Terjimehal
Ýehowa maňa islegini berjaý etmegi öwretdi
Maks Lloýd gürrüň berdi
Bu waka 1955-nji ýylda bir gün ýary gije bolupdy. Men birnäçe missionerler bilen Günorta Amerikada Paragwaýda gulluk edýärdim. Biz jaýyň içindekäk gazaba münen birnäçe adam daşymyzy gabap: «Biziň hudaýymyz ganhor hudaýdyr. Biz daşary ýurtly adamlaryň janyny almak isleýäris» diýip haýbat atdylar. Biz bu ýere nädip düşdük?
BU ENÇEME ýyl öň dogduk mekanym Awstraliýada başlapdy. Ol ýerde Ýehowa maňa islegini berjaý etmegi öwredip başlady. 1938-nji ýylda kakama Ýehowanyň Güwäçileri «Duşmanlar» diýen kitaby beripdiler. Şol wagt eýýäm ejem bilen kakam ýerli ruhanynyň Mukaddes Ýazgylaryň käbir kitaplaryna erteki diýenine lapykeç bolupdy. Bir ýyl geçip-geçmänkä olar özüni Ýehowa bagyş edip, suwda çokundyryldy. Şondan soň maşgalamyzda Ýehowanyň islegini berjaý etmegi örän wajyp saýýardyk. Soňra menden bäş ýaş uly aýal doganym Lesli suwda çokundyryldy, men bolsa 1940-njy ýylda dokuz ýaşymda suwda çokundyryldym.
Ikinji jahan urşy başlandan soň Awstraliýada Mukaddes Ýazgylara esaslanan edebiýatlary çap etmek we ýaýratmak gadagan edildi. Men ýaşlykdan imanym barada diňe Mukaddes Ýazgylar arkaly düşündirmegi öwrendim. Mekdepde näme üçin baýdaga tagzym etmeýändigimi we milletparazlygy döredýän urşy goldamaýandygymy düşündirmek üçin, men hemişe Mukaddes Ýazgylary ýanym bilen alýardym (Müs. çyk. 20:4, 5; Mat. 4:10; Ýahýa 17:16; 1 Ýahýa 5:21).
Mekdepde köp okuwçylar maňa «nemesleriň şpiony» diýip, meniň bilen gepleşmeýärdi. Bir sapar mekdepde film görkezdiler. Kino başlamazdan öň, her kim ýerinden turup milli gimni aýtdylar. Men ýerimden turmadym, şonda iki-üç oglan meniň saçymdan çekip, ýerimden galdyrjak boldular. Iň soňy Mukaddes Ýazgylara esaslanan imanym üçin meni mekdepden kowdular. Emma men soňra gaýbana okadym.
AHYR SOŇY MAKSADYMA ÝETDIM
14 ýaşym dolanda, men pioner bolup gulluk edip başlamagy maksat edinipdim. Emma ata-enem maňa ilki iş tapyp, işlemelidigimi aýdanda, örän lapykeç boldum. Olar men entek öýde ýaşaýarkam, özümi eklemelidigimi aýtdylar. Ýöne 18 ýaşym dolansoň pioner bolmaga rugsat berjekdigini söz berdiler. Aýlyk alan günlerim hemişe ata-enem meniň bilen gürrüňdeşlik geçirýärdi. Sebäbi men alan aýlygymy pioner bolup gulluk etmek üçin jemlemek isleýändigimi aýdýardym. Emma şonda-da olar pulumy alýardy.
Pioner bolup gulluk edip başlamaga wagt gelende, ata-enem meniň bilen oturyp, gazanan pullarymy banka goýup, jemländiklerini aýtdylar. Olar pioner bolup gulluk etmek üçin egin-eşik we başga zatlar almak üçin pulumy gaýdyp berdiler. Olar maňa özümi eklemegi we başgalardan muny tama etmezligi öwretdiler. Indi muny ýatlap, wajyp zady öwrenendigime düşünýärin.
Biz Lesli bilen entek çagakak, pionerler köplenç bizde myhmançylykda bolýardy we olar bilen wagyz etmegi gowy görerdik. Dynç günleri öýden-öýe, köçelerde wagyz edýärdik we Mukaddes Ýazgylar okuwyny geçirýärdik. Şol ýyllar ýygnakdaky wagyzçylar aýda 60 sagat wagyz etmegi maksat edinýärdi. Ejem hemişe diýen ýaly bu maksadyna ýetip, Lesli ikimize gowy görelde görkezýärdi.
TASMANIÝADA PIONER BOLUP GULLUK EDÝÄRIN
Men Lesli we onuň ýanýoldaşy bilen Awstraliýanyň Tasmaniýa adasynda pioner bolup gulluk edip başladym. Emma tizden olary Gilead mekdebiniň 15-nji klasyna okuwa çagyrdylar. Men örän çekinjeňdim we öň öýden hiç haçan daş gitmeýärdim. Käbirleri maňa Tasmaniýada üç aý hem galyp bilmersiň diýýärdi. Emma bir ýyldan, 1950-nji ýylda meni birleşik gullukçysy (häzirki ýaşuly maslahatynyň koordinatory) edip bellediler. Soňra meni bir ýaş dogan bilen ýörite pioner edip bellediler.
Bizi mis çykarylýan şähere bellediler, ol ýerde Ýehowanyň Güwäçileri ýokdy. Ol ýere biz agşamara awtobusly baryp, şol gije köne myhmanhanada bolduk. Ertesi güni öýden-öýe wagyz etmäge gitdik we kireýine berilýän jaý gözledik. Agşam bir adam protestantlaryň buthanasynyň golaýynda ruhanynyň jaýynyň boşdugyny we onuň kömekçisi bilen gürleşmegi maslahat berdi. Ruhanynyň kömekçisi garşy bolman, şol jaýda ýaşamaga rugsat berdi. Biziň üçin ruhanynyň öýünden her gün wagza gitmek geň zatdy.
Wagyz edýän ýerimiz hasyllydy. Wagyzda gowy gürrüňler edip, ençeme Mukaddes Ýazgylar okuwyny geçirip başladyk. Paýtagtda dini ýolbaşçylar bu barada bilip, ruhanynyň kömekçisiniň hem Ýehowanyň Güwäçilerine kömek edýänini eşidende, ondan bizi derrew kowmagy talap etdiler. Biz ýene-de jaýsyz galdyk!
Ertirsi günortana çenli wagyz edenimizden soň, biz ýene-de ýatara jaý gözledik. Ýatmak üçin iň gowy ýer diýip tapan ýerimiz, stadionyň tribunasydy. Biz ol ýerde çemedanlarymyzy gizläp, ýene-de wagyz etmäge gitdik. Garaňky düşüp ugrapdy, emma biz köçäniň ugrundaky galan öýlere hem aýlanmagy ýüregimize düwdük. Şol öýleriň birinde bir adam bize melleginiň aýak ujundan iki kiçi otagly jaýda ýaşamagy hödür etdi.
AÝLANÝAN GÖZEGÇILIK IŞI WE GILEAD MEKDEBI
Sekiz aý ýörite pioner bolup wagyz edenimden soň, men Awstraliýanyň filialyndan aýlanýan gözegçi bolmaga çakylyk aldym. Men entek 20 ýaşymdadym, şonuň üçin muňa haýran galdym. Birnäçe hepde okanymdan soň, ýygnaklara aýlanyp, dogan-uýalary ruhlandyryp başladym. Menden uly dogan-uýalar (ýagny hemmeler diýen ýaly) ýaşdygyma äsgermezlik etmän, edýän işime hormat goýýardylar.
Ýygnakdan-ýygnaga her hili ulaglarda barmaly bolýardym. Bir hepde awtobusly, indiki hepde tramwaýly, käte maşynly ýa-da motosikliň yzynda agyr çemedany we wagyz üçin sumkany tutup gidýärdim. Dogan-uýalaryňkyda bolmagy gowy görýärdim. Birleşik gullukçysy bolup gulluk edýän bir dogan jaýy doly gurlup gutarylmadyk bolsa-da, meni öýünde myhman almagy gowy görerdi. Şol hepde maňa dogan ýatar ýaly düşegi wannanyň içine düşäp berýärdi, emma Ýehowa bile gulluk edip, şonda-da hepdäni şadyýan geçirerdik.
1953-nji ýylda ýene-de bir şatlykly habary aldym, ýagny men Gilead mekdebiniň 22-nji klasyna çagyryldym. Emma men begenjegimi-de, gynanjagymy-da bilmedim. Sebäbi aýal doganymy ýanýoldaşy bilen Gilead mekdebini 1950-nji ýylyň 30-njy iýulynda tamamlansoň, Pakistana ugratdylar. Bir ýyl geçip-geçmänkä, Lesli ol ýerde keselläp, aýryldy. Gilead mekdebini gutaransoň, dünýäniň haýsydyr bir künjegine gitmegime ata-enem nähili gararka diýip biynjalyk bolýardym. Emma olar: «Ýehowa nirä iberse, şol ýere git» diýdiler. Şondan soň men kakamy görmedim. Ol 1957-nji ýylda aradan çykdy.
Tizden men Nýu-Ýork şäherine barmak üçin awstraliýaly bäş dogan-uýa bilen gämä münüp, alty hepdelik ýol geçdik. Ýolda Mukaddes Ýazgylary okaýardyk, ýolagçylara wagyz edýärdik. Biz Nýu-Ýorgyň demirgazygynda ýerleşýän Saut-Lansinge Gilead mekdebine barmazdan öň, 1953-nji ýylyň iýul aýynda «Ýanki» stadionynda geçirilýän halkara kongresine bardyk. Kongrese 165 829 delegat geldi!
Gilead mekdebinde klasymyzda okan 120 student dünýäniň ähli künjeginden gelipdiler. Biz soňky güne çenli nirede gulluk etjekdigimizi bilmedik. Muny bilen badymyza, bellenen ýurtlarymyz barada köpräk bilmek üçin, Gilead mekdebiniň kitaphanasyna eňdik. Men Paragwaýa bellenipdim. Bu ýurtda syýasy rewolýusiýalar köp bolýardy. Paragwaýa baranymda, bir güni irden başga missionerlerden şu gije nähili «baýramçylyk» bellediler diýip soradym. Olar ýylgyryp: «Sen birinji rewolýusiýany başdan geçirdiň. Gapyny açyp seret» diýdiler. Her burçda esgerler durdy!
ÝATDAN ÇYKMAJAK WAKA
Bir sapar men aýlanýan gözegçi bilen uzakda ýerleşýän ýygnaga «Täze dünýä jemgyýeti hereketde» diýen filmi görkezmäge gitdim. Biz sekiz ýa dokuz sagat ilki otluda, soňra atly, iň soňy öküze dakylan arabada ýöredik. Biz ýanymyz bilen generator we kinoproýektory aldyk. Ahyry barmaly ýerimize bardyk we indiki gün daýhanlaryň öýüne aýlanyp, olaryň hemmesini agşam kino görmäge çagyrdyk. Kinony görmäge 15-e golaý adam geldi.
Filmi 20 minuda golaý görensoň, bize mümkin boldugyndan, derrew öýe giriň diýdiler. Biz kinoproýektory alyp, öýe girdik. Soňra bir topar adam gygyrşyp, ok atyşyp: «Biziň hudaýymyz ganhor hudaýdyr. Biz daşary ýurtly adamlaryň janyny almak isleýäris» diýip, haýbat atyp başladylar. Öýde diňe iki daşary ýurtly adam bardy, olaryň biri mendim. Ol adamlar öýe kürsäp girmez ýaly, filmi görenler gapyny daşyndan saklap durdular. Daňdan sagat üçe golaý pitneçiler ýene gelip, ok atyşyp, şähere yzymyza gaýdanymyzda ýolda tutarys diýip haýbat atyp gitdiler.
Doganlar döwlet işgäri bilen gepleşdiler we ol öýlän iki sany at bilen bizi şähere alyp gitmäge geldi. Biz gidip barýarkak, ol jeňňelligiň ýa-da gür gyrymsy agaçlaryň golaýyndan geçenimizde, döwlet işgäri şol ýeri barlamak üçin ýaragyny çykaryp, öňümizden ýöreýärdi. Men şonda atyň gowy ulagdygyna göz ýetirdim we soňra bir at aldym.
TÄZE MISSIONERLER GELÝÄR
Dini ýolbaşçylaryň garşylygyna garamazdan, wagyz işi gowy netijeler berýärdi. 1955-nji ýylda bäş sany missioner geldi, olaryň arasynda Gilead mekdebiniň 25-nji klasyny gutaran kanadaly ýaş uýa Elsi Swanson hem bardy. Ol başga şähere bellenmezinden öň, biziň bile filialda gulluk etdi. Elsini hakykaty kabul etmedik ata-enesi goldamasa-da, ol özüni Ýehowa bagyş edipdi. 1957-nji ýylyň 31-nji dekabrynda men Elsi uýa öýlendim we Paragwaýyň günortasyndaky missionerleriň öýünde ýeke özümiz ýaşadyk.
Öýümizde suw akýan kran ýokdy, emma oňa derek, howlymyzda guýy bardy. Jaýyň içinde duş, hajathana, kir ýuwýan maşyn, hatda holodilnik hem ýokdy. Tiz zaýalanýan iýmit önümlerini her gün satyn alýardyk. Sada ýaşaýandygymyza garamazdan, dogan-uýalar bilen mähirli gatnaşykda bolup, özümizi örän bagtly duýýardyk.
1963-nji ýylda biz ejem bilen görüşmek üçin Awstraliýa baranymyzdan biraz wagt geçensoň, ejem on ýyllap ogluny görmändigi üçin, tolgunyp, ýüreginden tutdy. Paragwaýa gaýtmaly wagtymyz golaýladygy saýyn, bir uly meseläni çözmeli bolduk. Biz ejemi keselhanada goýup, biri aladasyny eder öýdüp, Paragwaýa halaýan gullugymyza dolanarysmy ýa-da ejem bilen galarys? Kän doga etdik we Elsi bilen ejeme seretmek üçin galdyk. Ejem tä aradan çykýança, ýagny 1966-njy ýyla çenli biz oňa seretdik, emma doly wagtly gullugymyzy-da goýmadyk.
Birnäçe ýyl Awstraliýada etrap we welaýat gözegçi bolup gulluk etdim hem-de ýaşulular üçin geçirilýän Hudaýa gulluk mekdebinde okatdym. Bu meniň üçin uly hormatdy! Soňra durmuşymyzda ýene-de bir özgerişik boldy. Meni Awstraliýanyň ilkinji filialynyň Komitetiniň agzasy edip bellediler. Täze filial gurlup başlanda, meni Gurluşyk komitetiniň ýolbaşçysy etdiler. Ençeme tejribeli dogan-uýalaryň kömegi bilen owadan filial gurlup gutaryldy.
Soňra meni ýurduň wagyz işine gözegçilik edýän Gulluk bölümine bellediler. Şeýle-de maňa bütin dünýädäki filiallara aýlanyp, kömek etmek we ruhlandyrmak üçin zonal gözegçisi bolup gulluk etmek hormatly işi ynanyldy. Käbir ýurtlarda birnäçe, hatda onlarça ýyl Ýehowa wepaly gulak asany üçin türmede we konsetrasion lagerde oturan dogan-uýalar bilen tanşyp, imanym hasam berkedi.
HÄZIRKI GULLUGYMYZ
2001-nji ýylda kyn zonal gözegçilik işinden dolanansoň, Birleşen Ştatlarynyň filialynyň täze döredilen Komitetinde gulluk etmek üçin Bruklinden (Nýu-Ýork) çakylyk haty geldi. Elsi bilen bu hat barada doga edip, ondaky teklibi ara-alyp maslahatlaşanymyzdan soň, ony şatlyk bilen kabul etdik. Bruklinde gulluk edýänimize eýýäm 11 ýyl boldy.
Men aýalymyň Ýehowanyň islendik haýyşyny şatlyk bilen kabul edýändigine begenýärin. Häzir Elsi bilen ýaşymyz 80-den agdy, saglygymyz hem ganymat. Biz Ýehowanyň berjek ebedi tälimine we onuň islegini berjaý edýänlere eçjek bol bereketlerine sabyrsyzlyk bilen garaşýarys.
[19-njy sahypadaky suratyň aşagyndaky sözler]
Bir hepde awtobusly, indiki hepde tramwaýly, käte maşynly ýa-da motosikliň yzynda agyr çemedany we wagyz üçin sumkany tutup gidýärdim
[21-nji sahypadaky suratyň aşagyndaky sözler]
Biz Ýehowanyň berjek ebedi tälimine sabyrsyzlyk bilen garaşýarys
[18-nji sahypadaky surat]
Çepde: Awstraliýada aýlanýan gözegçi bolan wagtym
Sagda: Men ata-enem bilen
[20-nji sahypadaky surat]
Toý güni, 31 dekabr 1957 ý.