Siz gowy dynç alýarsyňyzmy?
«Rebbiň pisindi oturjak (halaýan, TD) zadyny aňlajak boluň (EFES. 5:10).
1, 2. a) Mukaddes Ýazgylarda Ýehowanyň ýaşaýyşdan lezzet almagymyzy isleýändigi hakynda näme diýilýär? b) Biz dynç alşa «Hudaýyň sowgady» ýaly garasak, näme etmäge höweslendirer?
MUKADDES ÝAZGYLARDA Ýehowanyň biziň ýöne bir ýaşamagymyzy däl-de, eýsem ýaşaýyşdan lezzet almagymyzy isleýändigi aýdylýar. Meselem, Zebur 104:14, 15-nji aýatlarda: «Ynsan ýüregini şatlandyrýan şeraby, onuň ýüzüni ýaldyradýan ýagy, ynsan ýüregine güýç berýän çöregi» Ýehowanyň berýändigi aýdylýar. Ýehowa bize bugdaýdan, ýagdan, şerapdan iýmitlener ýaly, bol hasyl berýär. Şerap hem «ýüregi şatlandyrýar». Ýaşamak we ondan lezzet almak üçin bu zatlar örän wajyp (Wag. 9:7; 10:19). Hawa, Ýehowa ýüregimizi şatlykdan dolduryp, bagtly bolmagymyzy isleýär (Res. iş. 14:16, 17).
2 Şol sebäpli käte Mukaddes Ýazgylardan «gögüň guşlaryna... meýdan liliýalaryna» serediň ýa-da bize şypa berýän we durmuşymyzy manyly edýän zatlar barada okanymyzda, özümizi günäkär duýmaly däl (Mat. 6:26, 28; Zeb. 8:3, 4). Ýaşaýyşdan lezzet almak «Hudaýyň sowgadydyr» (Wag. 3:12, 13). Boş wagtymyza Ýehowanyň sowgady hökmünde garasak, ony Hudaýa ýaramly bolar ýaly geçirerisa.
Her hili dynç alyş we onuň çäkleri
3. Näme üçin her hili dynç alşa ýerlikli diýse bolýar?
3 Dynç alşa dogry garaýan adam, ony çäklendirmelidigine düşünýär. Näme üçin? Geliň, bu soragyň jogabyny biler ýaly, dynç alşy iýmit bilen deňeşdireliň. Dünýäniň ähli ýerinde adamlaryň milli nahary biri-birinden tapawutlanýar. Mysal üçin, käbir adamlara naharyň bir görnüşi ýarasa, beýlekilere ýaramaýar. Şonuň ýaly bir ýurtda ýaşaýan mesihçilere belli bir dynç alyş ýaraýan bolsa, başga ýerdäki mesihçiler muny halamaýar. Hatda bir ýerde ýaşaýan mesihçileriň hem garaýşy biri-birinden tapawutlanmagy mümkin (meselem, biri üçin bir kitap gyzykly bolsa) başga biri üçin ýürekgysdyryjy bolýar; biri tigirli gezelenç etmegi gowy görse, başga biri muny kyn görýär. Şol sebäpli, biz iýmit we dynç almak babatda her kimiň halaýan we halamaýan zadynyň bolýandygyna düşünmeli (Rim. 14:2—4).
4. Dynç alşy saýlanymyzda näme üçin çäk goýmaly? Mysal getiriň.
4 Emma biz isleýşimize görä dynç alyp bilýäris diýip, öz-özümizi aldamaly däl. Muňa düşünmek üçin iýmit baradaky mysaly ýada salalyň. Biz her dürli iýmiti iýip bilsek-de, zaýalanan zady bilgeşleýin iýmeris. Zaýalanan iýmit iýsek, akylsyzlyk bolardy we jan-saglygymyza zyýan ýetirer. Şonuň ýaly, biz her hili peýdaly göwün açmalary bilsek-de, janyňa howp salýan, zalym ýa-da ahlak taýdan bozuk göwün açmalara boş wagtymyzy sarp etmeris. Şeýle göwün açmalar Mukaddes Ýazgylaryň prinsiplerine garşy gidýär, jan-saglygymyza hem-de ruhy taýdan zyýan ýetirýär. Biz öňünden haýsy dynç alşyň peýdaly, haýsysynyň peýdaly däldigini bilip, çäk goýsak paýhasly bolar (Efes. 5:10). Biz muny nädip edip bileris?
5. Dynç alşymyzyň Hudaýyň talaplaryna laýyk gelýändigini nädip seljerip bileris?
5 Dynç alyş peýdaly we Ýehowa ýaramly bolar ýaly, Hudaýyň Sözündäki esasy talaplara laýyk gelmeli (Zeb. 86:11). Nähili dynç alşyň saňa gowy boljagyny biler ýaly, bir kagyza nähili, näçe wagt we kim bilen diýen üç soragy ýazyp bilersiň. Geliň, şu soraglaryň jogabyna jikme-jik seredeliň.
Nähili göwün açmalar bar?
6. Nähili göwün açmalardan gaça durmaly we näme üçin?
6 Haýsydyr bir zat bilen göwün açmazdan öň, özüňe men boş wagtymy nähili geçirmegi gowy görýärin?» diýen soragy ber. Bu soraga jogap bermek üçin, iki hili göwün açmanyň bardygyny unutmasaň peýdaly bolar. Birinjisine, ýok diýmeli, ikinjisine mümkin. Ýok diýmek näme? Bu zalym dünýädäki göwün açmalaryň köpüsinde Hudaýyň kadalary we prinsipleri bilgeşleýin bozulýar (1 Ýahýa 5:19). Mesihçiler şeýle göwün açmalaryň ählisini ret etmegi berk ýüregine düwdüler. Şeýle göwün açmalara sadizm (azgynçylykly jyns gatnaşygy), demonizm (hilegärlik, ýigrenjilik), gomoseksualizm (bir jynsdan bolan tebigy däl jyns gatnaşyk) pornografiýa (jynsy höwesleri oýarmak üçin ulanylýan şekilleri, ahlaksyz zatlary ýazuw üsti bilen ýa-da söz arkaly suratlandyrmak) ýa-da zalym we ýigrenji zatlary, ahlaksyzlygy şöhratlandyrýan zatlar degişli (1 Kor. 6:9, 10; Ylham 21:8-i okaň). Biz şeýle göwün açmalardan doly gaça dursak, nirede bolsak-da, Ýehowanyň «erbetligi ýigrenýändigini» subut ederis (Rim. 12:9; 1 Ýahýa 1:5, 6).
7, 8. Biz käbir göwün açmalaryň gowudygyny nädip bilýäris? Mysal getiriň.
7 Göwün açmanyň ikinji görnüşine Hudaýyň Sözünde anyk ýazgarylmaýan dynç alyş degişli. Göwün açma saýlamazdan öňürti, biz Mukaddes Ýazgylardaky prinsiplerden haýsy göwün açmanyň Ýehowanyň garaýşyna görä peýdalydygyny bilmeli (Sül. tym. 4:10, 11). Soňra arassa ynsabyňa görä, özüň karara gelmeli (Gal. 6:5; 1 Tim. 1:19). Biz muny nädip edip bileris? Şu barada oýlan: bir täze nahary iýmezden öň, ilki bilen, onuň düzümini bilmek isleýäris. Şonuň ýaly, bir zat bilen göwün açmazdan öň, onuň esasy aýratynlyklaryny bilmeli (Efes. 5:17).
8 Aýdaly, sen sporty gowy görýärsiň we onuň özüne çekýändigi düşnükli. Sebäbi sport gyzykly we özüne çekiji bolýar. Eger seni zulum, bäsdeşikli, janyňa howp salýan, zeper ýetirýän, aýşy-eşretli baýramçylyklar bilen bagly, milletparazlygy oýarýan we şuňa meňzeş «düzümli» käbir sportuň görnüşleri özüne çekse näme? Şeýle göwün açmalar hakynda çuňňur oýlanansoň, pikiriňi Ýehowanyň pikirine we adamlara wagyz edýän parahatlyk, söýgi hakyndaky hoş habara gabat gelmeýändigine düşünersiň (Iş. 61:1; Gal. 5:19—21). Muňa garamazdan, käbir «düzümli» göwün açmalar Ýehowa ýaraýar we şeýle dynç alyş peýdaly hem-de göwnüňi göterýär (Gal. 5:22, 23; Filipililer 4:8-i okaň).
Näçe wagt dynç almaly?
9. «Näçe wagt dynç almaly?» diýen soraga berýän jogabym nämäni görkezýär?
9 Özümize bermeli ikinji sorag — näçe wagt dynç almaly? Men oňa näçe wagt sarp etmeli? Nähili diýen soraga jogap berşimizden, biziň üçin nämäniň ýerliklidigini, nämäniň ýerliksizdigini gowy bilse bolýar. Emma näçe wagt diýen soragyň jogaby, biziň nämäni wajyp, nämäni wajyp saýmaýandygymyzy görkezýär. Diýmek, bize dynç almagyň nähili wajypdygyny bilmäge näme kömek eder?
10, 11. Matta 6:33-däki Isanyň sözlerine görä, näçe wagt dynç almaly?
10 Isa Mesih şägirtlerine: «Öz Hudaýyň Rebbi bütin ýüregiň, bütin janyň, bütin düşünjäň, bütin güýjüň bilen söý!» diýdi (Mar. 12:30). Şol sebäpli biz Ýehowa bolan söýgimizi durmuşymyzda iň wajyp hasaplamaly. Biz muny Isanyň: «Siz öňürti Hudaýyň Patyşalygyny, Onuň dogrulygyny agtaryň, şonda bu zatlar hem size onuň üstüne goşulyp berler» diýen tabşyrygyny berjaý edip, görkezýäris (Mat. 6:33). Şu tabşyryk bize näçe wagt dynç almalydygyny we onuň wajypdygyny bilmäge nädip kömek edýär?
11 Isanyň: «Öňürti Hudaýyň Patyşalygyny.. agtaryň» diýen tabşyrygyna üns beriň. Ol bize diňe Patyşalygy agtaryň diýmedi. Sebäbi Isa biziň Patyşalykdan başga-da zatlary «agtarmalydygymyzy» bilýärdi. Bize jaý, iýmit, eşik, orta bilim, iş, dynç alyş we başga-da kän zatlar gerek. Emma biz ähli zatlardan öňürti, diňe Hudaýyň Patyşalygyny agtarýarys (1 Kor. 7:29—31). Bu bize başga zatlary, şol sanda dynç alşy ikinji orunda goýmaga höweslendirmeli, şonda biz Hudaýyň Patyşylygyny birinji orunda goýýarys. Eger biz şeýtsek we çeni-çaky bilen dynç alsak, peýdaly bolar.
12. Dynç almak meselesinde Luka 14:28-däki prinsipe nädip eýerip bolar?
12 Şeýle-de dynç alanymyzda, öňürti onuň «harjyny» ýa-da wagtyny hasaplamaly (Luka 14:28). Käbir zatlara pul harç edişimiz ýaly, göwün açmalara hem wagt sarp edýäris. Biz dynç alşa näçe wagt sarp etjekdigimizi bilmeli. Eger köp wagtymyzy dynç alyp geçirsek, Mukaddes Ýazgylaryň şahsy okuwy, maşgala okuwy, ýygnaga gatnaşmak, wagyz etmek ýaly wajyp zatlara wagtymyz galmaz (Mar. 8:36). Emma dynç alyş bize Hudaýa gulluk etmäge güýç berse, onda ol peýdaly bolar.
Kim bilen dynç almaly?
13. Kimler bilen dynç almalydygymyza näme üçin çynlakaý garamaly?
13 Özümize bermeli üçünji sorag — kim bilen dynç almaly? Men kimler bilen dynç almak isleýärin? Dynç almak babatda bu sowala seretmek wajyp. Näme üçin? Sebäbi köplenç biziň gowy dynç almagymyz dostlarymyza bagly bolýar. Gowy dostlarymyz bilen nahar iýenimizde has tagamly bolşy ýaly, gowy dostlar bilen dynç alanymyzda hem köplenç has ýakymly bolýar. Köpler, esasanam, ýaşlar başga adamlar bilen dynç almagy gowy görýär. Emma dynç alşymyz peýdaly bolar ýaly, nähili adamlar bilen dynç almalydygyny we kimden gaça durmalydygyny öňünden çözsek paýhasly bolar (2 Tar. 19:2; Süleýmanyň tymsallary 13:20-i okaň; Ýakup 4:4).
14, 15. a) Isa gowy dost saýlamak babatda nähili görelde galdyrdy? b) Dost tutunmak üçin özümize nähili soraglary bermeli?
14 Isanyň göreldesine eýerip, gowy dost saýlasak, örän peýdaly bolar. Isa adamlary ýaradylandan bäri söýýär (Sül. tym. 8:31). Ol ýer ýüzüne gelende, ähli adamlara söýgüsini bildirdi (Mat. 15:29—37). Isa adamlar bilen dostlukly gatnaşygyň we ýakyn dost bolmagyň tapawudyny bilýärdi. Ol köp adamlar bilen özüni dostlarça alyp barsa-da, diňe aýratyn talaplary ýerine ýetirýän adamlar bilen ýakyndan dostlaşýardy. Isa 11 wepaly şägirtleri barada şeýle diýdi: «Meniň özüňize buýranymy berjaý etseňiz, Maňa dostsuňyz» (Ýahýa 15:14; Ýahýa 13:27, 30). Ol diňe yzyna eýerýän we Ýehowa gulluk edýän adamlary dost hasaplaýardy.
15 Siz özüňize ýakyn dostlary saýlanda, Isanyň aýdan sözlerini ýada salsaňyz, paýhasly bolardy. Özüňize şeýle soraglar beriň: Bu adam sözünde we iş ýüzünde Ýehowanyň hem Isanyň tabşyryklaryna gulak asýandygyny görkezýärmi? Ol meniň ýaly Mukaddes Ýazgylardaky gymmat zatlaryň gadyryny bilýärmi we ahlak kadalaryna eýerýärmi? Onuň dostlary meni Patyşalygy durmuşymda öňürti goýup, Ýehowa wepaly gullukçy bolmaga höweslendirermi? Eger sen şu soraglara ynamly hawa diýip jogap berseň, onda sen wagtyňy gowy geçirer ýaly ýakyn dostlary tapdyň (Zebur 119:63-i okaň; 2 Kor. 6:14; 2 Tim. 2:22).
Dynç alşymyzy nädip barlamaly?
16. Biz göwün açma saýlamak meselesinde nähili karara gelmeli?
16 Biz nähili, näçe wagt we kimler bilen dynç almalydygyna gysgaça seretdik. Göwün açmalar peýdaly bolar ýaly, şu üç ýagdaýda-da Mukaddes Ýazgylaryň kadalaryna doly eýermeli. Şol sebäpli dynç almazdan öň, göwün açmanyň nähilidigini bilmek üçin, özümize: «Biz nähili göwün açmalary bilýäris? Olar peýdalymy ýa-da zyýanly?» diýen soraglary berip barlap görmeli (Sül. tym. 4:20—27). Näçe wagt sarp etmelidigi babatda, şeýle soraglar bermeli: «Men näçe wagt dynç alýaryn? Bu ýerliklimi ýa-da ýerliksiz?» (1 Tim. 4:8). Kim bilen dynç almalydygy babatda: «Men kimler bilen dynç alaryn? Olar gowy dostlarmy ýa-da erbet?» diýen soraglar barada oýlanyp, karara gelmeli (Wag. 9:18; 1 Kor. 15:33).
17, 18. a) Göwün açmanyň Mukaddes Ýazgylaryň kadalaryna gabat gelýänini nädip barlap bolar? b) Göwün açma saýlamak babatda nähili karara geldiň?
17 Göwün açmalar babatda şu üç soragyň jogabynyň biri Mukaddes Ýazgylaryň kadalaryna gabat gelmese, ony ret etmeli. Ýöne dynç alanymyzda, şu üç soragyň jogaby Mukaddes Ýazgylaryň kadalaryna gabat gelse, Ýehowany şöhratlandyrarys we bize peýdaly bolar (Zeb. 119:33—35).
18 Diýmek, dynç aljak bolanymyzda, geliň, peýdaly göwün açmany saýlamaga, wagty paýhasly sarp etmäge we gowy adamlar bilen dynç almaga jan edeliň. Hawa, biziň ählimiz Mukaddes Ýazgylardaky: «Iýseňiz-de, içseňiz-de, her näme etseňiz-de, baryny Hudaýyň şöhraty üçin ediň» diýen maslahata eýermek isleýäris (1 Kor. 10:31).
a Şu makalada boş wagtymyzy gowy geçirer ýaly, «dynç alyş» we «göwün açma» diýen jümleler gezekleşip aýdylýar.
Nähili düşündirersiňiz?
Dynç almak babatda, sen şu prinsiplere nädip eýerip bilersiň:
[9-njy sahypadaky shema]
(Teksti doly görmek üçin edebiýata serediň)
✔Nähili?
[10-njy sahypadaky shema]
(Teksti doly görmek üçin edebiýata serediň)
✔Näçe wagt?
[12-nji sahypadaky shema]
(Teksti doly görmek üçin edebiýata serediň)
✔Kim bilen?
[10-njy sahypadaky surat]
Dost saýlamak we dynç almak babatda Isanyň göreldesine nädip eýerip bileris?