Wagyz üçin teklipler
▪«Köp adamlar maşgalanyň bagtly bolmagy üçin bir-biriň bilen düşünişmeli diýýärler. Ýöne düşünişmek hemişe aňsat däl. Näme üçindir öýdýärsiňiz? [Jogap bersin.] Mukaddes Ýazgylaryň berýän maslahatlary düşünişmäge kömek edýär». Ýakup 1:19-y okap ber.
▪«Bütin dünýä boýunça millionlarça adamlar garyp ýaşaýarlar. Olara nädip kömek edip bolarka? [Jogap bersin. Soňra 1 Petrus 2:21-i okap ber] Mukaddes Ýazgylar Isa pygamberden görelde almagy hem-de garyplaryň derdini paýlaşmagy öwredýär».
▪«Siziň pikiriňizçe, adamlar näme üçin garraýarka? [Jogap bersin.] Mukaddes Ýazgylar garrylygyň sebäbini hem-de adamlary ebedi ýaşatmak üçin Hudaýyň nämeler etjekdigini gürrüň berýär». Soňra Ylham 21:4 okap ber.