Garawul diňiniň ONLAÝN KITAPHANASY
Garawul diňiniň
ONLAÝN KITAPHANASY
türkmen
Ä
  • Ç
  • ç
  • Ä
  • ä
  • Ž
  • ž
  • Ň
  • ň
  • Ö
  • ö
  • Ş
  • ş
  • Ü
  • ü
  • Ý
  • ý
  • MUKADDES KITAP
  • EDEBIÝATLAR
  • DUŞUŞYKLAR
  • w13 15/8 sah. 8
  • Okyjylaryň sowallary

Şuňa degişli wideo ýok.

Bagyşlaň, wideo ýüklenende näsazlyk ýüze çykdy.

  • Okyjylaryň sowallary
  • Garawul diňi Ýehowa Hudaýyň Patyşalygyny yglan edýär — 2013
  • Meňzeş maglumat
  • Ýygnak gatnaşygyndan kesilen adam bilen özüňi nähili alyp barmaly?
    «Özüňizi Hudaýyň söýgüsinde saklaň»
  • Ýehowa bolan söýgiňiz maşgalaňyza bolan söýgiňizden güýçli bolsun!
    Mesihçileriň durmuşy we wagzy. Okuw depderi — 2020
  • Maşgala agzalaryňyz ýygnak gatnaşygyndan kesilse
    Garawul diňi Ýehowa Hudaýyň Patyşalygyny yglan edýär — 2021
  • Ýygnak bilen gatnaşykdan kesilmek söýgi bilen berilýän terbiýemi?
    Garawul diňi Ýehowa Hudaýyň Patyşalygyny yglan edýär — 2015
Başgalary
Garawul diňi Ýehowa Hudaýyň Patyşalygyny yglan edýär — 2013
w13 15/8 sah. 8

OKYJYLARYŇ SOWALLARY

Mesihçi ata-eneler ýygnak gatnaşygyndan kesilen çagasy bilen duşuşykda bile otursa dogry bolarmy?

Ýygnak duşuşygynda gatnaşykdan kesilen adamyň nirede oturmalydygy barada çendenaşa alada etmek hökman däl. Şu žurnalda mesihçi ata-enelere gatnaşykdan kesilen we bile ýaşaýan çagasyna ýerlikli bolsa ruhy taýdan kömek etmelidigi babatda ençeme maslahatlar berlipdi. 1989-njy ýylyň 15-nji sentýabrynda çykan «Garawul diňiniň» (rus.) 16, 17-nji sahypalarynda mesihçi ata-eneler ýygnak gatnaşygyndan kesilen we kämillik ýaşyna ýetmedik çagasy bilen ýaşaýan bolsa, olaryň hatda Mukaddes Ýazgylar okuwyny geçirse bolýandygy aýdylýar. Şonda ata-eneler çagasyna nädogry ýoldan dönmäge gerekli kömegi berip biler.

Gatnaşykdan kesilen we kämillik ýaşyna ýetmedik çaga ýygnakda ümsüm ata-enesi bilen otursa hem bolar. Ýygnak gatnaşygyndan kesilen adamdan yzda oturmak talap edilmeýär. Diýmek, çaga-da ata-enesiniň ýanynda oturyp biler. Ata-ene çagasynyň ruhy taýdan aladasyny etmeli. Şonuň üçin olar çagasynyň ýygnakda has köp peýda alýandygyny bilmek islärler. Olar çagasyny ýeke goýman, onuň ýanynda otursalar, ruhy ýagdaýyna gözegçilik edip bilerler.

Eger gatnaşykdan kesilen çaga ata-enesi bilen bile ýaşamaýan bolsa näme? Şeýle ýagdaýda ol ata-enesi bilen bile oturyp bilermi? Öň şu žurnalda mesihçiniň bile ýaşamaýan we gatnaşykdan kesilen maşgala agzalary bilen gatnaşyk etmeli däldigi barada aýdyň düşündirilipdia. Emma gatnaşykdan kesilen we kämillik ýaşyna ýetmedik çaganyň ýygnakda maşgala agzalarynyň ýanynda ümsüm oturmagy, olaryň gatnaşyk edýändigini aňlatmaýar. Eger Ýehowanyň wepaly gullukçylary Mukaddes Ýazgylardaky maslahata hormat goýsalar we gatnaşykdan kesilen maşgala agzasyna dogry garaýyşda bolsalar, onda kimiň nirede oturmalydygy barada oýlanmak gerek bolmaz (1 Kor. 5:11, 13; 2 Ýahýa 11).

Görşümiz ýaly, gatnaşykdan kesilen adam özüni dogry alyp barsa, onuň dogan-garyndaşlarynyň ýa-da ýygnagyň başga agzalarynyň ýanynda oturmagy babatda aladalanmaly däl. Emma bu meselede belli bir çäk goýulsa, dürli kynçylyklar döräp biler. Eger hemmeler, şol sanda ýygnak gatnaşygyndan kesilen adamyň Hudaýa wepaly gulluk edýän dogan-garyndaşlary Mukaddes Ýazgylardaky prinsipe eýermäge jan etseler we onuň oturýan ýeri imandaşlara büdreme bolmasa, onda ýygnak duşuşygynda kimiň nirede oturmalydygy barada alada etmeli däl.

a «Hudaýyň söýgüsi» kitabynyň 207—209-njy sahypalaryna serediň.

    Türkmençe edebiýatlar (1997—2026)
    Çykmak
    Girmek
    • türkmen
    • Paýlaş
    • Sazlamalar
    • Copyright © 2025 Watch Tower Bible and Tract Society of Pennsylvania
    • Şertler we düzgünler
    • Gizlinlik syýasaty
    • Gizlinlik sazlamalary
    • JW.ORG
    • Girmek
    Paýlaş