Garawul diňiniň ONLAÝN KITAPHANASY
Garawul diňiniň
ONLAÝN KITAPHANASY
türkmen
Ä
  • Ç
  • ç
  • Ä
  • ä
  • Ž
  • ž
  • Ň
  • ň
  • Ö
  • ö
  • Ş
  • ş
  • Ü
  • ü
  • Ý
  • ý
  • MUKADDES KITAP
  • EDEBIÝATLAR
  • DUŞUŞYKLAR
  • w11 15/3 sah. 12—16
  • Dünýäniň soňy golaýlaýandygy sebäpli, Ýehowa bil baglaň

Şuňa degişli wideo ýok.

Bagyşlaň, wideo ýüklenende näsazlyk ýüze çykdy.

  • Dünýäniň soňy golaýlaýandygy sebäpli, Ýehowa bil baglaň
  • Garawul diňi Ýehowa Hudaýyň Patyşalygyny yglan edýär — 2011
  • Sözbaşylar
  • Meňzeş maglumat
  • Synaga düşende, Hudaýa bil baglaň
  • Biperwaýlyga we garşylyga duşanda, Hudaýa bil baglaň
  • Gaýgy-aladaňyz bolanda, Hudaýa bil baglaň
  • «Hudaýyň parahatlygy» ýüregiňizde bolsun
  • Dogan-uýalara ynanyň
    Garawul diňi Ýehowa Hudaýyň Patyşalygyny yglan edýär (Ýygnak üçin) — 2022
  • Ýehowa hemişe bil baglaň!
    Garawul diňi Ýehowa Hudaýyň Patyşalygyny yglan edýär — 2015
  • Ýehowa hemişe bil baglaň
    Garawul diňi Ýehowa Hudaýyň Patyşalygyny yglan edýär (Ýygnak üçin) — 2022
  • Ýehowanyň ýatlatmalaryndan şatlyk tapyň
    Garawul diňi Ýehowa Hudaýyň Patyşalygyny yglan edýär — 2013
Başgalary
Garawul diňi Ýehowa Hudaýyň Patyşalygyny yglan edýär — 2011
w11 15/3 sah. 12—16

Dünýäniň soňy golaýlaýandygy sebäpli, Ýehowa bil baglaň

«Hemişe Ýehowa bil baglaň» (IŞ. 26:4).

1. Hudaýyň gullukçylarynyň we bu dünýäniň adamlarynyň arasynda nähili tapawut bar?

BIZ millionlarça adamlaryň ençeme sapar zyýan çekip, lapykeç bolandygy sebäpli, kime we nämä bil baglamalydygyny bilmeýän dünýäde ýaşaýarys. Bu babatda Ýehowanyň gullukçylary örän tapawutlanýar! Olar bu dünýä ýa-da onuň «şazadalaryna» bil baglamagyň deregine, Hudaýyň akyldarlygyna eýermegiň gowudygyny bilýär (Zeb. 146:3). Olar Ýehowanyň söýýändigini we hemişe Sözüni berjaý edýändigini bilip, ýaşaýşynyň we gelejeginiň Ýehowanyň elindedigine düşünýär (Rim. 3:4; 8:38, 39).

2. Ýeşuw Hudaýa bil baglap bolýandygy barada näme diýdi?

2 Ýeşuw gartaşan ýaşynda Hudaýa bil baglap bolýandygyny aýtdy. Ol ömrüniň ahyrynda ysraýyllylara şeýle diýdi: «Siz bütin ýüregiňiz we bütin janyňyz bilen Ýehowa Hudaýyň size aýdan ähli ýagşy sözleriniň biri-de ýerine ýetmän galmandygyny bilýänsiňiz. Hemmesi berjaý boldy» (Ýeşuw 23:14).

3. Hudaýyň adynyň manysy näme?

3 Ýehowa diňe bir gullukçylaryny söýýändigi üçin däl, eýsem, «kim bolmak islesem, bolup bilýärin» (TD) diýen manyny aňladýan ady üçin, wadalaryny berjaý edýär (Müs. çyk. 3:14; 1 Sam. 12:22). J. B. Rotergamyň terjimesindäki Mukaddes Ýazgylaryň sözbaşynda şeýle diýilýär: «Hudaýyň adynyň manysy, Hudaý niýetini amala aşyrmak üçin kim bolasy gelse, bolup bilýändigini aňladýar. Biz onuň adyny eşidende, aýdan zatlaryny hemişe ýerine ýetirýändigini ýada salýarys. Ol etmeli işini islendik wagtda we islendik ýerde edip bilýär. Onuň üçin hiç zat kyn däl. Hudaý hemişe adynyň manysyna görä hereket edýär».

4. a) Işaýa 26:4 bizi nämä höweslendirýär? b) Şu makalada nämä serederis?

4 Özümize şeýle soraglar bermeli: «Men Ýehowa doly bil baglar ýaly, ony gowy tanaýarynmy?» Hudaýyň ähli zatdan habarlydygyny bilip, gelejege umyt edýärinmi? Işaýa 26:4-de şeýle diýilýär: «Hemişe Ýehowa bil baglaň, çünki Ýah Ýehowa ebedi Gaýamyzdyr». Elbetde, Hudaý gadymy döwürdäki ýaly şu günler gullukçylarynyň durmuşynda gudratlar görkezmeýär. Emma «ebedi Gaýa» hemişe bil baglap bolýar. Şu günler ynamdar Hudaý wepaly gullukçylaryna nädip kömek edýär? Geliň, şu üç ýagdaýa seredeliň: synaga düşenimizde, Hudaýdan kömek sorasak, ol güýç berýär, biperwaýlyga we garşylyga duşanda goldaýar hem-de gaýgy-alada edenimizde ýardam edýär. Bu ýagdaýlara seredenimizde, Ýehowa nädip has bil baglap bilýändigiňiz hakynda oýlanyň.

Synaga düşende, Hudaýa bil baglaň

5. Haçan Hudaýa bil baglamak kyn bolup biler?

5 Biz Ýehowanyň wada eden Jennetine we ölüleriň direljekdigine umyt edip, küýseýäris. Emma Hudaýyň ahlak kadalaryna eýermek meselesinde oňa bil baglamak, onuň ýolunda ýöräp, dogry kadalary boýunça ýaşamagyň hakyky bagtly etjekdigine bütin ýüregiň bilen ynanmak kyn bolýandyr. Süleýman pygamber şeýle maslahat berdi: «Rebbe (Ýehowa) bütin ýüregiň bilen bil bagla, öz düşünjäňe daýanma. Bütin ýollaryňda ony tana, Ol hem seniň ýodalaryňy dogrular» (Sül. tym. 3:5, 6). «Ýollar» we «ýodalar» diýen sözlere üns beriň. Hawa, biz diňe gelejege umyt baglamaly däl-de, eýsem, durmuşda ähli zatda Hudaýa bil baglamaly. Synaglara uçranda, Hudaýa bil baglanýadygymyzy nädip görkezip bileris?

6. Erbet pikirleri ret etmäge bize näme kömek eder?

6 Erbet zatlardan ýüz öwürmek pikirden başlanýar (Rimliler 8:5; Efesliler 2:3-nji aýatlary okaň). Size erbet pikirleri ret etmäge näme kömek eder? Munuň bäş ädimine seredeliň: 1) Hudaýa doga edip, kömek soraň (Mat. 6:9, 13). 2) Mukaddes Ýazgylardaky Hudaýa gulak asan we asmadyk adamlaryň mysallary hakynda oýlanyň we soňra olara näme bolandygyna üns beriň a (1 Kor. 10:8—11). 3) Günäniň size we dogan-garyndaşlaryňyza nähili zyýan ýetirjekdigi hakynda pikirleniň. 4) Gullukçylarynyň biri günä edende, Ýehowa özüni nähili duýýandygy hakynda oýlanyň (Zebur 78:40, 41-nji aýatlary okaň). 5) Hudaýyň wepaly gullukçylarynyň adamlaryň ýanynda ýa-da ýeke galanda erbet zatlary ret edip, dogry işler edende, Ýehowanyň nähili begenýändigini göz öňüne getiriň (Zeb. 15:1, 2; Sül. tym. 27:11). Sen hem dogry iş edip, Ýehowa bil baglaýandygyňy görkezip bilersiň.

Biperwaýlyga we garşylyga duşanda, Hudaýa bil baglaň

7. Ýeremiýa nähili synaga uçrady we käte özüni nähili duýýardy?

7 Doganlarymyzyň köpüsi wagyz etmek kyn ýerlerde gulluk edýär. Ýeremiýa pygamber hem Ýahuda patyşalygynyň soňky erbet günlerinde ýaşaýardy. Onuň Hudaýa gulak asyp, hökümini yglan edýändigi üçin, Ýehowa bil baglaýşy günde synalýardy. Hatda bir sapar onuň wepaly kätibi Baruk ýadandygyny aýtdy (Ýerem. 45:2, 3). Ýeremiýa lapykeç bolýarmydy? Hawa, käte lapykeç duýýardy. Ol şeýle diýdi: «Meniň doglan günüme waý!.. Zähmet bilen dert çekmek we ömrümiň soňky günlerini utançda tamamlamak üçin, näme üçin ejem meni dünýä indirdi?» (Ýerem. 20:14, 15, 18).

8, 9. Ýeremiýa 17:7, 8 we Zebur 1:1—3-nji aýatlara görä, biz gowy miwe berer ýaly näme etmeli?

8 Ýeremiýa ruhdan düşmän, Ýehowa bil baglaýardy. Bu wepaly pygamber Ýeremiýa 17:7, 8-nji aýatlarda: «Ýehowa bil baglaýan we Ýehowa daýanjy bolan adam bagtlydyr. Ol suwlar ýakasynda ekilip, kök uran agaç ýaly bolar. Ol jöwzany görmez, onuň ýapraklary gür bolar. Gurak ýyly alada etmez we miwesini berer» diýen Ýehowanyň sözleriniň berjaý bolandygyny gördi.

9 Ýeremiýa «suwuň ýakasynda ekilen» gür, miweli agaç ýa-da suwa ýakylýan miweli bag kimin hemişe «miwe berýärdi». Ol daş-töweregindäki ýaňsylaýjylaryň täsirine düşmedi. Gaýtam, ýaşaýyş berýän «suwdan» ganyp, Ýehowanyň aýdan sözlerini ýürekden berjaý edýärdi (Zebur 1:1—3-nji aýatlary okaň; Ýeremiýa 20:9). Bu biziň üçin, esasanam, wagyz etmek kyn ýerlerde ýaşaýan Hudaýyň gullukçylaryna nähili gowy görelde! Siz hem şeýle ýagdaýda bolsaňyz, çydamlylyk berýän Ýehowa berk bil baglap, «Onuň adyny ykrar ediň» (Ýew. 13:15).

10. Hudaý bize nähili bereketler berýär we özümize nähili sorag bermeli?

10 Şu soňky günlerde Ýehowa kynçylyklary ýeňmäge köp zatlar arkaly kömek edýär. Meselem, ol ençeme dile dogry terjime edilen doly Mukaddes Ýazgylary berýär. Ýehowa «sadyk hem akylly hyzmatkär» arkaly wagtynda ruhy taýdan peýdaly we bol iýmit bilen üpjün edýär. Ol ýygnak duşuşyklarynda we kongreslerde imandaşlar bilen mähirli gepleşik arkaly bizi goldaýar. Sen bu zatlardan doly peýdalanýarmyň? Bu zatlardan peýdalanýan dogan-uýalar «ýüregindäki rahatlykdan ýaňa begenip gygyrarlar». Emma Hudaýa gulak asmaýanlar bolsa, «ýüregindäki agydan ýaňa gygyrar, synyk ruhdan ýaňa nalar» (Iş. 65:13, 14).

Gaýgy-aladaňyz bolanda, Hudaýa bil baglaň

11, 12. Hudaýyň akyldarlygy dünýädäki aladalar babatda näme diýýär?

11 Pygamberlik edilişi ýaly, gitdigiçe adamlary gaýgy-aladalar basýar (Mat. 24:6—8; Ylh. 12:12). Aladalar basdygyça, millionlarça adamlar ýokary maliýe, syýasy ýa-da dini guramalara, şeýle-de ylma we tehnologiýa bil baglaýar. Emma olaryň hiç biri-de gorap bilmeýär (Ýerem. 17:5, 6). Ýehowanyň gullukçylary bolsa, «Ebedi Gaýa» bil baglaýar (Iş. 26:4). Mezmurçy şeýle diýdi: «(Ýehowa) meniň gaýam, gutulyşym we berk galam diňe Oldur» (Zebur 62:6—9-njy aýatlary okaň). Bu Gaýa bize nädip pena bolup biler?

12 Biz köplenç ynsan akyldarlygyna garşy gelýän Hudaýyň Sözüni okasak, Ýehowa ýakynlaşýarys (Zeb. 73:23, 24). Mysal üçin, adamlar ynsan akyldarlygyna eýerip: «Dünýä bir gezek inýäň, onuň hözirini görmeli», «uly wezipe edinmeli», «köp pul gazanmaly», «islän zadyňy almaly», «ýurt gezmeli» diýýär. Hudaýyň akyldarlygy bolsa: «Dünýäden peýdalanýanlar hem peýdalanmaýanlar ýaly bolsun; sebäbi dünýäniň häzirki ýagdaýy geçegçidir» diýip maslahat berýär (1 Kor. 7:31). Şonuň ýaly Isa-da, bize hemişe Hudaýyň Patyşalygyny birinji orunda goýup, «gökde hazyna ýygnamagy» maslahat berýär (Mat. 6:19, 20).

13. 1 Ýahýa 2:15—17-nji aýatlary göz öňünde tutup, özümize nähili soraglar bermeli?

13 «Dünýä» we «dünýädäki zatlara» bolan garaýşyň Hudaýa doly bil baglaýandygyňy görkezýärmi? (1 Ýahýa 2:15—17). Bu dünýäniň teklip edýän zatlaryna däl-de, Ýehowanyň bereketlerini almaga we Hudaýa gulluk etmäge güýçli islegiň bolup, wajyp saýýarmyň? (Flp. 3:8). «Gözüň sag» bolar ýaly tagalla edýärmiň? (Mat. 6:22). Elbetde, Hudaý seniň, esasanam, maşgalaly bolsaň, akylsyz we jogapkärsiz bolmagyňy islemeýär (1 Tim. 5:8). Emma Hudaý gullukçylarynyň Şeýtanyň ýok ediljek dünýäsine däl-de, Oňa bil baglamagyny isleýär (Ýew. 13:5).

14—16. «Gözüňi sag» saklap, Hudaýy birinji orunda goýsaň, nähili bereketler alarsyň?

14 Üç çagaly Riçard bilen Rutuň mysalyna seredeliň. Riçard şeýle diýýär: «Men Ýehowa köpräk gulluk edip biljekdigimi duýýardym. Meniň hemme zadym ýetikdi, ýöne Hudaýa diňe artyk galan zadymy berýärdim. Men Rut bilen bu barada doga edip, çykdajyny hasaplansoň, ýurdumyzda ykdysady krizis bolsa-da, başlygymdan hepdede dört gün işlemegi haýyş etdim. Başlyk haýyşymy ýerine ýetirdi we men täze grafik boýunça ýylda 11 aý işläp başladym». Häzir Riçard näme diýýär?

15 Ol: «Men öňküden ýigrimi göterim az aýlyk alsam-da, indi ýylda 50 günden gowrak maşgalam bilen bolup, çagalaryma terbiýe berýärin. Men iki esse köp wagyz edýärin, Mukaddes Ýazgylar okuwyny üç esse köp geçirýärin we ýygnakda köp jogapkärli işi ýerine ýetirýärin. Çagalarym bilen kän wagt bolup bilýändigim üçin, Rut käte kömekçi pioner bolup gulluk edýär. Men mümkin boldugyndan, köpräk şu grafik boýunça işlemegi ýüregime düwdüm» diýip, gürrüň berýär.

16 Gyzy bilen bile ýaşaýan Roý bilen Petina doly wagt gulluk etmek üçin dünýewi işde azrak işlemegi ýüregine düwdüler. Roý şeýle diýýär: «Men hepdede üç gün, Petina bolsa, iki gün işleýär. Şeýle-de biz hususy jaýdan, kiçi kwartira göçdük, sebäbi onuň arassaçylygyna seretmek aňsat bolýar. Biz ogul-gyzymyz bolmanka, pioner bolup gulluk edýärdik we hiç-haçan şol höwesimiz gaçmady. Çagalarymyz ulalansoň, biz doly wagt gulluga başladyk. Biziň alan bereketlerimizi hiç hili pula deňäp bolmaýar».

«Hudaýyň parahatlygy» ýüregiňizde bolsun

17. Mukaddes Ýazgylarda ertirki gün barada bize nähili göwünlik berilýär?

17 Ertirki günüň näme boljagyny hiç kim bilmeýär, emma hemmeler üçin «wagt we tötänlik» (Wag. 9:11). Ertiriňi gaýgy etmek, şu günki ýüregimizdäki parahatlygy bozýar, bu köplenç Hudaý bilen ýakyn gatnaşygy bolmadyk adamlarda howsalalyk döredýär (Mat. 6:34). Pawlus resul şeýle diýdi: «Hiç zadyň aladasyny etmän, her zatda dilegleriňizi doga we ýalbarma arkaly şükür bilen Hudaýa bildiriň. Her hili düşünjeden ýokary bolan Hudaýyň parahatçylygy Mesih Isada siziň ýüregiňizi, pikirleriňizi gorar» (Flp. 4:6, 7).

18, 19. Hudaý bize nädip teselli berýär? Mysal getiriň.

18 Dogan-uýalaryň köpüsi kyn ýagdaýlarda rahatlygy we Ýehowanyň berýän parahatlygyny duýýar. Bir uýa şeýle diýýär: «Lukman maňa gan goýberjek bolup, birnäçe gezek gorkuzdy. Ol gyjalat bilen: «Men saňa bir zat aýdaýyn, gan barada diýýän zatlaryň barysy biderek» diýdi. Şol wagt we soňam men içimden doga edip, kalbymda Hudaýyň parahatlygyny duýdum hem-de arkamda dag bar ýaly boldy. Gan azlygy sebäpli, ysgynsyz bolsam-da, Mukaddes Ýazgylaryň esasynda garaýşymy aýdyň düşündirip bildim».

19 Hudaý teselli berýän imandaşlar ýa-da wagtly-wagtynda berilýän ruhy iýmit arkaly ýardam edýär. Siz dogan ýa uýanyň şeýle diýenini eşidensiňiz: «Şu makala hut maňa degişli, meniň üçin ýazylan!» Hawa, ýagdaýymyz nähili bolaýanda-da ýa-da näme gerek bolsa-da, biz Ýehowa bil baglasak, ol söýgüsini görkezer. Galyberse-de, biz onuň «goýunlary» we onuň adyny göterýäris (Zeb. 100:3; Ýahýa 10:16; Res. iş. 15:14, 17).

20. Şeýtanyň dünýäsiniň soňy golaýlanda, Ýehowanyň gullukçylary näme üçin aman ýaşar?

20 Okgunly ýetip gelýän «Ýehowanyň gazap gününde» Şeýtanyň dünýäsine degişli we bil baglanylýan ähli zatlar ýok ediler. Gyzyl, kümüş we başga zatlar halas etmez (Sef. 1:18; Sül. tym. 11:4). Biziň üçin diňe «ebedi Gaýa» pena bolup biler (Iş. 26:4). Geliň, Ýehowa gulak asyp, onuň dogry ýolunda ýöräp, biperwaýlyga we garşylyga garamazdan, Hudaýyň Patyşalygyny wagyz edip, ähli gaýgy-aladamyzy oňa tabşyryp, Ýehowa doly bil baglalyň. Şu zatlary etsek, biz «Aman ýaşarys we ýamanlyk gorkusyndan dynç bolarys» (Sül. tym. 1:33).

a «Hudaýyň söýgüsi» diýen kitabyň 116—120-nji sahypalaryna serediň.

Siz nähili düşündirersiňiz?

Biz nädip

• synaga düşende,

• biperwaýlyga we garşylyga duşanda,

• gaýgy-aladamyz bolanda, Hudaýa bil baglap bileris?

    Türkmençe edebiýatlar (1997—2026)
    Çykmak
    Girmek
    • türkmen
    • Paýlaş
    • Sazlamalar
    • Copyright © 2025 Watch Tower Bible and Tract Society of Pennsylvania
    • Şertler we düzgünler
    • Gizlinlik syýasaty
    • Gizlinlik sazlamalary
    • JW.ORG
    • Girmek
    Paýlaş