Garawul diňiniň ONLAÝN KITAPHANASY
Garawul diňiniň
ONLAÝN KITAPHANASY
türkmen
Ä
  • Ç
  • ç
  • Ä
  • ä
  • Ž
  • ž
  • Ň
  • ň
  • Ö
  • ö
  • Ş
  • ş
  • Ü
  • ü
  • Ý
  • ý
  • MUKADDES KITAP
  • EDEBIÝATLAR
  • DUŞUŞYKLAR
  • w10 15/6 sah. 15—19
  • Gaharyňy saklap, «ýamanlyga ýeňdirme»

Şuňa degişli wideo ýok.

Bagyşlaň, wideo ýüklenende näsazlyk ýüze çykdy.

  • Gaharyňy saklap, «ýamanlyga ýeňdirme»
  • Garawul diňi Ýehowa Hudaýyň Patyşalygyny yglan edýär — 2010
  • Sözbaşylar
  • Meňzeş maglumat
  • Biz gazaply dünýäde ýaşaýarys
  • Gowy we erbet mysallar
  • Mesihçileriň garaýşy
  • Hemmelere mylakatly bolmak gowy netije berýär
  • Mylakatly gepleşmek gowy gatnaşykda bolmaga ýardam edýär
    Garawul diňi Ýehowa Hudaýyň Patyşalygyny yglan edýär — 2010
Garawul diňi Ýehowa Hudaýyň Patyşalygyny yglan edýär — 2010
w10 15/6 sah. 15—19

Gaharyňy saklap, «ýamanlyga ýeňdirme»

«Eý söýgüli doganlar, özüňiz öç alman... ýamanlygy ýagşylyk bilen ýeňiň» (RIM. 12:19, 21).

1, 2. Ýehowanyň Güwäçileri ýolda nähili gowy görelde görkezdi?

ÝEHOWANYŇ GÜWÄÇILERINDEN 34 adam filialyň bagyş edilşine gidenlerinde tehniki sebäplere görä, olaryň reýsi gijä galýar. Ýolagçylar bir sagada derek 44 sagat garaşmaly bolýar, aeroportda iýmit, suw we hajathana ýokdy. Ýolagçylaryň köpüsiniň gahary gelip, aeropordyň işgärlerine haýbat atdylar. Emma dogan-uýalar bolsa, özlerini rahat alyp bardy.

2 Ahyry Ýehowanyň Güwäçileri filialyň bagyş ediliş programmasynyň soňky bölümine ýetişýärler. Şondan soň olar gaty ýadow bolsa-da, ýerli doganlar bilen gürrüňdeşlik etmäge galýarlar. Soňra olar özlerini sabyrly alyp barşyna we erk edişine ýolagçylaryň üns berendigini bilýärler. Bir ýolagçy: «Eger şol reýsde 34 mesihçi bolmadyk bolsa, aeroportda pitne turardy» diýdi.

Biz gazaply dünýäde ýaşaýarys

3, 4. a) Nähili sebäplere görä adamlar gaharlanýar? Kabyl gaharyny saklap bilermidi? Düşündiriň.

3 Bu zalym dünýäde ýaşaýşyň kyndygy sebäpli adamlar gaharlanýar (Wag. 7:7). Köplenç gahar ýigrençlige hatda zulumlyga eltýär. Ýurtlaryň arasynda bolýan uruşlar maşgalalaryň köpüsinde agzalalyk döredýär. Şeýle zalymlyk we zulum gadymy döwürde hem bolupdy. Adam ata bilen How enäniň ilkinji ogly Kabyl inisi Habyla göriplik we gahar edip, ony öldürdi. Ýehowa Kabyla gaharyny saklasa ýalkajakdygyny aýtsa-da, ol doganyny öldürdi (Gelip çykyş 4:6—8-nji aýatlary okaň).

4 Kabyl miras alan kämilsizligine garamazdan, dogry karara gelip, gaharyny ýatyryp bilýärdi. Şonuň üçin ol eden zulumlygyna jogap bermelidi. Biz hem bikämil bolsak-da, gaharlanyp, zalymlyk etmeli däl. Şu «kyn pursatlarda» başga-da kynçylyklar gaharyňy getirýär (2 Tim. 3:1). Meselem, pul ýetmezçiligi keýpimizi bozýar. Polisiýa we maşgala kömek edýän guramalar ykdysady krizis sebäpli adamlaryň gahar-gazaba münüp, maşgalada zulumlyk edýändigini habar berýär.

5, 6. Gahar-gazaba bolan dünýewi garaýyş bize nähili täsir edip biler?

5 Adamlaryň köpüsi özüni söýmeklik, tekepbirlik hatda zalymlyga duş gelýär. Şeýle häsiýetler bize täsir edip, gaharymyzy getirýär (2 Tim. 3:2—5). Filmler we telegepleşikler köplenç kynçylygy çözmek üçin ar almagy we zalymlyk etmegi gowy ýaly edip görkezýärler. Hekaýalarda adatça erbet adam ahyrynda gahrymanyň elinden öldürilip «almytyny alýar».

6 Şeýle zatlar Hudaýyň ýoluny däl-de, eýsem «bu dünýäniň ruhuny» we onuň zalym hökümdary Şeýtany goldaýar (1 Kor. 2:12; Efes. 2:1; Ylh. 12:12). Şol ruh ten höweslerini oýaryp, Hudaýyň mukaddes ruhuna we onuň miwesine doly garşy gelýär. Ýamanlyga derek ýamanlyk etmezlik mesihçileriň esasy taglymaty (Matta 5:39, 44, 45-nji aýatlary okaň). Biz Isanyň öwreden zatlaryna nädip doly eýerip bileris?

Gowy we erbet mysallar

7. Şimeon bilen Lewiniň gaharyny saklamandygy nämä eltdi?

7 Mukaddes Ýazgylarda gaharyňy saklamak barada maslahat berilýär, şeýle-de gahary saklasaň ýa-da saklamasaň nämä eltýändigi hakynda mysallar getirilýär. Şekem Dinany zorlanda, Ýakubyň ogullary Şimeon bilen Lewiniň uýasy üçin ar almagynyň nämä eltendigine seredeliň. Olar «gazap donuny geýdiler» (Gel. çyk. 34:7). Soňra Ýakubyň başga ogullary Şimeon bilen Lewiniň ýolbaşçylygynda Şekemiň şäherindäki erkekleriň ählisini gylyçdan geçirdiler we şäheri talap, aýallary hem-de çagalary ýesir aldylar. Olar muny diňe bir Dina üçin däl, eýsem abraýynyň gaçyp, ýüzügara bolandygy üçin etdiler. Şekem olara we kakasy Ýakuba namys getirdi. Emma Ýakup ogullarynyň eden işine nähili garady?

8. Şimeon we Lewi bilen bolan wakadan ar almak barada nämäni bilýäris?

8 Dina bilen bolan waka Ýakuby gaty gynandyran bolmaly, emma ol ogullaryny ar alandygy üçin ýazgardy. Şimeon bilen Lewi özlerini aklamak üçin: «Uýamyza jelep hökmünde garalmaklyga ýol berip bolmaz ahyryn» diýdiler (Gel. çyk. 34:31). Ýöne bu Ýehowa ýaramady. Ençeme ýyl geçensoň Ýakup Şimeon bilen Lewiniň gahar-gazaby, zalymlygy üçin nesilleriniň Ysraýylyň arasyna pytrajakdygyny öňünden aýtdy (Gelip çykyş 49:5—7-nji aýatlary okaň). Olar gaharyny saklamandygy üçin, Hudaýy hem kakasyny närazy etdi.

9. Haçan Dawut tas gaharyň guly bolupdy?

9 Dawut patyşa bilen bolan waka bolsa, düýbünden tapawutlanýar. Onda ar almaga birnäçe amatly pursat bolýar (1 Sam. 24:3—7). Emma bir sapar ol tas gaharyň guly bolupdy. Dawudyň adamlary Nabal atly bir baýyň sürüsini we goýunlaryny gorasa-da, Nabal olaryň göwnüne degýär. Dawudyň gahary gelip, adamlary üçin zalymlyk bilen ar aljak bolýar. Dawut adamlary bilen Nabala we onuň maşgalasyna çozjak bolanda, bir ýaş ýigit Nabalyň paýhasly aýaly Abigaila habar edýär we ol bu işiň ugruna çykýar. Abigail Nabalyň gödekligi üçin Dawutdan pesgöwünlilik bilen ötünç soraýar we Ýehowadan gorkmagyny haýyş edýär. Dawudyň gahary ýazylyp: «Şu gün meni gan dökmekden saklanyň üçin Hudaý seni ýalkasyn» diýýär (1 Sam. 25:2—35).

Mesihçileriň garaýşy

10. Mesihçiler ar almaga nähili garamaly?

10 Şimeon we Lewi bilen bolan wakadan Ýehowanyň gahar-gazaby ýigrenýändigi görünýär. Abigail we Dawudyň mysalyndan bolsa, biz oňşukly ýaşamak üçin edilýän tagalla Hudaýyň ak pata berýändigini bilýäris. Muny Pawlus resul hem tassyklaýar: «Oňardygyňyzdan ähli adamlar bilen oňşukly ýaşamak barada eliňizden geleni aýamaň... özüňiz öç alman, Hudaýyň gazabyna ýol beriň. Çünki: «Reb diýýär: Öç Meniňkidir, öwezini men bererin». «Duşmanyň aç bolsa, ony naharla, suwsan bolsa, gandyr; sebäbi muny etseň, onuň başyna közler guýarsyň» diýip ýazylgydyr. Özüňi ýamanlyga ýeňdirme-de, ýamanlygy ýagşylyk bilen ýeň» (Rim. 12:18—21)a.

11. Bir uýa gaharyny saklamagy nädip öwrendi?

11 Biz bu maslahata eýerip bileris. Mysal üçin, bir uýa täze başlygyndan nägiledigini ýaşula aýdýar. Uýa başlygynyň adalatsyz hem erbet aýaldygyny gürrüň berýär. Ol başlygyndan öýkeläp, işinden çykmakçy bolýar. Ýaşuly howlukmazlygy maslahat berip, onuň başlygyna gaharlanmagy ýagdaýy kynlaşdyrjakdygyny düşündirýär (Titus 3:1—3). Ýaşuly hatda uýanyň başga işe girse-de, onuň ýamanlyga bolan garaýşynyň üýtgemejekdigini aýdýar. Ol uýa Isanyň öwredişi ýaly özüne näme edilmegini isleýän bolsa, başlygyna-da şony etmegi maslahat berýär (Luka 6:31-i okaň). Uýa muňa razylaşýar. Netijede näme bolýar? Birnäçe wagtdan başlygyň ýüregi ýumşap, hatda uýanyň edýän işine minnetdarlyk bildirýär.

12. Mesihçileriň arasynda agzalalyk dörände, näme üçin agyr degýär?

12 Belki, bizi şeýle kynçylyklaryň mesihçiler ýygnagyna degişli bolmadyk adamlar bilen aramyzda bolýandygy, geň galdyrmaýandyr. Biz Şeýtanyň adalatsyz dünýäsinde ýaşaýandygymyzy bilip, ýamanlyk edýän adamlara gaharlanmajak bolýarys (Zeb. 37:1—11; Wag. 8:12, 13; 12:13, 14). Emma ýygnakdaky dogan-uýalar bilen aramyzda agzalalyk dörände, agyr degýär. Bir Ýehowanyň Güwäçisi şeýle ýatlaýar: «Men hakykata gelenimde, Ýehowanyň halkynyň bikämildigine düşünmän büdreýärdim». Biz ýowuz dünýäden çykyp, ýygnakda hemmeleriň biri-birine mähirli gatnaşykda boljagyna umyt edýäris. Ýygnakda imandaşlarymyz, esasanam, jogapkärli doganlar üns bermeseler ýa-da mesihçilere ýaraşmadyk iş etseler, biz öýkeleýäris ýa-da gahar edýäris. Belki, biz: «Ýehowanyň halkynyň arasynda şeýle bolup bilermi?» diýýändiris. Aslynda, resullaryň döwründe mesh edilen mesihçileriň arasynda hem öýke-kine bolupdy (Gal. 2:11—14; 5:15; Ýakup 3:14, 15). Biri biziň göwnümize degende, näme etmeli?

13. Agzalalyk dörände biz näme etmeli we näme üçin?

13 Ýokarda agzalan uýa şeýle diýýär: «Men göwnüme degen dogan-uýalar üçin» doga edýärin. Bu hemişe kömek edýär». Şeýle-de biz ýokarda Isanyň yzarlaýanlar üçin doga ediň diýip öwredenini okapdyk (Mat. 5:44). Eýsem dogan-uýalarymyz üçin has köp doga etmeli dälmi näme?! Çagalaryň biri-birini söýmegini kakasynyň isleýşi ýaly, Ýehowa hem ýerdäki gullukçylarynyň biri-birini söýmegini isleýär. Biz geljekde dogan-uýalar bilen agzybir we bagtly ýaşamagy arzuw edýäris, Ýehowa muny häzirden bize öwredýär. Ol biziň wajyp işde hyzmatdaşlyk etmegimizi isleýär. Şonuň üçin geliň, düşünişmezligi çözeliň we «ýazygy geçip» agzybirligi saklalyň (Süleýmanyň tymsallary 19:11-i okaň). Doganlarymyz bilen düşünişmezlik dörände, olardan daşlaşman, biri-birimize kömek etsek, Hudaýyň halkynyň arasynda galarys we Ýehowa bizi «hemişe gollarynda göterer» (Kan. tag. 33:27).

Hemmelere mylakatly bolmak gowy netije berýär

14. Şeýtanyň döredýän agzalalygyna biz nädip garşy durup bileris?

14 Şeýtan bilen jynlar hoş habary wagyz etmäge päsgel bermek üçin ýygnakdaky we maşgaladaky agzybirligi bozmaga jan edýär. Olar aramyzdaky bölünişigiň erbet täsir edýänini bilip, ara çöp atýar (Mat. 12:25). Muňa garşy durmak üçin biz Pawlus resulyň: «Rebbiň guly dawalaşmaly däl, hemmelere mylakatly... bolmaly» diýen maslahatyna eýermeli (2 Tim. 2:24). Biziň söweşimiz «adamlara garşy däl-de... ruhy gudratlara garşydygyny» unutmalyň. Bu söweşde ýeňer ýaly biz ruhy ýaraglary, şol sanda «parahatlyk getirýän Hoş Habary... geýmeli» (Efes. 6:12—18).

15. Ýygnaga degişli bolmadyk adamlar bize topulanda näme etmeli?

15 Ýygnaga degişli bolmadyk Ýehowanyň duşmanlary Onuň parahat halky barada gybat ýaýradýar. Şol duşmanlaryň käbiri Ýehowanyň Güwäçilerine göni topulýar. Käbirleri bolsa, gazetlerde ýa-da sudlarda bize töhmet atýarlar. Isa şägirtlerine şeýle yzarlanyljakdygy hakynda aýtdy (Mat. 5:11, 12). Biz muňa nähili garamaly? Biz hiç haçan sözümiz ýa-da hereketimiz bilen «ýamanlyk deregine... ýamanlyk etmeli däl» (Rim. 12:17; 1 Petrus 3:16-ny okaň).

16, 17. Bir ýygnak nähili ýagdaýa düşdi?

16 Iblisiň bize garşy bolýandygyna garamazdan, «ýamanlygy ýagşylyk bilen ýeňsek», gowy güwälik bolar. Meselem, Ýuwaş okeanyň adalarynyň birinde bir ýygnak Ýatlama agşamy üçin zaly kärendesine alýar. Buthananyň ýolbaşçysy muny bilip, dindarlaryna Ýatlama agşamy geçirilmeli wagty şol zalda ýygnanyşmalydygyny aýdýar. Polisiýanyň başlygy buthananyň ýolbaşçysyndan Ýehowanyň Güwäçileri üçin zaly boşatmagy talap edýär. Muňa garamazdan, baýramçylyga başlamaly wagty zal buthananyň agzalaryndan doludy we olar öz gullugyna başlapdylar.

17 Şonda polisiýa zor bilen zaly boşatjak bolanda, buthananyň ýolbaşçysy mesihçi ýaşulularyň biriniň ýanyna gelip: «Siz şu gün agşam wajyp duşuşyk geçirmekçimi?» diýip sorady. Dogan oňa Ýatlama agşamy geçiriljekdigini aýdanda, ol: «Wah, men bilmändirin!» diýdi. Şol pursatda polisiýa işgäri gygyryp: «Biz size muny irden aýdypdyk ahyryn!» diýdi. Buthananyň ýolbaşçysy ýaşula serdip ajy ýylgyrdy-da, şeýle diýdi: «Siz häzir näme etmekçi? Zal adamdan doly. Siz polisiýa arkaly bizi zaldan çykarjak bolýaňyzmy? Ol mekirlik bilen ýalan sözläp, Güwäçiler olary yzarlaýan ýaly edip görkezdi! Doganlar muňa nähili garady?

18. Doganlar gyjalata nähili garady we bu nähili netije berdi?

18 Ýehowanyň Güwäçileri buthananyň agzalaryna gullugyny geçirmäge ýarym sagat wagt berip, şondan soň Ýatlama agşamyny geçirmekçidiler. Buthananyň agzalary gullugyny ýarym sagatdan köp geçirdiler, emma soňra olar Ýatlama agşamy geçiriler ýaly zaly boşatdylar. Ertirsi güni bu meselä seretmek üçin döwlet işgärleri maslahat geçirýär. Olar bu mäselede degerli delillere seredensoň, Güwäçileriň däl-de buthananyň ýolbaşçysynyň günäkärdigini bilýärler. Şeýle-de olar Ýehowanyň Güwäçileriniň bu kyn ýagdaýda özlerini sabyrly alyp barandygyna minnetdarlyk bildirýär. Ýehowanyň Güwäçileriniň «ähli adamlar bilen oňşukly ýaşamak» üçin eden tagallasy gowy netije berdi.

19. Adamlar bilen oňşukly ýaşamaga ýene-de näme kömek edýär?

19 Adamlar bilen oňşukly ýaşamaga mylakatly gepleşmek hem kömek edýär. Indiki makalada biz mylakatly gepleşmegiň nämedigine we nädip mylakatly gepleşmegi öwrenip bolýandygyna serederis.

a Gadymy döwürde metaly eretmek üçin ýokarsyndan we aşagyndan «otly közler» goýulýardy. Biz hem ýaman adamlara ýagşylyk etsek, köplenç olaryň häsiýetleri gowulanar.

Siz nähili düşündirersiňiz?

• Näme üçin bu dünýäniň adamlary gaharjaň?

• Mukaddes Ýazgylaryň haýsy mysallary gaharyňy saklasaň ýa-da saklamasaň nämä eltýändigini görkezýär?

• Imandaşlarymyz göwnümize degende, biz näme etmeli?

• Ýygnaga degişli bolmadyk adamlar topulanda, özümizi nähili alyp barmaly?

    Türkmençe edebiýatlar (1997—2026)
    Çykmak
    Girmek
    • türkmen
    • Paýlaş
    • Sazlamalar
    • Copyright © 2025 Watch Tower Bible and Tract Society of Pennsylvania
    • Şertler we düzgünler
    • Gizlinlik syýasaty
    • Gizlinlik sazlamalary
    • JW.ORG
    • Girmek
    Paýlaş