlerine garyşýan gepçiler» barada aýtdy (1 Tim. 5:13). Dogrudan-da, çendenaşa bilesigeliji ýa-da syry saklap bilmeýän adamlar şahsy mesele babatda özlerine maglumat berilmeýändigine üns berýär. Bu babatda Pawlus resulyň: «Gep-gürrüňsiz gezip, öz işiňizi gadyrlaň» diýen maslahatyna eýersek gowy bolar (1 Sel. 4:11). Emma käwagt ýaşulular borjuny berjaý etmek üçin, wagyzçylara şahsy mesele babatda sorag berýär. Şeýle ýagdaýlarda ýaşululara hakykaty aýtsak, uly kömek bereris (1 Pet. 5:2).

Maşgala meselesinde hakykaty aýdyň

8. Hakykaty aýtmak maşgala agzalarynyň agzybir bolmagyna nädip kömek edýär?

8 Maşgala agzalary bilen ýakyn gatnaşykda bolmak adaty zat. Maşgalany agzybir etmek üçin birek-birege hakykaty aýtmak wajypdyr. Maşgala agzalary açyk we mähirli gepleşenlerinde kynçylyk we düşünişmezlik az bolýar. Meselem, biz ýalňyşlyk edenimizde ýan-ýoldaşymyz, çagalarymyz we beýleki maşgala agzalaryndan ötünç soramak barada oýlanýarysmy ýa-da ýok? Ýürekden ötünç sorasak, maşgalamyzyň parahat we agzybir bolmagyna ýardam ederis (1 Petrus 3:8—10-njy aýatlary okaň).

9. Näme üçin hakykaty aýtmak edepsiz we gödek bolmagy aňlatmaýar?

9 Hakykaty aýtmak bu edepsiz we gönümel bolmagy aňlatmaýar. Gödeklik hakykat sözleriniň gymmatyny we täsirini düşürýär. Pawlus resul şeýle diýdi: «Her ýamanlyk bilen birlikde her hili kine, gahar, gazap, galmagal we ýamanlama sizden daş bolsun. Biri-biriňize mähriban, gamhor boluň, Hudaýyň sizi Mesihde bagyşlaýşy ýaly, siz hem biri-biriňizi bagyşlaň» (Efes. 4:31, 32). Biz sypaýy we sylaşykly geplesek, aýdýan sözümiz täsirli bolup, adamlary hormatlaýandygymyzy görkezeris (Mat. 23:12).

Ýygnagyň işlerinde hakykaty aýdyň

10. Mesihçi ýaşulular Isanyň hakykaty aýdyşynda näme öwrenip biler?

10 Isa şägirtleri bilen açyk we sada dilde gepleşýärdi. Ol hemişe söýgi bilen maslahat berýärdi. Emma onuň sözleri diňleýjilere ýaramasa-da, ol hakykaty aýdýardy (Ýahýa 15:9—12). Meselem, şägirtleri kimiň uludygy hakda çekişenlerinde, Isa kiçigöwünli bolmagy berk we sabyrly düşündirdi (Mar. 9:33—37; Luka 9:46—48; 22:24—27; Ýahýa 13:14). Şu günlerem ýaşulular dogruçyl bolmaly, ýöne Hudaýyň sürüsine agalyk etmeli däl (Mar. 10:42—44). Olar adamlar bilen gatnaşanda Isanyň göreldesine eýerip, «biri-birine mähriban» we «rehimdar» bolmaly.

11. Biz sözlänimizde doganlara bolan söýgimiz nämä höweslendirmeli?

11 Biz doganlar bilen çendenaşa gönümel bolman, ýürekden gepleşmeli we pikirimizi hiç kimiň göwnüne degmän aýtmaly. Biz ýüregi ýaralaýan kemsidiji sözleri aýdyp, dilimiziň «ýiti päki kimin» bolmagyny islemeýäris (Zeb. 52:2; Sül. tym. 12:18). Doganlara bolan söýgi «dilimizi ýamanlykdan, dodaklarymyzy hileli gepden saklamaga» höweslendirýär (Zeb. 34:13). Biz sözümize ünsli bolup, Hudaýy şöhratlandyrýarys we ýygnagy agzybir edýäris.

12. Nähili ýagdaýlarda aldawa çäre görülýär? Düşündiriň.

12 Ýaşulular erbet niýet bilen ýalan sözleýän adamlardan ýygnagy goraýar (Ýakup 3:14—16-njy aýatlary okaň). Käbiri adama zyýan ýetirmek maksady bilen, onuň ýüregine ýara salyp, ejir çekdirmek üçin ýalan sözleýär. Bu sähelçe zady ýoýup ýa-da üstüne goşup aýtmagy aňlatmaýar. Elbetde, aldawyň ählisi erbetdir, emma her bir nädogry aýdylan zada çäre görülmeýär. Şol sebäpli, ýaşulular ýalançylykda paş edilýän adamyň başgalara erbet niýet bilen töhmet atmagy endik edinendigini hem-de oňa çäre görülmelidigini anyklamak üçin paýhasly we düşgür bolmaly. Ýa-da oňa Mukaddes Ýazgylaryň esasynda söýgi bilen berk nesihat bermek ýeterlikli bolarmy?

Işde dogruçyl boluň

13, 14. a) Käbir adamlar işde özlerini nähili alyp barýar? b) Işde dogruçyl bolmak nähili netijeler getirýär?

13 Biz ýalançy dünýäde ýaşaýarys, şol sebäpli bize işde hemişe dogruçyl bolmak kyn bolýar. Adamlaryň köpüsi işe girmek üçin ýalan sözleýär. Meselem, olar köpräk aýlyk we abraýly wezipe almak üçin, zähmet tejribesi hem-de bilimi barada nädogry maglumat berýärler. Şeýle-de olar, köplenç iş wagty şahsy işleri bilen meşgullanyp, kärhananyň düzgünini bozýar. Olar işi bilen baglanyşykly däl materialy okaýar, dostlaryna hem garyndaşlaryna jaň edýär, elektron poçtanyň üsti bilen hat iberýär we Interneti ulanýar.

14 Mesihçiler dogruçyl bolmak bu her kimiň öz işi diýmeýärler (Süleýmanyň tymsallary 6:16—19-njy aýatlar okaň). Pawlus: «Her babatda oňat (dogry, TD) gezmegi isleýändigimizi bilýäris» diýdi (Ýew. 13:18). Şol sebäpli mesihçiler iş hakyny doly işläp alýarlar (Efes. 6:5—8). Biz zähmetsöýerligimiz bilen, gökdäki Atamyzy şöhratlandyrýarys (1 Pet. 2:12). Meselem, ispaniýaly Robertony başlygy dogruçyl we jogapkärli işçi hasaplaýar. Roberto abraý gazanandygy sebäpli, onuň işleýän kärhanasyna ýene-de birnäçe Güwäçileri aldylar. Olar hem gowy işçi hökmünde görelde görkezdi. Şeýlelikde, Roberto 23 sany Ýehowanyň Güwäçisine we 8 sany Mukaddes Ýazgylary öwrenýän adama işe ýerleşmäge kömek etdi.

15. Telekeçi mesihçiniň dogruçyllygy nämede görünýär?

15 Hususy kärhanasy bolan mesihçiler özüne şeýle sorag berip biler: «Men iş meselesinde ähli zatda dogruçylmy ýa-da goňşyma käte hakykaty aýtmaýaryn? Mesihçi telekeçilik edende, tiz girdeji gazanmak üçin, harydy we edýän hyzmaty barada ýalan sözlemeli däl. Şeýle-de para almaly we bermeli däl. Biz adamlaryň özümize näme etmegini isleýän bolsak, olara-da şony etmeli (Sül. tym. 11:1; Luka 6:31).

Hökümete hakykaty aýdyň

16. Mesihçiler: a) hökümete, b) Ýehowa nädip tabyn bolýarlar?

16 Isa: «Kaýsaryňkyny kaýsara, Hudaýyňkyny Hudaýa beriň» diýdi (Mat. 22:21). Biz kaýsara, ýagny häkimiýete näme bermeli? Bu sözleri Isa salgyt hakynda gürrüň berende aýdypdy. Biz Hudaýyň we adamlaryň öňünde arassa ynsaply bolar ýaly, döwlet kanunlaryny berjaý etmeli we salgytlary tölemeli (Rim. 13:5, 6). Ýöne biz Ýehowanyň Iň Ýokary Hökümdardygyny hem ýeke-täk hak Hudaýdygyny unutmaly däl. Biz ony bütin ýüregimiz, bütin janymyz, bütin düşünjämiz we bütin güýjümiz bilen söýýäris (Mar. 12:30; Ylh. 4:11). Şonuň üçin biz Ýehowa Hudaýa doly tabyn bolýarys (Zebur 86:11, 12-nji aýatlary okaň).

17. Ýehowanyň halky hökümetiň berýän kömegine nähili garaýar?

17 Köp ýurtlarda mätäçlik çekýän adamlara döwlet tarapyndan maddy kömek berilýär. Mesihçiler-de şeýle kömek almaga hakly bolsa, hiç hili erbetligi ýok. Emma şeýle kömegi almak üçin, hökümete ýalan maglumat bermesek goňşymyza hakykaty aýtdygymyz bolar.

Dogruçyl bolmagyň berýän bereketleri

18—20. Goňşymyz bilen dogruçyl bolsak nähili bereketler alarys?

18 Biz dogruçyl bolsak bol bereketler alarys. Biz arassa ynsaply bolsak, kalbymyz rahat bolar (Sül. tym. 14:30; Flp. 4:6, 7). Arassa ynsap Hudaýyň öňünde gymmatlydyr. Şeýle-de biz ähli zatda dogruçyl bolsak, paş edilmekden gorkmarys (1 Tim. 5:24).

19 Ýene-de bir bereket barada Pawlus şeýle diýdi: «Her zatda Hudaýyň gullukçylary hökmünde özümizi... hakykat sözünde... maslahat berýäris» (2 Kor. 6:4, 7, 8). Munuň hakykatdygyny Britaniýada ýaşaýan Güwäçi bilen bolan waka subut edýär. Ol maşynyny satjak bolanda, alyja onuň gowy tarapyny-da, kemçiligini-de aýdýar. Alyjy maşyny sürüp görensoň: «Siz Ýehowanyň Güwäçisimi?» diýip soraýar. Ol näme üçin şeýle pikirde boldy? Sebäbi ol doganyň dogruçyldygyna we arassa geýnendigine üns berdi. Soňra dogan oňa wagyz edýär.

20 Dogruçyl bolup, biz Ýaradyjyny nädip şöhratlandyryp bileris? Pawlus şeýle diýdi: «Biz hile bilen gezmän... hakykaty aýan edip... maslahat berýäris» (2 Kor. 4:2). Geliň, mümkin boldugyndan, goňşymyza hakykaty aýdalyň. Şeýdip, biz gökdäki Atamyzy we onuň halkyny şöhratlandyrarys.

Siz nähili jogap berersiňiz?

• Biziň goňşymyz kim?

• Goňşymyza hakykaty aýtmak nämäni aňladýar?

• Dogruçyl bolmak Hudaýy nädip şöhratlandyrýar?

• Dogruçyl bolmak nähili bereketler berýär?

    Türkmençe edebiýatlar (1997—2026)
    Çykmak
    Girmek
    • türkmen
    • Paýlaş
    • Sazlamalar
    • Copyright © 2025 Watch Tower Bible and Tract Society of Pennsylvania
    • Şertler we düzgünler
    • Gizlinlik syýasaty
    • Gizlinlik sazlamalary
    • JW.ORG
    • Girmek
    Paýlaş