Garawul diňiniň ONLAÝN KITAPHANASY
Garawul diňiniň
ONLAÝN KITAPHANASY
türkmen
Ä
  • Ç
  • ç
  • Ä
  • ä
  • Ž
  • ž
  • Ň
  • ň
  • Ö
  • ö
  • Ş
  • ş
  • Ü
  • ü
  • Ý
  • ý
  • MUKADDES KITAP
  • EDEBIÝATLAR
  • DUŞUŞYKLAR
  • w14 15/12 sah. 4—5
  • Ýehowa höwes bilen berýänlere bol bereket berýär

Şuňa degişli wideo ýok.

Bagyşlaň, wideo ýüklenende näsazlyk ýüze çykdy.

  • Ýehowa höwes bilen berýänlere bol bereket berýär
  • Garawul diňi Ýehowa Hudaýyň Patyşalygyny yglan edýär — 2014
  • Meňzeş maglumat
  • «Edilmeli iş... uly»
    Garawul diňi Ýehowa Hudaýyň Patyşalygyny yglan edýär — 2016
  • Ýehowanyň jomartlygyna minnetdarlygyňyzy görkeziň
    Garawul diňi Ýehowa Hudaýyň Patyşalygyny yglan edýär — 2015
  • «Olaryň artykmaç zady siziň ýetmeziňizi doldurar»
    Garawul diňi Ýehowa Hudaýyň Patyşalygyny yglan edýär — 2012
  • Biz mätäç adamlara nädip kömek edip bileris?
    Garawul diňi Ýehowa Hudaýyň Patyşalygyny yglan edýär — 2013
Başgalary
Garawul diňi Ýehowa Hudaýyň Patyşalygyny yglan edýär — 2014
w14 15/12 sah. 4—5
Käbirleri nädip bütindünýä wagyz işi üçin sadaka berýärler?

Ýehowa höwes bilen berýänlere bol bereket berýär

ÝARADYJYMYZ ynsana gymmatly sowgat — erkinlik berdi. Hudaý erkinligi öz bähbidi üçin ulanman, hakyky seždäni goldap, onuň mukaddes adyny aýan edýänlere bol bereket berýär. Ýehowa adamlaryň özüne mejburlyk ýa-da gorky bilen tabyn bolmagyny islemeýär. Gaýtam, ol wepaly, hilesiz söýgini görkezýän we ýürekden minnetdar bolýan adamlary gymmat saýýar.

Meselem, Ýehowa ysraýyllylara Sina dagynda sežde etmek üçin çadyr gurmagy tabşyrypdy. Ol: «Öz araňyzdan Rebbe sadaka ýygnaň. Her kim göwnünden çykaran... zatlaryny Rebbe sadaka bersin» diýdi (Müs. çyk. 35:5). Her bir ysraýylly ýagdaýyna görä, çadyry gurmak üçin gerekli zatlary meýletin sadaka hökmünde berip bilýärdi. Olar muňa nähili garady?

Ysraýyllylaryň her biri «ýüreginden besläp, göwnünden çykaranyny» meýletin sadaka hökmünde berdi. Erkekler we aýallar Ýehowanyň çadyryny gurmak üçin şu zatlary höwes bilen getirdiler: gülýakalar, gulakhalkalar, bilezikler, ýüzükler, altyn, kümüş, bürünç, goýy gyrmyzy ýüňi, gök we gyrmyzy ýüplügini, nepis zygyr matasyny, geçi ýüňüni, goçuň eýlenen derisini, saýlama derini, akasiýa agajyny, gaşlary, ýakymly ysly zatlar we ýag. «Olaryň getiren zatlary eýýäm ähli işi ýerine ýetirmek üçin gereginden hem artykdy» (Müs. çyk. 35:21—24, 27—29; 36:7).

Ýehowa ysraýyllylaryň getiren zatlary däl-de, hakyky seždäni höwes bilen goldandygy ýarady. Olar wagtyny hem güýjüni gaýgyrmadylar. Mukaddes Ýazgylarda «ähli ukyply çeper elli aýallar» barada hem aýdylýar. «Ýüreklerine salnan ähli başarjaň aýallar geçiniň ýüňünden hem ýüplük ördüler». Ýehowa Besalele «dürli hili senetçilik işlerinde ukyp, akyl-paýhas we başarjaňlyk berdi». Görşümiz ýaly, Hudaý Besalele we Ohaliýaba çadyrdaky ähli işleri ýerine ýetirmek üçin ukyp berdi (Müs. çyk. 35:25, 26, 30—35).

Ýehowa ysraýyllylaryň her biriniň hakyky sežde üçin sadakany «ýüreginden besläp» berjekdigine ynanýardy. Ysraýyllylar sadakasyny höwes bilen berendigi üçin bereket alyp, begendiler. Ýehowa islegini höwes bilen berjaý edýän gullukçylarynyň ukybyny we tejribesini artdyrýandygyny görkezdi (Zeb. 34:9). Biz hem öz bähbidimizi gözlemän Ýehowa gulluk etsek, bol bereket alarys.

KÄBIRLERI NÄDIP BÜTINDÜNÝÄ WAGYZ IŞI ÜÇIN SADAKA BERÝÄRLER?

Pawlus resulyň günlerindäki ýaly, şu günlerem köpler belli bir mukdarda «pul süýşürip», ony ýygnagyndaky «Bütindünýä wagyz işi üçin sadaka» diýen guta atýarlar (1 Kor. 16:2). Ýygnaklar her aý berilýän bu sadakalary Ýehowanyň Şaýatlarynyň ýerli filialyna ýollaýarlar. Şeýle-de sadakany ýurduňyza gözegçilik edýän filiala hem ugradyp bilersiňiz. Şeýle ýagdaýda sadakaňyzy meýletin berýändigiňizi tassyklaýan gysgaça hatam ýazmaly. Käbir ýurtlarda sadakalar üçin döwlet tarapyndan salgyt salynýar.

SADAKA BERMEGIŇ BAŞGA USULLARY

Käbir ýurtlarda bütindünýä wagyz işini goldamagyň başga-da usullary bar. Olara şular degişli.

Gozgalmaýan emläk. Satyp bolýan gozgalmaýan emlägi gönüden-göni sadaka hökmünde filiala berse bolýar ýa-da emlägiň eýesi ömrüniň ahyryna çenli ondan peýdalanyp, soňra filiala geçiriler ýaly edip biler. Emlägi filiala sadaka bermek üçin resminamalary taýýarlap başlamazdan öň filial bilen habarlaşmagyňyzy haýyş edýäris.

Wesýetnama. Emlägi ýa-da puly sadaka hökmünde bereniňizde, wesýetnamany kanunda görkezilen tertibe görä ýazyp, filiala geçirse bolýar. Şeýle ýagdaýda wesýetnamanyň bir nusgasyny filiala ibermegiňizi haýyş edýäris.

    Türkmençe edebiýatlar (1997—2026)
    Çykmak
    Girmek
    • türkmen
    • Paýlaş
    • Sazlamalar
    • Copyright © 2025 Watch Tower Bible and Tract Society of Pennsylvania
    • Şertler we düzgünler
    • Gizlinlik syýasaty
    • Gizlinlik sazlamalary
    • JW.ORG
    • Girmek
    Paýlaş