Garawul diňiniň ONLAÝN KITAPHANASY
Garawul diňiniň
ONLAÝN KITAPHANASY
türkmen
Ä
  • Ç
  • ç
  • Ä
  • ä
  • Ž
  • ž
  • Ň
  • ň
  • Ö
  • ö
  • Ş
  • ş
  • Ü
  • ü
  • Ý
  • ý
  • MUKADDES KITAP
  • EDEBIÝATLAR
  • DUŞUŞYKLAR
  • w15 15/4 sah. 14—18
  • Hudaý bizi ýagşy we ýaman günlerimizde goldady

Şuňa degişli wideo ýok.

Bagyşlaň, wideo ýüklenende näsazlyk ýüze çykdy.

  • Hudaý bizi ýagşy we ýaman günlerimizde goldady
  • Garawul diňi Ýehowa Hudaýyň Patyşalygyny yglan edýär — 2015
  • Sözbaşylar
  • Meňzeş maglumat
  • KYN DÖWÜR
  • ÝEHOWANYŇ GOLDAWY
  • TÜRMEDE OTURAN DÖWRÜM
  • KYN GÜNLERIMIZDE ALAN BEREKETLERIMIZ
  • GOWY GÜNLER
  • Ýehowa ýörejek ýolumy görkezdi
    Garawul diňi Ýehowa Hudaýyň Patyşalygyny yglan edýär (Ýygnak üçin) — 2022
Garawul diňi Ýehowa Hudaýyň Patyşalygyny yglan edýär — 2015
w15 15/4 sah. 14—18

TERJIMEHAL

Hudaý bizi ýagşy we ýaman günlerimizde goldady

Trofim R. Nsomba gürrüň berdi

Trofim Nsomba

MEN 1930-njy ýylyň mart aýynda häzirki Malawi döwletiniň Lilongwe şäheriniň golaýynda ýerleşýän Namkumba obasynda dünýä indim. Meniň dogan-garyndaşlarym we dost-ýarlarym Ýehowa wepaly gulluk edýärdi. 1942-nji ýylda menem özümi Hudaýa bagyş edip, obamyzdaky owadan derýalaryň birinde suwda çokundyryldym. Soňky 70 ýylyň dowamynda men Pawlus resulyň Timoteosa: «Hudaýyň sözüni wagyz et. Pursat amatly bolsun, bolmasyn, taýýar bol» diýen sözlerine eýermäge jan etdim (2 Tim. 4:2).

1948-nji ýylyň başlarynda Neýtan Norr we Milton Henşel doganlar Malawä ilkinji gezek geldiler. Olaryň bu idegi meniň Ýehowa doly wagtly gulluk etmäge islegimi artdyrdy. Olar Nýu-Ýorkyň Bruklin şäherinde ýerleşýän Ýehowanyň Şaýatlarynyň baş edarasyndan gelipdi. Doganlaryň ruhlandyryjy çykyşlary meniň henizem ýadymda. Şonda Norr doganyň «Ähli milletleriň ebedi Hökümdary» atly nutugyny takmynan 6 000 adam batgalyk meýdanda durup, ünsli diňledi.

Soňra men Lidasi atly mähirli uýa duşdum. Ol hem meniň ýaly Ýehowanyň Şaýatlarynyň maşgalasynda ulalypdy we doly wagtly gulluk etmek isleýärdi. Biz 1950-nji ýylda durmuş gurduk. 1953-nji ýylda bolsa biziň iki çagamyz bardy. Biziň indi çagalary terbiýelemek jogapkärçiligimiz bolsa-da, men aýalym bilen maslahatlaşyp, umumy pioner gullugyna başladym. Iki ýyl geçensoň, meni ýörite pioner bolup gulluk etmäge çagyrdylar.

Şondan biraz wagt geçensoň ýygnaklary idemek üçin meni etrap gözegçisi edip bellediler. Maňa maşgalamyzyň maddy we ruhy taýdan aladasyny etmäge Lidasi kömek edýärdia. Biziň ikimizem doly wagtly gulluk etmek isleýärdik. Şonuň üçin Lidasi öňünden planlaşdyryp, bäş çagamyzyň goldawy bilen, 1960-njy ýylda doly wagtly gulluga başlady.

Malawidäki etrap köngresi

Kongresler bizi öňümizdäki yzarlamalara taýýarlady

Etrap gözegçisi bolup gulluk edenimde, dürli ýygnakdaky dogan-uýalar bilen hyzmatdaşlyk etmek bize köp şatlyk berýärdi. Biz ýurduň günortasyndaky owadan Mulanje daglaryndan gündogara uzalyp gidýän Malawi kölüniň kenarýakalarynda gulluk etdik. Şol ýerlerde wagyzçylaryň we ýygnaklaryň sany barha artýardy.

Biz 1962-nji ýylda «Batyrgaý wagyzçylar» atly etrap kongresine gatnaşdyk. Şondan bir ýyl geçensoň Henşel dogan ýene-de Malawä geldi. Blantaýr şäheriniň çetinde geçirilen ýörite kongrese takmynan 10 000 adam gatnaşdy. Şeýle ruhy çäreler bize öňümizdäki kynçylyklardyr synaglara taýýarlanmaga we batyrgaý bolmaga kömek etdi.

KYN DÖWÜR

Polisiýa işgäri filialyň derwezesini gulplaýar

Ýehowanyň Şaýatlarynyň işi gadagan edilende, hökümet ýolbaşçylary filialy elimizden aldylar

1964-nji ýylda Ýehowanyň Şaýatlarynyň köpüsi syýasy işlere goşulmaýandygy üçin agyr synaglara duçar boldular. Şol döwürde 100-den gowrak Patyşalyk zallaryny we 1 000-den gowrak Ýehowanyň Şaýatlarynyň öýlerini ýumurdylar. Muňa garamazdan, biz gullugymyzy dowam edýärdik. Emma 1967-nji ýylda Malawi döwletinde Ýehowanyň Şaýatlarynyň işi gadagan edilip, Blantaýrdaky filialy elimizden aldylar, missionerleri ýurtdan çykardylar we ýerli mesihçileriň köpüsini, şol sanda Lidasi bilen meni türmä basdylar. Türmeden boşanymyzdan soň, biz seresaplylyk bilen etrap gözegçilik gullugyny dowam etdik.

1972-nji ýylyň oktýabr aýynda Malawi Ýaşlar guramasynyň, ýagny harby-syýasy toparyň ýüze golaý agzasy biziň öýümize geldi. Ýöne olardan biri öňünden ylgap gelip, meni öldürjek bolýandyklaryny we gizlenmelidigimi aýtdy. Men aýalyma we çagalaryma golaýdaky banan agaçlarynyň arasynda gizlenmegi tabşyryp, özüm bolsa uly mango agajynyň üstüne dyrmaşyp çykyp, bolýan zatlary synladym. Olar biziň öýümizi we ähli goş-golamlarymyzy ýykan-ýumran etdiler.

Otlanan jaýyň galyndysy

Doganlarymyzyň syýasata goşulmandygy üçin öýlerini otladylar

Malawide yzarlamalaryň güýçlenýändigi sebäpli mesihçileriň müňlerçesi ýurtdan gaçyp gitdiler. Men maşgalam bilen 1974-nji ýylyň iýun aýyna çenli günbatar Mozambikdäki gaçgaklaryň lagerinde ýaşadym. Şonda Lidasi bilen menden Malawi serhediniň golaýynda ýerleşýän Mozambigiň Domwa şäherinde ýörite pioner bolup gulluk etmegi haýyş etdiler. 1975-nji ýylda Mozambik Portugaliýadan garaşsyzlygyny alýança, biz şol ýerde gulluk etdik. Soňra biziň Mozambikden gitmegimizi talap etdiler. Şol sebäpli biz beýleki mesihçiler bilen Malawä dolandyk. Ol ýerde bolsa, henizem yzarlamalar dowam edýärdi.

Malawä dolananymyzdan soň, maňa ýurduň paýtagty Lilongwedäki ýygnaklary idemegi tabşyrdylar. Kynçylyklara we yzarlamalara garamazdan, gulluk eden ýerlerimizde ýygnaklaryň sany gitdigiçe köpelýärdi.

ÝEHOWANYŇ GOLDAWY

Bir gezek biziň baran obamyzda syýasy ýygnak geçirilýän eken. Syýasy toparyň tarapdarlary Ýehowanyň Şaýatlarydygymyzy bilip, bizi «Malawiniň Ýaş pionerleri» atly guramanyň agzalarynyň arasynda oturtdylar. Biz şol kyn ýagdaýda Ýehowadan kömek we görkezme sorap, gyzgyn doga etdik. Ýygnak tamamlanansoň, olar bize topulyp, urup başladylar. Şonda bir gartaşan aýal ylgap geldi-de: «Haýyş edýärin, olary goýberiň! Bu meniň doganymyň ogly. Goý, ol ýoly bilen gitsin!» diýip gygyrdy. Duşuşygyň ýolbaşçylarynyň biri: «Olary goýberiň!» diýdi. Ol aýal biziň garyndaşymyz bolmansoň, näme üçin şeýle edendigine asla düşünmedik. Şonda biz Ýehowanyň dogalarymyzy eşidendigine göz ýetirdik.

A political party card

Syýasy gurama bileti

1981-nji ýylda Malawiniň Ýaş pionerleri bize ýolda sataşyp, welosipetlerimizi, goşlarymyzy, kitaplarymyzy we kagyzlarymyzy aldylar. Biz gaçyp, bir ýygnak ýaşulysynyň öýüne bardyk. Biz bu gezegem Hudaýa doga edip, kömek soradyk. Emma şol kagyzlarda etrabymyzdaky dogan-uýalar barada wajyp maglumatlar bolansoň, biynjalyk bolýardyk. Bu syýasy guramanyň agzalary Malawiniň ähli künjeginden maňa ýazylan hatlary görýärler. Olar maňa hökümet işgäridir öýdüp gorkýarlar we alan zatlarynyň ählisini ýerli ýygnagyň ýaşulularyna derrew getirip berdiler.

Başga bir gezek bolsa, biz derýadan gaýykly ýüzüp barýardyk. Gaýygyň eýesi şol etrabyň syýasy ýolbaşçysydy. Şol sebäpli ol ähli ýolagçylaryň syýasy gurama biletlerini barlap başlady. Ol bize golaýlaşanda, polisiýa tarapyndan gözlenýän bir ogryny görýär. Galagopluk turup, ol biletleri barlamagy bes etdi. Şeýdip, Ýehowa bizi ýene-de goldady.

TÜRMEDE OTURAN DÖWRÜM

Ehowanyň Şaýatlarynyň işi Malawide gadagan edilendigi barada gazetde yglan edilýär

Men 1984-nji ýylyň fewralynda Zambiýadaky filiala hasabatlary äkitmek üçin Lilongwe şäherine barýardym. Ýolda meni polisiýa işgäri saklap, goşlarymy barlady. Ol Mukaddes Ýazgylara esaslanan edebiýatymy görüp, meni polisiýa bölümine äkitdi. Soňra ol meni ýenjip, ýüp bilen daňdy-da, tussag edilen ogrularyň ýanyna saldy.

Ertesi gün meni başga bir otaga geçirdiler. Polisiýanyň başlygy arza ýazyp, meniň oňa gol çekmegimi talap etdi. Arzada şeýle sözler bardy: «Men, Trofim R. Nsomba, mundan beýläk Ýehowanyň Şaýady bolmak islemeýärin, meni azatlyga çykaryň». Men polisiýa başlygyna: «Men diňe bir tussag edilmäge däl, eýsem, ölmäge-de taýyn. Men hemişe Ýehowanyň Şaýady bolaryn» diýip, arza gol çekmedim. Şonda onuň gahary gelip, ýumrugy bilen stola şeýle bir gaty urdy welin, hatda goňşy otagdaky polisiýa işgäri näme bolduka diýip ylgap geldi. Başlyk oňa: «Bu adam mundan beýläk wagyz etmejekdigine gol çekmekden boýun gaçyrýar. Goý, ol Ýehowanyň Şaýadydygyny tassyklaýan arza gol çeksin. Biz ony Lilongwedäki türmä iberýäris» diýdi. Meniň aýalym bu bolan zatlardan habarsyzdy. Dört gün geçensoň, käbir doganlar oňa meniň nirededigimi aýdýarlar.

Lilongwäniň polisiýa bölüminde meniň bilen mähirli gepleşdiler. Polisiýanyň başlygy maňa bir tabak tüwüni uzadyp: «Bu ýerdäkileriň ählisi ogry, sen bolsa Hudaýyň Sözüni wagyz edeniň üçin tussag edildiň» diýdi. Soňra meni Kaçere türmesine geçirdiler we ol ýerde bäş aý oturdym.

Şol türmäniň gözegçisi meniň gelenime begenip, türmede «ruhany» bolmagymy isledi. Ol öňki ruhana: «Men indi seniň Hudaýyň Sözüni öwretmegiňi islemeýärin. Sebäbi sen buthanaňdan zat ogurlanyň üçin tussag edildiň» diýdi. Şeýdip, men her hepde tussaglar üçin geçirilýän duşuşyklarda Mukaddes Ýazgylar barada öwredýärdim.

Soňra ýagdaý erbetleşdi. Türmäniň ýolbaşçylary Malawide näçe sany Ýehowanyň Şaýatlarynyň bardygyny biljek bolup, meni soraga tutdular. Men kanagatlanarly jogap bermämsoň, huşumy ýitirýänçäm urdular. Başga bir gezek bolsa, olar biziň baş edaramyzyň nirede ýerleşýändigini bilmek islediler. Men olara: «Men siziň bu ýönekeýje soragyňyza jogap bererin» diýdim. Olar begenişip, sesimi ýazdyrmak üçin magnitofony ýakdylar. Men olara Ýehowanyň Şaýatlarynyň baş edarasy barada Mukaddes Ýazgylarda ýazylandygyny aýtdym. Olar geňirgenşip: «Niresinde?» diýip soradylar.

Men: «Işaýa 43:12-de» diýip jogap berdim. Olar bu aýatdaky «Reb diýýär: „Siz Meniň şaýatlarym“» diýen sözleri üns bilen üç gezek okadylar. Soňra olar: «Ýehowanyň Şaýatlarynyň baş edarasy nädip Amerikada däl-de, Mukaddes Ýazgylarda bolýar?!» diýdiler. Men: «Amerikadaky Ýehowanyň Şaýatlary hem baş edarasynyň nirededigini şu aýat bilen düşündirýärler» diýip jogap berdim. Olaryň eşitmek isleýän zatlaryny aýtmandygym üçin, meni Lilongwäniň demirgazygyndaky Dzaleka türmesine geçirdiler.

KYN GÜNLERIMIZDE ALAN BEREKETLERIMIZ

Men 1984-nji ýylyň iýul aýynda Dzaleka türmesine baranymda, ol ýerde 81 sany Ýehowanyň Şaýady bardy. Tussaglaryň 300 sanysy bir otagda poluň üstünde gysylyşyp ýatýardylar. Wagtyň geçmegi bilen, biz kiçi toparlara bölünip, her gün birimiz Mukaddes Ýazgylardan aýat aýdyp pikir alyşýardyk. Bu bizi örän ruhlandyrýardy.

Soňra türmäniň başlygy bizi beýleki tussaglardan aýyrdy. Türmäniň sakçysy bize: «Hökümet sizi ýigrenmeýär. Olar sizi iki sebäbe görä türmede saklaýarlar. Hökümet ýolbaşçylary syýasy guramanyň Ýaş pionerler topary sizi öldürer öýdüp gorkýarlar. Şeýle-de siz urşuň boljakdygy barada wagyz edýärsiňiz, hökümet bolsa esgerleriniň şol uruşdan gorkup, gaçyp giderler öýdýär».

Ehowanyň Şaýatlaryny kazyýetden äkidip barýarlar

Doganlary kazyýetden türmä äkidip barýarlar

1984-nji ýylyň oktýabr aýynda ählimizi kazyýete eltdiler. Biziň her birimize iki ýyl möhlet berdiler. Bizi ýene-de Ýehowanyň Şaýatlary bolmadyk tussaglara goşdular. Ýöne türmäniň başlygy ol ýerdäkileriň ählisine ýüzlenip, şeýle diýdi: «Ýehowanyň Şaýatlary çilim çekmeýärler. Sakçylar, olardan çilim soramaň ýa-da çilimiňizi otlamak üçin kömür ýygnamaga ibermäň. Olar Hudaýyň halkydyr! Ýehowanyň Şaýatlaryna günde iki gezek nahar bermeli. Sebäbi olar jenaýat üçin däl-de, Mukaddes Ýazgylara iman edýändikleri üçin basyldy».

Gowy edim-gylymymyz bize köp ýagdaýlarda peýda getirýärdi. Gün ýaşansoň ýa-da ýagyş ýaganda tussaglar hiç ýere goýberilmese-de, biz islän wagtymyz daşaryk çykyp bilýärdik. Sebäbi türmäniň sakçylary biziň gaçmajakdygymyza düşünýärdiler. Bir sapar meýdanda işläp ýörkäk, bizi garawullaýan sakçy ýaraman, özüni erbet duýup başlady. Şonda biz lukmançylyk kömegi berler ýaly, ony türmä getirdik. Başlyklar biziň ynamdar adamdygymyzy bilýärdi. Biziň gowy edim-gylymymyzy görüp, olar hem Ýehowany şöhratlandyrýardyb (1 Pet. 2:12).

GOWY GÜNLER

1985-nji ýylyň maý aýynda meni Dzaleka türmesinden boşatdylar. Maşgalaňa gowuşmak nähili şatlykly! Biz Ýehowanyň kyn döwürlerde aýypsyz galmaga kömek edendigi üçin örän minnetdar. Şol geçen ýyllara ser salsak, özümizi Pawlus resul ýaly duýýarys. Ol şeýle ýazdy: «Biziň başymyza gelen muşakgatlardan siziň habarsyz bolmagyňyzy islemeýäris... Ölüm jezasyny içimizde duýduk. Bu özümize däl-de, ölüleri direlden Hudaýa bil baglamagymyz üçin boldy. Ol bizi şeýle uly ölümden gutardy» (2 Kor. 1:8—10).

Trofim we Lidasi Nsomba Patyşalyk zalynyň öňünde

Nsomba dogan we onuň aýaly Lidasi Patyşalyk zalynyň öňünde, 2004 ýyl

Biz ölümiň bäriýanyndan gaýtsak-da, batyrgaýlyk we akyldarlyk sorap, hemişe Ýehowa doga edýärdik. Bu bize kiçigöwünli bolup, onuň beýik adyny şöhratlandyrmaga kömek etdi.

Ýehowa bizi ýagşy we ýaman günlerimizde goldady. Malawide täze gurlan 1 000-den gowrak Patyşalyk zallaryny we 2000-nji ýylda Lilongwede açylan filialy görüp, örän begendik. Ýehowa bizi ruhy taýdan berkidip, bol bereketleri berdi! Lidasi ikimiz şeýle köp bereketleri alarys diýip asla pikirem etmeýärdikc.

a Şu günler kämillik ýaşyna ýetmedik çagalary bolan doganlar etrap gözegçisi edip bellenilmeýär.

b Malawidäki yzarlamalar barada Ýehowanyň Şaýatlarynyň 1999-njy ýylda çykan «Ýyllyk kitabyndan» (rus.) okap bilersiňiz (sah. 171—223).

c Bu makala çapa taýýarlanylýan wagty Nsomba dogan 83 ýaşynda aradan çykdy.

    Türkmençe edebiýatlar (1997—2026)
    Çykmak
    Girmek
    • türkmen
    • Paýlaş
    • Sazlamalar
    • Copyright © 2025 Watch Tower Bible and Tract Society of Pennsylvania
    • Şertler we düzgünler
    • Gizlinlik syýasaty
    • Gizlinlik sazlamalary
    • JW.ORG
    • Girmek
    Paýlaş