Garawul diňiniň ONLAÝN KITAPHANASY
Garawul diňiniň
ONLAÝN KITAPHANASY
türkmen
Ä
  • Ç
  • ç
  • Ä
  • ä
  • Ž
  • ž
  • Ň
  • ň
  • Ö
  • ö
  • Ş
  • ş
  • Ü
  • ü
  • Ý
  • ý
  • MUKADDES KITAP
  • EDEBIÝATLAR
  • DUŞUŞYKLAR
  • km 11/05 sah. 1
  • Ýehowanyň şöhratyny yglan ediň

Şuňa degişli wideo ýok.

Bagyşlaň, wideo ýüklenende näsazlyk ýüze çykdy.

  • Ýehowanyň şöhratyny yglan ediň
  • Hudaýa gullugymyz — 2005
  • Meňzeş maglumat
  • «Ýehowanyň adyny arşa galdyryň!» (Zebur 96:8).
    «Ýehowanyň adyny arşa galdyryň!» (Zebur 96:8).
  • «Ýehowanyň adyny arşa galdyryň!»
    Garawul diňi Ýehowa Hudaýyň Patyşalygyny yglan edýär (Ýygnak üçin) — 2025
  • Ýehowa alkyş aýdyň!
    Ýehowa aýdym aýdalyň
  • Sen Ýehowanyň şöhratyny aýna kimin görkezýärsiňmi?
    Garawul diňi Ýehowa Hudaýyň Patyşalygyny yglan edýär — 2012
Başgalary
Hudaýa gullugymyz — 2005
km 11/05 sah. 1

Ýehowanyň şöhratyny yglan ediň

1 Mezmurçy: «Eý bütin dünýä, Rebbe nagma aýdyň. Onuň şöhratyny milletler arasynda, ajaýyp işlerini bütin halklar arasynda yglan ediň» diýip nagma aýdýar. Ýehowanyň biziň üçin eden, edýän we etjek işleri barada oýlansak, onuň şöhratyny yglan etmäge ýüregimizde höwes dörär (Zeb. 96:1, 3).

2 Wagyz gullugymyzda. Ýehowanyň Güwäçileri üçin Hudaýyň adyny götermek we ony bütin ýer ýüzünde şöhratlandyrmak uly hormatdyr (Mal. 1:11). Hudaýyň adyny Mukaddes Ýazgylaryň terjimelerinden aýran hristian dünýäsiniň dini ýolbaşçylaryndan olar gör, nähili tapawutlanýar! Hudaýyň adyny tanatmak gaýragoýulmasyz iş, çünki adamlar golaýlaşyp gelýän uly muşakgatda halas bolar ýaly, onuň adyny iman bilen çagyrmaly (Rim. 10:13—15). Galyberse-de, älem-jahanda we şol sanda bütin dünýädäki adamlaryň arasyndaky parahatçylyk, Hudaýyň adynyň şöhratlanmagy bilen bagly. Aslynda, Hudaýyň ähli işleri onuň ady bilen baglanyşykly.

3 «Reb [Ýehowa] uludyr, köp sena mynasypdyr». Ýöne adamlar «Rebbiň [Ýehowanyň] adynyň şöhratyny ykrar eder» ýaly, olar Hudaý barada hakykaty bilmeli (Zeb. 96:4, 8). Emma käbir adamlar «Hudaý ýok» diýýär (Zeb. 14:1). Başgalar bolsa Hudaý güýçsüz ýa-da adamlaryň aladasyny etmeýär diýip, ony biabraý edýär. Biz akýürekli adamlara Ýaradyjymyz, onuň niýeti we söýgüden doly häsiýeti barada dogry bilim almaga kömek edip, Ýehowany şöhratlandyrýarys.

4 Özümizi alyp barşymyz. Biz Hudaýyň adyl kadalary boýunça ýaşap, ony şöhratlandyrýarys. Biziň oňat edim-gylymymyz görünmän galmaz (1 Pet. 2:12). Mysal üçin, biziň arassa we sypaýy geýinmegimiz adamlara täsir edip, Mukaddes Ýazgylardaky prinsipleriň peýdalydygyny düşündirmäge amatly pursat döredýär (1 Tim. 2:9, 10). «Gowy işlerimizi görüp, [adamlaryň] gökdäki Atamyzy şöhratlandyrmagy» bizi begendirýär! (Mat. 5:16).

5 «Rebbe [Ýehowa] nagma aýdyň, Onuň adyna alkyş okaň, günsaýyn gutaryşyny buşlaň» diýen şatlykly çagyryşa seslenip, sözümiz bilen we iş ýüzünde ajaýyp Hudaýymyzy her gün şöhratlandyralyň (Zeb. 96:2).

    Türkmençe edebiýatlar (1997—2026)
    Çykmak
    Girmek
    • türkmen
    • Paýlaş
    • Sazlamalar
    • Copyright © 2025 Watch Tower Bible and Tract Society of Pennsylvania
    • Şertler we düzgünler
    • Gizlinlik syýasaty
    • Gizlinlik sazlamalary
    • JW.ORG
    • Girmek
    Paýlaş