Asla tükenmeýän söýgini ösdüriň
«Söýgi... her zada çydaýandyr. Söýgi asla tükenmez» (1 KOR. 13:4, 7, 8).
1. a) Köplenç söýgi nädip görkezilýär? b) Adamlar kimi we nämäni söýýärler?
KÖPLENÇ söýgini öwüp arşa çykarýarlar. Onuň şanyna goşgy düzülýär, aýdym aýdylýar. Görşümiz ýaly, adam söýgüsiz ýaşap bilmeýär. Emma kitaplarda we kinofilmlerde söýgi bilen bagly toslama wakalar beýan edilýär. Bazarlar şeýle zatlardan ýaňa hyryn-dykyn. Ýöne welin, Hudaýy we ýakynyny söýýän adam ýok diýen ýaly. Sebäbi biz Mukaddes Ýazgylaryň aýdan soňky günlerinde ýaşaýarys. Häzir adamlar «özüni söýýär, pula gyzan... lezzeti Hudaýdan köp söýýär» (2 Tim. 3:1—5).
2. Mukaddes Ýazgylar ýalan söýgi barada nähili maslahat berýär?
2 Adamlara söýgi duýgusy berlen bolsa-da, Hudaýyň Sözi ýalan söýgüden ägä bolmagy maslahat berýär. Şeýle söýgi ýüregimizde kök ursa, onuň nämä eltýändigi barada Mukaddes Ýazgylarda aýdylýar (1 Tim. 6:9, 10). Pawlus resulyň Dima barada ýazanlary ýadyňyzdamy? Ol Pawlus bilen eginme-egin Hudaýa gulluk etse-de, bu dünýäniň yşkyna düşdi (2 Tim. 4:10). Ýahýa resul hem munuň mesihçiler üçin howpludygyny aýtdy (1 Ýahýa 2:15, 16-njy aýatlary okaň). Dünýäni hem onuň wagtlaýyn zatlaryny söýen adam Hudaýy we oňa degişli zatlary söýüp bilmez.
3. Bize näme aňsat düşmeýär we nähili soraglar ýüze çykýar?
3 Biz bu dünýäde ýaşasak-da, onuň işlerine goşulmaýarys. Şol sebäpli bize dünýäniň söýgi babatda nädogry garaýşyndan gaça durmak aňsat däl. Munuň üçin ýalan söýginiň duzagyna düşmejek bolmaly. Onda biz kimi ak ýürekden söýmeli? Her zada döz gelýän we asla tükenmeýän söýgini ösdürmäge näme kömek eder? Munuň bize näme peýdasy bar we gelejegimize nähili täsir eder? Biz bu soraglara Mukaddes Ýazgylaryň nähili jogap berýändigini bilip, şoňa görä ýaşamak isleýäris.
Ýehowa söýgiňizi ösdüriň
4. Hudaýa söýgimizi nädip ösdürmeli?
4 Ýehowa söýgimizi ösdürmekligi melleginden hasyl almak üçin ýerini sürüp, tohum ekýän daýhan bilen deňeşdirse bolýar. Daýhan tohumyň gögererine garaşýar (Ýew. 6:7). Şonuň ýaly-da, biziň hem Hudaýa bolan söýgimiz ösmeli. Munuň üçin näme etmeli? Biz Patyşalyk baradaky hakykat tohumy ekilen ýüregimizi ýumşadyp durmaly. Hudaý barada has köp biler ýaly, Onuň Sözüni yhlasly öwrenmeli (Kol. 1:10). Şeýle-de ýygnak duşuşyklaryna yzygiderli gatnaşmaly. Biz Ýehowany has ýakyndan tanamak üçin tagalla edýärismi? (Sül. tym. 2:1—7).
5. a) Ýehowanyň esasy häsiýetlerini nädip bilse bolýar? b) Hudaýyň adalatlylygy, akyldarlygy we güýji barada näme diýip bilersiň?
5 Ýehowa Sözi arkaly öz häsiýetlerini aýan edýär. Mukaddes Ýazgylary okap, Ýehowa barada bilimimizi artdyrsak, onuň adalatlylygy, güýji, akyldarlygy we iň beýik häsiýeti bolan söýgüsi üçin has-da minnetdar bolarys. Ýehowanyň ähli ýollary we kämil kanunlary adalatlydyr (Kan. tag. 32:4; Zeb. 19:7). Biz Ýehowanyň ýaradan zatlary barada oýlansak, onuň beýik akyldarlygyna çyn ýürekden hormat goýarys (Zeb. 104:24). Şeýle-de Ýehowanyň güýjüniň çäksiz we tükeniksizdigini älem-jahan hem subut edýär (Iş. 40:26).
6. Hudaý söýgüsini nädip bildirdi we bu bize nähili täsir edýär?
6 Hudaýyň iň beýik häsiýeti, ýagny söýgüsi barada näme diýse bolar? Onuň söýgüsiniň çägi ýok we ol biziň ählimize täsir edýär. Hudaý günäli adamlar üçin Ogluny töleg hökmünde gurban berip, söýgüsini bildirdi (Rimliler 5:8-i okaň). Bu töleg ähli adamzat üçin berlen bolsa-da, diňe Hudaýyň söýgüsine seslenen we onuň Ogluna iman eden adamlara peýda berer (Ýahýa 3:16, 36). Bizi günäden arassalamak üçin Hudaýyň Isa arkaly beren töleg gurbany Ony söýmäge höweslendirýär.
7, 8. a) Biz Hudaýy söýýändigimizi nädip görkezýäris? b) Hudaýyň halky nähili ýagdaýa garamazdan, Onuň tabşyryklaryny ýerine ýetirýär?
7 Hudaýyň bize bildiren söýgüsine nädip seslenip bileris? Mukaddes Ýazgylarda şeýle diýilýär: «Hudaýyň söýgüsi Onuň buýruklaryny berjaý etmekdir, Onuň buýruklary bolsa agyr däldir» (1 Ýahýa 5:3). Hawa, Ýehowa Hudaýyň söýgüsi onuň tabşyryklaryny berjaý etmäge höweslendirýär. Şol sebäpli biz adamlara Onuň ady we Patyşalygy barada wagyz edýäris. Biz bu işe yhlasly ýapyşyp, Hudaýyň tabşyryklaryny ýürekden ýerine ýetirýäris (Mat. 12:34).
8 Adamlar Patyşalyk baradaky hoş habara biperwaý garap, ony asla eşitmek islemeseler-de, doganlarymyz Hudaýyň tabşyrygyny erjellik bilen berjaý edýärler. Olar Hudaýa gullugyny doly ýerine ýetirmek üçin güýjüni gaýgyrmaýarlar (2 Tim. 4:5). Şeýlelikde, biz Hudaý barada wagyz etmek bilen, Onuň beýleki tabşyryklaryny ýerine ýetirmegi-de ýatdan çykarmaýarys.
Biz Rebbimiz Isa Mesihi söýýäris
9. Isa Mesih nämä döz geldi we munuň bize nähili peýdasy bar?
9 Biz Hudaýyň Ogluna bolan söýgimizi hem ösdürmeli. Isany görmesek-de, Ol barada köp bilim alsak, söýgimizi artdyryp bileris (1 Pet. 1:8). Isa nähili kynçylyklara çydamaly boldy? Atasynyň islegini berjaý edeni üçin, Isany nähak ýigrendiler, yzarladylar we oňa töhmet atdylar, sögdüler. Ol başga-da masgaraçylyklardan ejir çekdi (Ýahýa 15:25-i okaň). Isanyň gökdäki Atasyna bolan söýgüsi şol kynçylyklara döz gelmäge kömek etdi. Bu söýgi oňa köpleriň ugrunda janyny töleg hökmünde bermäge höweslendirdi (Mat. 20:28).
10, 11. Isa Mesihiň adamlar üçin eden zatlary bizi nämä höweslendirýär?
10 Isanyň ömri biziň hem durmuşymyza täsir edýär. Isa Mesihiň biziň üçin eden işleri barada oýlansak, oňa bolan söýgimiz artýar. Biz Hudaýyň gullukçylary hökmünde mesihi söýgini ösdürip, Isanyň Patyşalyk baradaky hoş habary wagyz ediň we şägirt taýýarlaň diýen tabşyrygyny ýerine ýetirmeli (Mat. 28:19, 20).
11 Mesih Isanyň adamzada bolan söýgüsi barada bilip, biz hem özümize tabşyrylan ýumşy bu dünýäniň soňy gelmänkä berjaý etmek isleýäris (2 Korintoslylar 5:14, 15-nji aýatlary okaň). Ýehowa we adamlara bolan söýgi Mesihe öz janyny töleg hökmünde bermäge kömek etdi. Onuň göreldesine eýersek, biz hem Hudaýyň niýetiniň ýerine ýetmegine öz goşandymyzy goşarys. Munuň üçin Hudaýa bolan söýgimizi ösdürmäge jan etmeli (Mat. 22:37). Biz Isanyň taglymatlaryny hem tabşyryklaryny berjaý edip, ony söýýändigimizi subut edýäris we islendik ýagdaýda-da Isa ýaly Hudaýyň hökümdarlygyny goldamak üçin tagalla edýäris (Ýahýa 14:23, 24; 15:10).
Söýgi — has gowy ýol
12. Pawlus «has gowy ýol» diýende nämäni göz öňünde tutdy?
12 Pawlus resul ähli zatda Mesihden görelde alýar, şol sebäpli ol doganlara: «Menden görelde alyň» diýip, arkaýyn ýüzlenip bildi (1 Kor. 11:1). Ol korintosly mesihçileri şypa we dürli dillerde geplemek ýaly ruhy sylaglary yhlas bilen agtarmaga çagyrsa-da, ondan has gowy ýoluň bardygyny görkezdi. 1 Korintoslylar 12:31-de ol şeýle diýýär: «Size mundan hem gowy ýoly görkezeýin». Pawlus beýleki aýatlarda has gowy ýoluň söýgüdigini görkezýär. Söýgi haýsy manyda has gowy ýol? Pawlus nämäni göz öňünde tutanyny mysal arkaly görkezýär (1 Korintoslylar 13:1—3-nji aýatlary okaň). Onuň üýtgeşik zehini bolup, uly işleri bitirse-de, ýöne söýgüsi bolmasa, peýdasy näme? Peýdasy ýok! Pawlus bize Hudaýyň ruhy arkaly wajyp hakykaty düşündirýär. Ol munuň üçin, gör, nähili täsirli meňzetmeleri ulanypdyr!
13. a) Haýsy aýat 2010-njy ýylyň ýyllyk aýady bolar? b) «Söýgi asla tükenmez» diýmek nämäni aňladýar?
13 Pawlus indiki aýatlarda söýginiň näme aňladyp, näme aňlatmaýandygyny düşündirýär (1 Korintoslylar 13:4—8-nji aýatlary okaň). Häzir bolsa, geliň, söýginiň näme talap edýändigine seredeliň. 2010-njy ýylyň ýyllyk aýady 1 Korintoslylar 13-nji babyň 7-nji aýadynyň soňky we 8-nji aýadynyň birinji sözlerine esaslanar. Onda şeýle diýilýär: «(Söýgi) her zada çydaýandyr. Söýgi asla tükenmez». 8-nji aýada üns bersek, Pawlus täze dörän mesihçiler ýygnagynda ulanylan ruhy sylaglaryň, ýagny pygamberlikleriň we dürli dillerde geplemek ukybynyň berilmejekdigini aýtdy. Hawa, olar ýok bolar, emma söýgi hemişelik galar. Ýehowa durkuna söýgi we Ol ebedidir. Şol sebäpli söýgi asla tükenmez. Ol ebedi bolar, çünki bu biziň ebedi Hudaýymyzyň häsiýetidir (1 Ýahýa 4:8).
Söýgi her zada çydaýandyr
14, 15. a) Söýgi synaglara döz gelmäge nädip kömek edýär? b) Ýaş doganymyz näme üçin eglişik etmedi?
14 Dürli synaglara, çykgynsyz ýagdaýlara we kynçylyklara döz gelmäge mesihçilere näme kömek edýär? Prinsipe esaslanan söýgi. Şeýle söýgi baýlykdan has ýokarydyr. Ol aýypsyz galmaga we Mesih üçin janymyzdan hem geçmäge ýardam berýär (Luka 9:24, 25). Ikinji Jahan urşunda we ondan soňky döwürde konsentrasion hem ýesirler lagerinde, türmelerde ejir çeken wepaly Güwäçileriň ýagdaýyny göz öňüne getireliň.
15 Germaniýada ýaşan Wilgelm atly ýaş Güwäçiniň mysalyna seredeliň. Faşistler tarapyndan berlen atuw jezasyna garamazdan, ol Hudaýa wepaly galdy. Ol soňky hatynda şeýle ýazdy: «Rebbimiz Isa Mesihiň beren tabşyrygyna görä, ilki bilen, biz Hudaýy söýmeli. Eger Hudaýa wepaly galsak, ol bizi sylaglar». Soňra «Garawul diňinde» onuň bir garyndaşynyň sözleri getirilýär: «Howsalaly döwürde-de, biziň maşgalamyz Hudaýa bolan söýgini hemişe birinji orunda goýýar». Ermenistanda, Eritreýada, Günorta Koreýada we başga döwletlerde türmede oturan doganlarymyzyň köpüsi Hudaýa bolan söýgini birinji orunda goýýarlar. Olar Ýehowa bolan söýgüsinden el çekmeýärler.
16. Malawide ýaşaýan doganlarymyz nämä döz geldi?
16 Başga ýurtlarda-da dogan-uýalarymyzyň imany we çydamlylygy dürli ýollar bilen synalýar. Malawide ýaşaýan doganlarymyz 26 ýyllap hökümet tarapyndan yzarlamalary, rehimsiz we ýowuz garşylyklary başdan geçirdiler. Olaryň çydamlylygy sylaglandy. Yzarlamalar başlanda ýurtda 18000-e golaý Güwäçi bardy. 30 ýyl geçenden soň, olaryň sany 38393-den hem geçdi. Şeýle ösüşi başga ýurtlarda-da görse bolýar.
17. Dini aýry maşgalalarda nähili kynçylyklar bolýar we olara döz gelmäge näme kömek edýär?
17 Hökümet tarapyndan bolýan garşylyklar bir başga, maşgala agzalarynyň garşylygy düýbünden başga. Biz maşgala agzalarymyz ýa-da dogan-garyndaşlarymyz tarapyndan kynçylyklara duçar bolýarys. Bu barada Isa öňünden aýtmanmydy? Elbetde, aýdypdy. Hatda köp adamlar onuň sözleriniň hakykatdygyny göz ýetirdiler (Mat. 10:35, 36). Ýaş dogan-uýalar iman etmeýän ata-eneleri tarapyndan garşylyklara sezewar bolup, öýünden kowuldylar. Käbirlerinden ýüz öwürdiler. Emma olary dogan-uýalar kabul etdiler. Şeýle ýagdaýlara olar nädip döz geldi? Olara diňe bir doganlyk söýgüsi däl, eýsem, Ýehowa we onuň Ogluna bolan gyzgyn söýgüsi kömek etdi (1 Pet. 1:22; 1 Ýahýa 4:21).
18. Her zada çydaýan söýgi mesihçi är-aýala nädip kömek edýär?
18 Her zada çydaýan söýgi başga-da ýagdaýlarda gerek bolýar. Şeýle söýgi är-aýala Isanyň: «Hudaýyň goşanyny ynsan aýyrmasyn» diýen maslahatyna eýermäge kömek edýär (Mat. 19:6). Esasanam, maşgalada kynçylyk dörände, mesihçi är-aýal Ýehowanyň prinsiplerini unutmaly däl (1 Kor. 7:28). Hudaýyň Sözünde: «Söýgi her zada çydaýandyr» diýilýär. Şol sebäpli är-aýal maşgala ojagyny berk saklar ýaly, ikisi-de öz goşandyny goşmaly (Kol. 3:14).
19. Tebigy betbagtçylykda Hudaýyň halky söýgüsini nädip görkezdi?
19 Her zada çydaýan söýgi tebigy betbagytçylyklarda-da kömek edýär. Muny Günorta Peruda ýer titrände we ABŞ-da «Katrina» harasatynda bolan wakalardan görse bolýar. Bu betbagtçylyk sebäpli köp doganlar öýsüz galdy, köpüsi maddy kynçylyklara sezewar boldy. Olara bolan söýgi dünýädäki dogan-uýalarymyzy meýletin kömek bermäge höweslendirdi. Olar azyk-haryt bilen üpjün etdiler, öýleri we Patyşalyk zallaryny gurdular. Bu işler dogan-uýalarymyzyň arasynda söýginiň bardygyny we nähili ýagdaý bolsa-da, bir-biriniň aladasyny etmäge hemişe taýyndygyny subut edýär (Ýahýa 13:34, 35; 1 Pet. 2:17).
Söýgi asla tükenmez
20, 21. a) Söýgi näme üçin wajyp? b) Näme üçin has gowy söýgi ýolundan ýöremegi ýüregiňe düwdüň?
20 Şu günler Ýehowanyň halky has gowy söýgi ýoly bilen ýöremegiň paýhaslydygyna düşünýärler. Dogrudan-da, bu ähli ýagdaýda-da, ähli zatda-da iň gowy ýol. Geliň, Pawlus resulyň bu barada aýdanlaryna üns bereliň. Ilki bilen, ol ruhy sylaglaryň ýok boljakdygyny we ýaňy dörän mesihçiler ýygnagynyň ruhy taýdan ösüp, kämilleşjekdigini aýtdy. Soňra ol şeýle netijä gelip: «Häzir şu üçüsi galýar: iman, umyt, söýgi. Bularyň iň ulusy bolsa söýgüdir» diýdi (1 Kor. 13:13).
21 Ahyry, biziň iman edýän zatlarymyz berjaý bolup, olary gözümiz bilen göreris. Şol sebäpli olara iman etmek gerek bolmaz. Biziň umyt edip, görmek isleýän zatlarymyz bolsa berjaý bolar. Ähli zat täzelenenden soň, umyt etmegiň hem zerurlygy bolmaz. Söýgi barada näme diýse bolar? Ol asla tükenmez, ýagny onuň soňy gelmez. Ol hemişelik galar. Biz ebedi ýaşaýyşda Hudaýyň söýgüsine has köp düşüneris we göreris. Hudaýyň islegini berjaý edip, has gowy we asla tükenmeýän söýgini ösdürseň, sen ebedi ýaşap bilersiň (1 Ýahýa 2:17).
Siz nähili düşündirersiňiz?
• Biz näme üçin ýalan söýgüden ägä bolmaly?
• Söýgi nämä döz gelmäge kömek edýär?
• Haýsy manyda söýgi asla tükenmez?
2010-njy ýylyň aýady: «Söýgi her zada çydaýandyr. Söýgi asla tükenmez» (1 Kor. 13:7, 8).