«Kimden heder edeýin?»
«Maňa garşy uruş tursa, şonda-da batyr bolaryn (Hudaýa bil baglaryn, TD)» (ZEB. 27:3).
1. 27-nji mezmur haýsy soraglara jogap berýär?
DÜNÝÄNIŇ ýagdaýy gitdigiçe erbetleşse-de, biz näme üçin yhlasly wagyz edýäris? Dünýädäki ykdysady kynçylyklara garamazdan, näme üçin bar güýjümizi we wagtymyzy höwes bilen wagza sarp edýäris? Köp adamlar gelejekden gorkýarlar, emma biz nädip batyrgaý bolup bileris? Bu soraglara Dawut patyşanyň ýazan 27-nji mezmury jogap berýär.
2. Gorky adama nähili täsir edýär, ýöne biz nämä ynanyp bileris?
2 Dawut mezmuryny şeýle sözler bilen başlaýar: «Reb meniň nurumdyr, Halasgärimdir; kimden gorkaýyn? Ömrümiň güýji Rebdir; kimden heder edeýin?» (Zeb. 27:1). Adam heder edende ýa-da gaty gorkanda, aljyrap näme etjegini bilmeýär. Emma Ýehowa bil baglaýan adam batyrgaý bolup, gorkmaýar (1 Pet. 3:14). Biz Ýehowa berk ýapyşyp, oňa bil baglasak, «aman ýaşap, ýamanlyk gorkusyndan dynç boljakdygymyza» ynanyp bileris (Sül. tym. 1:33; 3:25). Näme üçin?
«REB MENIŇ NURUMDYR, HALASGÄRIMDIR»
3. Ýehowa haýsy manyda biziň nurumyz, ýöne biz näme etmeli?
3 Mukaddes Ýazgylarda: «Reb meniň nurumdyr» diýilýär. Bu Ýehowanyň bize hakykaty öwredýändigini aňladýar (Zeb. 27:1). Göni manydaky nur ýolumyzdaky howply zatlary görkezýär, ýöne olary aýyrmaýar. Biz olary görmek üçin paýhasly bolmaly. Ýehowa dünýädäki bolýan wakalaryň manysyny düşündirýär. Şeýle-de zalym dünýädäki howplar barada duýdurýar. Ýehowa Mukaddes Ýazgylar arkaly bize kömek etmek üçin peýdaly maslahatlar hem berýär. Mezmurçynyň aýtmagyna görä, Hudaýyň tabşyryklary ony duşmanlaryndan we ähli halypalaryndan paýhasly etdi. Biz hem Mukaddes Ýazgylaryň prinsiplerine eýersek, has paýhasly bolarys (Zeb. 119:98, 99, 130).
4. a) Näme üçin Dawut «Reb (Ýehowa) meniň halasgärim» diýdi? b) Ýehowa haçan gullukçylaryny halas eder?
4 Dawut Ýehowanyň geçmişde nädip halas edendigini unutmady. Ol muny Zebur 27:1-de aýdýar. Mysal üçin, Ýehowa ony ýolbarsdan we aýydan halas etdi. Şeýle-de oňa Golýat atly äpet adamy ýeňmäge kömek etdi. Soňra Saul patyşa Dawudy birnäçe gezek naýza bilen öldürjek bolanda-da, Ýehowa ony halas etdi (1 Sam. 17:37, 49, 50; 18:11, 12; 19:10). Şol sebäpli Dawut «Reb (Ýehowa) meniň halasgärim» diýýär. Ýehowa Dawudy halas edişi ýaly, häzirki gullukçylaryny-da halas eder. Haçan? Ol «agyr muşakgatda» halas eder (Ylh. 7:14; 2 Pet. 2:9).
ÝEHOWANYŇ SIZE KÖMEK EDENDIGINI UNUTMAŇ
5, 6. a) Nämäni ýada salsak, has batyrgaý bolmaga kömek eder? b) Geçmişde Ýehowanyň halkyna kömek edendigi hakynda oýlanmak näme üçin peýdaly?
5 Zebur 27:2, 3-nji aýatlarda has batyrgaý bolmak üçin nämäniň kömek edýändigi aýdylýar (Okaň). Dawut Ýehowanyň halas eden wagtlaryny ýatlady (1 Sam. 17:34—37). Şeýle ýatlamalar oňa batyrgaý bolup, örän agyr kynçylyklara hötde gelmäge kömek etdi. Ýehowanyň saňa nädip kömek edendigi ýadyňa düşýärmi? Bu saňa güýç berýärmi? Meselem, sen kynçylyklarda şatlygyňy ýitirmez ýaly gyzgyn doga edipmidiň? Şonda Ýehowanyň kynçylyklara döz gelmäge akyldarlyk we güýç berendigini duýduňmy? Saňa şatlyk bilen gulluk etmäge päsgel berýän kynçylyklary çözmäge Ýehowanyň nädip kömek edendigi ýa-da wagyz etmek üçin täze mümkinçilikler berendigi ýadyňa düşýärmi? (1 Kor. 16:9). Şeýle ýatlamalar saňa nähili täsir edýär? Bu Ýehowanyň kynçylyklary çözmäge, hatda has agyr synaglara-da döz gelmäge kömek etjekdigine ynanmaga ýardam etmeýärmi näme? (Rim. 5:3—5).
6 Güýçli hökümetler Ýehowanyň Güwäçileriniň guramasyny ýok etjek bolanlarynda, biz näme etmeli? Häzirki döwürde-de köp adamlar Hudaýyň halkyny ýok etjek boldy, emma bu başa barmady. Eger biz geçmişde Ýehowanyň öz halkyna kömek edendigini ýada salsak, gelejekde nähili synaglar bolaýanda-da, olara döz gelmäge güýç berer (Dan. 3:28).
HAKYKY SEŽDÄ BOLAN SÖÝGIMIZ
7, 8. a) Zebur 27:4-e görä, Dawut Ýehowadan näme diledi? b) Ýehowanyň uly ruhy ybadathanasy näme we biz şu günler onda nädip sežde edýäris?
7 Hakyky seždä bolan söýgimiz batyrgaý bolmaga kömek edýär (Zebur 27:4-i okaň). Dawudyň günlerinde Ýehowanyň öýi çadyrdan bolupdyr. Dawut patyşa ogly Süleýmanyň Ýehowa owadan ybadathana gurmagy üçin ähli zatlary taýýarlady. Ýüzlerçe ýyl geçensoň, Isa adamlaryň ybadathanada Ýehowa sežde etmejek wagtynyň geljekdigini aýtdy (Ýahýa 4:21—23). Ýehowa biziň başgaça sežde etmegimizi isledi. Ol biziň seždämizi kabul eder ýaly, Isanyň töleg gurbanyna iman etmeli. Ýewreýler kitabynyň 8—10-njy baplarynda Pawlus resul «ynsan eli bilen ýasalmadyk» uly ruhy ybadathanada Hudaýa sežde etjekdigimizi aýtdy. Pawlusyň aýtmagyna görä, bu ybadathana b. e. 29-njy ýylynda Isa suwda çokundyrylyp, Ýehowanyň islegini berjaý etmek üçin özüni hödürlemegi bilen peýda boldy (Ýew. 10:10). Bu ybadathanada biz nädip sežde edýäris? «Imanyň beren ynamy bilen çyn ýürekden» doga edip, adamlara batyrgaýlyk bilen wagyz edip sežde edýäris. Şeýle-de ýygnak duşuşyklaryna gatnaşyp we maşgala okuwyny geçirip hem ruhy ybadathanada sežde edýäris (Ýew. 10:21—25). Soňky kyn günlerde bu zatlary etmäge hakyky seždä bolan söýgimiz kömek eder.
8 Bütin dünýäde Ýehowanyň wepaly gullukçylary köpräk wagyz etmek üçin başga dil öwrenýärler, wagyzçylaryň ýetmeýän ýerine göçýärler. Şeýdip, olar mezmurçydan görelde alýarlar. Ol Ýehowadan bir zady, ýagny «Rebbiň gözelligine (ajaýyp häsiýetlerine) seredip, Onuň ybadathanasynda... mesgen tutmagy» diledi. Şu günlerem Ýehowanyň gullukçylary nähili ýagdaýa düşse-de, oňa sežde edip, ak patasyny almak isleýärler (Zebur 27:6-ny okaň).
HUDAÝA BIL BAGLAŇ
9, 10. Zebur 27:10-da nähili wada berilýär?
9 Dawudyň sözlerinden Ýehowa nädip bil baglamalydygymyzy bilýäris. Ol: «Kakam, ejem meni terk edenlerinde, Reb meni kabul eder» diýdi (Zeb. 27:10). 1 Samuel kitabynyň 22-nji babyndan bilşimiz ýaly, ene-atasy Dawudy terk etmändi. Emma şu günler adamlaryň köpüsinden maşgalasy ýüz öwürýär. Şeýle adamlara ýygnakdaky dogan-uýalar kömek edýärler we olar özüni arkaýyn duýýarlar.
10 Ýehowa terk edilen gullukçylarynyň hem höwes bilen aladasyny edýär. Elbetde, Ýehowa olaryň başga kynçylyklaryny-da çözmäge kömek eder. Meselem, maşgalamyzy eklemek barada alada edýän bolsak, Ýehowanyň bize kömek etjekdigini unutmaly däl (Ýew. 13:5, 6). Ol biziň ýagdaýymyza düşünýär we nämä mätäçdigimizi bilýär.
11. Biziň Ýehowa bil baglaýşymyz adamlara nähili täsir edýär? Mysal getiriň.
11 Liberiýada Mukaddes Ýazgylar okuwyny geçýän Wiktoriýanyň mysalyna seredeliň. Onuň bilen ýaşaşýan adam Wiktoriýany üç çagasy bilen taşlap gidýär. Wiktoriýanyň öýi we işi bolmasa-da, ol Mukaddes Ýazgylary öwrenmegini dowam edip, suwda çokundyryldy. Bir sapar onuň 13 ýaşly gyzy içi puldan doly gapjyk tapýar. Wiktoriýa gyzy bilen synaga düşmez ýaly, pullary sanap hem görmediler. Olar gapjygyň eýesi esgeri derrew tapdylar. Esger olara ähli adamlar Ýehowanyň Güwäçileri ýaly dogruçyl bolsa, durmuş başgaça bolardy diýdi. Wiktoriýa oňa Mukaddes Ýazgylar arkaly Ýehowanyň täze dünýäni wada berýändigini düşündirdi. Onuň imany we dogruçyllygy esgere şeýle täsir etdi welin, ol pulunyň ep-eslisini sylag hökmünde Wiktoriýa berdi. Bütin dünýäde Ýehowanyň Güwäçileri hemişe dogruçyllygy bilen tanalýar. Sebäbi olar dogruçyl bolsa Ýehowanyň alada etjekdigine doly bil baglaýarlar.
12. Biz işimizi ýa-da pulumyzy ýitirsek-de näme üçin Ýehowa gullugymyzy dowam etmeli? Mysal getiriň.
12 Sýerra-Leonede ýaşaýan suwda çokundyrylmadyk Tomas atly wagyzçynyň mysalyna seredeliň. Ol mugallym bolup işläp başlanyndan bäri, dokumentleri resmileşdirilmändigi üçin bir ýyla golaý aýlygyny almandy. Tomas aýlygyny almak üçin mekdebiň müdiri bilen gepleşmeli bolýar. Müdir ruhanydy, ol Tomasa Ýehowanyň Güwäçileri mekdepde işläp bilmeýär diýdi. Ruhany Tomas işläsi gelse, Ýehowanyň Güwäçisi bolmaly däldigini aýdýar. Tomas aýlygyny alyp bilmese-de, işden çykdy. Şondan soň Tomas radio we el telefony bejerilýän ýere işe girdi. Şeýle mysallardan görşümiz ýaly, biz Ýehowa bil baglasak, onuň zerur zatlarymyzy berjekdigine ynanmaly. Ýehowa ähli zady ýaradany üçin, halkyny hemişe-de goraýar, ol biziň hem aladamyzy eder.
13. Garyp ýurtlarda ýaşaýan dogan-uýalar näme üçin köp wagyz edýär?
13 Garyp ýurtlarda ýaşaýan dogan-uýalar örän yhlasly wagyz edýärler. Näme üçin? Bir filialyň ýazmagyna görä, adamlaryň köpüsi işlemeýändigi üçin Mukaddes Ýazgylar okuwyny geçmäge razylaşýar. Şonuň üçin olar Mukaddes Ýazgylar okuwyny geçmek üçin köpräk wagt sarp edýärler. Dogan-uýalar hem köp wagyz edýärler. Adamlar soňky günlerde ýaşaýandygy bilen ylalaşýarlar, sebäbi durmuşyň erbetleşendigini görýärler. Başga ýurtda wagyzçylaryň köpüsi azyndan üç sany Mukaddes Ýazgylar okuwyny geçirýärler. Şol ýerde 12 ýyldan gowrak gulluk edýän missioner: «Göwünaçmalar az bolany üçin dogan-uýalaryň köpüsi wagyz etmäge we Mukaddes Ýazgylar okuwyny geçirmäge köp wagt sarp edýärler» diýip ýazýar.
14. Hudaý uly märekäni nädip goraýar?
14 Ýehowa guramasyna kömek edip, ony gorajakdygyny we halas etjekdigini wada berdi. Biz onuň sözünde durjakdygyna ynanýarys (Zeb. 37:28; 91:1—3). Uly märeke «agyr muşakgatda» halas bolar (Ylh. 7:9, 14). Ýehowa zalym dünýäniň soňky günlerinde uly märekäni gorap, hiç kime halkyny ýok etmäge ýol bermez. Şeýle-de Ýehowa olar synaglara döz gelip, Onuň bilen dostlugyny saklar ýaly, ähli zatlar bilen üpjün eder. Ol Armageddon urşunda bolsa, gullukçylaryny gorap, halas eder.
«ÝA REB MAŇA ÝOLUŇY ÖWRET»
15, 16. Hudaýyň öwreden zatlaryna eýermegiň bize nähili peýdasy bar? Mysal getiriň.
15 Biz batyrgaý bolmak üçin mundan beýläk hem Hudaýdan öwrenmeli. Dawut şeýle diýdi: «Ýa Reb maňa ýoluňy öwret, meni aňtaýanlardan ýaňa düz ýola rowana et» (Zeb. 27:11). Hudaýdan öwrener ýaly, Mukaddes Ýazgylarda aýdylýan zatlara we Ýehowanyň guramasynyň berýän görkezmesine ünsli bolmaly. Şeýle-de bilen zatlarymyzy durmuşda derrew ulanmaly. Meselem, mesihçileriň köpüsi ýönekeý ýaşamak üçin paýhasly maslahata eýerdiler. Olar gerekmejek zatlaryny satyp, karzlaryny üzdüler. Şeýdip, olar ykdysady kyn döwürde pul ýetmezçilik meselesini çözdüler. Indi olar gerekmejek zatlar üçin pul tölemez ýaly kän işlemän, köpräk wagyz edýärler. Biz özümize şeýle sorag bermeli: «Mukaddes Ýazgylardan we sadyk hem akylly hyzmatkäriň berýän edebiýatlaryndan öwrenýän zatlaryma eýermek meniň üçin kyn bolsa-da, derrew ulanýarynmy?» (Mat. 24:45).
16 Biz Ýehowanyň öwredişi ýaly ýaşasak, hiç zatdan gorkmarys. ABŞ-ly bir pioner dogan özüniň we bütin maşgalasynyň pioner bolup gulluk etmegini dowam eder ýaly, işinde başga wezipä geçirmegi başlygyndan haýyş edýär. Emma başlygy oňa onuň ýokary biliminiň bolmandygy üçin, şol wezipede işläp bilmejegini aýdýar. Eger sen hem şeýle ýagdaýa düşen bolsaň, kollejde ýa-da uniwersitetde okaman, pioner bolup gulluk edendigiňe ökünermidiň? Iki hepdeden şol başlyk işinden çykarylýar we başga başlyk dogandan maksady barada soraýar. Dogan oňa aýaly bilen Ýehowanyň Güwäçisidigini we pioner bolup gulluk edýändigini hem-de bu gullugy dowam etmek isleýändigini aýtdy. Soňra dogan ýene-de bir zat diýjek bolanda, başlyk ondan öňürtiläp: «Men siziň başga adamlardan tapawutlanýandygyňyzy bilýärin! Kakam ölüm ýassygynda ýatanda, siziň iki uýaňyz her gün gelip, oňa Mukaddes Ýazgylary okap berýärdiler. Şonda men ”Eger haçanam bolsa Ýehowanyň Güwäçilerinden birine kömek etmek mümkinçiligim bolsa, kömek ederin“ diýip, özüme söz beripdim». Ertesi irden dogana beýleki başlygyň bermedik işi berilýär. Hudaýyň Patyşalygyny durmuşymyzda birinji orunda goýsak, Ýehowa ähli gerek zatlary berjek diýen wadasyny berjaý eder (Mat. 6:33).
IMAN WE UMYT ETMEK WAJYP
17. Gelejege umyt etmäge bize näme kömek eder?
17 Dawut patyşa bize iman we umyt etmegiň wajypdygyny düşündirýär. Ol: «Men Rebbiň ýagşylygyny... görjekdigime ynanýaryn» diýip umyt edýärdi (Zeb. 27:13). Hudaý bize umyt bermedik bolsa we biz Zebur 27-de agzalan zatlary bilmedik bolsak, onda biziň durmuşymyz nähili bolardy? Şu soňky günlerde biz mundan beýläk hem Ýehowanyň güýç bermegini we Armageddonda halas etmegini dilemeli (Zebur 27:14-i okaň).
[23-nji sahypadaky surat]
Dawut patyşa Ýehowanyň halas edişini ýatlap, batyrgaý boldy
[25-nji sahypadaky surat]
Ykdysady taýdan kyn ýagdaýa düşenimizde köpräk wagyz edýärismi?