Garawul diňiniň ONLAÝN KITAPHANASY
Garawul diňiniň
ONLAÝN KITAPHANASY
türkmen
Ä
  • Ç
  • ç
  • Ä
  • ä
  • Ž
  • ž
  • Ň
  • ň
  • Ö
  • ö
  • Ş
  • ş
  • Ü
  • ü
  • Ý
  • ý
  • MUKADDES KITAP
  • EDEBIÝATLAR
  • DUŞUŞYKLAR
  • w15 15/1 sah. 13—17
  • Biz näme üçin Ýatlama agşamyny belleýäris?

Şuňa degişli wideo ýok.

Bagyşlaň, wideo ýüklenende näsazlyk ýüze çykdy.

  • Biz näme üçin Ýatlama agşamyny belleýäris?
  • Garawul diňi Ýehowa Hudaýyň Patyşalygyny yglan edýär — 2015
  • Sözbaşylar
  • Meňzeş maglumat
  • BIZ NÄME ÜÇIN ISANYŇ ÖLÜMINI ÝATLAÝARYS?
  • NYŞANLAR NÄMÄNI AŇLADÝAR?
  • ÝATLAMA AGŞAMYNA NÄDIP TAÝÝARLANMALY?
  • NYŞANLARDAN KIMLER DATMALY?
  • MUKADDES ÝAZGYLARDAKY UMYDYŇYZA NÄHILI GARAÝYŞDA BOLMALY?
  • SIZ ÝATLAMA AGŞAMYNA GATNAŞARMYSYŇYZ?
  • «Muny meni ýada salmak üçin berjaý ediň»
    Garawul diňi Ýehowa Hudaýyň Patyşalygyny yglan edýär — 2013
  • Gökdäkileriň we ýerdäkileriň ýygymy
    Garawul diňi Ýehowa Hudaýyň Patyşalygyny yglan edýär — 2006
  • Biz Ýatlama agşamyna näme üçin gatnaşýarys?
    Garawul diňi Ýehowa Hudaýyň Patyşalygyny yglan edýär (Ýygnak üçin) — 2022
Garawul diňi Ýehowa Hudaýyň Patyşalygyny yglan edýär — 2015
w15 15/1 sah. 13—17
Isanyň we onuň resullarynyň Pesah baýramyny belleýän iki gatly jaýyň üstüne dolan aýyň ýagtysy düşýär

Biz näme üçin Ýatlama agşamyny belleýäris?

«Muny meni ýada salmak üçin berjaý ediň». 1 KOR. 11:24

SIZ NÄHILI JOGAP BERERSIŇIZ?

  • Biz näme üçin Ýatlama agşamyny bellemeli?

  • Ýatlama agşamynda nähili nyşanlary ulanýarlar we olar nämäni aňladýar?

  • Mesihçiler Hudaýyň berýän umydyna nähili garaýarlar?

1, 2. B. e. 33-nji ýylynyň nisan aýynyň 14-üne agşam Isa näme etdi? (Makalanyň başyndaky surata serediň).

GARAŇKY düşse-de, dolan aýyň ýagtysy Iýerusalimi doldurýardy. B. e. 33-nji ýylynyň nisan aýynyň 14-i agşam çagydy. Isa resullary bilen ysraýyllylaryň 1500 ýyl öň Müsür gulçulygyndan azat bolandygynyň şanyna Pesah baýramyny belleýärdiler. Indi Isa 11 wepaly resulyna ölümini ýatlamak üçin aýratyn bir iýmit berýär. Isa ölümi barada resullaryna bir gün öň aýdypdy (Mat. 26:1, 2)a.

2 Isa hamyrmaýasyz çöregi alyp şükür etdi-de, resullaryna berip: «Alyň, iýiň» diýýär. Onsoň käsäni aldy-da, şükür edeninden soň, olara berip: «Şundan hemmäňiz içiň» diýýär (Mat. 26:26, 27). Isa resullaryna mundan başga zat bermese-de, olara şol agşam aýtmaly zady köpdi.

3. Şu makalada haýsy soraglara serederis?

3 Isanyň girizen Ýatlama agşamyna «Rebbiň nahary» hem diýilýär (1 Kor. 11:20). Bu babatda käbirleri şeýle soraglary bermegi mümkin: Isanyň ölümini näme üçin ýatlamaly? Çörek we şerap nämäni aňladýar? Ýatlama agşamyna nädip taýýarlanmaly? Nyşanlardan kimler datmaly? Mesihçiler Mukaddes Ýazgylarda berilýän wadalara nähili garaýyşda bolmaly?

BIZ NÄME ÜÇIN ISANYŇ ÖLÜMINI ÝATLAÝARYS?

4. Isanyň ölümi bize nähili mümkinçilik berdi?

4 Biz Adam atadan günäni we ölümi miras aldyk (Rim. 5:12). Bikämil adamlar başgalar üçin janyny berip bilmeýär (Zeb. 49:6—9). Emma diňe Isa kämil janyny gurban berip, talaba laýyk gelýän tölegi töledi. Ol Hudaýa töleg gurbanynyň bahasyny hödürläp, bize günäden we ölümden azat bolmaga we ebedi ýaşaýyş sylagyny almaga mümkinçilik berdi (Rim. 6:23; 1 Kor. 15:21, 22).

5. a) Biz Hudaýyň we Isanyň adamlary söýýändigini nireden bilýäris? b) Biz näme üçin Isanyň ölümini ýatlamak üçin ýygnanyşmaly?

5 Hudaý töleg gurbany arkaly adamlara bolan söýgüsini görkezdi (Ýahýa 3:16). Töleg gurbany Isanyň hem adamlary söýýändigini subut edýär. Sebäbi ol ýer ýüzüne ynsan bolup gelmezden öň, Hudaýyň ýanynda «ussa» kimin «ynsan ogullaryna begenýärdi» (Sül. tym. 8:30, 31). Hudaýa we onuň Ogluna minnetdar bolsak, Isanyň ölümini ýatlamak üçin ýygnanyşarys. Şonda biz onuň: «Meni ýada salmak üçin muny berjaý ediň» diýen tabşyrygyna gulak asarys (1 Kor. 11:23—25).

NYŞANLAR NÄMÄNI AŇLADÝAR?

6. Ýatlama agşamyndaky çörege we şeraba näme hökmünde garamaly?

6 Hristian dinine uýýan adamlaryň käbiri Isanyň: «Bu meniň bedenimdir» we «bu meniň ganymdyr» diýen sözlerine göni manyda düşünýärler. Olar gudrat arkaly çöregiň Isanyň bedenine şerabyň bolsa, onuň ganyna öwrülendigine ynanýarlar. Emma Isa wepaly resullarynyň öňünde göni manydaky bedenini we ganyny goýmady. Şol sebäpli olar petir çörekden we şerapdan nyşan hökmünde datdylar. Görşümiz ýaly, Isa öňem aýdyşy ýaly, şu saparam göçme manyda aýdypdy (Ýahýa 2:19—21; 4:13, 14; 10:7; 15:1).

7. Ýatlama agşamyndaky çörek nämäni aňladýar?

7 B. e. 33-nji ýylynda bolan wajyp wakada Isa Pesah baýramyndan galan hamyrmaýasyz çöregi ulandy (Müs. çyk. 12:8). Mukaddes Ýazgylarda käwagt hamyrmaýa zaýalanmagy ýa-da günäni aňladýar (Mat. 16:6, 11, 12; Luka 12:1). Şeýlelikde, Isanyň ulanan hamyrmaýasyz çöreginiň çuň manysy bar, sebäbi bu onuň günäsiz bedenini aňladýardy (Ýew. 7:26). Şonuň üçin Ýatlama agşamynda şeýle çörek ulanylýar.

8. Ýatlama agşamyndaky şerap nämäni aňladýar?

8 B. e. 33-nji ýylynyň nisan aýynyň 14-üne Isanyň ulanan şeraby ganyny aňladyşy ýaly, şu günlerem Ýatlama agşamynda ulanylýan şerap onuň ganyny aňladýar. Isa adamlaryň «günäleriniň bagyşlanmagy üçin» Iýerusalimiň daşynda ýerleşýän Golgatada ganyny dökdi (Mat. 26:28; 27:33). Ýatlama agşamyndaky çörek bilen şerap Hudaýa gulak asýan adamlaryň hatyrasy üçin Isanyň beren gymmatly töleg gurbanyny aňladýar. Şol sebäpli biz hem bu bildirilen söýgä ýürekden minnetdar bolup, her ýyl geçirilýän Ýatlama agşamyna öňünden taýýarlanýarys.

ÝATLAMA AGŞAMYNA NÄDIP TAÝÝARLANMALY?

9. a) Mukaddes Ýazgylardan Ýatlama agşamyna degişli aýatlary okamak näme üçin wajyp? b) Töleg gurbany saňa nähili täsir edýär?

9 Ýüregimizi Ýatlama agşamyna taýýarlamak üçin, «Mukaddes Ýazgylary her gün öwreneliň» diýen broşýuradaky Ýatlama agşamyna degişli aýatlary okap, Isanyň ölmezinden öň eden işleri barada oýlanmaly. Bir uýa şeýle gürrüň berýär: «Men Ýatlama agşamyna sabyrsyzlyk bilen garaşýaryn. Ýatlama agşamy ýyl saýyn meniň üçin has gymmytly bolýar. Kakamy jaýlanlarynda, oňa seredip durkam, töleg gurbanyna ýürekden minnetdar bolandygym ýadyma düşýär... Öň men tölege degişli ähli aýatlary bilip, arkaýyn düşündürip bilýärdim. Emma ölümiň ajysyny dadyp görenimden soň, gymmatly töleg gurbany arkaly ediljek zatlara ýüregimdäki minnetdarlyk has-da artdy». Biz Ýatlama agşamyna taýýarlanmak üçin, Isanyň töleg gurbanynyň günäden we ölümiň gulçulygyndan nädip halas etjekdigi barada oýlansak peýdaly bolar.

Ehowanyň Şaýady Mukaddes Ýazgylaryň Täze dünýä terjimesiniň goşmaça maglumatyndan Isanyň ýer ýüzündäki ýaşaýşynyň iň soňky hepdesi barada okap oýlanýar

Ýatlama agşamyna ýüregiňizi taýýarlamak üçin edebiýatlary okaň 9-njy abzasa serediň)

10. Ýatlama agşamyna taýýarlyk görmegimiz wagyz gullugyna nähili täsir etmeli?

10 Biz Ýatlama agşamyna taýýarlanmak üçin, şol döwür köpräk gulluk etmegi ýa-da kömekçi pioner bolmagy planlaşdyryp bileris. Biz Ýatlama agşamyna Mukaddes Ýazgylar okuwyny geçýän ýa-da gyzyklanýan adamlary çagyryp bileris. Şeýle-de biz adamlara Ýehowa we onuň Ogly barada gürrüň berip, Hudaýyň göwnünden turýan hem-de ony şöhratlandyrýan adamlara nähili bereketleriň garaşýandygy barada wagyz etsek, şatlyk tapyp bileris (Zeb. 148:12, 13).

11. Korintoslylaryň köpüsi Ýatlama agşamynyň nyşanlaryndan datmaga näme üçin mynasyp däldi?

11 Geliň, Ýatlama agşamyna taýýarlanmak üçin, Pawlus resulyň Korintosdaky mesihçilere ýazan hatyna seredeliň (1 Korintoslylar 11:27—34-nji aýatlary okaň). Pawlus resul mynasyp bolmadyk tärde çöregi iýip, şerapdan içýänleriň Isanyň «teni we gany babatda ýazykly bolýandygyny» aýtdy. Şol sebäpli mesh edilen mesihçi «özüni synap görensoň», nyşanlardan datmaly. Ýogsam, ol «özüne garşy höküm iýýändir we içýändir». Korintosdaky mesihçileriň köpüsi günä edýändigi üçin, «ejiz, hassa, (ruhy taýdan) ölüdi». Belki, olar Ýatlama agşamynda ýa-da ondan öň çendenaşa iýip-içendir. Şol sebäpli olar akyl taýdan dury we ruhy taýdan oýa bolup bilen däldir. Nyşanlary şeýle mynasyp bolmadyk tärde dadýanlar Ýehowany närazy edýärdiler.

12. a) Pawlus resul Ýatlama agşamyny näme bilen deňeşdirdi we nyşanlardan dadýanlara nähili duýduryş berdi? b) Nyşanlardan dadýan mesihçi agyr günä etse näme etmeli?

12 Pawlus resul Ýatlama agşamyny başgalar bilen çörek iýmeklige deňeşdirip, nyşanlardan dadýanlara şeýle duýduryş berdi: «Siz hem Rebbiň käsesinden, hem jynlaryň käsesinden içip bilmersiňiz. Siz hem Rebbiň saçagyna, hem jynlaryň saçagyna şärik bolup bilmersiňiz» (1 Kor. 10:16—21). Ýatlama agşamynda nyşanlardan dadýan adam agyr günä etse, ol ruhy taýdan sagalmak üçin kömek soramaly (Ýakup 5:14—16-njy aýatlary okaň). Ol «toba mynasyp miweleri» öndürse, Ýatlama agşamynyň nyşanlaryndan datmak bilen Isanyň töleg gurbanyny äsgermezlik etmeýär (Luka 3:8).

13. Hudaýyň beren umydy barada doga etmek näme üçin peýdaly?

13 Ýatlama agşamyna taýýarlyk görşümiz ýaly Hudaýyň bize beren umydy barada doga edip, oýlansak peýdaly bolar. Ýehowa özüni bagyş eden gullukçylaryň hiç biri mesh edilen mesihçidigini anyk bilmese, Ýatlama agşamynyň nyşanlaryndan dadyp, Isanyň töleg gurbanyny äsgermezlik etmek islemez. Şol sebäpli nyşanlardan dadyp bilýändigimizi nädip anyklap bileris?

NYŞANLARDAN KIMLER DATMALY?

14. Ýatlama agşamynyň nyşanlaryndan dadýanlar üçin Täze ähtiň nähili ähmiýeti bar?

14 Ýatlama agşamynyň nyşanlaryndan dadýanlar baglaşylan täze ähte degişlidigine berk ynanýarlar. Isa şerap barada şeýle diýdi: «Bu käse meniň ganym bilen berkidilen täze ähtdir» (1 Kor. 11:25). Hudaý Ýermeýa pygamber arkaly täze äht baglaşjakdygyny öňünden aýdypdy. Şol äht ysraýyllylar bilen baglaşylan Kanun ähtinden tapawutlanýardy (Ýermeýa 31:31—34-nji aýatlary okaň)b. Hudaý täze ähti ruhy ysraýyllylar bilen baglaşdy (Gal. 6:15, 16). Şol äht Isanyň döken gany, ýagny töleg gurbany arkaly berkidildi (Luka 22:20). Isa Mesih täze ähtiň Töwellaçysy, wepaly mesh edilen mesihçiler bolsa gökdäki ýaşaýşy miras almak üçin saýlananlar (Ýew. 8:6; 9:15).

15. Patyşalyk ähtine kimler degişli we olar wepaly galsalar, nähili sylagy alarlar?

15 Ýatlama agşamy nyşanlardan datmaga haky bolan mesihçiler Patyşalyk ähtine degişlidigini bilýärler (Luka 12:32-ni okaň). Isanyň mesh edilen şägirtleri oňa wepaly eýerýärler, onuň ýaly görgüler görýärler we gökde onuň bilen höküm sürerler (Flp. 3:10). Wepaly mesh edilen mesihçiler Isa bilen gökde patyşalar hökmünde ebedi höküm sürerler (Ylh. 22:5). Şol mesihçiler Ýatlama agşamyndaky nyşanlardan dadýarlar.

16. Rimliler 8:15—17-nji aýatlaryň manysyny gysgaça düşündiriň.

16 Kime Hudaýyň ruhy Onuň perzendidigine güwä geçýän bolsa, diňe şol mesihçi Ýatlama agşamynda nyşanlardan datmaly (Rimliler 8:15—17-nji aýatlary okaň). Üns beren bolsaňyz Pawlus resul «Abba» diýen arameý sözüni ulanýar. Bu «Atam jan» diýmegi aňladýar. Şeýdip, çagalar arameý dilinde kakasyna ýüzlenýärdi. «Atam jan» diýmek «kaka» diýen sözüň mähirligini we «ata» diýen sözüň hormatyny görkezýärdi. «Ogulluk ruhuny» alanlar Hudaýyň ruhy ogullary bolýarlar. Olara Hudaýyň ruhy güwä geçýändigi üçin, özleriniň Ýehowanyň mesh edilen ogullarydygyna düşünýärler. Bu olaryň ýerdäki ýaşaýşa höwesi gaçýandygy üçin bolmaýar. Olar ölýänçä wepaly galsalar, Isa bilen gökdäki Patyşalygy miras aljakdygyna berk ynanýarlar. Şu günler 144 müň mesh edilenleriň galyndysy diňe Ýehowa tarapyndan mesh edilýär (1 Ýahýa 2:20; Ylh. 14:1). Şol ruh arkaly olar «Abba, Ata» diýip seslenýärler. Olaryň Hudaý bilen şeýle gatnaşykda bolmagy uly bereket!

MUKADDES ÝAZGYLARDAKY UMYDYŇYZA NÄHILI GARAÝYŞDA BOLMALY?

17. Mesh edilenleriň nähili umydy bar we olar oňa nähili garaýarlar?

17 Siz mesh edilen mesihçi bolsaňyz, esasanam, gökdäki umydyňyz barada doga edýänsiňiz. Mukaddes Ýazgylardaky gökdäki giýew Isa Mesihiň gelinligi barada aýdylanda, siz özüňize degişli ýaly görüp, Isanyň «gelni» bolmaga sabyrsyzlyk bilen garaşýansyňyz (2 Kor. 11:2; Ýahýa 3:27—29; Ylh. 21:2, 9—14). Hudaý Mukaddes Ýazgylarda ruhy çagalaryna söýgüsi barada aýtsa, «bu maňa degişli» diýýänsiňiz. Şeýle-de Ýehowa Sözi arkaly mesh edilen ogullaryna görkezme berende, mukaddes ruh sizi gulak asyp, öz ýüregiňizde: «bu maňa degişli» diýmäge höweslendirýär. Şeýdip, Hudaýyň ruhy gökde ýaşamaga umydyňyzyň bardygyna güwä geçýändir.

18. «Başga goýunlaryň» nähili umydy bar we olar oňa nähili garaýarlar?

18 Siz «başga goýunlaryň» «uly märekesine» degişli bolsaňyz, Hudaý size ýerde ýaşamaga umyt berýär (Ylh. 7:9; Ýahýa 10:16). Siz Jennetde ebedi ýaşamagy isläp, Mukaddes Ýazgylarda ýer ýüzündäki ýaşaýyş barada aýdylan sözler hakynda oýlanyp begenýänsiňiz. Siz maşgalaňyz we beýleki adamlar bilen asuda durmuşda ýaşamaga sabyrsyzlyk bilen garaşýansyňyz. Siz adamlaryň açlykdan, garyplykdan, horlukdan, keselçilikden we ölümden ejir çekmejek wagtyny küýseýänsiňiz (Zeb. 37:10, 11, 29; 67:6; 72:7, 16; Iş. 33:24). Siz ölen adamlaryň direlip, ebedi ýaşamagyny isleýänsiňiz (Ýahýa 5:28, 29). Siz Ýehowanyň ýer ýüzünde ýaşamaga umyt berýändigine örän minnetdarsyňyz. Siz nyşanlardan datmasaňyz-da, Ýatlama agşamyna gatnaşyp, Isanyň töleg gurbanyna minnetdarlygyňyzy bildirýärsiňiz.

SIZ ÝATLAMA AGŞAMYNA GATNAŞARMYSYŇYZ?

19, 20. a) Hudaýyň berýän umydyna imanyňyzy nädip berkidip bilersiňiz? b) Siz näme üçin Ýatlama agşamyna barmak isleýärsiňiz?

19 Siz Ýehowa Hudaýa, Isa Mesihe we töleg gurbanyna iman etseňiz, gökdäki ýa-da ýerdäki ýaşaýşa bolan umydyňyz berkär. Siz Ýatlama agşamyna gatnaşsaňyz, umydyňyz we Isanyň ölüminiň wajyplygy barada oýlanmaga mümkinçiligiňiz bolar. Şol sebäpli 2015-nji ýylyň aprel aýynyň 3-üne anna güni gün batansoň, bütin dünýäde Patyşalyk zallarynda we başga ýerlerde geçiriljek Ýatlama agşamyna gelmegi maksat ediniň. Ýatlama agşamyna millionlarça adamlar geler.

20 Siz Ýatlama agşamyna gelseňiz, Isanyň töleg gurbanyna minnetdarlygyňyz has-da artar. Ýatlama agşamyndaky nutugy ünsli diňleseňiz, Ýehowanyň söýgüsi we onuň adamzat babatdaky niýetini adamlara gürrüň berip, ýakynyňyza bolan söýgiňizi görkezersiňiz (Mat. 22:34—40). Ýatlama agşamyna barmak üçin eliňizde baryny ediň!

a Ýewreýleriň güni günüň ýaşmagy bilen başlaýardy we ertesi günüň ýaşmagy bilen tamamlanýardy.

b Ýermeýa 31:31 Reb şeýle diýýär: «Ysraýyl we ýahuda halky bilen Meniň täze äht baglaşjak günlerim hökman geler. 32 Bu äht Meniň olaryň ata-babalaryny Müsürden çykarmak üçin ellerinden tutan günüm baglaşan ähtim ýaly däldir. Men olaryň Hojaýyny bolsam-da, olar şol ähtimi bozdular». Muny Reb aýdýandyr. 33 Reb şeýle diýýär: «Emma ol günlerden soň, Meniň ysraýyl halky bilen baglaşjak ähtim şudur: Men kanunymy olaryň içine ornaşdyryp, ýüreklerine ýazaryn. Men olaryň Hudaýy bolaryn, olar-da Meniň halkym bolar. 34 Mundan beýläk hiç kim öz dostuna ýa-da öz doganyna: „Rebbi tanaň!“ diýip öwretmez, çünki olaryň uludan-kiçä hemmesi Meni tanar. Men olaryň etmişlerini bagyşlaryn, gaýdyp günälerini ýatlamaryn». Muny Reb aýdýandyr.

    Türkmençe edebiýatlar (1997—2026)
    Çykmak
    Girmek
    • türkmen
    • Paýlaş
    • Sazlamalar
    • Copyright © 2025 Watch Tower Bible and Tract Society of Pennsylvania
    • Şertler we düzgünler
    • Gizlinlik syýasaty
    • Gizlinlik sazlamalary
    • JW.ORG
    • Girmek
    Paýlaş