Garawul diňiniň ONLAÝN KITAPHANASY
Garawul diňiniň
ONLAÝN KITAPHANASY
türkmen
Ä
  • Ç
  • ç
  • Ä
  • ä
  • Ž
  • ž
  • Ň
  • ň
  • Ö
  • ö
  • Ş
  • ş
  • Ü
  • ü
  • Ý
  • ý
  • MUKADDES KITAP
  • EDEBIÝATLAR
  • DUŞUŞYKLAR
  • w09 15/8 sah. 18—22
  • «Özüňizi Hudaýyň söýgüsinde saklaň»

Şuňa degişli wideo ýok.

Bagyşlaň, wideo ýüklenende näsazlyk ýüze çykdy.

  • «Özüňizi Hudaýyň söýgüsinde saklaň»
  • Garawul diňi Ýehowa Hudaýyň Patyşalygyny yglan edýär — 2009
  • Sözbaşylar
  • Meňzeş maglumat
  • Nädip biz Hudaýyň söýgüsinde galyp bileris?
  • Ýehowadan aýratyn sowgat
  • Ýehowanyň söýýän adamlaryny söýüň
  • Häkimiýete hormat goýuň
  • Ýehowanyň öňünde arassa galyň
  • «Hudaýy söýmek näme aňladýar?»
    «Özüňizi Hudaýyň söýgüsinde saklaň»
  • Hudaýyň söýgüsinde gal
    Mukaddes Ýazgylar näme öwredýär?
  • Seni söýýän Hudaýy söý
    Garawul diňi Ýehowa Hudaýyň Patyşalygyny yglan edýär — 2006
  • Hudaý arassa adamlary söýýär
    «Özüňizi Hudaýyň söýgüsinde saklaň»
Başgalary
Garawul diňi Ýehowa Hudaýyň Patyşalygyny yglan edýär — 2009
w09 15/8 sah. 18—22

«Özüňizi Hudaýyň söýgüsinde saklaň»

«Ebedi ýaşaýyş üçin Rebbimiz Isa Mesihiň rehimine garaşyň, özüňizi Hudaýyň söýgüsinde saklaň» (ÝAHUDA 21).

1, 2. Ýehowa bize bolan söýgüsini nädip görkezdi we biz nähili iş etsek-de, nähili karara gelsek-de Ol näme üçin bizi söýmeli däl?

ÝEHOWA HUDAÝ adamlara bolan söýgüsini dürli usullar bilen görkezýär. Emma Ýehowanyň bize bolan söýgüsiniň ynamly subutnamasy bu töleg gurbanydyr. Ol adamlary şeýle köp söýýändigi sebäpli, biziň üçin ýeke-täk Oglunyň ölmegine ýol berdi (Ýahýa 3:16). Ýehowa muny bize ebedi ýaşaýyş bermek we Onuň söýgüsinden ebedi bereketler almagymyz üçin etdi!

2 Biz nähili işler etsek-de, nähili karara gelsek-de Ýehowa bizi söýmelimi? Ýok. Sebäbi Ýahuda 21-de biz şeýle çagyryş ýazylan: «Ebedi ýaşaýyş üçin Rebbimiz Isa Mesihiň rehimine garaşyň, özüňizi Hudaýyň söýgüsinde saklaň». «Özüňizi Hudaýyň söýgüsinde saklaň» diýen jümle biziň tagalla etmegimizi görkezýär. Biz Hudaýyň söýgüsinde galmak üçin näme etmeli?

Nädip biz Hudaýyň söýgüsinde galyp bileris?

3. Isanyň aýtmagyna görä, ol Atasynyň söýgüsinde galmak üçin näme etmelidi?

3 Bu soragyň jogabyny Isanyň ýerde ýaşan döwrüniň iň soňky gijesi aýdan sözlerinden bilse bolýar. Ol: «Meniň Atamyň buýruklaryny berjaý edip, Onuň söýgüsinde galyşym ýaly, siz-de buýruklarymy berjaý etseňiz, Meniň söýgimde galarsyňyz» diýdi (Ýahýa 15:10). Görşümiz ýaly, Isa Atasy bilen gowy gatnaşykda bolmak üçin, onuň buýruklaryny berjaý etmelidigine düşünýärdi. Eger bu Hudaýyň kämil Oglundan talap edilen bolsa, onda bize-de degişli bolmaly dälmi näme?!

4, 5. a) Biz Ýehowa bolan söýgimizi nädip görkezýäris? b) Ýehowanyň buýruklaryny berjaý etmekden nägile bolmaga näme üçin bizde hiç hili sebäp ýok?

4 Biz Ýehowa gulak asyp, oňa bolan söýgimizi görkezýäris. Ýahýa resul: «Hudaýyň söýgüsi Onuň buýruklaryny berjaý etmekdir, Onuň buýruklary bolsa agyr däldir» diýdi (1 Ýahýa 5:3). Şu günler gulak asmaklyk halanylmaýar. Emma «buýruklary bolsa agyr däldir» diýen jümlä üns beriň. Ýehowa bizden kyn zady talap etmeýär.

5 Meselem, siz dostuňyzdan onuň göterip bilmeýän zadyny getirmegi haýyş edersiňizmi? Ýok! Ýehowa bizden-de has rehimlidir we mümkinçiligimiziň çäklidigini bizden has gowy bilýär. Mukaddes Ýazgylarda biziň «toprakdandygymyz Onuň (Ýehowanyň) ýadynda» diýilýär (Zeb. 103:14). Ol güýjümizden artyk zady talap etmeýär. Şol sebäpli Ýehowanyň buýruklaryny berjaý etmekden nägile bolmaga hiç hili sebäp ýok. Biz gulak asmak bilen, gökdäki Atamyza bolan söýgimizi we onuň söýgüsinde galmak isleýändigimizi görkezýäris.

Ýehowadan aýratyn sowgat

6, 7. a) Ynsap näme? b) Ynsabyň bize Hudaýyň söýgüsinde galmaga nädip kömek berýändigini mysal arkaly gürrüň beriň.

6 Biz kyn günlerde ýaşaýarys we biziň gelýän kararlarymyzyň köpüsi Hudaýa gulak asmak bilen bagly. Biziň gelýän kararymyzyň Hudaýyň islegine laýyk gelýänini nädip bilse bolýar? Ýehowa bize gulak asmaga kömek edýän sowgat berdi. Ol ynsapdyr. Ynsap näme? Bu düşgürligiň aýratyň görnüşi. Ynsap ýürekdäki kazy ýaly: onuň kömegi bilen biz paýhasly karara gelýäris we eden işimiziň ýagşydygyny ýa-da ýamandygyny, dogrudygyny ýa-da nädogrudygyny kesgitleýäris (Rimliler 2:14, 15-nji aýatlary okaň).

7 Ynsap bize nädip kömek berýär? Geliň, bir mysala seredeliň. Syýahatçy ummasyz çölden barýar. Hiç hili ýoda, ýol we belgi ýok. Emma ol barmaly tarapyna ynamly ýöreýär. Näme üçin? Sebäbi onuň kompasy bar. Kompasda dünýäniň dört tarapyny görkezýän tegelek şkala we hemişe demirgazygy görkezýän magnitli dil bar. Syýahatçynyň kompasy bolmadyk bolsa, ol ýoldan azaşardy. Şonuň ýaly, adamda ynsap bolmadyk bolsa, köplenç ol ahlak we dogry kadalara laýyk gelýän karara gelip bilmezdi.

8, 9. a) Biz ynsap barada nämäni unutmaly däl? b) Ynsabymyz bize peýdaly bolar ýaly näme etmeli?

8 Kompas ýaly, ynsabyň hem mümkinçiligi çäkli. Eger syýahatçy kompasyň gapdalynda magnit goýsa, onuň dili demirgazyk tarapy görkezip bilmez. Şonuň ýaly, ýüregimizdäki höwesler biziň üçin wajyp bolsa näme bolar? Şeýle ýagdaýda, diňe özümizi bilmeklik höwesi biziň ynsabymyza erbet täsir edip biler. Mukaddes Ýazgylarda bize şeýle duýduryş berilýär: «Ynsanyň ýüregi mekir we örän erbetdir» (Ýerem. 17:9; Sül. tym. 4:23). Şeýle-de syýahatçynyň dogry we ygtybarly kartasy bolmasa, kompasyň kän bir peýdasy bolmazdy. Biz hem Mukaddes Ýazgylaryň özgermeýän görkezmesine eýermesek, ynsabymyzyň peýdasy bolmazlygy mümkin (Zeb. 119:105). Gynansak-da, bu zalym dünýäde adamlar ýüreginiň höwesine köp üns berip, Hudaýyň Sözüniň kadalaryna üns bermeýärler (Efesliler 4:17—19-njy aýatlary okaň). Ine, şol sebäpli adamlarda ynsap bolsa-da, olar örän erbet işleri edýärler (1 Tim. 4:2).

9 Biz şeýle adamlara meňzemek islemeýäris! Geliň, mundan beýläk-de, ynsabymyz bize peýdaly bolar ýaly, Mukaddes Ýazgylary okap, ynsabymyzy terbiýeläliň. Özüňi bilmeklik höwesi üstün çykmaz ýaly, biz Mukaddes Ýazgylaryň esasynda terbiýelenen ynsabymyza gulak asmaly. Şeýle-de biz ruhy dogan-uýalarymyzyň ynsabyna hormat goýmaga jan etmeli. Biz doganlarymyzyň ynsabynyň biziň ynsabymyzdan has duýgur ýa-da talap ediji bolup biljekdigini unutmaly däl we olary büdretmejek bolup tagalla etmeli (1 Kor. 8:12; 2 Kor. 4:2; 1 Pet. 3:16).

10. Biz haýsy üç usula serederis?

10 Geliň, Hudaýa gulak asyp, oňa bolan söýgimizi görkezip bolýan üç usula seredeliň. Olaryň her birinde ynsabyň uly ähmiýeti bar, ýöne Mukaddes Ýazgylardaky Hudaýyň kadalary ynsap üçin wajyp bolmaly. Ine, Ýehowa söýgi bilen gulak asýandygymyzy şu üç usul bilen görkezip bileris: 1) Ýehowanyň söýýän adamlaryny söýüp; 2) häkmiýete hormat goýup we 3) Ýehowanyň öňünde arassa galmak üçin jan edip.

Ýehowanyň söýýän adamlaryny söýüň

11. Biz näme üçin Ýehowanyň söýýän adamlaryny söýmeli?

11 Birinjiden, biz Ýehowanyň söýýän adamlaryny söýmeli. Adamlar pikir alşanda gubka ýaly bolýar. Biz daş-töweregimizdäki ähli zady siňdirip alýarys. Ýaradyjymyz bikämil adamlar üçin pikir alyşmagyň nähili howply ýa-da peýdalydygyny gowy bilýär. Şol sebäpli bize şeýle paýhasly maslahat berýär: «Akyldarlar bilen gezýän adam akyldar bolar; akylsyzlaryň dosty bolsa zelel çeker» (Sül. tym. 13:20; 1 Kor. 15:33). Biziň hiç birimiz «zelel çekmek» islemeýäris we «akyldar bolasymyz» gelýär. Ýehowa öz bolşundan has-da akyldar bolup bilmeýär we ony hiç kim azdyryp bilmeýär. Muňa garamazdan, ol dost saýlamakda bize ajaýyp görelde görkezdi. Oýlanyp görüň, Ýehowa bikämil adamlardan özüne kimi dost saýlady?

12. Ýehowa nähili adamlar bilen dostlaşýar?

12 Ýehowa Ybraýym pygambere «dostum» diýdi (Iş. 41:8). Ybraýym Hudaýa wepalydygyny, dogry adamdygyny we gulak asýandygyny görkezdi (Ýakup 2:21—23). Ine, şeýle adamlar Ýehowanyň dosty bolýar. Şu günlerem ol şeýle dostlary saýlaýar. Eger Ýehowa özüne şeýle dostlary saýlaýan bolsa, onda biz akyldarlar bilen gezip, akyldar bolmak islesek, dostlary seljerip saýlamaly dälmi näme?

13. Gowy dostlary saýlamaga bize näme kömek eder?

13 Saňa dogry karara gelmäge näme kömek eder? Mukaddes Ýazgylardaky mysallar kömek edip biler. Geliň, Rut bilen onuň gaýynenesi Naominiň, Dawut bilen Ýonatanyň we Timoteos bilen Pawlusyň dostlugyna seredeliň (Rut 1:16, 17; 1 Sam. 23:16—18; Flp. 2:19—22). Olaryň dostlugy, ilki bilen, Ýehowa bolan söýgä esaslanýar. Seniň söýşüň ýaly, Ýehowany ýürekden söýýän dostlar tapyp bilersiňmi? Sen şübhelenme, mesihçiler ýygnagynda saňa dost bolmaga mynasyp adamlar kändir. Sen şeýle dostlardan «zelel çekmersiň», ýagny olar saňa ruhy taýdan zyýan ýetirmez. Gaýtam, olar saňa Ýehowa gulak asmaga, ruhy taýdan ösmäge we ruhda ekmäge kömek eder (Galatýalylar 6:7, 8-nji aýatlary okaň). Şeýle-de olar saňa Hudaýyň söýgüsinde galmaga kömek eder.

Häkimiýete hormat goýuň

14. Köplenç häkmiýete hormat goýmaga näme päsgel berýär?

14 Ýehowa bolan söýgimizi görkezmegiň ikinji usuly — biziň häkimiýete bolan garaýşymyz. Biz häkimiýete hormat goýmaly. Emma näme üçin muny etmek bize käte kyn bolýar? Sebäbi ýolbaşçylar bikämil, şeýle-de, biziň özümiz hem bikämil. Şol sebäpli biz dogabitdi gulak asmazlyk häsiýeti bilen göreşmeli bolýarys.

15, 16. a) Ýehowanyň halkynyň aladasyny etmäge bellenen doganlara hormat goýmak näme üçin wajyp? b) Ysraýyllylaryň Musa garşy turzan pitnesine Ýehowanyň nähili garandygyndan biz näme öwrenip bileris?

15 Belki, sizde şeýle sorag dörändir: «Häkimiýete hormat goýmak şeýle kyn bolsa, onda näme üçin muny etmeli?» Sebäbi bu Hudaýyň hökümdarlyk etmäge haklydygy baradaky mesele bilen bagly. Sen iň beýik hökümdar hökmünde kimi saýlarsyň? Biz Ýehowany Hökümdar edip saýlan bolsak, onda onuň häkimiýetine hormat goýmaly. Eger biz ony sylamasak, onda Ýehowany Hökümdarymyz diýip hasaplap bilerismi? Adatça, adatça Ýehowa bikämil adamlar arkaly halkynyň aladasyny edip, ýolbaşçylyk edýär. Eger biz ol adamlara garşy çyksak, Ýehowa biziň hereketimize nähili garar? (1 Selanikliler 5:12, 13-nji aýatlary okaň).

16 Meselem, ysraýllylar Musa garşy hüňňürdeşip, pitne turzanda, Ýehowa özüne garşy pitne turzulan ýaly gördi (San. 14:26, 27). Hudaý üýtgemedi. Biz jogapkärli borjy ýerine ýetirýän doganlara garşy çyksak, Ýehowa garşy çykan ýalydyr!

17. Ýygnakda jogapkärli borjy ýerine ýetirýän doganlara biz nähili dogry garaýyşda bolmaly?

17 Pawlus resul mesihçiler ýygnagynda jogapkärli borjy ýerine ýetirýän doganlara nähili dogry garaýyşda bolmalydygyny görkezdi. Ol şeýle ýazdy: «Ýolbaşçylaryňyzyň sözüne gulak asyň, olara janyňyz hakda hasabat berjekler hökmünde tabyn boluň. Çünki olar gözegçilik edýändir. Olar bu wezipelerini ahy-nala bilen däl-de,— munuň size haýry bolmaz—eýsem şatlyk bilen ýerine ýetirer ýaly, olara tabyn boluň» (Ýew. 13:17). Elbetde, gulak asmak we tabyn bolmak üçin tagalla etmeli. Emma Hudaýyň söýgüsinde galmagy-da ýatdan çykarmalyň. Bu edýän islendik tagallamyza degmeýärmi näme?

Ýehowanyň öňünde arassa galyň

18. Ýehowa näme üçin biziň arassa galmagymyzy isleýär?

18 Ýehowa söýgimizi bildirmegiň üçünji usuly — Onuň öňünde arassa galmaga jan etmek. Ata-eneler çagalarynyň arassa bolmagynyň aladasyny edýär. Näme üçin? Birinjiden, arassaçylyk olaryň saglygyna peýdaly. Şeýle-de çaganyň daş-keşbi ata-enesiniň abraýyna täsir edýär we olaryň söýgüsini hem aladasyny görkezýär. Ýehowa-da biziň arassa bolmagymyzy isleýär. Ol arassaçylygyň biziň saglygymyz üçin möhümdigini bilýär. Şeýle-de gökdäki Atamyz biziň arassaçylygymyz onuň abraýyna täsir edýändigini bilýär. Bu örän wajypdyr, çünki bu azgyn dünýäde biz köp adamlardan tapawutlanyp, olara Hudaýa ýakynlaşmaga kömek edýäris.

19. Biz beden taýdan arassa bolmagyň wajypdygyny nämeden bilýäris?

19 Biz ähli tarapdan arassa bolmaly. Ýehowa gadymy ysraýyl halkyna beden taýdan arassa bolmagyň wajypdygyny aýdyň görkezdi (Lew. 15:31). Musanyň Kanunyda hapa zatlary aýyrmak, gaplary arassalamak we eli, aýagy hem-de egin-eşigi ýuwmak barada aýdyldy (Müs. çyk. 30:17—21; Lew. 11:32; San. 19:17—20; Kanun. 23:13, 14). Ysraýyllylara olaryň Hudaýy Ýehowanyň mukaddes, ýagny «arassa», «aýypsyz» we «hormata» mynasypdygy hemişe ýatladylýardy. Mukaddes Hudaýyň gullukçylary-da mukaddes bolmaly (Lewiler 11:44, 45-nji aýatlary okaň)a.

20. Biz nämede arassa galmaly?

20 Biziň ýüregimiz we daş-keşbimiz arassa bolmaly. Biz pikirimiziň hem arassa bolmagy üçin jan edýäris. Dünýädäki adamlar ahlak taýdan azan bolsa-da, biz Ýehowanyň ahlak kadalaryna eýerýäris. Esasanam, biz ýalan diniň işlerine gatnaşman, ruhy taýdan arassa galmak isleýäris. Biz Hudaýyň Işaýa 52:11-däki: «Çykyň, çykyň! Ol ýerden çykyň, murdara galtaşmaň. Olaryň arasyndan çykyň... arassa boluň» diýen duýduryşyny unutmaýarys. Şu günler biz gökdäki Atamyzyň murdar hasaplaýan zadyna elimizi degirmän, ruhy taýdan arassa galýarys. Şol sebäpli, biz dünýäde giňden ýaýran ýalan diniň baýramçylyklaryna we däp-dessuryna gatnaşmaýarys. Hawa, arassa galmak aňsat däl. Emma Ýehowanyň halky arassa galmak üçin jan edýär, sebäbi bu Hudaýyň söýgüsinde galmaga kömek edýär.

21. Biz näme üçin Hudaýyň söýgüsinde galjakdygymyza ynanmaly?

21 Ýehowa biziň Onuň söýgüsinde ebedi galmagymyzy isleýär. Emma biziň ählimiz Hudaýyň söýgüsinde galmak üçin elimizde baryny etmeli. Biz Isanyň göreldesine eýerip we Hudaýyň tabşyryklaryny berjaý edip, Oňa bolan söýgimizi subut etsek, Ýehowanyň söýgüsinde galýarys. Şeýle etsek, hiç bir zadyň «Rebbimiz Mesih Isada bolan Hudaý söýgüsinden bizi aýryp» bilmejekdigine ynanyp bileris (Rim. 8:38, 39).

a Lewiler 11:44 Çünki Men siziň Hudaýyňyz Rebdirin, şonuň üçin hem siz özüňizi bagyş edip, mukaddes boluň, çünki Men mukaddesdirin. Guryýer süýrenijilerini iýip, siz özüňizi murdar etmäň. 45 Men Reb sizi Müsür topragyndan, siziň Hudaýyňyz bolmak üçin alyp geldim. Siz mukaddes bolmalysyňyz, çünki Men mukaddesdirin.

Ýadyňyzdamy?

• Biziň ynsabymyz Hudaýyň söýgüsinde galmaga nädip kömek edýär?

• Biz näme üçin Ýehowanyň söýýän adamlaryny söýmeli?

• Näme üçin häkimiýete hormat goýmaly?

• Näme üçin Hudaýyň halkyna arassa bolmak wajyp?

[20-nji sahypadaky çarçuwa/surat]

DOGRY IŞLERI ETMÄGE KÖMEK EDÝÄN KITAP

2008-nji ýylda geçirlen welaýat kongreslerinde 224 sahypaly «Özüňizi Hudaýyň söýgüsinde saklaň» atly kitabyň çykandygy yglan edildi. Bu täze kitap nähili maksat bilen çap edildi? Ol mesihçilere Ýehowanyň kadalaryny bilmäge we söýmäge kömek edýär; esasanam, mesihçileriň özüni alyp barşyna üns berilýär. Biz «Özüňizi Hudaýyň söýgüsinde saklaň» atly kitaby çuňňur öwrenip, şu günler Ýehowanyň kadalary boýunça ýaşamagyň iň gowy ýoldygyny we gelejekde ebedi ýaşaýşa eltjekdigine ynamymyzy has-da artdyrarys.

Şeýle-de bu kitap Ýehowa gulak asmagyň kyn däldigine göz ýetirmäge kömek eder. Biz Ýehowa gulak asyp, ony nähili çuňňur söýýändigimizi görkezýäris. Bu kitap özümize şeýle sorag bermäge höweslendirýär: «Näme üçin men Ýehowa gulak asýaryn?»

Käbir adamlar Hudaýyň söýgüsini ret edip, özüni paýhassyz alyp baranda, kynçylyk Mukaddes Ýazgylaryň taglymaty üçin däl-de, olaryň özüni alyp barşy sebäpli döreýär. Şol sebäpli bize durmuşda görkezme berýän Ýehowanyň kanunlaryna we prinsiplerine bolan söýgini ösdürmek we olary gymmat saýmagy öwrenmek wajypdyr. Biz bu täze kitabyň bütin dünýäde goýun kimin ýumşak adamlara Ýehowanyň dogry ýolunda berk durmaga we Şeýtanyň ýalançydygyny subut etmäge, esasanam, özüni Hudaýyň söýgüsinde saklamaga kömek etjekdigine ynanýarys! (Ýahuda 21).

    Türkmençe edebiýatlar (1997—2026)
    Çykmak
    Girmek
    • türkmen
    • Paýlaş
    • Sazlamalar
    • Copyright © 2025 Watch Tower Bible and Tract Society of Pennsylvania
    • Şertler we düzgünler
    • Gizlinlik syýasaty
    • Gizlinlik sazlamalary
    • JW.ORG
    • Girmek
    Paýlaş