Garawul diňiniň ONLAÝN KITAPHANASY
Garawul diňiniň
ONLAÝN KITAPHANASY
türkmen
Ä
  • Ç
  • ç
  • Ä
  • ä
  • Ž
  • ž
  • Ň
  • ň
  • Ö
  • ö
  • Ş
  • ş
  • Ü
  • ü
  • Ý
  • ý
  • MUKADDES KITAP
  • EDEBIÝATLAR
  • DUŞUŞYKLAR
  • w10 15/9 sah. 21—25
  • «Siziň ýolbaşçyňyz birdir, ol Mesihdir»

Şuňa degişli wideo ýok.

Bagyşlaň, wideo ýüklenende näsazlyk ýüze çykdy.

  • «Siziň ýolbaşçyňyz birdir, ol Mesihdir»
  • Garawul diňi Ýehowa Hudaýyň Patyşalygyny yglan edýär — 2010
  • Sözbaşylar
  • Meňzeş maglumat
  • Ysraýylyň ruhy serdary
  • Wada edilen Ýolbaşçy gelýär
  • Mesihçiler ýygnagynyň gözegçisi
  • Mesih wagyz işine ýolbaşçylyk edýär
  • Isa ýygnaga ýolbaşçylyk edýär
  • Ýehowa halkyna ýolbaşçylyk edýär
    Garawul diňi Ýehowa Hudaýyň Patyşalygyny yglan edýär — 2017
  • Biziň janypkeş ýolbaşçymyz
    Garawul diňi Ýehowa Hudaýyň Patyşalygyny yglan edýär — 2010
  • Şu günler Hudaýyň halkyna kim ýolbaşçylyk edýär?
    Garawul diňi Ýehowa Hudaýyň Patyşalygyny yglan edýär — 2017
Garawul diňi Ýehowa Hudaýyň Patyşalygyny yglan edýär — 2010
w10 15/9 sah. 21—25

«Siziň ýolbaşçyňyz birdir, ol Mesihdir»

«Özüňize «Ýolbaşçy» diýdirmäň; çünki siziň Ýolbaşçyňyz birdir, Ol Mesihdir». (MAT. 23:9, 10)

1. Ýehowanyň Güwäçileri kimi öz Ýolbaşçysy hasaplaýarlar we näme üçin?

HRISTIAN buthanalarynyň we başga dinleriň ynsan ýolbaşçylary bar. Ýehowanyň Güwäçileri bolsa hiç bir ynsany ýolbaşçysy hasaplamaýar. Sebäbi olar hiç bir adamyň yzyna eýermeýärler. Bu Ýehowanyň öz Ogly barada aýdan pygamberligini tassyklaýar: «Ine, men ony milletlere güwä, halklara serdar we ýolbaşçy edip belledim» (Iş. 55:4). Mesh edilen mesihçileriň we «başga goýunlaryň» halkara ýygnagy Ýehowanyň beren ýolbaşçysyndan başga ýolbaşçyny ykrar etmezler (Ýahýa 10:16). Olar Isanyň: «Siziň Ýolbaşçyňyz birdir, Ol Mesihdir» diýen sözleri bilen doly ylalaşýarlar (Mat. 23:10).

Ysraýylyň ruhy serdary

2, 3. Hudaýyň Ogly ysraýyl halkyna nädip kömek edýärdi?

2 Mesihçiler ýygnagy döremezden ençeme asyr öň, Ýehowa ysraýyl halkyna bir perişdäni ýolbaşçy edip belleýär. Ysraýyllylar Müsürden çykanda, Ýehowa olara şeýle diýdi: «Sizi ýolda gorar ýaly we taýýarlan ýerime getirer ýaly, Men siziň öňüňizden perişde iberýärin. Onuň aýdanlaryna dykgat bilen gulak goýuň. Oňa garşy baş galdyrmaň. Ol siziň beýle etmişiňizi bagyşlamaz, çünki ol Meniň adym bilen geler» (Müs. çyk. 23:20, 21). Ýehowanyň ady bilen gelen perişde Hudaýyň ilkinji Ogludy.

3 Ynsan bolup dogulmazdan öň, oňa Mikaýyl diýilýärdi. Daniýel kitabynda bolsa oňa Daniýeliň halkynyň, ýagny Ysraýylyň serdary diýilýär (Dan. 10:21). Ýahuda şägirt Daniýeliň ýaşan döwründen öň hem Mikaýylyň ysraýyl halkynyň aladasyny edendigini aýdýar. Musa aradan çykandan soň, Şeýtan onuň jesedini öz bähbidi üçin ulanmakçy boldy. Megerem, ol ysraýyllylary Musanyň jesedine sežde etdirmekçi bolandyr. Mikaýyl munuň öňüni aldy. Bu barada Ýahuda şeýle ýazýar: «Baş perişde Mikaýyl Musanyň jesedi barada iblis bilen çekişip, jedelleşende oňa sögmän, bir höküm getirmäge-de ýürek etmän, diňe: «Saňa Reb käýesin!» diýdi» (Ýahuda 9). Ysraýyllylar Eriha şäherini gabamaga barýarka, Ýeşuwyň öňünden çykyp, Hudaýyň kömek etjekdigini aýdan hem «Ýehowanyň goşunynyň serdary» Mikaýyldy (Ýeşuw 5:14-i okaň)a. Ýehowa Daniýel pygambere wajyp habary ýetirmek üçin perişdesini iberende, oňa güýçli jyn päsgel berýär. Şonda baş perişde Mikaýyl oňa kömege gelýär (Dan. 10:5—7, 12—14).

Wada edilen Ýolbaşçy gelýär

4. Mesihiň gelmegi barada nähili pygamberlik aýdyldy?

4 Bu wakadan biraz wagt öň, Ýehowa Jebraýyl perişdäni Daniýel pygamberiň ýanyna iberýär. Ol «Mesih Ýolbaşçynyň» geljekdigi barada pygamberlik aýdýar (Dan. 9:21—25)b. Pygamberlige laýyklykda, b. e. 29-njy ýylynyň güýzünde Ýahýa Isany suwda çokundyrýar. Şonda mukaddes ruh Isa inýär we ol Mesih bolýar (Mat. 3:13—17; Ýahýa 1:29—34; Gal. 4:4). Şeýlelikde, ol deňi-taýy bolmadyk Ýolbaşçy bolmalydy.

5. Mesih ýer ýüzünde gulluk edende nädip ýolbaşçylyk etdi?

5 Isa ýer ýüzünde gulluga başlanda, özüniň «Mesih Ýolbaşçydygyny» subut etdi. Ol birnäçe günde şägirt ýygnaýar we ilkinji gudratyny görkezýär (Ýahýa 1:35—2:11). Ol şägirtleri bilen bile Hudaýyň Patyşalygy baradaky hoş habary ýurduň ähli künjeginde wagyz edýär (Luka 8:1). Isa şägirtlerine wagyz etmegi öwredýärdi; wagyz işine we şägirt taýýarlamaga ýolbaşçylyk edip, özi-de gowy görelde görkezýärdi (Luka 9:1—6). Şu günler hem ýygnak ýaşululary Isadan görelde almaly.

6. Isa Çopan we Ýolbaşçydygyny nädip subut etdi?

6 Isa özüni mähirli çopana meňzedip, ýolbaşçy bolmagyň başga-da taraplaryny görkezdi. Gündogar ýurtlaryndaky çopanlar sürüleriniň ähli tarapdan aladasyny edýärler. W. M. Tomsonyň kitabynda şeýle diýilýär: «Çopan sürä diňe bir ýol görkezmek üçin däl, eýsem, goýunlaryny gorap, aladasyny etmek üçin, olaryň öňünden ýöreýär... Ol hasasy bilen sürä ýolbaşçylyk edýär, otluk meýdana eltýär we duşmanlardan goraýar» (The Land and the Book). Isa özüniň hakyky Çopan we Ýolbaşçydygyny görkezip, şeýle diýdi: «Men gowy çopandyryn; gowy çopan goýunlary üçin janyny pida edýändir. Meniň goýunlarym sesime gulak asýar, Men hem olary tanaýaryn, olar Meniň yzyma düşýärler» (Ýahýa 10:11, 27). Hawa, Isa goýunlary üçin janyny gurban etdi, Ýehowa bolsa ony «Başlyk hem Halasgär edip... galdyrdy» (Res. iş. 5:31; Ýew. 13:20).

Mesihçiler ýygnagynyň gözegçisi

7. Isa mesihçiler ýygnagyna näme arkaly gözegçilik edýär?

7 Isa direlip, göge galmanka, şägirtlerine: «Ähli ygtyýar ýerde-gökde Maňa berildi» diýdi (Mat. 28:18). Isa şägirtleriniň imanyny berkider ýaly, Ýehowa oňa mukaddes ruhuny beripdi (Ýahýa 15:26). B. e. 33-nji ýylynyň Pentikost güni Isa bu ruhy irki mesihçilere dökdi (Res. iş. 2:33). Şonda mesihçiler ýygnagy döredi. Ýehowa Ogluny gökde ýer ýüzündäki ýygnaga ýolbaşçy edip belledi (Efesliler 1:22; Koloseliler 1:13, 18-nji aýatlary okaň). Şondan bäri Isa Ýehowanyň beren mukaddes ruhy we özüne «tabyn» perişdeler arkaly mesihçiler ýygnagyna gözegçilik edýär (1 Pet. 3:22).

8. Mesih I asyrdaky hem-de häzirki şägirtlerine kim arkaly ýolbaşçylyk edýär?

8 Şeýle-de mukaddes ruh arkaly Mesih Isa ýygnaga «adamlar görnüşinde sylaglar» berdi we «käbirlerini çopan, käbirlerini öwrediji edip belledi» (Efes. 4:8, 13). Pawlus resul ýygnak ýaşulularyna şeýle maslahat berdi: «Özüňize we Reb Hudaýyň... ýygnagyny bakmak üçin, Mukaddes Ruhuň sizi içinde gözegçi edip goýan tutuş sürüsine göz-gulak boluň» (Res. iş. 20:28). Ilkibaşda, mesihçiler ýygnagynyň ähli gözegçileri mesh edilen mesihçilerdi. Iýerusalimdäki resullar we ýygnak ýaşululary ýolbaşçylyk maslahatyny düzýärdi. Mesih olar arkaly ýer ýüzündäki mesh edilen «doganlaryna» gözegçilik edýärdi (Ýew. 2:11; Res. iş. 16:4, 5). Şu soňky günlerde Mesih Isa «bütin mal-mülküni», ýagny Patyşalyk bilen bagly ähli işlerini «sadyk hem akylly hyzmatkäre» we onuň mesh edilen doganlaryndan ybarat Ýolbaşçylyk maslahatyna ynandy (Mat. 24:45—47). Mesh edilen mesihçiler we başga goýunlar häzirki Ýolbaşçylyk maslahatynyň görkezmesine eýerip, Ýolbaşçysy Mesihe eýerýändiklerine düşünýärler.

Mesih wagyz işine ýolbaşçylyk edýär

9, 10. Mesih hoş habaryň ýaýramagyna nädip gözegçilik etdi?

9 Isa ilkibaşdan bütindünýä wagyz we şägirt taýýarlamak işine ýolbaşçylyk edýärdi. Ol Patyşalyk baradaky hoş habaryň ýer ýüzünde ýaşaýan ähli adamlara wagyz edilmeginiň aladasyny etdi. Isa resullaryna şeýle görkezme berdi: «Özge milletlere degişli ýerlere gitmän, samariýalylaryň şäherleriniň hiç birine barman, Ysraýyl öýüniň ýiten goýunlarynyň ýanyna baryň. Barýarkaňyz Gökleriň Patyşalygynyň golaýdygyny wagyz ediň» (Mat. 10:5—7). Olar, esasanam, b. e. 33-nji ýylynyň Pentikost gününden soň, ýehudylara, ýehudy dinine geçen adamlara yhlasly wagyz etdiler (Res. iş. 2:4, 5, 10, 11; 5:42; 6:7).

10 Biraz wagtdan Isa mukaddes ruh arkaly hoş habaryň samariýalylara, soňra özge milletlere wagyz edilmeginiň aladasyny etdi (Res. iş. 8:5, 6, 14—17; 10:19—22, 44, 45). Hoş habaryň başga halklaryň arasynda ýaýramagy üçin, Isa tarsusly Sauly mesihçi bolmaga höweslendirdi. Isa şägirdi Hananýa şeýle tabşyryk berdi: «Tur, Dogry diýen köçä bar-da, Iudanyň öýünden tarsusly Saul atly adamy sora... Bar, çünki bu adam milletleriň, patyşalaryň we Ysraýyl ogullarynyň öňünde Meniň adymy götermek üçin saýlanan guraldyr» (Res. iş. 9:3—6, 10, 11, 15). Soňra bu adam Pawlus resul ady bilen tanaldy (1 Tim. 2:7).

11. Mesih mukaddes ruh arkaly hoş habary nädip ýaýratdy?

11 Hoş habar özge milletlere wagyz edilmeli bolanda, mukaddes ruh Pawlusy Kiçi Aziýa we Ýewropa wagyz etmäge iberdi. Lukanyň habar bermegine görä: «Bular Rebbe ybadat edip, oraza tutup ýörkäler, Mukaddes Ruh diýdi: «Meniň çagyran işim üçin Barnabas bilen Sauly Maňa aýryp goýuň!» Şonda oraza tutup, doga etdiler-de, ellerini olaryň üstüne goýup, Barnabas bilen Sauly ýola saldylar» (Res. iş. 13:2, 3). Isa Hudaýyň adyny halklara bildirmek üçin, tarsusly Pawlusy ýörite saýlady. Şeýlelikde, ýygnagyň Ýolbaşçysy Mesih wagyz etmegiň täze görnüşini ýola goýdy. Pawlusyň ikinji missioner syýahatynda Isanyň mukaddes ruh arkaly wagyz işine ýolbaşçylyk edendigi aýdyň görünýär. Injilde «Isanyň Ruhy», ýagny Isa mukaddes ruh arkaly Pawlus bilen onuň ýoldaşlaryna haçan we nirä gitmelidigi aýtdylar. Olar görnüş arkaly Ýewropa gitmelidigini bildiler (Resullaryň işleri 16:6—10-njy aýatlary okaň).

Isa ýygnaga ýolbaşçylyk edýär

12, 13. Ylham kitaby Mesihiň her ýygnagyň ruhy ýagdaýyny bilýändigini nädip görkezýär?

12 I asyrda Isa mesh edilen mesihçiler ýygnagyny ünsli synlaýardy. Ol her ýygnagyň ruhy ýagdaýyny gowy bilýärdi. Muny Ylham kitabynyň 2 we 3-nji baplaryndan bilse bolýar. Isa Kiçi Aziýadaky ähli ýedi ýygnagyň adyny hem aýdýar (Ylh. 1:11). Şol sebäpli onuň başga ýygnaklardaky şägirtleriniň hem ruhy ýagadaýyny gowy bilýändigine ynanmaga bizde ähli sebäpler bar (Ylham 2:23-i okaň).

13 Isa käbir ýygnaklaryň çydamlylygy, kynçylyklarda görkezen wepalylygy, tabşyryklary berjaý edişi we imandan dänenler bilen gatnaşmandygy üçin öwdi (Ylh. 2:2, 9, 13, 19; 3:8). Emma butparazlyga we zynahorluga ýol berip, söýgüsi sowan ýygnaklara bolsa, berk käýinç berdi (Ylh. 2:4, 14, 15, 20; 3:15, 16). Isa söýýän gözegçi hömünde, hatda berk duýduryş beren şägirtlerine-de şeýle diýdi: «Men söýýänlerimiň hemmesine käýäp, terbiýe berýändirin. Şonuň üçin, yhlasly bol-da, toba et» (Ylh. 3:19). Isa gökde bolsa-da, mukaddes ruhy arkaly ýer ýüzündäki ýygnaklara we şägirtlerine ýolbaşçylyk etdi. Ol ýygnaklara ýazan hatynyň soňunda şeýle diýdi: «Gulagy bar adam Ruhuň ýygnaklara näme diýýänini eşitsin» (Ylh. 3:22).

14—16. a) Isa Ýehowanyň ýer ýüzündäki halkynyň batyrgaý Ýolbaşçysydygyny nädip subut etdi? b) Isa «dünýäniň soňuna çenli siziň bilen bolaryn» diýen wadasyny nädip ýerine ýetirdi? ç) Indiki makalada näme barada bileris?

14 Hawa, biz Ysraýylyň edermen Serdarynyň Mikaýyldygyny (Isadygyny) bildik. Şeýle-de ol irki mesihçileriň batyrgaý Ýolbaşçysydy we söýýän Çopanydy. Isa ýer ýüzünde gulluk edende wagyz işine ýolbaşçylyk etdi, direlenden soň bolsa, Patyşalyk baradaky hoş habaryň bütin ýer ýüzüne ýaýramagyna gözegçilik etdi.

15 Isa mukaddes ruh arkaly hoş habary ýeriň ähli künjegine ýetirer. Ol göge galmanka şägirtlerine şeýle diýdi: «Mukaddes Ruh üstüňize inende, güýç-kuwwat alyp, Iýerusalimde, bütin Ýahudada, Samariýada, ýeriň tä soňuna çenli Meniň güwälerim bolarsyňyz» (Res. iş. 1:8; 1 Petrus 1:12-ni okaň). I asyrda Mesihiň ýolbaşçylygynda hoş habar bütin ýer ýüzüne ýaýrady (Kol. 1:23).

16 Emma Isa wagyz işiniň soňky günlere çenli dowam etjekdigini aýtdy. Ol şägirtlerine bütin halka wagyz edip, şägirt taýýarlamak işini ynanandan soň, şeýle wada berdi: «Men dünýäniň soňuna çenli siziň bilen bolaryn» (Mat. 28:19, 20). 1914-nji ýylda Mesih patyşalyk tagtyna geçenden bäri Ýolbaşçy hökmünde şägirtleri «bilen» bile bolup, olary öňküden-de köp goldaýar. Isa şondan bäri wagyz işini has-da gyzgalaňly alyp barýar. Bu barada indiki makalada bileris.

a Ýeşuw 5:14 Ol şeýle diýdi: «Ýok. Men Ýehowanyň goşunynyň serdary hökmünde geldim». Ýeşuw muny eşidende, dyza çöküp, baş egdi-de: «Agam, näme hyzmat?» diýdi.

b Bu pygamberlige has gowy düşünmek üçin «Mukaddes Ýazgylar öwredýär» kitabyna serediň (sah. 197—199).

Ýadyňyzdamy?

• Hudaýyň Ogly Ysraýylyň gaýduwsyz Serdarydygyny nädip subut etdi?

• Mesih ýer ýüzündäki ýygnagyna nädip gözegçilik etdi?

• Mesih hoş habaryň ýaýramagyna nädip ýolbaşçylyk etdi?

• Her ýygnagyň ruhy ýagdaýyny Mesihiň bilýändigi nämeden görünýär?

    Türkmençe edebiýatlar (1997—2026)
    Çykmak
    Girmek
    • türkmen
    • Paýlaş
    • Sazlamalar
    • Copyright © 2025 Watch Tower Bible and Tract Society of Pennsylvania
    • Şertler we düzgünler
    • Gizlinlik syýasaty
    • Gizlinlik sazlamalary
    • JW.ORG
    • Girmek
    Paýlaş