Iman güýjüňe güýç goşýar
IMAN adama güýç-kuwwat berýär. Şeýtan bizi ruhy taýdan öldürmek isleýär, ýöne iman galkany bilen onuň «ähli otly oklaryny öçürip bileris» (Efes. 6:16). Biz imanyň kömegi bilen dag ýaly agyr kynçylyklara döz gelip bileris. Isa şägirtlerine: «Eger gorçisa dänesi ýaly imanyňyz bolup, şu daga: „Bärden başga ýere göç“ diýseňiz, ol göçer» diýdi. (Mat. 17:20). Iman bizi ruhy taýdan berkidýär. Şol sebäpli şu soraglar hakda oýlanalyň. Iman näme? Näme üçin ýürekden iman etmeli? Imany nädip berkitmeli? Biz kime iman etmeli? (Rim. 4:3).
IMAN NÄME?
Iman Mukaddes Kitapda aýdylýan zatlaryň hakykatdygyna ýöne bir ynanmak däldir. Sebäbi «jynlar hem (Hudaýyň bardygyna) ynanýarlar we gorkudan ýaňa sandyraşýarlar» (Ýak. 2:19). Onda iman näme?
Günüň batyp, daňyň atjagyna şübhelenmeýşimiz ýaly, Hudaýyň wadalarynyň ýerine ýetjekdigine hem ynanyp bileris
Mukaddes Kitapda imanyň iki zady öz içine alýandygy aýdylýar. Birinjiden, «iman umyt edýän zatlarymyzyň gelejekde boljakdygyna ynanmakdyr» (Ýew. 11:1a). Eger siz iman edýän bolsaňyz, onda Ýehowanyň aýdanlarynyň hakdygyna we olaryň ählisiniň ýerine ýetjekdigine berk ynanýarsyňyz. Meselem, Ýehowa ysraýyllara: «Gün wagtynda dogmaz ýaly, garaňky düşmez ýaly edip bilseňiz, gündiz we gije bilen baglaşan ähtimi bozup bilseňiz, şonda menem gulum Dawut bilen baglaşan ähtimi bozaryn» diýdi (Ýer. 33:20, 21). Siz Gün dogmaz, älem-jahan ýagtylmaz ýa-da Gün batmaz, garaňky düşmez öýdüp gorkupdyňyzmy? Tebigatyň kanunlary hiç haçan bozulmaýar, Ýer öz okunyň we Günüň daşyndan hemişe aýlanýar. Onda şol kanunlary çykaran Hudaýyň wadasy ýerine ýetmän galarmy? Ýok (Işa. 55:10, 11; Mat. 5:18).
Ikinjiden, iman «görünmeýän zatlary hamala bar ýaly», ýagny ynandyryjy deliller bilen görüp bilmekdir (Ýew. 11:1b, çykgyt). Muňa düşünmek üçin şeýle mysala seredeliň. Aýdaly, çagaňyz sizden: «Howanyň bardygyny nädip bilse bolýar?» diýip soraýar. Siz howany hiç haçan görmeseňiz-de, subutnamalaryň esasynda howanyň bardygyny çagaňyza düşündirip bilersiňiz. Meselem, biz dem alanymyzda, şemal agaçlary yranda, howanyň bardygyny duýýarys. Çagaňyz aýdanlaryňyza düşünse, göze görünmeýän zatlaryň hem bardygyna ynanar. Diýmek, iman hem anyk delillere esaslanýar (Rim. 1:20).
NÄME ÜÇIN ÝÜREKDEN IMAN ETMELI?
Iman delillere esaslanýar, şonuň üçin biz «hakykat barada dogry bilim almaly» (1 Tim. 2:4). Ýöne diňe bilim almak ýeterlikli däl. Pawlus resul: «Ýürekden iman etmeli» diýip ýazdy (Rim. 10:10). Adam hakykata diňe bir ynanman, ýürekden iman etmeli. Şonda ol imanyny iş ýüzünde görkezip, hakykata görä ýaşap başlar (Ýak. 2:20). Eger adam hakykatyň gadyryny bilmese, anyk delillere-de ynanmaz. Ol garaýşyny asla üýtgetmän, erbet höweslerine görä ýaşar (2 Pet. 3:3, 4; Ýahd. 18). Ine şol sebäpli gadymy döwürde ýaşan adamlar gudratlary gözi bilen görseler-de iman etmändirler (4 Mus. 14:11; Ýah. 12:37). Mukaddes ruh diňe hakykatyň gadyryny bilýän we ýalana ynanmaýan adamlaryň imanyny ösdürýär (Gal. 5:22; 2 Sel. 2:10, 11).
DAWUT PYGAMBERIŇ IMANY
Imany berk adamlaryň biri Dawut pygamberdi (Ýew. 11:32, 33). Emma agalarynyň imany Dawudyňky ýaly berk däldi. Geliň, Dawudyň agasy Alyýap barada gürrüň edeliň. Bir gün Jalut ysraýyllaryň üstünden gülýär, Dawudyň oňa gahary gelýär. Alyýap bolsa inisine käýeýär. Mundan Alyýabyň Ýehowanyň halas etjekdigine iman etmeýändigini bilse bolýar (1 Şam. 17:26—28). Biziň hiç birimiz imanly bolup dogulmaýarys ýa-da iman ene-atamyzdan miras galmaýar. Diýmek, Dawut Alla bilen ýakyn dost bolup, imanyny berkidipdir.
Zebur 27-nji bapda Dawut pygamber imanyny nädip berkidendigini aýdýar (1-nji aýat). Ol duşmanlaryndan Ýehowanyň nädip halas edendigi barada oýlanýardy (2, 3-nji aýatlar); Ýehowanyň mukaddes çadyryny gymmat saýýardy (4-nji aýat); il-gün bilen Ýehowa sežde edýärdi (6-njy aýat); Ýehowa ýürekden doga edýärdi (7, 8-nji aýatlar); Ýehowanyň dogry ýollaryny öwrenmek isleýärdi (11-nji aýat). Dawut iman etmegiň wajypdygyna düşünip, şeýle diýdi: «Iman etmedik bolsam, ýagty jahanda nirelerde bolardym?!» (13-nji aýat).
IMANY NÄDIP BERKITMELI?
Siz hem Zebur 27-nji bapda aýdylan maslahatlar barada oýlansaňyz we olara hemişe eýerseňiz, Dawut ýaly imanyňyzy berkidip bilersiňiz. Imanyňy berkitmek üçin Hudaý hakda bilim almaly. Hudaýyň Sözüni we oňa esaslanan edebiýatlary okamaly. Şonda mukaddes ruhuň miwesi bolan imanymyzy berkideris (Zeb. 1:2, 3). Mukaddes Kitaby okanyňyzda, oýlanmak üçin wagt sarp ediň. Agajyň ösmegi üçin topragyň gerek bolşy ýaly, minnetdar bolmak üçin hem oýlanmaly. Ýehowa minnetdarlygymyz artdygyça, imanymyzy iş ýüzünde görkezeris, ýagny ýygnaklara baryp, Hudaýa sežde ederis we Jennetiň boljakdygy hakda wagyz ederis (Ýew. 10:23—25). Şeýle-de «ruhdan düşmän, hemişe doga etsek» imanymyzyň berkdigini subut ederis (Luka 18:1—8). Şol sebäpli Ýehowa «hemişe doga-dileg ediň» we «aladaňyzy etjekdigine» şübhelenmäň (1 Sel. 5:17; 1 Pet. 5:7). Iman bize ýagşy işleri etmäge güýç berýär, ýagşy işler bolsa imanymyzy berkidýär (Ýak. 2:22).
ISA PYGAMBERE IMAN EDIŇ
Isa ölüminiň öň ýanyndaky gije şägirtlerine: «Hudaýa-da, maňa-da iman ediň» diýdi (Ýah. 14:1). Diýmek, biz hem Ýehowa, hem Isa pygambere iman etmeli. Nädip? Geliň, munuň üç usulyny bileliň.
Isa iman etmek nämäni aňladýar?
Birinjiden, tölegiň Allanyň size beren sowgadydygyny unutmaň. Ol ogluny diňe siziň üçin gurban etdi. Pawlus resul: «Hudaýyň Ogluna iman edip ýaşaýaryn. Ol meni söýüp, meniň üçin janyny gurban etdi» diýdi (Gal. 2:20). Eger siz Isa iman etseňiz, töleg gurbanynyň hut siziň üçin berlendigine, günäleriňiziň bagyşlanandygyna, ebedi ýaşamaga umydyňyzyň bardygyna asla şübhelenmersiňiz. Şeýle-de töleg gurbany Hudaýyň sizi söýýändigini hem subut edýär (Rim. 8:32, 38, 39; Efes. 1:7). Töleg gurbanynyň kömek edýändigine ynansaňyz, özüňizi günäkärläp ýörmersiňiz (2 Sel. 2:16, 17).
Ikinjiden, töleg gurbany arkaly doga edip, Ýehowa ýakynlaşyň. Sebäbi töleg gurbany arkaly siz Ýehowa «çekinmän doga-dileg edip» bilýärsiňiz. «Kömege mätäç bolanymyzda, ol hökman rehim eder, ýagşylygyny gaýgyrmaz» (Ýew. 4:15, 16; 10:19—22). Doga etsek, günäli höwesleriň toruna düşmeris (Luka 22:40).
Üçünjiden, Isa pygambere gulak asyň. Ýahýa resul: «Ogla iman eden ebedi ýaşar, oňa gulak asmadyk ýaşaýşa gowuşmaz, gaýtam Hudaýyň gazabyna duçar bolar» diýdi (Ýah. 3:36). Üns beren bolsaňyz, Ýahýa resul iman etmegi gulak asmazlyk bilen gapma-garşy edip ulanýar. Diýmek, Isa gulak assak, iman edip bileris. Isa gulak asmak üçin «Mesihiň kanunyny berjaý etmeli», ýagny onuň öwreden we tabşyran zatlaryny ýerine ýetirmeli (Gal. 6:2). Şeýle-de Isa gulak asmak üçin, onuň «wepaly hem paýhasly hyzmatkär» arkaly berýän görkezmesine eýermeli (Mat. 24:45). Isa gulak assak, apy-tupan ýaly kynçylyklarda hem berk durup bileris (Luka 6:47, 48).
«MUKADDES IMANYŇYZ BILEN ÖZÜŇIZI BERKIDIŇ»
Bir adam Isa pygambere: «Iman edýärin! Eger imanym gowşak bolsa, ony berkit» diýip ýalbardy (Mar. 9:24). Ol adam iman edýärdi, ýöne ol imanyny berkitmegiň wajypdygyny pespällik bilen boýun aldy. Şol adam ýaly, biziňem durmuşymyzda bolýan käbir ýagdaýlar imanymyzy berkitmegiň zerurdygyny ýatladýar. Biz imanymyzy häzirden berkitmeli. Munuň üçin Hudaýyň Sözüni okamaly we oýlanmaly. Şonda Ýehowanyň biziň üçin eden ýagşylyklaryna minnetdar bolarys. Şeýle-de dogan-uýalar bilen Ýehowa sežde etsek, Jennet barada gürrüň bersek we hemişe doga etsek imanymyz has-da berkär. «Mukaddes imanymyz bilen özümizi berkitsek», uly sylaga eýe bolarys, ýagny Hudaýa söýgimiz sowamaz (Ýahd. 20, 21).