Garawul diňiniň ONLAÝN KITAPHANASY
Garawul diňiniň
ONLAÝN KITAPHANASY
türkmen
Ä
  • Ç
  • ç
  • Ä
  • ä
  • Ž
  • ž
  • Ň
  • ň
  • Ö
  • ö
  • Ş
  • ş
  • Ü
  • ü
  • Ý
  • ý
  • MUKADDES KITAP
  • EDEBIÝATLAR
  • DUŞUŞYKLAR
  • w14 15/3 sah. 12—16
  • Dogry garaýyşda bolalyň

Şuňa degişli wideo ýok.

Bagyşlaň, wideo ýüklenende näsazlyk ýüze çykdy.

  • Dogry garaýyşda bolalyň
  • Garawul diňi Ýehowa Hudaýyň Patyşalygyny yglan edýär — 2014
  • Sözbaşylar
  • Meňzeş maglumat
  • MUKADDES ÝAZGYLAR DOGRY GARAÝYŞDA BOLMAGA KÖMEK EDÝÄR
  • GARYP DUL HATYN
  • «MENIŇ JANYMY AL»
  • «GÖRGÜLINIŇ DOGASY»
  • Hudaý oňa teselli berdi
    Olaryň imanyndan görelde alyň
  • Sarepatly dul aýalyň imany sylaglanýar
    Garawul diňi Ýehowa Hudaýyň Patyşalygyny yglan edýär — 2014
  • Sen käwagt özüňi ýeke duýýarmyň ýa-da gorkýarmyň?
    Çagalaryňyza öwrediň
  • Dul aýalyň ogly direlýär
    Mukaddes Kitapdan sapaklarym
Başgalary
Garawul diňi Ýehowa Hudaýyň Patyşalygyny yglan edýär — 2014
w14 15/3 sah. 12—16

Dogry garaýyşda bolalyň

«Uzak ýyllap ýaşaýanlar hem her bir ýaşan güne şatlansynlar». WAG. 11:8

SIZ NÄHILI JOGAP BERERSIŇIZ?

  • Dogry garaýyşda bolmak näme üçin kyn bolup biler?

  • Mukaddes Ýazgylar dogry garaýyşda bolmaga nädip kömek edýär?

  • Garyp dul aýalyň, Ylýasyň we 102-nji mezmury ýazan adamyň göreldesi dogry garaýyşda bolmaga nädip kömek edýär?

1. Ýehowa bize nähili bereketleri eçýär?

ÝEHOWA adamlaryň bagtly ýaşamagyny isleýär we olara ençeme bereketlerini eçýär. Meselem, Ol bize ýaşaýyş berdi we hakykaty açdy. Şol sebäpli biz Hudaýy şöhratlandyryp ýaşamak isleýäris (Zeb. 144:15; Ýahýa 6:44). Ýehowa bizi söýýär we kynçylyklara hötde gelip, gullugymyzy dowam etmäge kömek edýär (Ýer. 31:3; 2 Kor. 4:16). Biz ruhy jennetde ýaşaýarys, çünki bol ruhy iýmitden we mähriban doganlyk gatnaşygyndan lezzet alyp bilýäris. Galyberse-de, biziň gelejege ajaýyp umydymyz bar.

2. Hudaýyň käbir wepaly gullukçylary näme bilen göreşýärler?

2 Bu bereketlere garamazdan, Hudaýyň käbir wepaly gullukçylary ýaramaz duýgulary bilen göreşýärler. Olar özüni, gullugyny Ýehowa mynasyp görmeýärler we şatlanyp ýaşamak mümkin däldir öýdýärler. Olara ýaşaýyş tüm garaňky bolup görünýär (Wag. 11:8).

3. Ýaramaz duýgularyň döremegine näme sebäp bolup biler?

3 Ýaramaz duýgularyň döremegine lapykeçlik, ýarawsyzlyk we gartaşanlyk sebäp bolup biler (Zeb. 71:9; Sül. tym. 13:12; Zeb. 42:9). Şeýle-de ýüregimiziň «hilegärdigini» unutsak, Hudaýyň bereket eçýändigine garamazdan özümizi günäkärlemegimiz mümkin (Ýer. 17:9; 1 Ýahýa 3:20). Iblis Hudaýyň gullukçylaryna töhmet atýar. Eger biz Şeýtanyň pikirine eýeren Elipaz ýaly adamlaryň täsirine düşsek, özümizi Hudaýa mynasyp görmeris, çünki Şeýtan bu hilesini şu günlerem üstünlikli ulanýar (Eýýup 4:18, 19).

4. Bu makalada nämä serederis?

4 Ýehowa Sözi arkaly «ölüm kölegesi deresinden ýöreýän» gullukçylaryny goldajakdygyna ynandyrýar (Zeb. 23:4). Biz Mukaddes Ýazgylaryň kömegi bilen «Hudaýyň gudratyna eýe» bolup, «gala» kimin nädogry pikirleri we ýaramaz duýgulary ýeňip bileris (2 Kor. 10:4, 5). Geliň, häzir Mukaddes Ýazgylaryň dogry garaýyşda bolmaga nädip kömek edýändigine seredeliň.

MUKADDES ÝAZGYLAR DOGRY GARAÝYŞDA BOLMAGA KÖMEK EDÝÄR

5. Dogry garaýyşda bolmak üçin näme etmeli?

5 Pawlus resul dogry garaýyşda bolmaga kömek edýän käbir zatlary agzap geçdi. Ol Korintosdaky mesihçilere: «Imandadygyňyzy özüňiz barlap görüň» diýdi (2 Kor. 13:5). «Iman» — bu mesihçileriň Mukaddes Ýazgylara esaslanan ähli taglymatlaryny öz içine alýar. Eger biz öwrenen taglymatlarymyza görä ýaşasak, onda synaglarda berk durup, «imandadygymyzy» görkezeris. Biz diňe göwnümize ýaraýan taglymatlara eýerip, galanlaryny inkär edip bilmeris. Hawa, biz Mukaddes Ýazgylardaky mesihçi taglymatlaryň ählisine gulak asmaly (Ýakup 2:10, 11).

6. Biz näme üçin «imandadygymyzy» barlamaly? (Makalanyň başyndaky surata serediň).

6 Belki-de, siz haýsydyr bir taglymata laýyk gelmerin öýdüp, özüňizi barlamaga ýaýdanýansyňyz. Emma Ýehowanyň biz baradaky pikirini özümiziňkiden ileri tutmak has wajypdyr, çünki Ol: «Meniň pikirlerim siziň pikirleriňizden beýikdir» diýýär (Iş. 55:8, 9). Ýehowa bizi ýazgarmak niýeti bilen däl-de, gowy häsiýetlerimizi görmek we kömek etmek üçin barlaýar. Biz Hudaýyň Sözi arkaly «imandadygymyzy barlasak», özümize Hudaýyň garaýşy ýaly garamagy öwreneris. Şeýle-de bu erbet duýgulary ýeňmäge we Ýehowanyň nazarynda gymmatlydygymyzy unutmazlyga kömek eder. Muny garaňky otagyň perdesini açyp, Günüň şöhlesiniň düşüşine meňzetse bolar.

7. Hudaýyň geçmişdäki wepaly gullukçylarynyň göreldesi nähili kömek edýär?

7 Özüňi barlamagyň netijeli usuly — Hudaýyň geçmişde ýaşan wepaly gullukçylary barada oýlanmak. Olar hakda okanyňyzda, öz ýagdaýyňyzy we duýgularyňyzy olaryňky bilen deňeşdiriň. Bu size şeýle ýagdaýda özüňizi nähili alyp barmalydygyna bilmäge kömek eder. Geliň, «imandadygymyzy» barlamaga we dogry garaýyşda bolmaga kömek etjek üç waka seredeliň.

GARYP DUL HATYN

8, 9. a) Garyp dul aýalyň ýagdaýyny gürrüň beriň. b) Ol nähili duýgulary başdan geçiren bolmaly?

8 Isa Iýerusalimiň ybadathanasynda bir garyp dul aýaly görýär (Luka 21:4-i okaň). Geliň, bu dul aýalyň ýagdaýy barada oýlanyp göreliň. Ol diňe bir ýanýoldaşynyň ölüminden hasrat çekmän, eýsem, dini ýolbaşçylaryň agalyk etmeginden hem ejir çekýärdi. Sebäbi olar kömek bermegiň deregine, «dul hatynlaryň öýlerini talaýardylar» (Luka 20:47). Bu dul aýal şeýle bir garypdy welin, onuň ybadathananyň hazynasyna atan puly ýönekeý işçiniň 15 minutlyk iş hakyna deňdi.

9 Bu dul aýalyň ybadathananyň howlusyna girip, iki lepta atanda nähili duýgulary başdan geçirendigi barada oýlanyp görüň. Belki-de, ol atan puluny ýanýoldaşy dirikä beren sowgatlaryndan juda azdygy barada oýlanandyr? Ýa-da başgalaryň köp pul atýandygyny görüp, beren zadyny mynasyp gören däldir? Her niçik-de bolsa, ol hakyky seždäni goldamak üçin elinde baryny etdi.

10. Isa Ýehowanyň dul hatyny gymmat saýýandygyny nädip görkezdi?

10 Isa dul aýalyň we onuň getiren gurbanynyň Ýehowa üçin örän gymmatlydygyny aýtdy. Ol: «Bu garyp dul hatyn hemmeden kän atdy» diýdi. Dul hatynyň atan puly başga adamlaryňky bilen garyşyp gitse-de, Isa onuň Ýehowa bolan wepalylygyna aýratyn üns berdi. Ybadathana üçin berlen pullary ýygnaýan adamlar dul aýalyň ýa-da onuň iki leptasynyň Ýehowanyň gözünde juda gymmatlydygy barada bilmeseler gerek. Görşümiz ýaly, Hudaýyň pikiri adamlaryňkydan, hatda dul aýalyň özi hakda edýän pikirinden-de has wajypdyr. Bu waka bize «imandadygymyzy» barlamaga nädip kömek edip biler?

Garyp dul aýalyň göreldesinden näme öwrenip bileris? (8—10-njy abzaslara serediň)

11. Biz dul aýal bilen bolan wakadan näme öwrenýäris?

11 Biziň ýagdaýymyz Ýehowa edýän gullugymyza täsir edýär. Gartaşanlyk ýa-da keselçilik sebäpli köp gulluk edip bilmeýän wagyzçylar şeýle pikir etmekleri mümkin: «Heý-de şu sagadam tabşyryp bolarmy?» Hatda ýagdaýyňyz çäkli bolmasa-da, siz wagza sarp edýän sagatlaryňyzy her ýyl tabşyrylýan hasabatyň ujypsyzja bölegi hasaplaýansyňyz. Emma dul aýal bilen bolan wakadan görnüşi ýaly, Ýehowa gullukçylarynyň, esasan-da, kyn ýagdaýlarda edýän her bir işini gymmat saýýar. Geçen ýyl Ýehowa eden gullugyňyz barada oýlanyp görüň. Siz wagyz etmek üçin köp zatlardan geçmeli bolsaňyz-da, örän az sagat tabşyrdyňyzmy? Onda Ýehowanyň şol sagady örän gymmat saýýandygyny unutmaň. Siz hem garyp dul aýal ýaly Ýehowa gulluk etmek üçin eliňizde baryny edýän bolsaňyz, onda «imandadygyňyza» şübhelenmän bilersiňiz.

«MENIŇ JANYMY AL»

12—14. a) Ylýas pygamber nähili duýgulary başdan geçirdi? b) Ylýas näme üçin özüni dereksiz duýdy?

12 Ylýas pygamber Ýehowa wepaly we berk imanly adamdy. Emma bir gezek ol ruhdan düşüp: «Besdir, ýa Reb, indi meniň janymy al» diýdi (1 Pat. 19:4). Şeýle duýgulary başyndan geçirmedik adam Ylýas pygamber «oýlanyşyksyz gepläpdir» diýmegi mümkin (Eýýup 6:3). Emma Ylýas bu sözleri ýürekden syzdyryp aýdypdy. Şonuň üçin Ýehowa oňa gaharlanman, gaýtam, kömek etdi.

13 Ylýasyň şeýle sözleri aýtmagyna näme sebäp bolduka? Mundan biraz öň, Ylýas pygamber Ýehowanyň hak Hudaýdygyny subut etmek üçin gudrat görkezýär we Bagalyň 450 sany pygamberini öldürýär (1 Pat. 18:37—40). Ol ysraýyl halky muny görüp, hakyky seždä dolanar diýip umyt edýär, ýöne bu beýle bolmaýar. Gaýtam, zalym patyşa Izebel Ylýas pygamberi öldürjekdigi barada habar ýollaýar. Ylýas bu habary eşidip gorkýar we Ýahudanyň çölüne gaçyp gidýär (1 Pat. 19:2—4).

14 Ylýas çöldekä, pygamberlik eden döwrüniň biderek geçendigi hakynda oýlanýar. Ol Ýehowa ýüzlenip: «Men atalarymdan gowy däldirin» diýýär. Ylýas özüni topraga siňip giden merhum ata-babalaryça-da görmedi. Ol ýaramaz duýgulara ýol berip, özüni dereksiz duýýar we hiç kime, hatda Ýehowa-da gerek däldirin öýdýär.

15. Ýehowa Ylýasy gymmat saýýandygyny nädip görkezdi?

15 Gudratygüýçli Hudaý Ylýasa düýbünden başgaça garaýardy. Ol pygamberini gymmat saýýandygyny görkezmek we ony berkitmek üçin perişdesini ýollady. Şeýle-de günortada ýerleşýän Horep dagyna barýança, ony 40 günläp iýmit we suw bilen üpjün etdi. Pygamber Ysraýylda ýekeje adamyň hem Ýehowa wepaly galmandygyny aýdanda, Hudaý mähir bilen onuň nädogry garaýşyny düzetdi. Galyberse-de, Hudaý Ylýasa täze ýumuş tabşyrdy we ol muny höwes bilen kabul etdi. Hawa, Ylýas täze güýç bilen gullugyny dowam etdi (1 Pat. 19:5—8, 15—19).

16. Ýehowa bizi nädip goldaýar?

16 Ylýas bilen bolan waka «imandadygyňy» barlamaga we dogry garaýyşda bolmaga kömek edýär. Birinjiden, Ýehowanyň öň sizi nädip goldandygy hakda oýlanyň. Belki, size ýygnak ýaşulusy ýa-da başga bir ruhy taýdan ýetişen dogan kömek edendir? (Gal. 6:2). Ýa-da sizi Mukaddes Ýazgylardan, edebiýatlarymyzdan okan zatlaryňyz, ýa-da ýygnak duşuşyklarynda eşiden pikirleriňiz ruhlandyrandyr? Her gezek şeýle goldawy duýanyňyzda, aslynda, ony Kimiň berýändigi hakda oýlanyň we Oňa doga edip, minnetdarlyk bildiriň (Zeb. 121:1, 2).

17. Ýehowa gullukçylaryny näme üçin gymmat saýýar?

17 Ikinjiden, adam özüne nädogry garaýyşda bolup biler. Emma Hudaýyň pikiri has wajypdyr (1 Şamuwel 16:7-ni okaň)a. Ýehowa wepaly gullukçylaryny gymmat saýýar; Ol bize edýän işlerimize görä baha kesmeýär. Ylýas pygamber ýaly siz-de Ýehowa üçin eden ençeme işleriňizi görýän dälsiňiz. Siziň göreldäňiz ýygnakdaky dogan-uýalaryň, gör, näçesine gowy täsir edendir, gör, näçe adamlar siz arkaly hoş habary eşidendir!

18. Ýehowanyň bize beren tabşyrygy nämäni subut edýär?

18 Üçünjiden, Ýehowanyň biziň bilendigini subut edýän her bir tabşyran ýumşy barada oýlanyň (Ýer. 20:11). Mümkin, siz hem Ylýas ýaly gullugyňyz miwe getirmeýändir ýa-da goýan maksatlaryňyza ýetip bilmerin öýdüp lapykeç bolýansyňyz. Muňa garamazdan, siz Hudaýyň adyny göterip, hoş habary wagyz edýärsiňiz. Bu işe gatnaşmak örän uly hormat! Şol sebäpli wepaly galmak üçin eliňizde baryny ediň. Şonda Isa size-de: «Agaň şatlygyna şärik bol» diýer (Mat. 25:23).

«GÖRGÜLINIŇ DOGASY»

19. Mezmurçy özüni nähili duýupdyr?

19 102-nji mezmury ýazan adam özüni örän lapykeç duýupdyr. Ol beden we duýgy taýdan ejir çekýärdi; başyna düşen kynçylyklardan ýaňa halys bolupdy (Zeb. 102, giriş sözler). Mezmurçynyň sözlerinden onuň gaýgy-hasrat we ýaramaz duýgular zerarly juda ejir çekendigini bilse bolýar (Zeb. 102:3, 4, 6, 11). Ol Ýehowa: «Sen meni göterip ýere çaldyň» diýýär (Zeb. 102:10).

20. Ýaramaz duýgulary ýeňmäge doga nädip kömek eder?

20 Mezmurçy şonda-da Ýehowany şöhratlandyryp ýaşaýardy (Zebur 102:19—21-nji aýatlary okaň). 102-nji mezmurdan görnüşi ýaly, hatda Ýehowa iman edýän adamlar hem ýaramaz duýgulara garşy göreşipdirler. Kynçylyklardan ýaňa mejaly gaçan mezmurçy özüni «tamyň depesinde ýeke galan serçä» meňzedýär (Zebur 102:7). Mezmurçy şonda-da Ýehowa doga edip, Ony şöhratlandyrýardy. Eger siz hem şeýle duýgulary başdan geçirýän bolsaňyz, Ýehowa ýüregiňizi döküň. Ýehowa «pukaranyň dogasyna garaýar, olaryň dogasyny äsgermezlik etmeýär» (Zeb. 102:17).

21. Ýaramaz duýgulary ýeňmäge we dogry garaýyşda bolmaga näme kömek eder?

21 102-nji mezmurdaky sözler dogry garaýyşda bolmaga hem kömek edýär. Mezmurçy Ýehowa bilen dostlugy barada oýlanypdyr (Zeb. 102:12, 27). Ýehowanyň elmydama goldajakdygy oňa teselli beripdir. Eger kynçylyklardan ýaňa Ýehowa köpräk gulluk edip bilmeseňiz, bu barada doga ediň. Dogada diňe bir kynçylyklary ýeňmek barada däl-de, eýsem, «Rebbiň adynyň... yglan edilmegini» hem diläň (Zeb. 102:22).

22. Biz Ýehowany nädip razy edip bileris?

22 Hawa, biz Mukaddes Ýazgylaryň kömegi bilen «imandadygymyzy» we Ýehowanyň nazarynda gymmatlydygymyzy barlap bileris. Bu dünýäde ýaramaz duýgulary ýa-da lapykeçligi doly ýeňip bolmasa-da, biz wepaly gullugymyz bilen Ýehowany razy edip, gutulyşa mynasyp bolup bileris (Mat. 24:13).

    Türkmençe edebiýatlar (1997—2026)
    Çykmak
    Girmek
    • türkmen
    • Paýlaş
    • Sazlamalar
    • Copyright © 2025 Watch Tower Bible and Tract Society of Pennsylvania
    • Şertler we düzgünler
    • Gizlinlik syýasaty
    • Gizlinlik sazlamalary
    • JW.ORG
    • Girmek
    Paýlaş