Patyşalyk Zallaryny gurmak — Hudaýa gulluk etmek
1. Patyşalyk Zallaryny gurmak işinde nämeler edildi we nämeler edilmeli?
1 2005-nji ýylda Belarusiýada we Russiýada 51 Patyşalyk Zaly guruldy, Patyşalyk Zaly üçin 19 jaý bejerildi hem-de 11 sany Zal remont edildi. Biz Patyşalyk Zalyny gurmaga ýolbaşçylyk edýän komitete, gurluşykçylara hem-de olara kömek edýänlere agyr işleri üçin ýürekden minnetdarlyk aýdýarys. Şunça köp Patyşalyk Zallarynyň gurulmagyna garamazdan, gurulmaly Zallar henizem köp. Biziň Ýehowa gullugymyz bilen bagly bu işe her birimiz nädip goşant goşup bileris? (Ylh. 7:15).
2. Patyşalyk Zallarynyň gurluşygyny biz nädip goldap bileris?
2 Taýýar bol. Eger sen çokundyrylan wagyzçy bolsaň, onda sen güýjüňi gaýgyrman Patyşalyk Zallaryny gurýan gurluşykçylaryň bir toparyna kömek edip bilersiň (Zeb. 110:3). Yhlasly zähmet çekmäge höwes bildirýän we başgalar bilen işleşip biljek her bir adam arza ýazyp biler (Zeb. 133:1). Hatda seniň gurluşykdan başyň çykmasa-da, gurluşyga goşant goşup bilersiň. Eger sen gurluşyk işini ýörite öwredýänlerden öwrenseň, gelejekde seniň ukybyňy has gowy ulanyp bolar.
3. Patyşalyk Zallarynyň gurluşygyny biz ýene-de nädip goldap bileris?
3 Eger gurluşyk işine gatnaşmaga mümkinçilik bolmasa, oňa gatnaşýanlary ruhlandyryp, gurluşygy goldap bolar. Gurluşyga giden dogan gelýänçä, sen onuň ýygnakdaky işlerini ýerine ýetirip bilersiň. Gurluşyga giden doganyň ýoklugy ýygnak işlerinde bildirmez ýaly, ýaşulular öňünden planlaşdyryp, aladasyny edip biler. Biz Patyşalygyň bähbitleri üçin agzybir zähmet çeksek, Ýehowa begenýär (Ýew. 13:16).
4. Patyşalyk Zalyny gurmaga gatnaşýanlary nädip ruhlandyryp bileris?
4 Ruhlandyr. Sežde edilýän ýeri gurmak üçin köp wagt hem güýç sarp etmeli bolýar. Gurluşyga çagyrylanlar öz ýygnaklarynda birnäçe wagtlap bolmaýar. Geliň, «bu [möhüm, TD] iş» üçin köp zady pida edýän dogan-uýalary öweliň hem-de ruhlandyralyň (Res. iş. 6:3; Rim. 14:19).
5. Gurluşyga gatnaşýan dogan-uýalar nädip paýhasly bolup biler?
5 Paýhasly bol. Biziň esasy teokratiki işimiz — Hudaýyň Patyşalygy barada wagyz etmek (Mar. 13:10). Şonuň üçin Patyşalyk Zallarynyň gurluşyk topary işlerini dogan-uýalar öz ýygnaklaryndan gitmän gurluşyga gatnaşyp biler ýaly, planlaşdyrmaga çalyşýar. Gurluşyga meýletin gatnaşýan dogan-uýalar-da öz borçlaryny ýerine ýetirer ýaly, paýhasly bolmaga çalyşýarlar. Olar özleri bolmadyk wagty, ýynakdaky borçlaryny biri ýerine ýetirer ýaly alada edýär.
6. Ýygnagyň ähli agzalary hakyky seždäniň ilerlemegi üçin agzybir işlände näme gazanylýar?
6 Pawlus resul ýygnagyň agzalarynyň agzybir işläp, «söýgüde abatlanmak üçin bedeniň ösmegine» ýardam edýändikleri barada ýazdy (Efes. 4:16, TD). Biz Ýehowany hem-de hakyky seždäni söýýänimiz üçin agzybir gulluk edip, wagyz işini we Patyşalyk Zallarynyň gurluşygyny goldaýarys.