Geliň, bile şatlanalyň!
ŞU GÜNLER bagtly we şadyýan bolmak gitdigiçe kynlaşýar. Köp adamlar gowy zatlary gürrüň bermegi kyn görýär. Esasanam, uly şäherleriň ýaşaýjylary özüni çetde tutup, ýekesireýärler.
Psihologiýa boýunça professor Alberto Oliwerionyň aýtmagyna görä, häzir ýekelik giňden ýaýran, çünki uly şäheriň başagaýlygy sebäpli adamlaryň köpüsi özüni çetde tutup, ýekesireýär. Biz köplenç işdeşimiziň, goňşymyzyň ýa-da golaý dükandaky satyjynyň durmuşy bilen gyzyklanmaýarys. Şeýle ýekelik göwnüçökgünlige eltýär.
Emma mesihçileriň ýagdaýy we garaýşy tapawutlanýar. Pawlus resul: «Hemişe şatlanyň» diýýär (1 Sel. 5:16, TD). Dogrudan-da, bizde şatlanmaga köp sebäp bar. Biz Hemmeden Beýik Ýehowa Hudaýa sežde edýäris. Şeýle-de biz Mukaddes Ýazgylardaky hakykata düşünýäris. Onsoňam, biziň halas bolmaga we ebedi ýaşamaga umydymyz bar. Biz başgalara-da şol bereketleri almaga kömek edýäris (Zeb. 106:4, 5; Ýerem. 15:16; Rim. 12:12).
Mesihçiler şatlygy barada gürrüň bermegi we şatlanmagy bilen tanalýar. Şol sebäpli Pawlusyň filipililere: «Men şatlanaryn, hemmäňiziň şatlygyňyza şärik bolaryn. Şeýlelikde, siz hem şatlanyň, şatlygyma şärik boluň» diýendigine hem geň galmaýarys (Flp. 2:17, 18). Şu iki aýatda Pawlus şatlanmagyň ähmiýetini gaýta-gaýta nygtap geçýär.
Mesihçiler özüni çetde tutmakdan ägä bolmaly. Sebäbi özüni çetde tutýan adam imandaşlary bilen şatlanyp bilmez. Eýsem, biz Pawlusyň doganlar bilen «Rebde şatlanyň» diýen nesihatyna nädip eýerip bileris? (Flp. 3:1).
Dogan-uýalar bilen şatlanyň
Pawlus filipililere hatyny tussaglykda ýazan bolmaly. Ol wagyz edeni üçin tussag edilipdi (Flp. 1:7; 4:22). Ýöne tussag edilse-de, Pawlusyň wagyz işine yhlasy gowşamady. Muňa garamazdan, ol «Hudaýa hödürlenen şerap ýaly dökülmäge», ýagny başardygyndan gulluk etmäge çalşyp, köp şatlanýardy (Flp. 2:17). Pawlusyň mysalyndan görnüşi ýaly, şatlanmak ýagdaýyňa bagly bolmaýar. Ol tussaglykda bolandygyna garamazdan: «Men muňa şatlanýaryn» diýdi (Flp. 1:18).
Pawlus Filipi şäherinde ýygnak döredipdi, şol sebäpli filipili dogan-uýalary ýürekden söýýärdi. Ol Ýehowa gulluk edip, şatlanýandygy barada filipililere gürrüň berse, olaryň ruhlanjakdygyny bilýärdi. Ol şeýle ýazýar: «Eý doganlar, meniň başdan geçirenlerimiň Hoş Habaryň ýaýramagyna ýarandygyny bilmegiňizi isleýärin. Çünki kaýsaryň tutuş köşgüni saklaýan esgerlere we beýlekilere meniň Mesih ugrunda zynjyrlar bilen baglydygym şonuň netijesinde mälim boldy» (Flp. 1:12, 13). Pawlusyň başdan geçirenlerini eşidip, filipilili dogan-uýalar ruhlandylar. Şeýlelikde, Pawlus hem, filipili mesihçiler hem şatlandylar. Pawlus türmede bolsa-da, filipililerde şatlanar ýaly hem-de ruhdan düşmez ýaly köp sebäpler bardy. Bu babatda olar Pawlusyň göreldesine eýermelidi (Flp. 1:14; 3:17). Filipililer Pawlus üçin doga edip, gerekli goldawy berseler, oňa kömek etdigi bolardy (Flp. 1:19; 4:14—16).
Biz hem Pawlus ýaly şadyýan bolup bilerismi? Durmuşda we gullugymyzda bolýan gowy zatlar barada oýlanmaga çalyşýarysmy? Biz dogan-uýalar bilen söhbetdeşlikde wagyzda bolýan wakalar barada gürrüň berip, şatlanyp bileris. Munuň üçin wagyzda aýratyn bir gyzykly wakalaryň bolaryna garaşyp ýörmeli däl. Belki, biz wagyzda bir hödüriň ýa-da pikiriň kömegi bilen adamlary hoş habar bilen gyzyklandyrandyrys. Ýa-da öý eýesi bilen bir aýadyň esasynda gowy gürrüňdeş bolandyrys. Mümkin, wagyz edip ýörkäk, adamlar biziň Ýehowanyň Güwäçisidigimizi bilendigi üçin wagyz etmäge oňat mümkinçilik dörändir. Biz şeýle wakalary dogan-uýalara gürrüň berip, bilelikde şatlanyp bileris.
Ýehowanyň käbir gullukçylary hoş habary ýaýratmak üçin köp zatdan geçýärler. Pionerler, aýlanýan gözegçiler, beýtelçiler, missionerler we halkara gurluşygyna gatnaşýan doganlar doly wagt gulluk edip, begenýärler. Biz hem olar bilen bile şatlanýarysmy? Onda «Hudaýyň Patyşalygy üçin zähmet çekýän» şol gadyrly işdeşlerimize minnetdarlygymyzy bildireris (Kol. 4:11). Geliň, olary ýygnakda ýa-da kongreslerde ýürekden ruhlandyralyň. Şeýle-de olaryň yhlasly göreldesine eýerip bileris. Olary myhmançylyga çagyryp, gyzykly gürrüňlerini we abatlaýjy sözlerini diňlemek üçin mümkinçilik taparys (Flp. 4:10).
Synaga düşenler bilen şatlanyň
Pawlus resul yzarlamalara we agyr synaglara garamazdan, Ýehowa wepaly bolmagy ýüregine berk düwüpdi (Kol. 1:24; Ýakup 1:2, 3). Ol filipili doganlaryň hem şeýle synaglara duşýandygyny bilýärdi. Pawlus synaglara çydamagy bilen filipili doganlary ruhlandyrjakdygyna begenýärdi. Şol sebäpli-de ol: «Mesihiň hatyrasyna Oňa diňe iman getirmek däl, eýsem Onuň ugrunda görgi görmek hem size berlendir. Siziň alyp barýan göreşiňiz menden gören we şindi hem alyp barýanymy eşiden göreşiňizdir» diýdi (Flp. 1:29, 30).
Şu günler hem mesihçiler wagyz edýändigi üçin yzarlanýar. Käte olar zalym yzarlamalara sezewar bolsalar-da, käte onçakly yzarlanylmaýar. Meselem, olara imandan dänenler töhmet atýar, maşgala agzalary garşylyk görkezýär, işdeşleri ýa-da klasdaşlary üstünden gülýär. Isanyň aýtmagyna görä, biz şeýle synaglara geň galyp, ruhdan düşmeli däl. Gaýtam, muňa begenmeli. Ol şeýle diýdi: «Men zerarly sögülen, yzarlanan, nähak ýere her hili gybatyňyz edilen mahaly siz bagtlysyňyz! Şat boluň, begeniň, gökde aljak sylagyňyz uludyr» (Mat. 5:11, 12).
Biz käbir ýurtlarda doganlaryň rehimsiz yzarlanýandygyny eşidip, gorkmaly däl. Gaýtam, olaryň çydamly gulluk edişine begenmeli. Biz şol dogan-uýalar üçin dogap edip, Ýehowadan olaryň imanyny berkitmegi hem-de çydamlylyk bermegini diläp bileris (Flp. 1:3—5). Şol ýurtlarda ýaşaýan doganlar üçin başga hiç zat edip bilmesek-de, biz öz ýygnagymyzda synaga düşen imandaşlarymyza kömek etsek bolar. Olar bilen gyzyklansak, goldaw berip bileris. Käte olary maşgala okuwyna, wagza ýa-da dynç almaga çagyrsak, bile şatlanarys.
Görşümiz ýaly, bizde şatlanmaga sebäp kän! Geliň, özümizi çetde tutup, bu dünýä meňzemäliň we dogan-uýalar bilen gatnaşyp, bilelikde şatlanalyň. Şeýtsek, diňe bir ýygnagymyzda söýgüni we agzybirligi artdyrman, eýsem dünýädäki ähli doganlar bilen şatlanarys (Flp. 2:1, 2). Pawlusyň aýdyşy ýaly, «Rebde hemişe şatlanyň, ýene-de aýdýaryn, şatlanyň» (Flp. 4:4).
[6-nji sahypadaky suratyň awtory barada maglumat]
Globe: Courtesy of Replogle Globes