«Ýehowanyň adyna sygynyň»
«Men... kiçigöwünli we sada halk galdyraryn, olar Ýehowanyň adyna sygynar» (ZEFES. 3:12).
1, 2. Tizden adamzadyň başyna göçme manyda nähili «harasat» iner?
SIZ köpriniň aşagynda çabgadan ýa-da doludan gizlenipmidiňiz? Megerem, köpri sizi çabgadan ýa-da doludan gorandyr, ýöne tüweleý ýa güýçli apy-tupan tursa, şeýle gorag kömek etmese gerek.
2 Häzir adamzadyň başyna injek başga hili apy-tupan ýetip gelýär. Göçme manydaky bu «harasatly gün», «Ýehowanyň beýik güni» adamlaryň başyna iner. Emma biz gerekli penany tapyp bileris (Sefanýa 1:14, 15, 18-nji aýatlary okaň)a. Tizden boljak «Ýehowanyň gazap gününde» biz ony nädip tapyp bileris?
Geçmişiň harasatly günleri
3. Ysraýylyň on taýpasynyň başyna nähili «heläkleýji harasat» indi?
3 Ýer ýüzündäki ähli ýalan dinleriň ýok edilmegi bilen Ýehowanyň güni başlanar. Biz pena tapar ýaly Hudaýyň halkynyň taryhyna göz aýlamaly. B. e. öň VIII asyrda ýaşan Işaýa pygamber Hudaýdan ýüz öwren on taýpaly ysraýyl halkyna Ýehowanyň etjek hökümini «heläkleýji harasada» meňzetdi. Adamlar bu harasadyň öňüni alyp bilmedi (Işaýa 28:2-ni okaň)b. B. e. öň 740-njy ýylda aşurlylar on taýpanyň ýerini basyp alanda, bu pygamberlik berjaý boldy. Efraýym on taýpanyň iň ulusydy.
4. B. e. öň 607-nji ýylda «Ýehowanyň beýik güni» Iýerusalime nädip geldi?
4 Biwepa ysraýyllylar höküm edilenden soň, b. e. öň 607-nji ýylda «Ýehowanyň beýik güni» Iýerusalime we ýahuda halkynyň başyna indi. Sebäbi ýahuda halky hem Ýehowadan dänipdi. Nebukadnezaryň baştutanlygynda babyllylar Ýahuda we onuň paýtagty Iýerusalime howp salýar. Ýehudylylar «ýalanyň penasy» bolan Müsüre ýüz tutup kömek soraýar. Muňa garamazdan, babyllylar heläkleýji doly kimin şol penany ýok etdi (Iş. 28:14, 17).
5. Ähli ýalan dinler ýok edilende, Hudaýyň halkyna näme bolar?
5 Iýerusalimiň başyna inen Ýehowanyň beýik güni häzirki hristian dünýäsine jeza beriljekdigini görkezýär. Şeýle-de ýalan diniň imperiýasy bolan «Uly Babylyň» galan bölegi weýran ediler. Şondan soň Şeýtanyň galan dünýäsi hem ýok ediler. Hudaýyň halky bolsa halas bolar, çünki olar Ýehowa sygynýar (Ylh. 7:14; 18:2, 8; 19:19—21).
Ruhy taýdan we göni manyda gorag
6. Ýehowanyň halky nädip pena tapyp biler?
6 Häzir şu soňky günlerde-de Hudaýyň halky nädip pena tapyp biler? Biz doga edip «onuň (Hudaýyň) ady hakynda oýlansak» we oňa yhlasly gulluk etsek, ruhy taýdan goranarys (Malaki 3:16-ny okaň)c. Hudaýyň adynyň çuň manysyna düşünmek üçin diňe bir oýlanmak ýeterlikli däl. Mukaddes Ýazgylarda: «Rebbi çagyran adam gutular» diýilýär (Rim. 10:13). Görşümiz ýaly, gutulmak üçin Ýehowanyň adyny çagyrmaly. Ak ýürekli adamlaryň köpüsi Hudaýyň «ady hakynda oýlanýan», oňa gulluk edýän Güwäçileriň we Hudaýa gulluk etmeýänleriň arasyndaky tapawudy görýär.
7, 8. I asyrdaky mesihçileriň halas bolmagynyň häzirki mesihçileriň gutulmagy bilen näme meňzeşligi bar?
7 Biz diňe bir ruhy taýdan goralyp, halas bolup bilmeýäris. Hudaý halkyna göni manyda gutuljagyny wada beripdi. Biz muny b. e. 66-njy ýylynda Sestiý Galyň baştutanlygynda rim goşuny Iýerusalimi gabanda bolan wakadan bilýäris. Isa şol muşakgat günler «gysgaldylar» diýip, öňünden aýtdy (Mat. 24:15, 16, 21, 22). Rim goşuny birdenkä şäherden yza çekilende, mesihçilere «halas bolmaga» mümkinçilik döredi. Mesihçiler şäherden çykyp, golaý ýerlere gaçmalydy. Olar Iordan derýasynyň gündogar tarapyna daglara gaçyp, halas boldy.
8 Şol mesihçiler bilen häzirki Hudaýyň halkynyň arasynda meňzeşlik bar. I asyrdaky mesihçileriň pena gözleýşi ýaly, şu günler Hudaýyň halky hem pena gözlemeli. Emma Hudaýyň halky bütin ýer ýüzünde ýaşaýandygy sebäpli, şu günler mesihçiler göni manyda bir ýere gaçmaly däl. Mesh edilen mesihçiler «saýlanan» halk hökmünde we olaryň wepaly ýoldaşlary Ýehowa sygynyp hem-de onuň dag kimin guramasynda pena tapyp, hristian dünýäsi ýok edilende halas bolar.
9. Ýehowanyň adynyň unudylmagyna kim günäkär? Mysal getiriň.
9 Hristian dünýäsi buthana barýan adamlara Hudaý barada bilim bermeýändigi we Onuň adyny ýigrenýändigi üçin ýok ediler. Orta asyrlarda Ýewropada Hudaýyň adyny köp adamlar bilýärdi. Jaýlaryň ýüzünde, ençeme kitaplarda, Mukaddes Ýazgylarda hatda katolik we protestant buthanalaryň käbirinde dört sany ýewreý harplary bolan tetragrammaton ýazylýardy. Adatça ol ÝHWH diýlip terjime edilýär. Emma soňky ýyllarda Hudaýyň adyny Mukaddes Ýazgylaryň terjimelerinden aýyrdylar we ony tutmaýarlar. Bu 2008-nji ýylyň 29-njy iýunynda watikan maslahatynyň sežde we syrly däp babatda buthana ruhanylaryna iberen «Hudaýyň ady» diýen hatyndan görünýär. Rim katolik buthanasy ähli terjimelerde tetragrammatony «Reb» diýen titula çalyşmak kararyna geldi. Watikan katolik buthanalarynda gulluk edilende, aýdym aýdylanda we doga edilende Hudaýyň adyny tutmazlygy buýurdy. Hristian we beýleki dinleriň ýolbaşçylary hem Hudaýa uýýan millionlarça adamlardan hak Hudaý baradaky hakykaty gizleýär.
Hudaýyň adyny şöhratlandyrýanlar üçin gorag
10. Şu günler Hudaýyň ady nädip şöhratlanýar?
10 Başga dinleriň näme edýändigine garamazdan, Ýehowanyň Güwäçileri Hudaýyň adyna hormat goýup, ony şöhratlandyrýarlar. Olar Hudaýyň adyny buýsanç bilen tutup, mukaddes edýärler. Ýehowa oňa bil baglaýanlara pena bolup, halkyny ýalkamak we goramak üçin kim bolaýyn diýse bolup bilýär. «Ol özüne sygynýanlary bilýär» (Nah. 1:7; Res. iş. 15:14).
11, 12. Gadymy Ýahudada Ýehowa kim wepaly galdy we şu günler oňa kim wepaly?
11 Gadymy döwürde ýehudylaryň köpüsi Hudaýdan dänseler-de, olaryň käbiri Ýehowanyň adyna sygynýardy (Sefanýa 3:12-ni okaň)d. Hudaý ýüz öwren ýehudylaryň ýurduny basyp almaga we halky ýesir etmäge babyllylara ýol berip, halkyna jeza berse-de, Ýeremýa, Waruh we Ýebed-melek ýaly adamlary halas etdi. Olar Ýehowadan ýüz öwren halkyň arasynda ýaşapdy. Hudaýyň başga-da gullukçylary ýesirlikde wepaly galdylar. B. e. öň 539-njy ýylda Kiriň baştutanlygynda midiýalylar we persler Babyly basyp alýar. Soňra Kir galan ýehudylara öýüne dolanmaga rugsat berýär.
12 Sefanýa pygamber Ýehowanyň hakyky seždäniň dikelendigine begenjek ysraýyllylary halas etjekdigini we onuň olara seredip şatlanjakdygyny öňünden aýtdy (Sefanýa 3:14—17-nji aýatlary okaň)e. Bu pygamberligiň hakdygy şu günlerem subut edildi. Hudaýyň Patyşalygy gökde dikelensoň, Ýehowa mesh edilenleriň wepaly galyndysyny Uly Babylyň ýesirliginden azat etdi. Ýehowa şu günlere çenli olara seredip begenýär.
13. Ähli milletleriň adamlary nämeden azat bolmaly?
13 Ýer ýüzünde ebedi ýaşamaga umyt edýän adamlar hem Uly Babyldan çykmaly we ýalan dini taglymatlardan azat bolmaly (Ylh. 18:4). Sefanýa 2:3-de: «Ýer ýüzündäki ähli ýumşak adamlar Ýehowany agtaryň» diýen sözler, esasanam, şu günler berjaý bolýar. Gökde ýa-da ýerde ýaşamaga umyt edýän ähli milletlerden bolan ýumşak adamlar häzir Ýehowanyň adyna sygynýarlar.
Hudaýyň ady doga-tumar däl
14, 15. a) Käbir adamlar gorag hökmünde nämeleri ulanýardy? b) Nämäni doga-tumar hökmünde ulanmaly däl?
14 Ysraýyllylaryň käbiri ybadathana doga-tumar kimin duşmanlardan goraýar öýdýärdi. (Ýerem. 7:1—4). Ondan öň bolsa, ysraýyllylar söweşde äht sandygy doga-tumar hökmünde goraýar diýip pikir etmeýärdi (1 Sam. 4:3, 10, 11). Beýik Konstantin esgerlerini söweşde goramak üçin, olaryň galkanyna grek dilinde «Mesih» sözüniň ilkinji hi we ro harplaryny ýazdyrýar. Şol döwürde adam uruşda goranar ýaly, sowudyň ýüzüne «Ýehowanyň» ady ýazylýardy. Şeýle sowudy otuz ýyllyk uruşda söweşen Şwesiýanyň patyşasy Gustaw Adolf II geýen bolmaly.
15 Hudaýyň käbir gullukçylary jynlar topulanda, Ýehowanyň adyny çagyryp, oňa sygynýardylar. Ýöne Hudaýyň adyna her gün goraýan jadyly güýç we doga-tumar hökmünde garamaly däl. Bu Ýehowanyň adyna sygynmak däldir.
Şu günler nädip Ýehowanyň adyna sygynmaly?
16. Şu günler biz ruhy taýdan nädip goranyp bileris?
16 Şu günler biz Hudaýyň halkynyň arasynda bolup, ruhy taýdan goranyp bileris (Zeb. 91:1). «Sadyk hem akylly hyzmatkär» we ýygnagyň ýaşululary bizi zalym dünýäniň täsirinden goraýar (Mat. 24:45—47; Iş. 32:1, 2). Bize Baýlyga kowalaşmazlyk barada näçe sapar duýdurlandygy we ruhy taýdan zyýan çekmez ýaly şeýle duýduryşlaryň nädip goraýandygyna seredendigimiz hakynda oýlanyp görüň. Ýehowa yhlasly gulluk etmäge päsgel berýän geleňsizlik barada näme diýse bolýar? Hudaýyň Sözünde şeýle diýilýär: «Mön adamlaryň azaşmagy olary öldürer we akylsyzlaryň geleňsizligi olary ýok eder. Emma Meni diňleýän aman ýaşar we ýamanlyk gorkusyndan dynç bolar» (Sül. tym. 1:32, 33). Biz ahlak taýdan arassa bolmaga jan etsek, ruhy taýdan goranyp bileris.
17, 18. Şu günler millionlarça adamlara Ýehowanyň adyna sygynmaga näme kömek edýär we nädip?
17 Şeýle-de Isanyň: «Patyşalyk baradaky hoş habary dünýäniň ähli ýerinde wagyz ediň» diýen tabşyrygyny yhlasly ýerine ýetirmäge sadyk hyzmatkäriň çagyrýandygy hakynda oýlanyp görüň (Mat. 24:14; 28:19, 20). Sefanýa adamlara Hudaýyň adyna sygynmaga nämäniň kömek etjekdigi barada belläp geçýär. Biz şeýle okaýarys: «Şol wagt ähli milletler Ýehowanyň adyny çagyryp, eginme-egin gulluk eder ýaly, men olara arassa dil bererin» (Sef. 3:9).
18 Nähili arassa dil? Bu Mukaddes Ýazgylardaky Ýehowa Hudaý we onuň niýetleri baradaky hakykat. Sen adamlara Hudaýyň Patyşalygy we onuň Ýehowanyň adyny nädip mukaddes etjekdigi barada dogry bilim berip, synaglarda Hudaýyň hökümdarlygynyň tarapyny tutup, Hudaýa wepaly adamlaryň ebedi bereketler aljakdygy hakynda şatlyk bilen wagyz edip, arassa dilde gürleýärsiň. Köp adamlaryň bu göçme manydaky dilde gürleýändigi üçin «Ýehowanyň adyny çagyryp, eginme-egin gulluk edýän» adamlaryň sany gitdigiçe artýar. Hawa, şu günler bütin dünýäde millionlarça adamlar Ýehowa sygynýar (Zeb. 1:1, 3).
19, 20. Gadymy döwürde «ýalan pena» bil baglan adamlara näme boldy?
19 Bu zalym dünýäniň adamlary kynçylyklary çözüp bolmaýandyr öýdýär. Olar kynçylyklaryny çözüp bilmän çykgynsyz ýagdaýa düşüp, bikämil adamlara ýüz tutýar. Olar syýasy guramalara umyt baglaýar. Gadymy döwürde hem ysraýyl halky goňşy milletleriň kömegine bil baglap, olar bilen şertnama baglaşýardy. Emma olaryň ysraýyllylara kömek etmändigini bilýänsiň. Şu günlerem syýasy guramalar we Birleşen Milletler guramasy adamlaryň meselisini doly çözüp bilmez. Şeýle syýasy guramalara pena hökmünde garap bolarmy? Mukaddes Ýazgylarda bu penalaryň ýalandygy öňünden aýdylypdy. Şol penalar dogrudanam ýalan, sebäbi oňa bil baglaýan adamlaryň ählisi lapykeç bolar (Işaýa 28:15-i okaň)f.
20 Tizden göçme manydaky Ýehowanyň harasatly güni ýer ýüzüne iner. Şonda ne ynsan guramalary, ne ýadro gaçybatalgasy, ne-de baýlyk gorap biler. Işaýa 28:17-de şeýle diýilýär: «Ýalan pena doly bilen ýok ediler we gaçybatalgany suw alar».
21. 2011-nji ýylyň ýyllyk aýatyndaky maslahata eýermek, näme üçin peýdaly?
21 Şu günler we gelejekde Hudaýyň halky Ýehowa Hudaýymyza sygynyp, hakyky pena tapar. Sefanýanyň ady «Ýehowa gizledi (gorady)» diýmegi aňladýar. Hakykatdanam, Ýehowa goraýar. Şol sebäpli biz 2011-nji ýylyň ýyllyk aýady hökmünde «Ýehowanyň adyna sygynyň» diýen paýhasly maslahaty saýladyk (Sef. 3:12). Hatda şu günlerem biz Ýehowanyň adyna sygynmaly we oňa doly bil baglamaly (Zeb. 9:10). Şonuň üçin, geliň, her gün «Rebbiň ady güýçli galadyr; dogry adam onuň içine ylgap, howpsuzlykda bolýandyr» diýen sözleri unutmalyň (Sül. tym. 18:10).
a Sefanýa 1:14 Ýehowanyň beýik güni ýakyndyr. Ol gün çalt ýetip gelýär... 15. Ol gün — gazap güni, betbagtçylyk, jebir güni, harasat we weýrançylyk güni... 18. Ýehowanyň gazap gününde olary ne kümşi, ne gyzyly halas eder... çünki ol weýran eder, iň erbedi-de, ýer ýüzündäki ähli adamlary ýok eder.
b Işaýa 28:2 Ýehowanyň berk we güýçli bir adamy bar. Ol kuwwatly heläkleýji harasat bilen doly ýaly, güýçli suw akymy kimin, ol ony güýji bilen ýere zyňar.
c Malaki 3:16 Şol günler Ýehowadan gorkýanlar öz-ara we ýakyn adamlary bilen gepleşdi, Ýehowa bolsa gulak asyp diňledi. Onuň öňünde Ýehowadan gorkýan we onuň ady barada oýlanýan adamlar hakynda ýatlama kitaby ýazyldy.
d Sefanýa 3:12 Men seniň araňda kiçigöwünli we sada halk galdyraryn, olar Ýehowanyň adyna sygynar.
e Sefanýa 3:14 Sion gyzy, şatlyk bilen seslen! Ysraýyl, begen! Iýerusalim gyzy, ýürekden şatlan we seslen! 15 Ýehowa saňa garşy hökümlerini ýatyrdy, duşmanlaryňy kowdy. Ysraýylyň patyşasy Ýehowa seniň bilendir. Indi sen betbagtçylykdan gorkmarsyň. 16 Şol gün Iýerusalime şeýle diýler: «Sion, gorkma, goý, elleriň sowamasyn. 17 Ýehowa Hudaý seniň bilen Gudratygüýçli seni halas eder. Ol saňa seredip, şatlyk bilen seslener, söýgüsini bildirip, rahatlanar. Ol saňa seredip begener, uly şatlyk bilen seslener.
f Işaýa 28:15 Siz şeýle diýýärsiňiz: «Biz Ölüm bilen äht, ölüler diýary bilen şertnama baglaşdyk. Güýçli suw alsa-da, bize gelip ýetmez, çünki biz ýalan pena bil bagladyk we aldawda gizlendik.
Ýadyňyzdamy?
• Biz şu günler Ýehowanyň adyna nädip sygynyp bileris?
• Näme üçin «ýalan pena» bil baglamaly däl?
• Gelejekde bize nähili pena wada edildi?