Garawul diňiniň ONLAÝN KITAPHANASY
Garawul diňiniň
ONLAÝN KITAPHANASY
türkmen
Ä
  • Ç
  • ç
  • Ä
  • ä
  • Ž
  • ž
  • Ň
  • ň
  • Ö
  • ö
  • Ş
  • ş
  • Ü
  • ü
  • Ý
  • ý
  • MUKADDES KITAP
  • EDEBIÝATLAR
  • DUŞUŞYKLAR
  • w13 15/1 sah. 3—6
  • Olar Norwegiýada höwes bilen gulluk edýärler

Şuňa degişli wideo ýok.

Bagyşlaň, wideo ýüklenende näsazlyk ýüze çykdy.

  • Olar Norwegiýada höwes bilen gulluk edýärler
  • Garawul diňi Ýehowa Hudaýyň Patyşalygyny yglan edýär — 2013
  • Sözbaşylar
  • Meňzeş maglumat
  • GARAŞYLMADYK SORAG
  • NÄHILI KARARA GELMELI?
  • MAKSADA ÝETMEK ÜÇIN EDILEN ÄDIMLER
  • KÖPRÄK WAGYZ ETMEK ÜÇIN BAŞGALAR NÄME ETDILER
  • «REBBIŇ ÝAGŞYLYGYNY DADYP GÖRÜŇ!»
  • Gowy planlaşdyrylan iş miwe berýär
    Garawul diňi Ýehowa Hudaýyň Patyşalygyny yglan edýär — 2013
  • Olar höwes bilen gulluk edýärler—Madagaskar
    Garawul diňi Ýehowa Hudaýyň Patyşalygyny yglan edýär — 2018
  • Olar höwes bilen gulluk edýärler
    Garawul diňi Ýehowa Hudaýyň Patyşalygyny yglan edýär — 2017
Garawul diňi Ýehowa Hudaýyň Patyşalygyny yglan edýär — 2013
w13 15/1 sah. 3—6

Olar Norwegiýada höwes bilen gulluk edýärler

IKI-ÜÇ ýyl mundan öň 50 ýaşlaryna golaýlan bir är-aýal, ýagny Rual bilen Elsebet Norwegiýada ululygy boýunça ikinji orny eýeleýän Bergen atly şäherde bolelin ýaşaýardylar. Olar gyzy Isabel we ogly Fabian bilen bilelikde Hudaýa wepaly gulluk edýärdiler. Rual ýygnagyň ýaşulusydy, Elsebet pioner, Isabel bilen Fabian bolsa ýygnagyň yhlasly wagyzçylarydy.

2009-njy ýylyň sentýabrynda bu maşgala çet obada bir hepdeläp wagyz etmegi ýüregine düwýär. Şonda Rual bilen Elsebet 18 ýaşly ogly Fabiany alyp, Nordkina gidýärler. Bu şäher Demirgazyk polýar aýlawynyň Finnmark etrabyna degişli ýarym adada ýerleşýär. Olar bu şäheriň Hýolleford obasynda wagyz etmäge gelen başga-da dogan-uýalar bilen gulluk etdiler. Rual şeýle ýatlaýar: «Men bir hepde şu ýerde wagyz etmek üçin eden özgerişlerimden diýseň hoşaldym». Emma bir hepde geçensoň, Rual alada edip başlaýar. Näme üçin?

GARAŞYLMADYK SORAG

Rual şeýle ýatlaýar: «Finnmarkda pioner bolup gulluk edýän Maro atly dogan garaşylmadyk soragy orta atdy. Ol 23 wagyzçydan ybarat bolan ýygnaga kömek etmek üçin bizden Lakselw şäherine göçmegimizi haýyş etdi». Bu Rual üçin garaşylmadyk sorag boldy. Ol şeýle düşündirýär: «Elsebet ikimiz wagyzçylaryň ýetmeýän ýerinde gulluk etmek barada öňem oýlanýardyk, ýöne muny çagalarymyz ulalyp, özbaşdak ýaşap başlanlaryndan soň etmekçidik». Emma Rual şol ýerde bary-ýogy birnäçe gün gulluk edende, köp adamlaryň Ýehowany tanamak isleýändigine göz ýetirdi. Olara soň däl-de, häzir kömek gerekdi. Rual şeýle ýatlaýar: «Doganyň beren soragy meni diýseň biynjalyklandyrdy, hatda men birnäçe günläp ýatyp bilmedim». Soňra Maro dogan Rualy we onuň maşgalasyny Hýollefordyň günortasynda 240 km uzaklykda ýerleşýän Lakselw şäherine alyp gidýär. Maro ol şäherdäki kiçijik ýygnagy olaryň öz gözleri bilen görmegini isleýär.

Lakselwde iki sany ýygnak ýaşulusy bardy. Olaryň biri, ýagny Andreas atly dogan myhmanlary şähere aýlap, Patyşalyk zalyny görkezýär. Ýygnakdaky dogan-uýalar olary mähirli garşylaýar. Olar Rual bilen Elsebetiň wagyz işine kömek etmek üçin bu ýere göçseler, örän begenjekdiklerini aýdýarlar. Andreas ýylgyryp, Rual bilen Fabiana iş tapyp goýandygyny-da aýdýar. Myhmanlar näme ederkä?

NÄHILI KARARA GELMELI?

Ilkibada Fabian: «Men bu ýere göçmek islemeýärin» diýdi. Ýakyn dostlaryndan aýra düşmek we önüp-ösen ýygnagyny taşlap, kiçijik şähere göçmek baradaky pikir Fabiana ýaramady. Ol eletkrik bolmak üçin hünärment mekdebini-de tamamlamandy. Emma bu barada Isabelden (şonda ol 21 ýaşyndady) soranlarynda, ol şatlyk bilen: «Men bu barada hemişe arzuw edýärdim!» diýdi. Ýöne soňra Isabel şeýle pikir edip başlady: «Bu hakda näçe köp oýlandygymça, şonça-da alada edýärdim. Göçmeli diýen karar, dogrudan-da, gowy pikirmi? Joralarymy göresim gelmezmi? Ýa-da men özüme amatly we tanyş bolan ýygnagymda galmaly?» Eýsem, Elsebet nähili pikirdedi? Ol şeýle diýýär: «Men Ýehowanyň biziň maşgalamyza täze ýumuş berýändigine düşündim, ýöne ýaňy ýakynda remont eden jaýymyz we soňky 25 ýylyň dowamynda edinen emlägimiz barada oýlanýardym».

Bir hepdeden soň, Rual öz maşgalasy bilen Bergene dolanýar, emma 2 100 km uzaklykda ýerleşýän Lakselwdäki dogan-uýalary unudyp bilmeýär. Elsebet şeýle diýýär: «Men Ýehowa köp doga edýärdim. Biz şol çet şäherdäki dostlarymyz bilen aragatnaşyk saklaýardyk. Biri-birimize surat ýollaýardyk we wagyzda bolan wakalar bilen paýlaşýardyk». Rual şeýle diýýär: «Maňa göçmeli diýen karara geler ýaly wagt gerekdi. Şeýle-de men maşgalamyň zerurlyklary barada oýlanmalydym. Biz özümizi nädip ekläp bileris? Men bu barada Ýehowa köp doga etdim, maşgalam we tejribeli doganlar bilen maslahatlaşdym». Fabian şeýle ýatlaýar: «Men bu barada näçe köp oýlandygymça, şonça-da göçmegimize päsgel berýän zadyň ýokdugyna düşündim. Ýehowa ýygy-ýygydan doga edensoň, meniň göçmeklik hakdaky islegim artyp başlady». Isabel barada näme diýse bolar? Ol göçmäge taýýarlanmak üçin pioner gullugyna başlaýar. Alty aý pioner bolup gulluk eden döwri, ol şahsy okuwyna-da köp wagt sarp edýär. Şondan soň ol göçmäge taýyndygyny duýýar.

MAKSADA ÝETMEK ÜÇIN EDILEN ÄDIMLER

Wagyzçylaryň ýetmeýän ýerinde wagyz etmek islegi artdygyça, bu maşgala maksadyna ýetmek üçin belli bir ädimleri ädip başlady. Rual gowy hak tölenýän işde işleýärdi we oňa işi ýaraýardy. Emma ol başlygyndan bir ýyllyk rugsat soraýar. Şonda başlygy oňa iki hepde işläp, alty hepde dynç almagy teklip edýär. Rual şeýle diýýär: «Meniň iş hakym azalsa-da, bu maňa goýan maksadyma ýetmäge kömek etdi».

Elsebet şeýle gürrüň berýär: «Ýanýoldaşym menden Bergendäki jaýymyzy kireýne berip, Lakselwden jaý tapmagy haýyş etdi. Munuň üçin biz köp wagt sarp etmeli bolsak-da, eden tagallamyz ýerine düşdi. Çagalarymyz bolsa, ýarym günlük iş tapyp, iýjek çöregimizi we ýola gerek çykdajylary öz üstüne aldylar».

Isabel şeýle diýýär: «Biziň göçüp barjak şäherimiz kiçi bolandygy üçin, pioner bolup gulluk eder ýaly iş tapmak aňsat däldi. Hatda bu käte mümkin däl ýaly bolup görünýärdi». Muňa garamazdan, Isabel bir ýylyň dowamynda dokuz ýerde işläp, özüne gerek-ýarak zatlaryny alyp bildi. Fabian iş meselesini nädip çözdi? Ol şeýle gürrüň berýär: «Men hünärment mekdebini tamamlap elektrik bolmak üçin, ussanyň ýanynda kömekçi bolup işlemelidim. Mekdebiň bu talabyny men Lakselwde ýerine ýetirdim. Ekzameni tabşyranymdan soň bolsa, elektrik bolup ýarym günlük işe girdim».

KÖPRÄK WAGYZ ETMEK ÜÇIN BAŞGALAR NÄME ETDILER

Marelius we onuň aýaly Kesia hem wagyzçylaryň ýetmeýän ýerinde gulluk etmek isleýärdiler. Marelius (häzir ol 29 ýaşynda) şeýle gürrüň berýär: «Kongresdäki dokladlar we pionerleriň beren interwýulary meni köpräk wagyz etmäge höweslendirdi». Emma Kesiany (häzir ol 26 ýaşynda) ata-enesinden uzakda ýaşamak pikiri biynjalyk edýärdi. Ol şeýle diýýär: «Men dogan-garyndaşlarymdan aýra düşmekden gorkýardym». Marelius bolsa, kredite alan jaýynyň puluny tölemek üçin uzakly gün işleýärdi. Ol şeýle diýýär: «Biz durmuşymyzda özgerişler edip, başga ýere göçüp biler ýaly, Ýehowadan kömek sorap, köp doga etdik». Ilki bilen, olar şahsy okuwyna köp wagt sarp etdiler. Soňra jaýyny satdylar, işinden çykdylar we 2011-nji ýylyň awgust aýynda Norwegiýanyň demirgazygynda ýerleşýän Alta şäherine göçüp bardylar we pioner gullugyna başladylar. Olar nädip gazanç etdiler? Marelius hasapçy bolup işe girdi, Kesiýa bolsa dükançy boldy.

35 ýaşlaryndaky är-aýala, ýagny Knut bilen Lisbete «Ýyllyk kitabyndan» wagyzçylaryň ýetmeýän ýerinde gulluk edýän dogan-uýalar barada okan wakalary täsir etdi. Lisbet şeýle gürrüň berýär: «Bu wakalar meni daşary ýurtda gulluk etmek barada oýlandyrdy. Ýöne men ýaýdanýardym, sebäbi meniň ýaly adam bu işi başaryp bilmez öýdýärdim». Muňa garamazdan, olar goýan maksadyna ýetmek üçin gerekli ädimleri ätdiler. Knut şeýle diýýär: «Biz ýaşaýan öýümizi satdyk we köp çykdajy etmez ýaly ejemlere göçdük. Soňra daşary ýurtda wagyz etmäge taýýarlanmak üçin, Bergendäki iňlis ýygnagynda bir ýyl gulluk etdik. Şonda biz Lisbetiň ejesiniň öýünde ýaşadyk». Mundan birnäçe wagt öň, Knut bilen Lisbete Ugandada wagyz etmek isleýärdiler. Olar Uganda göçenden soň, doly wagtly gulluk edip biler ýaly, ýylda iki aý Norwegiýa gelip işleýärdiler. Şeýdip, olar gazanç edýärdiler.

«REBBIŇ ÝAGŞYLYGYNY DADYP GÖRÜŇ!»

Gullugyň bu görnüşi wagyzçylara nähili täsir etdi? Rual şeýle gürrüň berýär: «Indi biz Bergendäki ýaşan döwrümize garanda, köp wagtymyzy bile geçirýäris. Biz biri-birimize has-da ýakynlaşdyk. Çagalarymyzyň ruhy taýdan ösýändigini görmek, biziň üçin uly bereket boldy. Şeýle-de biz maddy zatlara başgaça garaýarys. Olar biziň üçin öňki ýaly wajyp däl».

Elsebet başga dili öwrenmegiň gerekdigine düşündi. Näme üçin? Lakselwdäki ýygnagyň territoriýasyna Saaminiň merkezinde ýerleşýän Karasýok obasy-da degişlidi. Ol ýerde Norwegiýanyň, Şwesiýanyň, Finlýandiýanyň we Russiýanyň demirgazygynda ýaşaýan adamlar bardy. Bu adamlara wagyz etmek üçin Elsebet kurslara gatnap, saami dilini öwrenýär. Häzir ol bu dilde az-owlak gepläp bilýär. Ol bu ýerde gulluk edýändigine begenýärmi? Elsebet begenç bilen şeýle diýýär: «Men alty adam bilen Mukaddes Ýazgylar okuwyny geçirýärin. Men şeýle bagta hiç haçan ýetip bilmezdim!»

Fabian häzir pioner we gulluk hyzmatçysy bolup gulluk edýär. Ol uýasy bilen ýygnakda üç ýetginjege ruhy taýdan ösmäge kömek etdi. Olaryň üçüsi-de häzir yhlasly wagyz edýärler; ikisi suwda çokundyryldy we biri 2012-nji ýylyň mart aýyndan bäri kömekçi pioner bolup gulluk edýär. Ýetginjekleriň biri Fabian bilen Isabeliň ruhy taýdan ösmäge ýardam berendigine köp minnetdarlyk bildirdi. Fabian şeýle diýýär: «Onuň aýdan sözleri meni ruhlandyrdy. Kimdir birine kömek etmeklik köp şatlyk getirýän ekeni!» Isabel bolsa şeýle diýýär: «Bu ýerde men “Rebbiň ýagşylygyny dadyp gördüm“. Hawa, bu ýerde gulluk etmek diýseň gowy!» (Zeb. 34:8).

Marelius bilen Kesia ýönekeý ýaşasalar-da, özlerini baý duýýarlar. Häzir Altadaky ýygnakda 41 wagyzçy bar. Marelius şeýle diýýär: «Geçmişe ser salyp, durmuşymyzyň özgerendigini görmeklik, bizi örän ruhlandyrýar. Biz bu ýerde pioner bolup gulluk edýändigimize Ýehowa minnetdardyrys. Başga hiç zat şeýle şatlyk getirip bilmese gerek». Kesia sözüni şeýle dowam edýär: «Men Ýehowa doly bil baglamagy öwrendim we Onuň aladamyzy edýändigine göz ýetirdim. Şeýle-de men dogan-garyndaşlarymdan uzakda ýaşap, indi olar bilen bile geçiren wagtymy gymmat saýýaryn. Men başga ýerde gulluk etmek üçin gelen kararymyza, asla ökünmeýärin».

Ugandada gulluk edýän Knut bilen Lisbet barada näme diýse bolar? Knut şeýle ýatlaýar: «Täze ýagdaýa we täze medeniýete öwrenişmek üçin wagt gerekdi. Bizi suw, elektrik çyrasy we aşgazan näsazlygy ýaly kynçylyklar wagtal-wagtal biynjalyk etse-de, köp adamlar bilen Mukaddes Ýazgylar okuwyny geçirip, arzuwymyza ýetdik!» Lisbet şeýle gürrüň berýär: «Biz hoş habaryň barmadyk ýerlerine gidip wagyz edýäris. Ol ýere barmak üçin bir ýarym sagat wagt gerek. Muňa garamazdan, biz Mukaddes Ýazgylary okaýan we bu barada köpräk bilmek isleýän adamlary görenimizde begenýäris. Hawa, pes göwünli adamlar bilen okuw geçirmegiň berýän şatlygyny hiç zada deňäp bolmasa gerek!»

Rebbimiz Isa Mesih dünýäniň dürli künjeginde alnyp barylýan wagyz işine seredip, gör, nähili guwanýandyr! Hawa, Hudaýyň halky Isanyň «bütin milletleri şägirt ediň» diýen tabşyrygyny höwes bilen berjaý edip, ýürekden begenýärler (Mat. 28:19, 20).

Mukaddes Ýazgylardaky prinsipleri ulansaňyz, bu sizi wagyzçylaryň ýetmeýän ýerine gitmäge taýýarlar:

  • Ýehowadan isleg hem-de paýhas diläň (Sül. tym. 3:21; Flp. 2:13; Ýakup 1:5).

  • Akyldar imandaşlardan maslahat soraň. «Akyldarlar bilen gezýän adam akyldar bolar» (Sül. tym. 12:15; 13:20).

  • Ähli işleriňizi planlaşdyryň. «Aýagyň ugruna dykgat et, ähli ýollaryň berk bolar» (Sül. tym. 4:26).

  • Ruhdan düşmäň we planlaşdyran zadyňyzy ýerine ýetirjek boluň. «Ýagşylyk et» (Zeb. 37:3).

Bu ädimleri ätseňiz, Ýehowanyň sizi patalajakdygyna ynamly bolup bilersiňiz! (Sül. tym. 16:3).

    Türkmençe edebiýatlar (1997—2026)
    Çykmak
    Girmek
    • türkmen
    • Paýlaş
    • Sazlamalar
    • Copyright © 2025 Watch Tower Bible and Tract Society of Pennsylvania
    • Şertler we düzgünler
    • Gizlinlik syýasaty
    • Gizlinlik sazlamalary
    • JW.ORG
    • Girmek
    Paýlaş