Garawul diňiniň ONLAÝN KITAPHANASY
Garawul diňiniň
ONLAÝN KITAPHANASY
türkmen
Ä
  • Ç
  • ç
  • Ä
  • ä
  • Ž
  • ž
  • Ň
  • ň
  • Ö
  • ö
  • Ş
  • ş
  • Ü
  • ü
  • Ý
  • ý
  • MUKADDES KITAP
  • EDEBIÝATLAR
  • DUŞUŞYKLAR
  • w11 15/4 sah. 13—17
  • Hudaýy şöhratlandyrýan karara geliň!

Şuňa degişli wideo ýok.

Bagyşlaň, wideo ýüklenende näsazlyk ýüze çykdy.

  • Hudaýy şöhratlandyrýan karara geliň!
  • Garawul diňi Ýehowa Hudaýyň Patyşalygyny yglan edýär — 2011
  • Sözbaşylar
  • Meňzeş maglumat
  • Näme üçin karara gelmeli?
  • Näme üçin karara gelmek kyn bolýar?
  • Dogry karara gelmäge kömek edýän alty ädim
  • Hudaýy şöhratlandyrýan karara gelmäge kömek ediň
  • Paýhasly karara gelip, imanyňyzy görkeziň
    Garawul diňi Ýehowa Hudaýyň Patyşalygyny yglan edýär — 2017
  • Dogry karara nädip gelmeli?
    Ebedi ýaşaň! Mukaddes Kitap boýunça söhbetdeşlik
  • Paýhasly karara geliň
    Garawul diňi Ýehowa Hudaýyň Patyşalygyny yglan edýär — 2013
  • «Her kim öz ýüküni özi götermeli»
    Garawul diňi Ýehowa Hudaýyň Patyşalygyny yglan edýär — 2006
Başgalary
Garawul diňi Ýehowa Hudaýyň Patyşalygyny yglan edýär — 2011
w11 15/4 sah. 13—17

Hudaýy şöhratlandyrýan karara geliň!

«Paýhasly adam... öz ädimlerine dykgat edýändir». (SÜL. TYM. 14:15)

1, 2. a) Biz karara gelenimizde, ilki, näme barada oýlanmaly? b) Biz nähili soraglara serederis?

BIZ her gün köp karara gelmeli bolýarys. Olaryň käbiri ýaşaýşymyza onçakly täsir etmeýär, käbiri bolsa güýçli täsir edýär. Emma gelýän ähli kararlarymyz — uly bolsun, kiçi bolsun — Hudaýy şöhratlandyrmaly (1 Korintoslylar 10:31-i okaň).

2 Saňa karara gelmek aňsatmy ýa-da kyn? Eger biz ruhy taýdan berk mesihçi bolmak islesek, ýagşy bilen ýamany tapawutlandyrmagy öwrenmeli we karara gelmegi başarmaly (Rim. 12:1, 2; Ýew. 5:14). Biz näme üçin dogry karara gelmegi öwrenmeli? Näme üçin käte karara gelmek kyn bolýar? Hudaýy şöhratlandyrýan karara gelmek üçin nähili ädimleri ätmeli?

Näme üçin karara gelmeli?

3. Dogry karara gelmek islesek näme etmeris?

3 Eger biz Mukaddes Ýazgylaryň kadalaryna dogumly eýermesek, onda synpdaşlarymyz ýa-da işdeşlerimiz biziň imanymyz gowşakdyr öýderler. Olar bizi «köpçüligiň yzyna» eýertjek bolup, ýalan sözlemäge, kezzaplyk we ogrulyk etmäge itererler ýa-da erbet işlerini ýaşyrmagymyzy islärler (Müs. çyk. 23:2). Emma Hudaýy şöhratlandyrmakda nähili karara gelmelidigini bilýän adam biriniň göwnünden turmak üçin ýa-da ondan gorkup, Mukaddes Ýazgylar boýunça terbiýelenen ynsabyna garşy gitmez (Rim. 13:5).

4. Näme üçin käbir adamlarda bize derek karara gelmek islegi bolýar?

4 Emma hemme adamlar bize ýamanlyk islemeýär. Dost-ýarlarymyz bize ýagşy niýet bilen maslahat berip, oňa eýermegimizi isleýärler. Biz dogan-garyndaşlarymyz bilen ýaşamasak-da, olar bizi gaýgy edýärler. Belki-de, bize wajyp bolan meseleleri bilelikde çözmek isleýändirler. Geliň, häzir bejergi almak meselesine seredeliň. Injilde: «Gandan... gaça durmaly» diýilýär (Res. iş. 15:28, 29). Emma onda bejergi babatda anyk görkezme berilmeýär, şol sebäpli nähili bejergini almalydygyny özümiz çözmelia. Bu meselede dogan-garyndaşlarymyzyň öz garaýyşy bolmagy mümkin. Emma özüni Hudaýa bagyş edip, suwda çokundyrylan mesihçi «öz ýüküni özi götermeli» (Gal. 6:4, 5). Biz adamlaryň göwnünden turmaly däl-de, Hudaýyň öňünde päk ynsaby saklamaly (1 Tim. 1:5).

5. Imanymyz heläkçilige uçramaz ýaly näme edip bileris?

5 Ýaýdanjaňlyk örän howply bolup biler. Ýakup şägirt durnuksyz adamyň «bütin ýollarynda... ikigöwünli» bolýandygyny aýdýar (Ýakup 1:8). Ol deňiz tupanynda rulsuz gämide eýläk-beýläk çaýkanýan adam ýaly, ygtybarsyz hem durnuksyz ynsan pikirleriniň täsirine düşer. Şeýle adamyň imany heläkçilige uçrap, hatda ol başgalary-da günäkärläp başlar (1 Tim. 1:19). Şeýle betbagtçylyga uçramaz ýaly näme etmeli? Munuň üçin «imanda berkemeli» (Koloseliler 2:6, 7-nji aýatlary okaň). Hudaýyň Sözüne iman edip, karara gelmegi öwrenmeli (2 Tim. 3:14—17). Emma dogry karara gelmäge näme päsgel bermegi mümkin?

Näme üçin karara gelmek kyn bolýar?

6. Karara gelmäge bize näme päsgel berip biler?

6 Käte biz ýalňyşaryn, şowsuzlyga uçraryn ýa-da adamlar üstümden güler öýdüp, karara gelmäge gorkýarys. Elbetde, hiç kim nädogry karara gelip, betbagtçylyga uçramak ýa-da masgara bolmak islemeýär. Hudaýa we Onuň Sözüne bolan söýgi bize şeýle gorkyny ýeňmäge kömek edip biler. Nädip? Hudaýa bolan söýgi bize belli bir netijä gelmänkäk, hemişe Mukaddes Ýazgylara we oňa esaslanan edebiýatlara ýüz tutmaga höweslendirer. Şonda biz nädogry karara gelmegiň öňüni alyp bileris. Näme üçin? Sebäbi Mukaddes Ýazgylar «mön adama parasat, ýaş adama bilim we düşünje berýär» (Sül. tym. 1:4).

7. Biz Dawut patyşa bilen bolan wakadan näme öwrenýäris?

7 Eýsem, biziň gelen kararlarymyz hemişe dogry bolarmy? Ýok. Biziň ählimiz hem ýalňyşýarys (Rim. 3:23). Meselem, Dawut patyşa paýhasly we Hudaýa wepaly adam bolsa-da, käte nädogry karara gelip, hem özüne, hem başgalara zyýan ýetirdi (2 Sam. 12:9—12). Emma Dawut ýalňyşsa-da, Hudaýa ýaramly karara gelmegi dowam edipdir (1 Pat. 15:4, 5). Eger biz ýalňyşan bolsak, Dawut ýaly Ýehowanyň günälerimizi bagyşlaýandygyny unutmasak, karara gelmekden gorkmarys. Ýehowa özüni söýýän we gulak asýan adamlary hökman goldar (Zeb. 51:1—4, 7—10).

8. Pawlus resulyň maşgala gurmak barada beren maslahatyndan näme öwrenýäris?

8 Men nätsem, dogry karara gelerin diýip, köp alada etmeli däl. Näme üçin? Sebäbi käte bir meseläniň birnäçe çözgüdi bolýar. Pawlus resulyň maşgala gurmak meselesi barada aýdanlaryna seredeliň. Ol Hudaýyň ylhamy bilen şeýle diýdi: «Öýlenmediklere, dul hatynlara, meniň ýaly galsalar, olar üçin ýagşydyr diýýärin. Nebislerine buýrup bilmeýän bolsalar, onda öýlensinler, sebäbi öýlenmek yşk oduna ýanmakdan gowudyr» (1 Kor. 7:8, 9). Pawlusyň aýtmagyna görä, sallahlyk has gowy, emma bu ýeke-täk ýol däldir.

9. Biz karara gelmeli bolanda, başgalaryň pikirini göz öňünde tutmalymy? Düşündiriň.

9 Bir karara gelmeli bolanda, başgalaryň pikirini göz öňünde tutmalymy? Bir tarapdan, göz öňünde tutmaly bolar. Butlara gurban edilen eti iýmek barada Pawlusyň aýdan sözlerine üns beriň. Ol şeýle eti iýmegiň nädogry däldigine düşünýärdi. Emma iýse, ynsaby gowşak dogana zyýan ýetirmegi mümkindi. Pawlus nähili karara geldi? Ol: «Damak doganymyň büdremegine sebäp bolýan bolsa, onda men doganymy büdretmez ýaly, asla et iýmerin» diýdi (1 Kor. 8:4—13). Biz hem gelen kararlarymyzyň başgalaryň ynsabyna etjek täsiri barada oýlanmaly. Elbetde, biz gelen kararymyzyň, esasan, Ýehowa bilen dostlugymyza etjek täsirini göz öňünde tutmaly (Rimliler 14:1—4-nji aýatlary okaň). Mukaddes Ýazgylaryň haýsy prinsipleri Hudaýy şöhratlandyrýan karara gelmäge kömek eder?

Dogry karara gelmäge kömek edýän alty ädim

10, 11. a) Biz maşgalada nädip tekepbirlikden gaça durup bileris? b) Ýaşulular tutuş ýygnagyň adyndan karara gelende nämäni unutmaly däl?

10 Tekepbirlikden gaça duruň. Biz belli bir karara gelmänkäk, özümize şeýle sorag bersek gowy bolar: «Şu meselede karary men kabul etmelimi?» Süleýman patyşa: «Tekepbirlik gelse, utanç gelýändir; akyldarlyk bolsa pes göwünliler bilendir» diýip ýazdy (Sül. tym. 11:2).

11 Ata-eneler käte çagalaryna karara gelmäge rugsat berip biler, emma çagalar ähli zady özleri çözmelidir öýtmeli däl (Kol. 3:20). Maşgalada aýalyň hem belli bir zatlary etmäge ygtyýary bar, ýöne ol ýanýoldaşynyň baştutanlygyna tabyn bolmagy unutmaly däl (Sül. tym. 1:8; 31:10—18; Efes. 5:23). Şonuň ýaly-da, erkek adam ygtyýarynyň çäklidigini bilip, Mesihe tabyn bolmaly (1 Kor. 11:3). Ýaşulular hem tutuş ýygnagyň adyndan karar kabul edýärler. Emma olar Hudaýyň Sözünde «ýazylanlardan artyk pikir etmeýärler» (1 Kor. 4:6). Şeýle-de olar sadyk hyzmatkäriň görkezmelerine doly eýerýärler (Mat. 24:45—47). Eger biz karara gelmek meselesinde pes göwünli bolsak, onda özümizi-de, başgalary-da gaýgy-alada goýmarys.

12. a) Biz näme üçin gözleg geçirmeli? b) Nädip gözleg geçirip bolýandygyny düşündiriň.

12 Gözleg geçiriň. Süleýman patyşa: «Işeňňir adamyň pikirleri diňe bolçulyga getirýändir; alňasak adamlaryň bary diňe garyplyga barýandyr» diýip ýazdy (Sül. tym. 21:5). Aýdaly, sen karz almak isleýärsiň. Şeýle ýagdaýda ýüregiňe bil baglama. Bu barada ähli zatlary bilmäge çalşyp, tejribeli adamlar bilen maslahatlaş we oňa degişli Mukaddes Ýazgylaryň prinsipleri barada oýlan (Sül. tym. 20:18). Gözlegiň netijesini jemlemek üçin, iki kagyzy alyp: onuň birine peýdaly tarapyny, beýlekisine ýetirjek zyýanyny belläp bilersiň. Ilki, «harjyňy hasaplap», soňra karara gel (Luka 14:28). Belli bir kara gelensoň, onuň diňe bir maddy ýagdaýyňa däl-de, ruhy saglygyňa-da ýetirjek täsirini göz öňünde tut. Şeýle gözlegi geçirmäge wagtyňy we güýjüňi gaýgyrma. Şeýtseň, sen howlukmaç karar kabul etmersiň we köp kynçylyklaryň, gaýgy-aladalaryň öňüni alarsyň.

13. a) Ýakup 1:5-de näme diýilýär? b) Näme üçin akyldarlyk barada doga etmeli?

13 Hudaýdan akyldarlyk diläň. Eger biz Hudaýyň kömegine bil baglasak, gelen kararymyz ony şöhratlandyrar. Ýakup şägirt şeýle ýazdy: «Siziň biriňize akyldarlyk ýetmezlik edýän bolsa, ol hemmelere jomartlyk bilen käýemän berýän Hudaýdan dilesin, oňa berler» (Ýakup 1:5). Dogry karara gelmek üçin Hudaýyň akyldarlygyna mätäçdigimizi boýun almaga çekinmeli däl (Sül. tym. 3:5, 6). Sebäbi diňe öz düşünjämize bil baglasak, ýalňyşyp bileris. Eger biz Hudaýyň akyldarlygyny diläp, Onuň Sözündäki prinsipleri öwrensek, mukaddes ruh bize ýüregimiziň niýetlerini bilip, näme üçin şeýle karar kabul etmelidigine düşünmäge kömek eder (Ýew. 4:12; Ýakup 1:22—25-nji aýatlary okaň).

14. Biz näme üçin haýal-ýagallyk etmeli däl?

14 Belli bir karara geliň. Derrew karar kabul etmäge howlukma, ilki, gözleg geçir we Hudaýdan akyldarlyk dile. Paýhasly adam «öz ädimlerine dykgat edýändir» (Sül. tym. 14:15). Emma haýal-ýagallyk hem etme, ýogsam, dürli bahanalaryň köpelmegi mümkin (Sül. tym. 22:13). El gowşuryp oturýan adam, aslynda, başgalaryň oňa derek karar kabul etmegine ýol berýändir.

15, 16. Gelen kararyňy ýerine ýetirmek üçin näme etmeli?

15 Gelen kararyňyzy ýerine ýetiriň. Eger biz gelen kararymyzy durmuşymyzda ulanmasak, onda eden tagallamyz biderek bolar. Süleýman patyşa: «Eliňde baryny gaýgyrman et» diýip ýazdy (Wag. 9:10). Biz gelen kararymyzy ýerine ýetirip, üstünlik gazanmak üçin elimizde baryny etmäge taýyn bomaly. Meselem, wagyzçy pioner bolup gulluk etmegi maksat edinýär. Ol goýan maksadyna ýetip bilermi? Eger iş bilen başagaý bolmasa, dürli göwün açmalara güýjüni sarp edip, wagtyny ýitirmese, ol pioner gullugyna başlap biler.

16 Gelnen gowy karary ýerine ýetirmek aňsat däl. Näme üçin? Sebäbi «bütin dünýä... iblisiň goly astynda» (1 Ýahýa 5:19). Biz «bu garaňky dünýäniň häkimiýetlerine garşy, ýamanlygyň gökdäki ruhy gudratlaryna garşy» söweşmeli (Efes. 6:12). Pawlus resul bilen Ýahuda şägirt hem Hudaýy şöhratlandyrmak isleýän adamlaryň aýgytly göreş alyp barmalydygyny aýtdylar (1 Tim. 6:12; Ýahuda 3).

17. Karara gelmek babatda Ýehowa bizden nämä garaşýar?

17 Gelen kararyňyza täzeden seredip, üýtgedip bilersiňiz. Biz ertirki günüň näme getirjegini bilmeýäris, şol sebäpli käte gelen kararymyz isleýşimiz ýaly amala aşmaýar (Ýakup 4:13, 14). Emma kynçylyklara garamazdan, Ýehowa käbir ýagdaýda gelen kararymyzy ýerine ýetirmegimizi isleýär. Meselem, özüni Ýehowa bagyş eden ýa-da maşgala guran adam pikirini üýtgedip bilmez. Sebäbi Hudaý biziň beren wadamyza görä ýaşamagymyzy isleýär (Zebur 15:1, 2, 4-nji aýatlary okaň). Emma käbir kararlary üýtgedip bolýar. Paýhasly adam wagtal-wagtal gelen kararyna täzeden seredýär. Ol kararyny üýtgetmejek bolup, tekepbirlik ýa-da kesirlik etmez (Sül. tym. 16:18). Ol elmydama ýaşaýşy bilen Hudaýy şöhratlandyrmaga jan eder.

Hudaýy şöhratlandyrýan karara gelmäge kömek ediň

18. Ata-eneler çagalaryna dogry karara gelmegi nädip öwredip biler?

18 Ata-eneler çagalaryna Hudaýy şöhratlandyrýan karara gelmäge kömek edip biler. Görelde — gowy mugallym (Luka 6:40). Ata-eneler karara gelende, näme edýändigini çagalaryna gürrüň berip bilerler. Şeýle-de olar käbir ýagdaýda çagalaryna karara gelmäge rugsat berip biler. Eger olaryň gelen karary gowy netije getirse, onda çagalaryny öwüp biler. Çaga nädogry karara gelse näme? Belki, ata-ene munuň öňüni almak islär, emma bu hemişe çaga peýdaly bolmaz. Aýdaly, ata-ene ogluna sürüjilik şahadatnama almaga rugsat berýär. Bir gün ol ýol hereketini bozup, jerime tölemeli bolýar. Ata-ene jerimäni töläp biler. Ýöne jerime tölemek üçin oglanyň özi zähmet çekmeli bolsa, ol jogapkärçilik çekmegi öwrener (Rim. 13:4).

19. Biz okuw geçýän adamlara karara gelmegi nädip öwredip bileris?

19 Isa Mesih şägirtlerine adamlara wagyz etmegi tabşyrdy (Mat. 28:20). Mukaddes Ýazgylar okuwyny geçýän adamlara dogry karara gelmegi öwretmek hem wajypdyr. Munuň üçin biz olara «şeýle-şeýle et» diýmegiň deregine, olaryň özleri karara geler ýaly, Mukaddes Ýazgylaryň prinsipleriniň üstünde oýlanmagy öwretsek has gowy bolar. Sebäbi «her kişi özi üçin Hudaýa jogap berer» (Rim. 14:12). Şeýlelikde, geliň, hemişe Hudaýy şöhratlandyrýan karara geleliň.

a Bu babatda «Ganyň fraksiýalary we gan ulanylýan bejergiler» («Hudaýyň söýgüsi» kitaby, sah. 246—249) we «Men ganyň fraksiýasy we öz ganym bilen ulanylýan bejergiler hakda nähili karara gelmeli?» («Hudaýa gullugymyz», noýabr 2006 ý., sah. 3—6) diýen makalalara serediň.

Siz nähili jogap berersiňiz?

• Biz näme üçin karara gelmegi öwrenmeli?

• Gorky bize nähili täsir edip biler we ony nädip ýeňmeli?

• Hudaýy şöhratlandyrýan karara gelmäge haýsy alty ädim kömek eder?

[16-njy sahypadaky çarçuwa]

Dogry karara gelmegiň alty ädimi

1 Tekepbirlikden gaça duruň

2 Gözleg geçiriň

3 Hudaýdan akyldarlyk diläň

4 Belli bir karara geliň

5 Gelen kararyňyzy ýerine ýetiriň

6 Täzeden seredip, üýtgediň

    Türkmençe edebiýatlar (1997—2026)
    Çykmak
    Girmek
    • türkmen
    • Paýlaş
    • Sazlamalar
    • Copyright © 2025 Watch Tower Bible and Tract Society of Pennsylvania
    • Şertler we düzgünler
    • Gizlinlik syýasaty
    • Gizlinlik sazlamalary
    • JW.ORG
    • Girmek
    Paýlaş