Siz Ýehowanyň guramasy bilen öňe ýöreýärsiňizmi?
«Rebbiň gözleri dogrulara tarapdyr». 1 PET. 3:12
1. Ýehowa biwepa ysraýyl halkyna derek öz adyny göterýän haýsy guramany saýlady? (Makalanyň başyndaky surata serediň.)
ÝEHOWA I asyrdaky mesihçiler ýygnagyny döreden we biziň günlerimizde hakyky seždäni dikelden Hudaýdyr. Geçen makalada bellenip geçilişi ýaly, Ýehowa I asyrda biwepa ysraýyl halkyna derek mesihçiler ýygnagyny öz guramasy hökmünde saýlady. Şol täze gurama Ýehowanyň göwnünden turýandygy sebäpli, b. e. 70-nji ýylynda Iýerusalim derbi-dagyn edilende halas boldy (Luka 21:20, 21). Ýehowanyň şu günki gullukçylary hem I asyrdaky bolup geçen şol wakalara meňzeş ýagdaýlary başdan geçirerler. Şeýtanyň zalym dünýäsi tizden ýok ediler, emma Hudaýyň guramasy halas bolar (2 Tim. 3:1). Biz muňa näme üçin ynanyp bileris?
2. Isa «uly muşakgat» barada näme diýdi we ol nädip başlar?
2 Isa özüniň «barlygy» we şu zalym dünýäniň soňy barada şeýle diýdi: «Şonda uly muşakgat bolar, beýle muşakgat dünýäniň başyndan tä şu wagta çenli bolanam däldir, bolmazam» (Mat. 24:3, 21). Ýehowa Şeýtanyň dünýäsiniň syýasy güýçlerini ulanyp, «Beýik Babyly», ýagny ähli ýalan dinleri ýok eder. Şonda uly muşakgat başlanar (Ylh. 17:3—5, 16). Şondan soň näme bolar?
ŞEÝTANYŇ HÜJÜMI ARMAGEDDON SÖWEŞINE ELTER
3. Ýalan dinler ýok edilenden soň, Ýehowanyň halkyna nähili hüjüm ediler?
3 Ýalan dinler ýok edilenden soň, Şeýtan we onuň täsirine düşen adamlar Ýehowanyň gullukçylaryna hüjüm eder. Meselem, Mukaddes Ýazgylarda «Magog ýurdundaky... Gog» hakynda şeýle pygamberlik edildi: «Sen ýokary göterilip, tupan ýaly bolup gelersiň; ýurdy gaplamak üçin sen we goşunlaryň, özüň bilen birlikde köp halklar bulut ýaly bolup gelerler». Ýehowanyň Şaýatlarynyň parahat ýaşaýandygy we hiç hili ýaragly güýçleriniň ýokdugy sebäpli, olara hüjüm etmek aňsat ýaly bolup görünmegi mümkin. Emma Hudaýyň halkyna hüjüm etmek, gör, nähili akylsyzlyk bolar! (Ezek. 38:1, 2, 9—12).
4, 5. Ýehowa Şeýtan tarapyndan gullukçylaryna ediljek hüjüme nähili jogap berer?
4 Hudaý öz halkyna edilýän hüjüme nähili jogap berer? Älem-jahanyň hökümdary Ýehowa halkyny goramak üçin ara goşular. Ýehowa gullukçylaryna edilýän hüjümi özüne garşy edildigi hasaplar (Zakarýa 2:8-i okaň)a. Şol sebäpli gökdäki Atamyz arkaly aýgytly hereket edip, bizi halas eder. Biz «Hudaýyň uly gününde boljak söweşinde», ýagny Şeýtanyň zalym dünýäsine garşy boljak Armageddon söweşinde aman galarys (Ylh. 16:14, 16).
5 Mukaddes Ýazgylarda Armageddon söweşi barada şeýle pygamberlik edilýär: «„Rebbiň milletler bilen dawasy bar. Ol ähli adamzada höküm çykarar, erbetleri gylyçdan geçirer“. Muny Reb aýdýandyr. Hökmürowan Reb şeýle diýýär: „Ine, bela milletden-millete ýaýraýar, ýeriň aňry ujundan uly harasat gopar“. Ol gün Rebbiň öldürenleri ýeriň bir ujundan beýleki ujuna ýeter. Olar üçin ýas tutulmaz, ýygnalyp jaýlanylmaz. Olar zir-zibil ýaly çaşyp ýatarlar» (Ýer. 25:31—33). Armageddon söweşi bu zalym dünýäniň soňuna çykar. Şeýtanyň dünýäsi ýok ediler, emma Ýehowanyň guramasynyň ýerdäki bölegi halas bolar.
ŞU GÜNLER ÝEHOWANYŇ GURAMASY GÜLLÄP ÖSÝÄR
6, 7. a) «Uly märeke» nädip ýygnalýar? b) Soňky ýyllarda Ýehowanyň guramasynda nähili ösüşler boldy?
6 Ýehowanyň Şaýatlary Hudaýyň göwnünden turýan adamlardygy sebäpli, Ýehowanyň guramasy öz işini dowam edýär we gülläp ösýär. Mukaddes Ýazgylarda bu babatda şeýle diýilýär: «Rebbiň gözleri dogrulara tarap, gulagy olaryň ýalbaryşlaryna gerlendir» (1 Pet. 3:12). «Dogrular» — «agyr muşakgatdan çykyp gelýän» «uly märeke» (Ylh. 7:9, 14). Bu halas boljak adamlar ýöne bir «märeke» däl. Olar gaty köp adamdan ybarat boljak «uly märekedir». Siz hem «agyr muşakgatdan» çykyp gelýän adamlaryň arasynda özüňizi göz öňüne getirýärsiňizmi?
7 Bu «uly märeke» nädip ýygnalýar? Isa özüniň «barlygyny» aýan etjek alamat barada pygamberlik edende, şeýle diýdi: «Patyşalyk baradaky bu Hoş Habar hemme milletlere güwälik hökmünde dünýäniň ähli ýerinde wagyz ediler, ahyrzamana şonda geler» (Mat. 24:14). Hudaýyň guramasy wagyz etmegi esasy iş hasaplaýar. Ýehowanyň Şaýatlarynyň bütin dünýä boýunça alyp barýan wagyz we şägirt taýýarlamak işi millionlarça adama Hudaýa «ruhda, hakykatda» sežde etmegi öwretdi (Ýahýa 4:23, 24). Meselem, soňky on ýylyň içinde, ýagny 2003—2012-nji gulluk ýyllarynda 2 million 707 müňden gowrak adam özüni Hudaýa bagş edip, suwda çokundyryldy. Häzir bütin dünýä boýunça 7 million 900 müňden gowrak Ýehowanyň Şaýatlary bar. Şeýle-de hakykat bilen gyzyklanýan başga-da millionlarça adamlar Ýatlama agşamyna gatnaşýarlar. Elbetde, biz sanymyzyň köpdügine öwünmeýäris, sebäbi guramany Hudaý «ösdürýär» (1 Kor. 3:5—7). Dogrudan-da, uly märeke ýylsaýyn köpelýär we ösýär.
8. Şu günler Ýehowanyň guramasy näme üçin uly depginde ösýär?
8 Ýehowa öz Şaýatlaryny goldaýandygy sebäpli, olaryň sany örän köpelýär (Işaýa 43:10—12-nji aýatlary okaň)b. Bu babatda şeýle pygamberlik edilipdi: «Olaryň iň azy urug bolar, güýçli millet bolar iň ejizi; Men — Reb muny öz wagtynda tiz amal ederin» (Iş. 60:22). Birwagtlar, mesh edilen galyndy «azdy», emma Hudaýyň guramasyna başga-da ruhy ysraýyllylaryň goşulmagy bilen, olaryň sany köpeldi (Gal. 6:16). Ýehowanyň öz halkyny ýyllar boýy patalap gelýändigi sebäpli, uly märekäniň-de sany artýar.
ÝEHOWA BIZDEN NÄME TALAP EDÝÄR?
9. Hudaýyň Sözünde wada berilýän ajaýyp bereketleri almak üçin biz näme etmeli?
9 Biz mesh edilen mesihçi bolsak-da, uly märekä degişli bolsak-da Hudaýyň Sözünde wada berilýän ajaýyp bereketleri alyp bileris. Emma munuň üçin biz Ýehowanyň talaplaryna laýyk ýaşamaly (Iş. 48:17, 18). Meselem, ysraýyllylar Hudaýyň Musa arkaly beren Kanunyna eýerýärdiler. Şol Kanun ysraýyl halkyny ahlak taýdan arassa bolmakda, iş meselesinde, çaga terbiýelemekde, başgalar bilen özüňi gowy alyp barmakda we şuňa meňzeş ýagdaýlarda kömek edýärdi hem-de goraýardy (Müs. çyk. 20:14; Lew. 19:18, 35—37; Kan. tag. 6:6—9). Hudaýyň talaplaryna görä ýaşamak bize-de peýda berýär. Biz Ýehowanyň kanunlaryny agyr ýük hasaplamaýarys (1 Ýahýa 5:3-i okaň). Aslynda, Musa arkaly berlen Kanunyň ysraýyllylary goraýşy ýaly, Ýehowanyň kanunlary we prinsipleri bizi diňe bir goraman, eýsem, «imanda sagdyn» bolmaga kömek edýär (Titus 1:13, 14).
10. Biz Mukaddes Ýazgylary çuňňur öwrenmäge we her hepde maşgala okuwyny geçirmäge näme üçin ýörite wagt bellemeli?
10 Ýehowanyň guramasynyň ýerdäki bölegi ähli taraplaýyn öňe barýar. Meselem, biziň Mukaddes Ýazgylardaky hakykata düşünişimiz gitdigiçe aýdyňlaşýar. Munuň şeýle bolmagy örän ýerlikli, sebäbi «dogrularyň ýodasy... ýaňy dogan Gün ýalydyr, bütinleý gündiz bolana deňeç gitdigiçe parlar» (Sül. tym. 4:18). Emma biz özümize şeýle soraglar bersek gowy bolar: «Men Mukaddes Ýazgylardaky hakykatyň soňky düşündirilişi bilen ylalaşýarynmy? Men Mukaddes Ýazgylary her gün okaýarynmy? Men biziň edebiýatlarymyzy höwes bilen okaýarynmy? Men maşgala agzalarym bilen her hepde maşgala okuwyny geçirýärinmi?» Elbetde, biziň köpümize bu zatlary etmek gaty kyn düşýän däldir. Munuň üçin biz olara ýörite wagt bellemeli bolýarys. Agyr muşakgatyň golaýlap gelýändigi sebäpli, Mukaddes Ýazgylardan dogry bilim almak, ony durmuşda ulanmak we ruhy taýdan ösmek örän wajypdyr.
11. Gadymy döwürdäki baýramçylyklaryň we şu günki duşuşykdyr kongresleriň näme peýdasy bar?
11 Ýehowanyň guramasy biziň aladamyzy edip, Pawlus resulyň beren maslahatyna eýermäge höweslendirýär: «Birek-biregi söýgi, oňat işler üçin gaýrata galdyrjak bolalyň. Käbirleriniň endik edişi ýaly, ýygnanyşmagy goýman, gaýtam, ol günüň golaýlaýanlygyny näçe görseňiz, şonça-da biri-birimizi ruhlandyralyň» (Ýew. 10:24, 25). Her ýylky baýramçylyklar we Ýehowa sežde etmek üçin geçirilýän başga-da duşuşyklar ysraýyllylary ruhy taýdan berkidýärdi. Şeýle-de Nehemýanyň günlerinde geçirilen Çatma baýramy ýaly baýramçylyklar ysraýyllylary örän begendirýärdi (Müs. çyk. 23:15, 16; Neh. 8:9—18). Biz hem ýygnak duşuşyklaryna we kongreslere gatnaşyp, köp bereketleri alýarys. Şol sebäpli ruhy taýdan sagdyn we bagtly bolar ýaly, geliň, guramanyň çärelerine doly gatnaşalyň (Titus 2:2).
12. Biz Patyşalyk baradaky wagyz işine nähili garamaly?
12 Biz Hudaýyň guramasy bilen bilelikde «mukaddes» işe gatnaşyp, «Hudaýyň Hoş Habaryny» wagyz etmekden şatlyk tapýarys (Rim. 15:16). Şeýle-de bu işe gatnaşyp, biz «mukaddes» Hudaýymyz Ýehowanyň «işdeşleri» bolýarys (1 Kor. 3:9; 1 Pet. 1:15). Hoş habary wagyz etmek Ýehowanyň mukaddes adyny şöhratlandyrmaga ýardam edýär. Elbetde, «Mübärek Hudaýyň... şöhratly Hoş Habaryny» wagyz etmek biziň üçin uly hormatdyr (1 Tim. 1:11).
13. Ruhy saglygymyz we ýaşaýşymyz nämä bagly?
13 Hudaý biziň oňa wepaly bolmagymyzy we guramasyndaky dürli çäreleri goldap, ruhy saglymyzy gowy saklamagymyzy isleýär. Musa pygamber ysraýyllara şeýle diýdi: «Bu gün siziň öňüňizde ýaşaýyş we ölüm, alkyş we nälet goýandygyma size garşy şaýat bolmaga asmany we ýeri çagyrýaryn. Ýaşaýşy saýlaň, şonda siziň özüňiz hem ýaşarsyňyz, nesilleriňiz-de ýaşar. Hudaýyňyz Rebbi söýüň, Oňa gulak asyň we Oňa bil baglaň, çünki ýaşaýşyňyzyň we ömrüňiziň uzaklygy Ondadyr. Bu Rebbiň ata-babalaryňyz Ybraýyma, Yshaga, Ýakuba bermegi wada eden ýurdunda ýaşamagyňyz üçindir» (Kan. tag. 30:19, 20). Biziň ýaşaýşymyz Ýehowanyň islegini berjaý etmegimize, oňa bolan söýgimize, onuň sözlerine gulak asmagymyza we oňa wepalylygymyza bagly bolýar.
14. Bir dogan Hudaýyň guramasy barada nähili pikir edýärdi?
14 Hudaýa wepaly bolmagy we Onuň guramasy bilen bile ýöremegi berk ýüregine düwen Praýs Hýuz dogan bir gezek şeýle ýazdy: «Men 1914-nji ýyldan biraz öň Ýehowanyň niýeti barada bildim we häzire çenli şoňa görä ýaşaýandygyma örän minnetdar... Ýehowanyň guramasy bilen ýakyndan hyzmatdaşlyk etmek, meniň üçin iň wajyp zat. Men öň başymdan geçiren zatlarymdan adamzat düşünjesine bil baglamagyň nädogrudygyna göz ýetirdim. Men muňa düşünip, Ýehowanyň guramasyna wepaly galmagy ýüregime düwdüm. Eýsem, adam başga nädip Ýehowanyň göwnünden turup we onuň bereketlerini alyp biler?»
HUDAÝYŇ GURAMASY BILEN ÖŇE ÝÖRÄLIŇ
15. Biz Mukaddes Ýazgylardaky hakykatyň täze düşündirilişine nähili garamaly? Mysal getiriň.
15 Ýehowanyň göwnünden turmak we bereketlerini almak üçin, biz onuň guramasyny goldamaly we Mukaddes Ýazgylardaky hakykatyň täze düşündirilişini kabul etmeli. Meselem, Isanyň ölüminden soň, müňlerçe ýehudy mesihçiler Musanyň kanunyny yhlasly berjaý edýärdiler. Ähtimal, şol kanunlara eýermegi bes etmek olara kyn bolandyr (Res. iş. 21:17—20). Emma olar Pawlusyň ýewreýlere ýazan haty arkaly özleriniň «Kanuna görä hödürlenen» gurbanlar bilen däl-de, «Isa Mesihiň bedeniniň bir gezek hödürlenmegi bilen» aklanyp bilýändiklerine düşündiler (Ýew. 10:5—10). Şonda ýehudy mesihçileriniň köpüsi pikirlerini özgertdiler we ruhy taýdan ösdüler. Şonuň ýaly biz hem Hudaýyň Sözüni çuňňur öwrenmeli we Mukaddes Ýazgylara ýa-da wagyz gullugyna degişli täze düşünje berlende, olary ýürekden kabul etmeli.
16. a) Biz täze dünýäde nähili ajaýyp bereketleri alarys? b) Sen täze dünýäde nämä sabyrsyzlyk bilen garaşýarsyň?
16 Ýehowa we onuň guramasyna wepaly bolup galýanlaryň ählisi hemişe bereket alýarlar. Wepaly mesh edilen mesihçiler gökde Mesih bilen bile höküm sürmek hormatyna eýe bolarlar (Rim. 8:16, 17). Eger siz ýerde ýaşamaga umyt edýän bolsaňyz, Jennetde ýaşamagyň nähili ajaýyp boljakdygyny göz öňüne getiriň. Ýehowanyň guramasyna degişli bolup, biz häzir Hudaýyň wada berýän täze dünýäsi barada adamlara gürrüň bermekden nähili köp şatlyk tapýarys! (2 Pet. 3:13). Zebur 37:11-de şeýle diýilýär: «Mylakatlylar ýeri miras alar, bol parahatlykda hezil eder». Adamlar «jaýlar salyp, onda ýaşarlar» we «öz elleriniň işlerinden lezzet alarlar» (Iş. 65:21, 22). Şonda zorluk-sütem, garyplyk hem-de açlyk bolmaz (Zeb. 72:13—16). Beýik Babyl hiç kimi azdyrmaz, ol bütinleý ýok ediler (Ylh. 18:8, 21). Ölen adamlar direldiler we olara ebedi ýaşamak mümkinçiligi berler (Iş. 25:8; Res. iş. 24:15). Özüni Ýehowa bagyş eden millionlarça adamlaryň, gör, nähili tolgundyryjy umydy bar! Mukaddes Ýazgylardaky şeýle wadalaryň ýerine ýetişini görmek üçin, biz hemişe Hudaýyň guramasy bilen deň depginde öňe ýöräp, ruhy taýdan ösmegimizi dowam etmeli.
Sen özüňi Jennetde göz öňüne getirýärmiň? (16-njy abzasa serediň)
17. Biz Ýehowa bolan seždämize we onuň guramasyna nähili garaýyşda bolmaly?
17 Zalym dünýäniň ýakynlaşýandygy sebäpli geliň, imanda berk duralyň we Ýehowanyň hakyky sežde üçin geçirýän çärelerine ýürekden minnetdar bolalyň. Mezmurçy Dawut şeýle nagma aýtdy: «Rebden bir zat diledim, islegim şu: Rebbiň gözelligine seredip, Onuň ybadathanasynda doga etmek üçin ömrümiň ähli günleri Rebbiň öýünde mesgen tutmak» (Zeb. 27:4). Geliň, her birimiz Hudaýa wepaly bolalyň we onuň halky bilen hyzmatdaşlyk edip, Ýehowanyň guramasy bilen öňe ýöremegi dowam edeliň.
a Zakarýa 2:8 Çünki Hökmürowan Reb meni Öz şöhraty üçin iberdi. Sizi talan halklar babatda Ol şeýle diýýär: «Siýona degen hut Meniň görejime degýändir».
b Işaýa 43:10 Reb şeýle diýýär: «Siz Meniň şaýadymsyňyz, Öz saýlan bendelerimsiňiz, Siz Meni bilip, Maňa ynam ediň, Meniň Şolduguma düşüniň, Menden öň hiç hudaý bolan däldir, Menden soň-da hijisi bolmaz. 11 Men, diňe Men Rebdirin, Menden başga Halasgär ýokdur». 12 Reb diýýär: «Men yglan etdim, halas etdim, aýan etdim, araňyzda başga hudaý ýok; siz Meniň şaýatlarym».