Garawul diňiniň ONLAÝN KITAPHANASY
Garawul diňiniň
ONLAÝN KITAPHANASY
türkmen
Ä
  • Ç
  • ç
  • Ä
  • ä
  • Ž
  • ž
  • Ň
  • ň
  • Ö
  • ö
  • Ş
  • ş
  • Ü
  • ü
  • Ý
  • ý
  • MUKADDES KITAP
  • EDEBIÝATLAR
  • DUŞUŞYKLAR
  • w11 15/11 sah. 28—32
  • Doganlara ýygnakda jogapkärli borjy almagy öwrediň

Şuňa degişli wideo ýok.

Bagyşlaň, wideo ýüklenende näsazlyk ýüze çykdy.

  • Doganlara ýygnakda jogapkärli borjy almagy öwrediň
  • Garawul diňi Ýehowa Hudaýyň Patyşalygyny yglan edýär — 2011
  • Sözbaşylar
  • Meňzeş maglumat
  • «Men size dost diýdim»
  • «Men size görelde görkezdim»
  • Isa olary «ýollap... buýruk berdi»
  • «Akyldar adam maslahaty diňleýär»
  • «Özüňi türgenleşdir»
  • Doganlar, ruhda ekiň-de, jogapkärçilik almaga çalşyň!
    Garawul diňi Ýehowa Hudaýyň Patyşalygyny yglan edýär — 2010
  • Ýehowa çopanlara sürini bakmagy öwredýär
    Garawul diňi Ýehowa Hudaýyň Patyşalygyny yglan edýär — 2006
  • Sen «oňat iş» üçin «jan çekýärmiň»?
    Garawul diňi Ýehowa Hudaýyň Patyşalygyny yglan edýär — 2014
  • «Ýüregi şatlandyrýan» maslahat bereliň
    Garawul diňi Ýehowa Hudaýyň Patyşalygyny yglan edýär (Ýygnak üçin) — 2022
Başgalary
Garawul diňi Ýehowa Hudaýyň Patyşalygyny yglan edýär — 2011
w11 15/11 sah. 28—32

Doganlara ýygnakda jogapkärli borjy almagy öwrediň

«Kämilleşensoň, her kes öz mugallymy ýaly bolar» (LUKA 6:40).

1. Isa ýerde gulluk edende ýygnagyň düýbüni nädip tutdy?

ÝAHÝA RESUL ýazan hoş habarynyň soňunda: «Isanyň başga-da eden işleri gaty köpdür. Olar birin-birin ýazylsa, onda ýazylan kitaplar dünýä sygmaz diýip pikir edýärin» diýdi (Ýahýa 21:25). Hakykatdan-da, Isa gysga gullugynyň dowamynda yhlas bilen köp işleri etdi. Meselem, ol wagyz işini dowam etdirjek adamlary tapyp, olara tälim berdi. Isa b. e. 33-nji ýylynda göge dolansa-da, ajaýyp ýygnagyň düýbüni tutup gitdi. Ol tizden müňlerçe wagyzçydan ybarat gurama öwrüldi (Res. iş. 2:41, 42; 4:4; 6:7).

2, 3. a) Näme üçin ýygnakda jogapkär borçly doganlar has köp gerek? b) Şu makalada nämä serederis?

2 Şu günler bütin dünýä boýunça 100 müňden gowrak ýygnaklarda 7 milliondan köpräk yhlasly wagyzçylar gulluk edýär. Şol sebäpli ruhy işlere ýolbaşçylyk edýän doganlar has-da gerek bolýar. Meselem, köp ýygnaklara ýaşuly doganlar gerek. Ýygnakda ýaşuly bolmaga çalyşýan doganlar öwgüli sözlere mynasypdyr, çünki olar «oňat işi arzuw edýär» (1 Tim. 3:1).

3 Dogan ýygnakda jogapkärli borjy almak üçin belli bir talaplara laýyk gelmeli. Ýokary bilim ýa-da durmuş tejribesi dogany şol borjy ýerine ýetirmäge taýýarlap bilmez. Munuň üçin ol Mukaddes Ýazgylardaky talaplara laýyk gelmeli. Ruhy häsiýetler ukyplardan we üstünliklerden has wajypdyr. Doganlara şol talaplara laýyk gelmäge nädip kömek edip bileris? «Kämilleşensoň, her kes öz mugallymy ýaly bolar» diýip, Isa aýtdy (Luka 6:40). Biz şu makalada Beýik Mugallym Isa Mesihiň şägirtlerine köpräk jogapkärçiligi almagy öwredişine seredip, özümiz üçin käbir sapaklar edineris.

«Men size dost diýdim»

4. Isa şägirtlerine hakyky dostdygyny nädip görkezdi?

4 Isa özüni ýokary tutman, gaýtam şägirtlerini dost hasaplaýardy. Olar bilen gürrüň ederdi, olara doly ynanardy we «Atasyndan eşiden ähli zatlary aýdardy» (Ýahýa 15:15-i okaň). Isa şägirtleriniň: «Seniň gelmegiň we ahyrzamanyň alamaty näme bolar?» diýen soragyna jogap berende, olaryň nähili haýran galandygyny göz öňüne getirip görüň (Mat. 24:3, 4). Onsoňam, ol şägirtlerine gaýgy-aladasyny aýdýardy we içini dökýärdi. Haýynlyk edilen gijesi bolsa, Isa Petrusy, Ýakuby we Ýahýany alyp, Getsemani bagyna äkidýär. Isa şol ýerde gyzgyn doga edip, üç resulyna gaýgy-aladasyny aýtdy. Resullar hem onuň agyr halyna düşündi (Mar. 14:33—38). Şol üç resula Isanyň görnüşiniň üýtgemegi hem güýçli täsir etdi (Mar. 9:2—8; 2 Pet. 1:16—18). Şeýle-de Isanyň şägirtleri bilen dostlaşmagy, olara jogapkärli işi dowam etmäge kömek etdi.

5. Ýygnakdaky ýaşulular dogan-uýalara nädip kömek edýär?

5 Häzirki ýygnak ýaşululary hem Isa ýaly dogan-uýalara kömek edip, olar bilen dost bolmak islýärler. Olar dogan-uýalary gowy görüp, ýürekden aladasyny edýärler. Ýaşulular ýygnakdaky käbir ýagdaýlar barada gürrüň bermeseler-de, dogan-uýalara Mukaddes Ýazgylardan öwrenen zatlaryny aýdýarlar. Olar imandaşlaryna ynanýarlar. Ýaşulular özlerini ýaş gulluk hyzmatçylardan ýokary tutmaýarlar. Olar ýaş doganlaryň ruhy taýdan ösýändigine we ýygnak üçin köp peýdaly işleri edýändigine düşünýärler.

«Men size görelde görkezdim»

6, 7. Isanyň şägirtlerine galdyran göreldesi we olara eden täsiri barada gürrüň beriň.

6 Isanyň şägirtleri Hudaýyň Sözüni gowy görseler-de, käte olaryň düşünjesine terbiýesi we medeniýeti täsir edýärdi (Mat. 19:9, 10; Luka 9:46—48; Ýahýa 4:27). Şonda-da Isa olary tankytlamaýardy we gaharlanmaýardy. Şeýle-de şägirtlerinden başarmajak zadyny ýa-da özüniň etmeýän işini hem olardan talap etmeýärdi. Gaýtam, Isa olara özüniň gowy göreldesi bilen öwredýärdi (Ýahýa 13:15-i okaň).

7 Isa şägirtlerine nähili görelde galdyrdy? (1 Pet. 2:21). Ol adamlara köpräk hyzmat etmek üçin sada ýaşaýardy (Luka 9:58). Isa pes göwünli bolany üçin hemişe Mukaddes Ýazgylaryň esasynda öwredýärdi (Ýahýa 5:19; 17:14, 17). Ol mähirlidi we adamlara onuň bilen gepleşmek aňsatdy. Onuň edýän işlerinden adamlara bolan söýgüsi görünýärdi (Mat. 19:13—15; Ýahýa 15:12). Isanyň göreldesi resullara gowy täsir etdi. Meselem, Ýakup ölüm jezasy berilýänçä, Ýehowa batyrgaýlyk bilen gulluk etdi (Res. iş. 12:1, 2). Ýahýa resul hem 60 ýyldan gowrak Hudaýa wepaly gulluk etdi (Ylh. 1:1, 2, 9).

8. Ýaşulular ýaş doganlara we başgalara-da nähili görelde görkezýärler?

8 Janyny aýamaýan, kiçigöwünli we mähirli ýaşulular ýaş doganlara gowy görelde görkezýärler (1 Pet. 5:2, 3). Şeýle-de imanda, öwretmekde, durmuşda we gullukda görelde görkezýän ýaşulular, başgalaryň olaryň imanyndan görelde alýandygyny bilip begenýärler (Ýew. 13:7).

Isa olary «ýollap... buýruk berdi»

9. Isanyň şägirtlerini wagyz işine taýýarlandygyny nireden bilýäris?

9 Isa iki ýyl wagyz edenden soň, 12 resulyny wagyz etmäge iberýär. Ýöne başda Isa olara görkezme berýär (Mat. 10:5—14). Isa müňlerçe adamy doýurmazdan öň hem şägirtlerine görkezme beripdi (Luka 9:12—17). Isa şägirtlerine näme etmelidigini we nädip etmelidigini anyk öwredýärdi. Şol beren görkezmeleriniň kömegi we mukaddes ruhuň güýji bilen olar b. e. 33-nji ýylynda başlan wagyz işini guramaçylykly dowam edip bildiler.

10, 11. Ýaşulular we mesihçiler erkek adamlara ýygnakda hyzmat etmegi nädip öwredip biler?

10 Şu günler hem Mukaddes Ýazgylar okuwyny başlan adamlara ruhy taýdan tälim berilýär. Belki, oňa labyzly okamagy öwretmeli bolarys. Mukaddes Ýazgylar okuwynyň dowamynda biz başga-da her hili kömegi berýäris. Ol ýygnaklara yzygiderli gatnap başlasa, onuň alýan ruhy tälimi has-da artyp, wagyzçy bolar, Wagyz mekdebinde çykyş eder. Suwda çokundyrylyp, ol ýygnak geçirilýän ýeri arassalamak we bejermek ýaly işleri öwrener. Wagtyň geçmegi bilen, dogana gulluk hyzmatçylar üçin talaplara laýyk geler ýaly kömek edip bolar.

11 Ýaşulular suwda çokundyrylan dogana bir ýumuş tabşyrsa, onuň edilişini sypaýyçylykly düşündirip, gerekli görkezmeleri bermeli. Tälim berilýän dogan ondan näme talap edilýändigine düşünmeli. Eger oňa berlen ýumşy ýerine ýetirmek kyn bolsa, ýaşulular ol bu işi oňaranok diýip, derrew netijä gelmeli däl. Gaýtam, ýaşulular onuň etmeli işini we ony nädip etmelidigini täzeden mähirli düşündirer. Ýaşulular doganlara borçlaryny ýerine ýetirmäge höwes bilen kömek edýärler. Sebäbi olar ýygnakda dogan-uýalara hyzmat etmegiň şatlyk berýändigine düşünýärler (Res. iş. 20:35).

«Akyldar adam maslahaty diňleýär»

12. Isanyň maslahatlary näme üçin peýdalydy?

12 Isa her bir şägirdiniň ýagdaýyny göz öňünde tutup, gerekli maslahaty berýärdi. Meselem, ol Ýakup bilen Ýahýa käýedi, sebäbi olar samariýalylaryň üstüne gökden ot ýagdyrmak islediler (Luka 9:52—55). Ýakubyň we Ýahýanyň ejesi Isanyň ýanyna gelip, ogullary üçin Patyşalygynda abraýly wezipäni bermegi haýyş edende, Isa iki dogana ýüzlenip, şeýle diýdi: «Size Meniň sagymda ýa solumda oturmaga rugsat bermek Meniň elimde däl. Bu orunlary Atam kimler üçin taýynlan bolsa, şolar üçindir» (Mat. 20:20—23). Isa hemişe Hudaýyň prinsiplerine esaslanan düşnükli hem peýdaly maslahatlary berýärdi. Ol şägirtlerine şol prinsipleriň üstünde oýlanmagy öwrederdi (Mat. 17:24—27). Şeýle-de ol şägirtleriniň käbir zatlary başarmajagyny bilýärdi we olardan kämilligi talap etmeýärdi. Ol söýgi bilen maslahat bererdi (Ýahýa 13:1).

13, 14. a) Kime maslahat gerek bolýar? b) Ruhy taýdan ösmeýän dogana ýaşulynyň nähili maslahat berip biljekdigini mysallar getir.

13 Ýygnakda jogapkär borjy almak isleýän her bir dogana käte Mukaddes Ýazgylara esaslanan maslahat bermeli bolýar. Süleýmanyň tymsallary 12:15-de: «Akyldar adam maslahaty diňleýär» diýilýär. Bir ýaş dogan: «Maňa kemçiliklerim bilen göreşmek örän kyn boldy. Ýöne bir ýaşulynyň beren maslahaty şol kemçiliklere dogry garamaga kömek etdi» diýýär.

14 Eger ýaşulular käbir häsiýetiň dogana ruhy taýdan ösmäge päsgel berýändigini görse, onda oňa düzelmäge ýumşaklyk bilen kömek ederler (Gal. 6:1). Käte doganyň düşünjesini ýa-da garaýşyny düzetmek üçin maslahat bermeli. Eger dogan bar güýji bilen gulluk etmeýän bolsa, onda oňa Isanyň yhlasly wagyzçy bolandygyny we bize şägirt taýýarlamagy tabşyrandygyny ýaşuly ýatlatsa gowy bolar (Mat. 28:19, 20; Luka 8:1). Eger dogan wezipeparaz bolsa, onda ýaşuly Isanyň şägirtlerine şöhratparazlykdan ägä bolmak barada aýdan sözlerini ýatladyp biler (Luka 22:24—27). Eger dogan geçirimlik etmeýän bolsa näme? Ony rehimsiz hyzmatkär baradaky tymsal oýlandyryp biler (Mat. 18:21—35). Şeýle ýagdaýlarda ýaşulular dogana maslahaty gijikdirmän berse, gowy bolar (Süleýmanyň tymsallary 27:9-y okaň).

«Özüňi türgenleşdir»

15. Doganyň maşgalasy oňa nädip kömek edip biler?

15 Doganlara jogapkärli borjy almagy, esasanam, ýaşulular öwretse-de, beýlekiler hem kömek edip biler. Meselem, doganyň maşgalasy kömek edip biler. Eger ol eýýäm ýaşuly bolsa, onda aýaly we çagalary onuň ýygnakda köp zähmet çekmegine mümkinçilik döreder. Olar ýaşulynyň köp wagtyny we güýjüni dogan-uýalara bagyş etmelidigine düşünýärler. Ýaşuly ýygnak barada alada edip biler ýaly, maşgalasynyň şeýle mümkinçilik döredýändigine begenýär. Biz hem ýaşuly doganlaryň maşgalasyna köp-köp minnetdardyrys (Sül. tym. 15:20; 31:10, 23).

16. Ýygnakda jogapkärli borjy almak, esasanam, kime bagly? b) Dogan ýygnakda jogapkärli borjy almak üçin näme etmeli?

16 Başgalar dogana kömek hem goldaw berseler-de, jogapkärligi almak, esasanam, doganyň özüne bagly (Galatýalylar 6:5-i okaň). Elbetde, dogan-uýalara kömek etmek hem-de wagza yhlasly gatnaşmak üçin hökman ýaşuly ýa-da gulluk hyzmatçy bolmaly däl. Emma ýygnakda jogapkärli borç almak isleýän dogan Mukaddes Ýazgylaryň talaplaryna laýyk gelmek üçin köp tagalla etmeli (1 Tim. 3:1—13; Titus 1:5—9; 1 Pet. 5:1—3). Eger dogan entek ýaşuly ýa-da gulluk kömekçi bellenmedik bolsa, onda ruhy taýdan ösmek üçin nämeleriň üstünde işlemelidigi barada oýlanmaly. Munuň üçin Mukaddes Ýazgylary yzygiderli okamaly, şahsy okuw geçirmeli, okan zatlary barada çuňňur oýlanmaly, ýürekden doga etmeli we wagza yhlasly gatnaşmaly. Ol şeýtse, Pawlusyň: «Hudaýyň ýolunda özüňi türgenleşdir» diýip, Timoteosa beren maslahatyna eýerýär (1 Tim. 4:7, TD).

17, 18. Dogan ýygnakda jogapkärli borjy almaga özüni mynasyp görmese ýa-da islegi bolmasa näme etmeli?

17 Dogan gulluk hyzmatçy ýa-da ýaşuly bolup gulluk etmäge özüni mynasyp görmese näme? Onda ol Ýehowa Hudaýyň we Isa Mesihiň biz üçin köp zatlar edýändigini ýatlasa gowy bolar. Aslynda, Ýehowa «her gün ýükümizi göterýär» (Zeb. 68:19). Diýmek, göklerdäki Atamyz dogana ýygnakda borçlaryny berjaý etmäge kömek eder. Şeýle-de gulluk hyzmatçy ýa-da ýaşuly bolup gulluk etmeýän dogan Hudaýyň guramasynda jogapkärli borjy ýerine ýetirjek doganlaryň köpräk gerekdigi barada oýlansa gowy bolar. Dogan bu barada oýlansa, nädogry pikirde bolmazlyga kömek edýär. Onsoňam, Ýehowadan mukaddes ruhy diläp, onuň miwesini, ýagny parahatlygy, özüne erk etmegi ösdürip biler. Şonda ol özüni mynasyp däl ýaly duýmaz (Luka 11:13; Gal. 5:22, 23). Ýehowa ýygnaga ýagşy niýet bilen hyzmat etmek isleýän doganlary hökman ýalkar.

18 Belki, doganyň ýygnakda jogapkärli borjy almaga islegi ýokdur? Şeýle isleg bolar ýaly, ol näme etmeli? Pawlus resul şeýle diýýär: «Çünki Öz halaýşyna görä, sizde hem islemegi, hem-de emele getirmegi hasyl edýän Hudaýdyr» (Flp. 2:13). Diýmek, oňa ýygnakda jogapkärli borjy almaga we mukaddes gullugy berjaý etmäge islegi hem-de güýji Ýehowa berýär (Flp. 4:13). Şonuň üçin mesihçi dogry zady eder ýaly Hudaýdan kömek diläp biler (Zeb. 25:4, 5).

19. «Ýedi çopanyň, sekiz begiň aýaga galmagy» näme aňladýar?

19 Ýehowa doganlara ýygnakda jogapkärli borjy almagy öwredýän ýaşulularyň tagallasyny ýalkaýar. Ol ýygnaga hyzmat etmek isleýän doganlara hem ak pata berýär. Mukaddes Ýazgylarda ýygnaklaryň aladasyny etjek doganlaryň ýeterlik boljakdygy aýdylýar. Pygamberlige görä, Ýehowa «ýedi çopany, sekiz begi aýaga galdyrar» (Mika 5:5). Köp sanly mesihçi doganlaryň ýygnaga hyzmat etmegi öwrenip, kiçigöwünlilik bilen gulluk edip, Ýehowany şöhratlandyrýandygy nähili bereket!

Siz nähili jogap berersiňiz?

• Isa şägirtlerine jogapkärli borçlary almagy nädip öwretdi?

• Doganlara ýygnakda jogapkärli borçlary almagy öwredýän ýaşulular Isanyň göreldesine nädip eýerip biler?

• Ýygnakda jogapkärli borjy almaga doganyň maşgalasy nädip kömek edip biler?

• Ýygnakda jogapkärli borçlary almak isleýän dogan nämeler etmeli?

[31-nji sahypadaky surat]

Sen ruhy taýdan ösýän şägirde näme öwredip bilersiň?

[32-nji sahypadaky surat]

Ýygnakda jogapkärli borjy almak isleýän dogan näme etmeli?

    Türkmençe edebiýatlar (1997—2026)
    Çykmak
    Girmek
    • türkmen
    • Paýlaş
    • Sazlamalar
    • Copyright © 2025 Watch Tower Bible and Tract Society of Pennsylvania
    • Şertler we düzgünler
    • Gizlinlik syýasaty
    • Gizlinlik sazlamalary
    • JW.ORG
    • Girmek
    Paýlaş