Ýygnakdaky dogan-uýalary abatlaň
«Biri-biriňizi ruhlandyryň, biri-biriňizi abatlaň» (1 SEL. 5:11).
1. Mesihçiler ýygnakda nähili bereketler alýar, ýöne olar nähili kynçylyklara-da döz gelýärler?
HAKYKATDAN-DA, mesihçiler ýygnagynyň agzasy bolmak uly bereket. Seniň Ýehowa bilen gowy gatnaşygyň bolýar. Hudaýyň Sözi galkan kimin seni günäli işleriň erbet netijesinden goraýar. Seniň ýagşylyk etmek isleýän ençeme dostlaryň bolýar. Hawa, bereketler kän. Emma mesihçileriň köpüsi her-hili kynçylyklara döz gelýär. Olaryň käbirine Hudaýyň Sözündäki çuň pikirleri düşünmäge kömek etmeli. Käbirleri keselli ýa göwnüçökgün, ýa-da olar nädogry karara gelendigi üçin zyýan çekýärler. Biziň ählimiz Hudaýsyz dünýäde ýaşaýarys.
2. Biz dogan-uýalar kynçylyga duşanda näme etmeli we näme üçin?
2 Biziň hiç birimiz mesihçi dogan-uýalarymyzyň horluk çekmegini islemeýäris. Pawlus resul ýygnagy adamyň tenine deňeşdirip, şeýle diýdi: «Bir agza horluk çekse, ähli agzalar bilelikde horluk çeker» (1 Kor. 12:12, 26). Biz dogan-uýalar horluk çekende goldamaga jan etmeli. Mukaddes Ýazgylardaky ençeme wakalardan ýygnakdaky dogan-uýalaryň biri-birine kynçylyklara döz gelmäge kömek edendigi görünýär. Häzir biz şol wakalaryň käbirine serederis. Sen şol mysallara eýerip, nädip kömek edip bilýändigiň barada oýlanyp gör. Sen dogan-uýalara ruhy taýdan nädip kömek edip, Ýehowanyň ýygnagyny abatlap bilersiň?
«Apollosy öz ýanlaryna aldylar»
3, 4. Akila bilen Priskilla Apollosa nädip kömek etdi?
3 Apollos Efesosa gelende, hoş habary yhlasly wagyz edýärdi. Resullaryň işlerinde şeýle diýilýär: «Diňe Ýahýanyň çokundyrmasyny bilmegine garamazdan, ruhy hyjuwly bolup, Reb hakda anyk gürrüňler bilen ders bererdi». Apollosa Ýahýa çokundyryjynyň şägirtleri ýa-da b. e 33-nji ýylynyň Pentikost gününden öň Isanyň şägirtleri wagyz eden bolmaly, şol sebäpli ol «Ata, Ogul we Mukaddes Ruhuň ady bilen çokundyrylyş» barada bilmeýärdi. Apollos hyjuwly bolsa-da, käbir zatlara düşünmeýärdi. Imandaşlary bilen gürrüňdeşlik oňa nähili kömek etdi? (Res. iş. 1:4, 5; 18:25; Mat. 28:19).
4 Mesihçi är-aýal Akila bilen Priskilla Apollosyň sinagogada wagyz edýänini eşitdiler we ony öz ýanlaryna alyp, köp zatlary öwretdiler (Resullaryň işleri 18:24—26-njy aýatlary okaň). Şeýdip olar söýgüsini bildirdi. Akila bilen Priskilla Apollosy tankytlaman, göwnüne degmän, sypaýyçylyk bilen öwretdiler. Apollos I asyrda mesihçi ýygnagyň döreýşi barada köp zatlary bilmeýärdi. Ol täze dostlary we olaryň wajyp zatlary jikme-jik düşündirendigi üçin örän minnetdardy. Apollos wajyp zatlary bilensoň, Ahaýada yhlasly wagyz edip, şol ýerdäki doganlara «köp ýardam etdi» (Res. iş. 18:27, 28).
5. Millionlarça wagyzçylar nähili kömek edýärler we bu nähili netije berýär?
5 Şu günler ýygnaklarda adamlaryň köpüsi Mukaddes Ýazgylary düşünmäge kömek edýän wagyzçylara örän minnetdar. Mukaddes Ýazgylary öwrenýän adamlar mugallymlary bilen ýakyndan dostlaşýarlar. Köplenç adama hakykaty düşündirmek üçin birnäçe aýlap Mukaddes Ýazgylar okuwyny geçmeli bolýar. Şonda-da wagyzçylar şeýle pida etmäge taýyn, sebäbi adamlaryň ýaşaýşy Hudaý baradaky bilime bagly (Ýahýa 17:3). Wagyzçylar adamlaryň hakykaty kabul edip, şoňa görä ýaşaýandygyny we Ýehowanyň islegini berjaý edýänini görüp, örän begenýärler!
«Onuň... ýagşy ady bardy»
6, 7. a) Näme üçin Pawlus Timoteosy özüne ýoldaş saýlady? b) Timoteosa ruhy taýdan ösmäge näme kömek etdi?
6 Pawlus bilen Silas ikinji missioner syýahatynda Listra gelenlerinde, ýaş mesihçi Timoteos bilen görüşdiler. Şol wagt Timoteos ýigrimi ýaşlaryndady. «Onuň Listra we Konýadaky doganlaryň arasynda ýagşy ady bardy». Timoteosyň ejesi Ewniki we mamasy Lois mesihçi uýalardy kakasy bolsa, Hudaýa iman etmeýärdi (2 Tim. 1:5). Pawlus bu maşgala bilen bir-iki ýyl mundan öň Listra birinji gezek gelende tanşypdy. Emma bu sapar Pawlus Timoteos bilen has gyzyklandy, çünki bu ýaş ýigit başgalardan tapawutlanýardy. Ýerli ýaşulularyň makul bilmegi bilen Timoteos Pawlusa missioner gullugynda kömekçi boldy (Resullaryň işleri 16:1—3-nji aýatlary okaň).
7 Timoteos tejribeli ýoldaşyndan köp zady öwrendi. Şol wagt Timoteos ruhy taýdan uly üstünlikler edeni üçin Pawlus ony öz wekili hökmünde ýygnaklary aýlanmaga iberdi. Tejribesiz, çekinjeň ýaş oglan Timoteos Pawlus bilen 15 ýyla golaý gulluk edip we ruhy taýdan ösüp, tejribeli gözegçi bolup ýetişdi (Flp. 2:19—22; 1 Tim. 1:3).
8, 9. Ýygnakdaky mesihçiler ýaş dogan-uýalary nädip ruhlandyryp biler? Mysal getiriň.
8 Şu günler ýygnakdaky ýaş oglan-gyzlaryň uly mümkinçiligi bar. Biz Ýehowa gulluk edende, göreldeli bolup, ýaşlary ruhlandyrsak, olar ruhy maksatlary goýmaga tagalla ederler. Ýygnagyňdaky dogan-uýalara göz aýla! Sen Timoteos ýaly özüni gulluga hödür edip biljek ýaşlary görýärmiň? Sen olara pioner, beýtelçi, missioner ýa-da aýlanýan gözegçi bolmaga kömek edip, ruhlandyryp bilersiň. Olar şeýle maksatlara ýeter ýaly, sen näme edip bilersiň?
9 Beýtelde 20 ýyl gulluk edýän Martin atly dogan 30 ýyl mundan öň etrap gözegçisi bilen bile wagyz edende, gözegçiniň onuň bilen gyzyklanandygyny minnetdarlyk bilen ýatlaýar. Gözegçi ýaş wagty Beýtelde gulluk edenini höwes bilen gürrüň beripdi. Ol Ýehowanyň guramasynda Martiniň şeýle gulluk etmäge mümkinçiliginiň bardygyny aýdypdy. Martin şol ýatdan çykmajak gürrüňdeşligiň ony Beýtelde gulluk etmäge höweslendirendigini aýdýar. Sen hem ruhy maksatlaryň barada ýaş dostlaryňa gürrüň berseň gowy bolmazmy?
«Göwnüçökgünlere göwünlik beriň»
10. Epafrodit özüni nähili duýdy we näme üçin?
10 Epafrodit imany üçin türmede oturan Pawlus resuly görer ýaly, uzak ýol söküp Filipiden Rime barýar. Ony filipili doganlar iberýär. Ol Pawlusa doganlaryň diňe bir sowgadyny getirmän, eýsem ony kyn günlerinde goldamak üçin onuň ýanynda galmakçy bolýar. Emma Epafrodit Rimdekä keselläp, «ölüm ýassygynda ýatdy». Ol doganlaryň tabşyran ýumşuny ýerine ýetirip bilmändigi üçin gaty gynanýar (Flp. 2:25—27).
11. a) Ýygnakdaky käbir mesihçileriň göwnüçökgünlige düşýänine biz näme üçin geň galmaly däl? b) Pawlus resul Epafrodit babatda nähili maslahat berdi?
11 Şu günler hem adamlar dürli kynçylyklardan horluk çekýär. Bütindünýä saglyk saklaýyş guramasynyň maglumatyna görä, ilatyň 5 den 1-i haçan-da bolsa, göwnüçökgünlige düşýär. Ýehowanyň gullukçylary hem göwnüçökgün bolýar. Maşgalany eklemek, keselçilik, ýalňyşyňa biynjalyklanmak we başga kynçylyklar göwnüçökgünlige düşürip biler. Filipili doganlar Epafrodite nähili kömek edip bilerdi? Pawlus şeýle ýazdy: «Bütin şatlyk bilen ony Rebde garşylaň, onuň ýaly adamlary hormatlaň. Çünki ol siziň maňa bolan gullugyňyzyň ýetmezini doldurjak bolup, janyny howp astyna sokup, Mesihiň işi ugrunda tas ölüpdi» (Flp. 2:29, 30).
12. Göwnüçökgünlere nädip göwünlik bermeli?
12 Biz hem göwnüçökgün doganlara göwünlik bermeli. Biz olaryň Ýehowa edýän gullugynyň gowy taraplary hakynda aýdyp bileris. Belki olar mesihçi bolmak ýa-da doly wagtly gulluk etmek üçin durmuşynda uly özgerişler edendir. Olaryň edýän tagallasyny Ýehowanyň we biziň gymmat saýýandygymyzy aýdyp bileris. Hudaýa wepaly käbir gullukçylar gartaşandygyna ýa-da keseldigine garamazdan, ençeme ýyllap gulluk etmek üçin elinde baryny edýändigine biz uly hormat goýmaly. Nähili bolaýanda-da, Ýehowa ähli wepaly gullukçylaryna: «Göwnüçökgünlere göwünlik beriň, ejizleri goldaň, hemmeler barada sabyrly boluň» diýip maslahat berýär (1 Sel. 5:14).
«Ony bagyşlamaly, ruhlandyrmaly»
13, 14. a) Korintosdaky ýygnakda nähili çäre görüldi we näme üçin? b) Ýygnak gatnaşygyndan kesilmek çäresi nähili netije berdi?
13 B. e. I asyrynda Korintosdaky ýygnakda bir adam ahlaksyzlyk edip toba etmeýär. Onuň özüni alyp barşy ýygnagyň arassalygyna howp salyp, Hudaýa ynanmaýan adamlary-da geň galdyrýar. Pawlus şol adamy ýygnak gatnaşygyndan kesmegi maslahat berýär (1 Kor. 5:1, 7, 11—13).
14 Bu çäre gowy netije berdi. Ýygnak ýaramaz täsirden goraldy we agyr günä eden adam günäsini boýun alyp, ýürekden toba etdi. Şol adam toba edeni üçin Pawlus resul Korintosdaky ýygnaga ýazan ikinji hatynda, ony ýygnaga kabul etmegi maslahat berdi. Emma bu ýeterlikli däldi. Pawlus resul ýygnakdaky dogan-uýalara: «Beýle adam çendenaşa gaýga batmaz ýaly, ony bagyşlamalysyňyz, ruhlandyrmalysyňyz» diýdi (2 Korintoslylar 2:5—8-nji aýatlary okaň).
15. Ak ýürekden toba eden we ýygnaga kabul edilen adama biz nähili garamaly?
15 Biz bu wakadan nähili sapak edinip bileris? Dogan-uýalar ýygnak gatnaşygyndan kesilse, biz gynanýarys. Olar Hudaýyň adyna ysnat getirip, ýygnagy masgaralaýar. Belki olar hut bize-de garşy günä edendir. Emma ýaşulular Ýehowanyň görkezmesi boýunça toba eden adamyň ýagdaýyny derňäp, ýygnaga kabul etseler, bu Ýehowanyň ony bagyşlandygyny görkezýär (Mat. 18:17—20). Eýsem, biz hem Ýehowanyň göreldesine eýermeli dälmi? Rehimsizlik edip, bagyşlamazlyk, Ýehowa garşy bolmakdyr. Biz Hudaýyň ýygnagynda agzybirligi we parahatlygy saklamak hem-de Ýehowany razy etmek üçin ak ýürekden toba eden we ýygnaga kabul edilen adama söýgimizi bildirmeli dälmi näme? (Mat. 6:14, 15; Luka 15:7).
«Maňa kömegi deger»
16. Näme üçin Markus Pawlusyň ynamyny ödemedi?
16 Mukaddes Ýazgylardaky başga bir mysal bolsa, ynamyňy ödemedik adama gaharlanmaly däldigini görkezýär. Meselem, Markus diýen Ýahýa Pawlus resulyň ynamyny ödemedi. Nädip? Markus kömekçi bolup Pawlus we Barnabas bilen ilkinji missioner syýahata gidýär. Emma syýahatda, Markus diýen Ýahýa sebäbini düşündirmän ýoldaşlaryny terk edip, öýüne gaýdýar. Pawlus muňa gaty gynanýar, şol sebäpli olar ikinji missioner gullugyna gitmekçi bolanda, Barnabasyň Markusy ýene-de ýanyna almagyna ol garşy bolýar. Pawlus birinji syýahatda bolan ýagdaýy göz öňünde tutup, Markusy äkitmek islemedi (Resullaryň işleri 13:1—5, 13; 15:37, 38-nji aýatlary okaň).
17, 18. Pawlus bilen Markusyň arasynda nähili düşünişmezlik döredi we biz mundan nähili sapak edinip bileris?
17 Markus Pawlusyň ret edendigi üçin ruhdan düşmän, Barnabas bilen başga ýerlere wagyz etmäge gidýär (Res. iş. 15:39). Ençeme ýyl geçensoň, Pawlus resul onuň wepalydygy we ynama mynasypdygy barada ýazýar. Ol Rimde tussagdaka Timoteosy hat üsti bilen çagyrýar. Şol hatynda ol: «Markusy alyp gaýt. Hyzmatymy ýerine ýetirmekde maňa kömegi deger» diýýär (2 Tim. 4:11). Hawa, Markus ruhy taýdan ösüp, Pawlusyň ynamyna girdi.
18 Biz bu mysaldan nähili sapak edinip bileris. Markus ökde missioner bolmak üçin gowy häsiýetleri ösdürdi. Ol Pawlusyň başda ony ret edendigine büdremedi. Olaryň ikisiniň hem Ýehowa bilen gatnaşygy berkdi we aralaryndaky öýke-kine uzaga çekmedi. Soňra Pawlus resul Markusyň gowy kömekçidigine göz ýetirdi. Şol sebäpli doganlar dürli kynçylyklara duş gelende, olara ruhy taýdan ösmäge ýardam etseňiz dogry bolardy. Dogan-uýalaryň gowy häsiýetlerini görüp, ýygnagy abatlaň.
Ýygnak we sen
19. Ýygnakdaky ähli dogan-uýalar biri-birine nädip kömek edip bilýär?
19 Şu «kyn pursatlar» sen ýygnakdaky dogan-uýalaryň kömegine mätäç, olara hem seniň kömegiň gerek (2 Tim. 3:1). Her bir mesihçi käbir kynçylygyny nädip dogry çözmelidigini bilmese-de, Ýehowa bilýär. Ol doganlara ýygnagyň dürli agzalary, şol sanda sen arkaly hem kömek edip bilýär (Iş. 30:20, 21; 32:1, 2). Geliň, şonuň üçin Pawlus resulyň: «biri-biriňizi ruhlandyryň, biri-biriňizi abatlaň» diýen sözlerine eýereliň! (1 Sel. 5:11).
Siz nähili jogap berersiňiz?
• Näme üçin ýygnakdaky dogan-uýalary abatlamaly?
• Sen dogan-uýalaryň nähili kynçylyklaryna döz gelmäge kömek edip bilersiň?
• Ýygnagyňdaky dogan-uýalara näme üçin kömek etmeli?