«Ruhda hyjuwly boluň»
«Gaýratyňyz gowşamasyn. Ruhda hyjuwly boluň. Rebbe hyzmat ediň» (Rim. 12:11).
1. Näme üçin ysraýyllylar mal gurbanlaryny we sadakalary berýärdi?
ÝEHOWA gullukçylarynyň berýän gurbanlaryny gymmat saýýar, sebäbi olar Ýehowany söýýär we onuň islegini berjaý edýärler. Gadymy döwürde Ýehowa dürli mal gurbanlary we sadakalary kabul edýärdi. Şeýlelikde, ysraýyllylar Musanyň kanuny boýunça, günäleriniň bagyşlanmagyny gazanýardy we Ýehowa minnetdarlyk bildirýärdiler. Ýehowa şu günler mesihçilerden şeýle gurbanlary talap etmeýär. Emma Pawlus resul Rimliler kitabynyň 12-nji babynda biziň näme gurban berip biljekdigimizi aýdýar. Geliň, olara seredeliň.
Diri gurbanlar
2. Mesihçiler nähili ýaşamaly we muňa näme degişli?
2 Rimliler 12:1, 2-nji aýatlary okaň. Pawlus hatynyň başynda ýehudy we ýehudy däl mesh edilen mesihçileriň Hudaýyň huzurynda işleri bilen däl-de, imany bilen aklanjakdygyny anyk ýazdy (Rim. 1:16; 3:20—24). Rimliler kitabynyň 12-nji babynda Pawlus mesihçileriň Hudaýa özüni bagyş edip, minnetdarlygyny bildirmelidigini düşündirdi. Şonuň üçin biz pikirimizi täzelemeli. Bikämilligiň bize miras geçendigi üçin «günä hem ölüm kanunyna tabyn bolýarys (Rim. 8:2). Şol sebäpli endiklerimizi düýbünden özgertmek üçin «pikirlerimiziň ruhunda täzelenmeli» (Efes. 4:23). Hudaýyň we onun ruhunyň kömegi bilen doly özgerip bolar. Munuň üçin biz tagalla etmeli. Biz «bu dünýä meňzeş bolmaz ýaly» ahlaksyzlykdan, ýaramaz göwün açmalardan we erbet pikirlerden gaça durmaga çalyşmaly (Efes. 2:1—3).
3. Biz näme üçin ruhy işler bilen meşgullanýarys?
3 Pawlus «Hudaýyň halaýan oňat, kämil isleginiň nämedigini aňlamalydygymyzy» aýdýar. Biz näme üçin her gün Mukaddes Ýazgylary okap oýlanýarys, doga edýäris, ýygnak duşuşyklaryna barýarys we Hudaýyň Patyşalygy barada wagyz edýäris? Şulary ýygnak ýaşulularynyň höweslendirýändigi üçin edýärismi? Elbetde, biz ýaşulularyň ýatladyp durýandygyna minnetdar. Emma biziň ruhy işler bilen meşgullanmagymyzyň sebäbi, Hudaýyň ruhy bizi Ýehowa ak ýürekden söýgimizi bildirmäge höweslendirýär. Şeýle-de bu Hudaýyň islegidigine ynanýarys (Zak. 4:6; Efes. 5:10). Biz mesihçiler ýaly ýaşap, Hudaýy begendirýäris we şatlyk hem kanagat tapýarys.
Dürli sowgatlar
4, 5. Mesihçi ýaşulular sowgatlaryny nähili ulanmaly?
4 Rimliler 12:6—8, 11-nji aýatlary okaň. Pawlus resul «biziň özümize berlen merhemet boýunça, aýry-aýry sylaglarymyzyň bardygyny» düşündirdi. Pawlusyň aýdan sowgatlary, ýagny nesihat bermek we ýolbaşçylyk etmek, aýratynam, mesihçi ýaşululara degişli. Olar «gaýrat bilen» nesihat berip, ýolbaşçylyk edýärler.
5 Pawlusyň aýtmagyna görä, bu gaýrat «hyzmat» edýän gözegçilerde bolmaly. Ýokarda we aşakda getirlen aýatlara görä, Pawlusyň «hyzmat etmeli» diýmegi ýygnagyň ýa-da «bir teniň» aladasyny etmegi aňladýar (Rim. 12:4, 5). Bu barada Resullaryň işleri 6:4-de aýdylýar, ýagny resullar: «Biz doga we sözüň gullugyna beriljek» diýdiler. Bu gulluk nämäni aňladýar? Mesihçi ýaşulular ýygnagyň agzalaryna öwüt bermek üçin sowgatlaryny ulanýar. Olar doga edip, Mukaddes Ýazgylary okadyp, wagyzçylaryň ruhy taýdan aladasyny edip, ýygnakda Hudaýyň Sözi arkaly gaýratly we nesihat berip «gulluk edýärler». Gözegçiler «begenç bilen» sowgatlaryny ulanyp, goýunlaryň aladasyny etmeli (Rimliler 12:7, 8; 1 Petrus 5:1—3).
6. Biz şu makalanyň ady bilen bagly Rimliler 12:11-de berlen maslahata nädip eýerip bileris?
6 Şeýle-de Pawlus: «Gaýratyňyz gowşamasyn. Ruhda hyjuwly boluň. Rebbe hyzmat ediň» diýdi. Eger biz wagyz gullugyndan sowaşan bolsak: yzygiderli şahsy okuwyny geçirmeli, doga etmeli. Şeýle-de perwaýsyzlyk bilen göreşmäge we yhlasly bolmaga kömek edýän Ýehowanyň ruhuny dilemeli (Luka 11:9, 13; Ylh. 2:4; 3:14, 15, 19). Mukaddes ruh I asyrdaky mesihçilere «Hudaýyň uly işlerini» gürrüň bermäge höweslendiripdi (Res. iş. 2:4, 11). Bu bizi hem yhlasly gulluk etmäge we «ruhda hyjuwly bolmaga» höweslendirýär.
Kiçigöwünlilik
7. Biz näme üçin kiçigöwünlilik bilen gulluk etmeli?
7 Rimliler 12:3, 16-njy aýatlary okaň. Biz Ýehowanyň «merhemeti» arkaly sowgatlar alýarys. Pawlus resul başga bir aýatda «ukybymyzyň Hudaýdandygy» barada aýtdy (2 Kor. 3:5). Şol sebäpli biz öwünmeli däl. Biz üstünligi öz ukybymyz bilen däl-de, Hudaýyň berýän ak patasy bilen gazanandygymyzy pesgöwünlilik bilen boýun almaly (1 Kor 3:6, 7). Bu babatda Pawlus resul şeýle diýdi: «Siziň hemmäňize diýýärin, öz baraňyzda (özüňiz barada, TD) gereginden artyk oýlanmaň». Elbetde, özüňi sylamakdan we Ýehowa gulluk etmekden kanagat tapmak adaty zatdyr. Emma mümkinçiligimiziň çäklidigini boýun alyp, kiçigöwünli bolsak, özüňe gaty ynamly bolmazlyga kömek edýär. Biz «salykatlylyk bilen oýlanmak» isleýäris.
8. «Akyllysyramakdan» nädip gaça durup bolar?
8 Gazanan üstünligiň barada öwünmek paýhassyz bolar. Sebäbi «ösdürýän Hudaýdyr» (1 Kor. 3:7). Pawlus ýygnagyň her bir agzasyna «imanynyň möçberine görä» berilýändigi barada aýtdy. Biz özümizi ýokary tutmagyň deregine, başga mesihçileriň gazanan üstünligini imanynyň möçberine görä berilýändigine düşünmeli. Pawlus resul şeýle ýazýar: «Özara pikirdeş boluň (başgalar barada hem özüň ýaly pikir et, TD)». Ol başga hatynda-da: «Hiç bir zady igenjeňlik, şöhratparazlyk bilen etmän, eýsem kiçigöwünlilik bilen beýlekileri özüňizden üstün saýyp ediň» diýip ýazdy (Flp. 2:3). Her bir dogan-uýany özümizden ýokary tutsak bu hakyky kiçigöwünlilik bolar. Bu biziň «akyllysyramazlygymyza» kömek edýär. Jogapkärli borçlary ýerine ýetirýän gullukçylara köp üns berilse-de, köplenç göze ilmeýän işleri pesgöwünlilik bilen etsek, köp şatlyk taparys (1 Pet. 5:5).
Ýygnagyň agzybirligi
9. Näme üçin Pawlus ruhda doglan mesihçileri teniň agzalaryna meňzetdi?
9 Rimliler 12:4, 5, 9, 10-njy aýatlary okaň. Pawlus mesh edilen mesihçileri Isanyň baştutanlygynda gulluk edýän teniň agzalary bilen deňeşdirdi (Kol. 1:18). Ol ruhda doglan mesihçileriň teniň azgalary bolup, dürli işleri ýerine ýetirýändigini we «köp bolan... (olar-da) Mesihde bir tendigini» ýatladýar. Şeýle-de Pawlus Efesosdaky mesihçilere şeýle nesihat berdi: «Söýgi bilen... bedeniň Başy bolan Mesihe baka her ugurdan ösmeli... Bütin beden her bognuň kömegi bilen baglanyp birikdirilýär, her agzanyň kadaly işleýşi bilen Onuň saýasynda söýgüde ösüp, abatlanýar» (Efes. 4:15, 16).
10. «Başga goýunlar» nähili ýolbaşçylyga boýun bolmaly?
10 «Başga goýunlar» Isanyň teniniň agzalary bolmasa-da, bu mysaldan köp zady öwrenip bilerler (Ýahýa 10:16). Pawlus: «Hudaý bar zady Onuň (Isanyň) aýaklary astyna tabyn edip, Ony bütin zatlara baş bolar ýaly, imanlylar ýygnagyna berdi» diýdi (Efes. 1:22). Şu günler başga goýunlar Ýehowanyň Oglunyň «bütin zatlaryna» degişli. Şeýle-de olar Isanyň «sadyk hem akylly hyzmatkäre» beren «mal-mülküni» hem aňladýar (Mat. 24:45—47). Şol sebäpli, ýerde ýaşamaga umyt edýän mesihçiler Isany Baş hökmünde kabul edip, «sadyk hem akylly hyzmatkäriň» Ýolbaşçylyk maslahatyna we ýygnakda gözegçi edip bellenen doganlara gulak asmaly (Ýew. 13:7, 17). Bu mesihçileriň agzybir bolmagyna ýardam eder.
11. Biziň agzybirligimiz näme esaslanýar we Pawlus ýene nähili maslahat berdi?
11 Şeýle agzybirlik «kämil birligiň bagy bolan söýgä» esaslanýar (Kol. 3:14). Pawlus resul Rimliler kitabynyň 12-nji babynda söýgiňiz «ikiýüzli bolmasyn» we «biri-biriňizi doganlyk söýgi bilen ýürekden söýüň» diýdi. Şeýle ýagdaýda sylaşyk iki taraplaýyn bolýar. Pawlus: «Hormatda her kişi beýlekini özünden ýokary saýsyn» diýdi. Elbetde, söýgi diňe duýga esaslanmaly däl. Şonda biz ýygnagyň arassa galmagyna ýardam ederis. Pawlus söýgi barada maslahat berensoň: «Erbetligi ýigrenip, ýagşylyga ýapyşyň» diýdi.
Myhmansöýerlik
12. Biz myhmansöýerlik babatda Makedoniýadaky mesihçilerden nämäni öwrenip bileris?
12 Rimliler 12:13-i okaň. Doganlara bolan söýgi bizi «mätäçlik çekýän mukaddeslere ýardam etmäge» höweslendirýär. Hatda biz garyp hem bolsak, barymyzdan berip bileris. Pawlus Makedoniýadaky mesihçiler barada şeýle diýdi: «Uly muşakgat synagynda olaryň şatlygynyň bollugy aýan boldy, olaryň aşa garyplygy sahylyklarynda çäksiz baýlyga öwrüldi. Olaryň öz ýagdaýlaryna görä hem-de ýagdaýlaryndan aşa sahylyk edenlerine men güwä geçýärin. Olar bu haýyr işe, mukaddeslere gulluk etmäge özleriniň gatnaşmagyny köp ýalbaryp, bizden haýyş etdiler» (2 Kor. 8:2—4). Makedoniýadaky mesihçiler garyp ýaşasalar-da, örän jomartdy. Olar Ýahudada mätäçlik çekýän doganlara kömek etmegi uly hormat bildiler.
13. «Myhmansöýer bolmaga dyrjaşyň» diýmek nämäni aňladýar?
13 Grek dilinden terjime edilen «myhmansöýer bolmaga dyrjaşyň» diýen jümle, ilki bilen, myhmansöýerligi özüň görkezmelidigini aňladýar. Bu jümle Mukaddes Ýazgylaryň täze Iýerusalim terjimesinde myhmansöýerligi bildirmek üçin mümkinçilik gözläň diýip terjime edilýär. Myhmansöýerlik käte nahara çagyrmagy hem aňladýar, bu söýgi bilen edilse, has-da gowy bolýar. Myhmansöýerligi dürli usullar bilen görkezip bolar. Mysal üçin, biziň nahara çagyrmaga ýagdaýymyz bolmasa, çaýa çagyryp, myhmansöýerligimizi görkezip bileris.
14. a) «Myhmansöýer» diýip terjime edilen söz haýsy sözlerden ybarat? b) Biz wagyzda daşary ýurtly adamlara söýgimizi nädip görkezip bileris?
14 Myhmansöýerlik biziň nähili garaýyşdadygymyzy görkezýär. Myhmansöýer diýip terjime edilen grek sözi «ýat adam» we «söýgi» diýen iki manyny berýär. Biz ýat ýa-da daşary ýurtly adamlara nähili garaýarys? Mesihçiler olara hoş habary wagyz etmek üçin, olaryň ene dilini öwrenip, myhmansöýerligini görkezýärler. Elbetde, biziň ählimizde daşary ýurt dilini öwrenmäge mümkinçilik bolmaýar. Emma biz daşary ýurtly adamlara «Bütin halklaryň adamlary üçin hoş habar» atly broşýura arkaly wagyz edip bileris. Sebäbi onda hoş habar dürli dilde ýazylan. Siz bu broşýura bilen wagyz edip, gowy netijeler gördüňizmi?
Duýgudaşlyk
15. Rimliler 12:15-däki maslahata eýermegi Isa nädip görkezdi?
15 Rimliler 12:15-i okaň. Pawlusyň bu aýatda beren maslahaty, bir söz bilen aýdanyňda, duýgudaşlyk bildirmegi aňladýar. Biz adamyň ýagdaýyna düşünip, şatlygyna şatlanyp, derdini çekişjek bolmaly. Biz ruhda hyjuwly bolsak, şatlykly bolup, duýgudaşlyk bildirip bileris. Isanyň ýetmiş şägirdi wagyzdan şatlykly gelip, eden işleriniň gowy netijeleri barada gürrüň berenlerinde, Isa «Mukaddes Ruh arkaly şatlandy» (Luka 10:17—21). Ol şägirtleriniň şatlygyna şatlanýardy. Dosty Lazar ölende bolsa, «aglaýanlar bilen aglady» (Ýahýa 11:32—35).
16. Biz duýgudaşlygymyzy nädip bildirip bileris we muny, aýratynam, kimler etmeli?
16 Biz Isanyň göreldesine eýerip, imandaşlarymyza duýgudaşlyk bildirmeli we şatlananlarynda şatlanmaly. Şeýle-de dogan-uýalarymyzyň çekýän horluklaryna gynanyp, derdini bile çekmeli. Imandaşlarymyz duýgy taýdan görgi görenlerinde, olary ünsli diňläp, duýgudaşlyk bildirsek, derdini ýeňlederis. Käte biz duýgudaşlyk bildirenimizde aglaýarys (1 Pet. 1:22). Aýratynam, ýaşulular Pawlusyň beren maslahatyna eýerip, duýgudaşlyk bildirmeli.
17. Rimliler kitabynyň 12-nji babyna seredip, biz näme öwrendik we indiki makalada nämä serederis?
17 Rimliler kitabynyň 12-nji babynda sereden aýatlarymyza görä, onda şahsy durmuşymyza we doganlar bilen gatnaşygymyza degişli maslahatlaryň bardygyny bildik. Biz indiki makalada bu babyň başga aýatlaryna seredip, mesihçi ýygnaga degişli bolmadyk, bize garşy çykýan we yzarlaýan adamlara nähili garamalydygyny ara alyp maslahatlaşarys.
Gaýtalamak üçin soraglar
• Biz «ruhda hyjuwlydygymyzy» nädip görkezip bileris?
• Biz näme üçin Hudaýa kiçigöwünlilik bilen gulluk etmeli?
• Biz imandaşlarymyza duýgudaşlygymyzy nädip görkezip bileris?