Şeýtanyň hökümdarlygy şowsuzlyga uçrar
«Erbet adamyň soňy gowy bolmaz». (WAG. 8:13)
1. Erbetleriň höküm ediljegi näme üçin teselli berýär?
IRU-GIÇ erbet adamlar höküm ediler. Olar etmişleri üçin almytyny alar (Sül. tym. 5:22; Wag. 8:12, 13). Bu sözler, ylaýta-da, dogrulygy söýýän we adalatsyzlykdan hem erbet gatnaşykdan ýaňa ejir çekýän adamlara teselli berýär. Erbetleriň arasynda, ilki bilen, erbetligiň atasy Şeýtan Iblis höküm ediler (Ýahýa 8:44).
2. Erem bagynda orta atylan jedelli meseläni çözmäge näme üçin wagt gerekdi?
2 Şeýtan heniz Erem bagynda tekepbirlik edip, Ýehowanyň ornuny eýelemek isledi. Şol sebäpli ol adamlary Ýehowanyň hökümdarlygyny inkär etmäge iterdi. Netijede, Adam ata bilen How ene Şeýtany goldap, Ýehowanyň adalatly hökümetine garşy çykyp, günä etdi (Rim. 5:12—14). Elbetde, Ýehowa olaryň turzan pitnesiniň nämä eltjekdigini bilýärdi. Soňra bu ähli perişdelere-de aýan bolýar. Şeýlelikde, jedelli meseläni çözmäge we pitnäniň nädogrudygyny subut etmäge wagt gerekdi.
3. Biz ynsan häkimiýetine nähili garamaly?
3 Adamlar Ýehowanyň ýolbaşçylygyndan ýüz öwrenden soň, öz hökümetlerini döretdiler. Pawlus resul Rimdäki imandaşlaryna hat ýazanda, ynsan hökümetini «ýokary häkimiýetler» diýip atlandyrdy. Şol döwürde Rim häkimiýeti höküm sürýärdi. B. e. 54—68-nji ýyllarda onuň patyşasy imperator Nerondy. Pawlus ýokary häkimiýetler barada: «Hudaý tarapyndan bolmadyk häkimiýet ýokdur» diýdi (Rimliler 13:1, 2-nji aýatlary okaň). Bu ynsan häkimiýetleriniň Hudaýyň döredendigini aňladýarmy? Ýok. Pawlusyň sözleri ynsan häkimiýetleriniň bolmagyna Ýehowanyň ýol berendigini görkezýär. Şol sebäpli, mesihçiler «Hudaýyň guranyna» hormat goýup, häkimiýetlere tabyn bolmaly.
Heläkçilige eltýän ýol
4. Ynsan hökümeti näme üçin şowsuzlyga uçrar? Düşündiriň.
4 Şeýtanyň täsiri bilen höküm sürýän ynsan häkimiýeti şowsuzlyga uçrar. Näme üçin? Birinjiden, ol Hudaýyň akyldarlygyna esaslanyp gurulmady. Çünki ýeke-täk kämil akyldar Ýehowadyr. Üstünlikli höküm sürer ýaly, diňe Ol ygtybarly görkezme berip bilýär (Ýerem. 8:9; Rim. 16:27). Köplenç adam öz ýalňyşlyklary arkaly öwrenýär. Ýehowa bolsa, nämäniň gowy netije getirjekdigini hemişe öňünden bilýär. Şol sebäpli Onuň görkezmesine eýermeýän hökümetleriň hiç biri-de üstünlik gazanmaz. Hawa, ynsan hökümetleriniň şowsuzlyga uçrajagy mälimdi, çünki olar Şeýtanyň täsiri astynda höküm sürýärler. Galyberse-de, Şeýtanyň niýeti erbetdi.
5, 6. Ýehowa garşy hereket edýäni üçin, Şeýtana näme bolar?
5 Paýhasly adam howply ýere gitmeýär, sebäbi heläkçilige uçrajagyny bilýär. Eger gitse-de, ýalňyşandygyny boýun almaga mejbur bolýar. Beýik Ýaradyja garşy gidip bolmaýandygyny taryh ençeme gezek subut etdi (Süleýmanyň tymsallary 21:30-y okaň). Emma Şeýtan gopbamsy we tekepbir bolany üçin, hiç haçan Ýehowa dolanmaz. Ol howply ýolda, şol sebäpli hökman heläk bolar.
6 Şeýtanyň tekepbirligi öwünjeň Babyl hökümdary arkaly beýan edilýär. Ol barada şeýle diýilýär: «Göklere çykaryn. Tagtymy Hudaýyň ýyldyzlaryndan ýokarda goýaryn we ýygnagyň dagynda, demirgazygyň iň uzak ýerinde oturaryn. Bulutlaryň ýokarsyna galaryn, Hemmelerden beýik Bolana meňzärin» (Iş. 14:13—15). Babyl patyşalygy, onuň rehimsiz hökümdary masgaraçylykly ýagdaýda ýykyldy. Şonuň ýaly-da, Şeýtan we onuň dünýäsi tizden bütinleý ýok ediler.
Näme üçin ýol berdi?
7, 8. Ýehowanyň zalymlyga wagtlaýyn ýol bermegi nähili peýda getirer?
7 Käbir adamlar Ýehowanyň näme üçin bizi Şeýtandan we şowsuzlyga uçrajak häkimiýetlerden goramaýandygyna geň galýarlar. Ýöne Beýik Hudaý niýetini hökman amala aşyrar (Müs. çyk. 6:3). Emma Ol häzirlikçe garaşýar. Ol adamlaryň turzan pitnesine wagtlaýynça goşulmaýar. Sebäbi Hudaý akyldar we munuň ahyrsoňy gowulyga eltjekdigini bilýär. Netijede, Ýehowa häkimiýetiniň dogry we söýgä esaslanandygyny subut eder. Onuň gelen karary bolsa, wepaly adamlara peýda getirer.
8 Ynsan maşgalasy Şeýtanyň hüjümini ret etmän, Hudaýyň hökümdarlygyna garşy çykyp, gör, nähili ejir çekýär! Ýehowanyň ynsan häkimiýetine höküm sürmäge ýol bermegi adamlara peýda getirer. Ak ýürekli adamlar Hudaýa gulak asmagyň we Oňa bil baglamagyň paýhaslydygyna düşünýärler. Asyrlar boýy adamzat dürli hökümetleriň astynda ýaşady, ýöne olaryň hiç biri-de gowy höküm sürmedi. Bu ýagdaýlar Ýehowanyň gullukçylaryny Onuň häkimiýetiniň, hakykatdan-da, gowudygyna bolan ynamyny berkidýär. Şeýlelikde, Ýehowanyň ýol bermegi bilen, Şeýtanyň zalym hökümdarlygy adamlara we şol sanda Hudaýyň wepaly gullukçylaryna betbagtçylyk getirdi. Mundan başga-da, zalymlygyň wagtlaýyn bolmagy wepaly adamlara bereket berer.
Pitne Ýehowany şöhratlandyrdy
9, 10. Şeýtanyň hökümdarlygy Ýehowany nädip şöhratlandyrýar? Düşündiriň.
9 Adamlara Şeýtanyň täsirine düşmäge we hökümdarlyk etmäge ýol berilse-de, Ýehowanyň häkimiýetiniň abraýy gaçmady. Gaýtam, adamzat taryhy Ýeremiýanyň Hudaýyň ylhamy bilen aýdan sözlerini tassyklaýar: adamlar hökümdarlyk etmegi başarmaýar (Ýeremiýa 10:23-i okaň)a. Şeýle-de Şeýtanyň pitnesi Ýehowanyň ajaýyp häsiýetleriniň has aýdyň görünmegine mümkinçilik berdi. Biz näme üçin şeýle netijä gelýäris?
10 Biz Şeýtanyň hökümdarlygynyň diňe betbagtçylyk getirýändigini görüp, Ýehowanyň kämil häsiýetleriniň gadyryny has-da köp bilýäris. Şeýlelikde, Ýehowanyň abraýy artýar. Geň galaýmaly, ýöne Şeýtanyň hökümdarlygy Hudaýy şöhratlandyrýar. Sebäbi Ýehowa hökümdarlygy bilen bagly jedelli meseläni ussatlyk bilen çözdi. Ýehowanyň käbir häsiýetlerine gysgaça seretsek, Şeýtanyň zalym hökümdarlygy netijesinde şol häsiýetleriň has-da aýdyň görünýändigini bileris.
11. Ýehowa söýgüsini nädip bildirdi?
11 Söýgi. Injilde «Hudaý söýgüdir» diýilýär (1 Ýahýa 4:8). Meselem, Hudaý söýýändigi üçin adamlary ýaratdy. Şeýle-de biziň täsin tärde ýaradylmagymyz Hudaýyň söýgüsini subut edýär. Onsoňam, Ýehowa adamlara owadan öý berip, bagtly bolmak üçin ähli şertleri döredip, söýgüsini görkezdi (Gel. çyk. 1:29—31; 2:8, 9; Zeb. 139:14—16). Emma ynsan maşgalasyna zalymlyk aralaşmagy bilen, Ýehowa söýgüsini başgaça görkezip başlady. Nädip? Ýahýa resul Isanyň sözlerini getirip, şeýle diýdi: «Hudaý dünýäni köp söýýänligi üçin Ogluna iman edenleriň hiç biri heläk bolman, ebedi ýaşaýşa gowuşsyn diýip, Özüniň ýekeje Ogluny berdi» (Ýahýa 3:16). Eýsem, Hudaýyň günäli adamlary halas etmek üçin özüniň ýalňyz Ogluny ýer ýüzüne ibermeginden uly söýgi barmy? (Ýahýa 15:13). Bu uly söýgüden adamlar hem görelde alyp, Hudaýyň janaýamazak söýgüsini gündelik durmuşynda bildirip, hatda Isa ýaly ölüme taýyn bolup bilerler (Ýahýa 17:25, 26).
12. Ýehowanyň güýji nähili?
12 Güýç. Diňe «hemme zada güýji ýetýän» Hudaý ýaşaýyş berip bilýär (Ylh. 11:17; Zeb. 36:9). Adam doglanda, onuň ykbalynyň nähili boljagy belli bolmaýar. Ölende bolsa, onuň gelen kararlary, eden işleri, durmuşynda toplan tejribesi esasynda nähili adamdygy aýan bolýar. Bu maglumatlaryň ählisi Ýehowanyň ýadynda galýar. Ýehowa ony direldende, öňki häsiýetlerini we toplan tejribesini gaýtaryp berer (Ýahýa 5:28, 29). Ýehowanyň ilkibaşdaky niýetinde ölüm bolmasa-da, Onuň ölümden güýçlüdigini direliş subut eder. Hawa, Ýehowa, hakykatdan-da, «hemme zada güýji ýetýän» Hudaýdyr.
13. Isanyň gurbany Ýehowanyň kämil adalatyny nädip görkezýär?
13 Adalatlylyk. Ýehowa ýalan sözlemeýär we hiç haçan adalatsyzlyk etmeýär (Kan. tag. 32:4; Titus 1:2). Hatda özüne bähbitsiz bolsa-da, ol hakykatyň we adalatyň beýik kadalaryna hemişe eýerýär (Rim. 8:32). Söýgüli Oglunyň jenaýatçy hökmünde pürsde çüýlenmegini görmek, Ýehowa nähili agyr degendir! Emma Ýehowa bikämil adamlary söýýär we özüniň adalatly kadalaryna tabyn bolýany üçin, şeýle jebir çekýär (Rimliler 5:18—21-nji aýatlary okaň). Adalatsyzlykdan doly dünýä Ýehowa iň beýik adalatyny görkezmäge mümkinçilik berýär.
14, 15. Ýehowa akyldarlygyny we sabyrlylygyny nähili ýol bilen görkezýär?
14 Akyldarlyk. Adam ata bilen How ene pitne turzup, günä eden dessine, Ýehowa olaryň ýetiren zyýanynyň ählisini ýok etmegiň aladasyny etdi (Gel. çyk. 3:15). Ýehowanyň bu hereketi we muny gullukçylaryna kem-kemden jikme-jik açmagy, Onuň akyldarlygyny äşgär edýär (Rim. 11:33). Bu meseläni üstünlikli çözmäge Hudaýa hiç zat päsgel berip bilmez. Dünýäde ahlaksyzlyk, uruş, akylsyzlyk, gulak asmazlyk, rehimsizlik, ýüz görüjilik, ikiýüzlülik ýaly zatlaryň giňden ýaýrandygy aýdyň görünýär. Ähli ýaradanlaryna hakyky akyldarlygyň nämedigini görkezmäge Ýehowada mümkinçilik bar. Ýakup şägirt şeýle ýazdy: «Gökden inen akyldarlyk ilki bilen, sap, ondan soň-da parahatlyk söýüji, mylaýym, diýen ediji, rehimden, oňat miwelerden doly, ýüz görmezek we ikiýüzlülikden halasdyr» (Ýakup 3:17).
15 Sabyr-takat. Ýehowa bikämil we günäli adamlara köp sabyr edýär. Müňlerçe ýylyň dowamynda Ýehowa şeýle ajaýyp häsiýetlerini kämil derejede görkezdi. Şol sebäpli Petrus resul: «Rebbimiziň sabryny gutulyş pursady saýyň» diýdi (2 Pet. 3:9, 15).
16. Ýehowanyň ýürekden bagyşlamagy näme üçin bizi örän begendirýär?
16 Ak ýürekden bagyşlaýar. Biziň ählimiz günäli we köp büdreýäris (Ýakup 3:2; 1 Ýahýa 1:8, 9). Ýehowanyň rehimdarlyk bilen bagyşlaýandygyna biz nähili minnetdar bolmaly! (Iş. 55:7). Bikämil bolup dogulsak-da, Hudaý biziň ýalňyşlyklarymyzy bagyşlaýar. Biz muňa örän begenýäris (Zeb. 51:5, 9, 17). Ýehowanyň şeýle häsiýeti Oňa bolan çuňňur söýgimizi ösdürýär we Onuň göreldesine eýerip, adamlary bagyşlamaga höweslendirýär (Koloseliler 3:13-i okaň, TD).
Näme üçin dünýä agyr halda?
17, 18. Şeýtanyň hökümdarlygy haýsy manyda şowsuz boldy?
17 Şeýtanyň hökümdarlyk edýän dünýäsi hiç haçan üstünlikli bolmady. 1991-nji ýylda «Ýuropien» (The European) diýen gazetde şeýle ýazylýar: «Dünýä agyr haldamy? Hawa, agyr halda, ýöne... Hudaý tarapyn däl — dünýäniň şeýle ýagdaýyna adamlar günäkär». Gör, nähili ýerlikli aýdylan sözler! Adam ata bilen How ene Şeýtanyň täsiri astynda Ýehowanyň hökümdarlygyny inkär edip, ynsan häkimiýetini saýladylar. Şeýlelikde, olar şowsuzlyga uçrajak häkimiýeti goldadylar. Bütin dünýäde adamlaryň çekýän horluklary we ejirleri ynsan hökümetiniň elhenç keseli döredýändigini görkezýär.
18 Şeýtanyň hökümdarlygy diňe özüňi bilmegi öwredýär. Emma bu häsiýetde hiç hili söýgi ýok. Ýehowanyň hökümdarlygy bolsa söýgä esaslanýar. Şeýtanyň hökümdarlygynda ne durnuklylyk, ne şatlyk, ne howpsuzlyk bar. Emma Ýehowanyň hökümdarlygy bu zatlaryň ählisini berer! Biz şu günler onuň alamatlaryny görýärismi? Hawa, bu barada indiki makalada serederis.
a Ýeremiýa 10:23 Eý Ýehowa, ynsanyň ýoly öz ygtyýarynda däldigini bilýärin. Ýöräp barýan adam ädimlerini ugrukdyryp bilmez.
Siz nähili jogap berersiňiz?
• Rimliler 13:1, 2-nji aýatlara laýyklykda, biz ynsan hökümetine nähili garaýarys?
• Süleýmanyň tymsallary 21:30-da Ýehowa garşy çykýan adamlar barada näme aýdylýar?
• Ýeremiýa 10:23-de ynsan hökümetiniň şowsuzlygy barada näme diýilýär?
• Adam ata bilen How enäniň pitnesini göz öňünde tutsak, Koloseliler 3:13-de Ýehowanyň nähili häsiýeti görünýär?