Yzyny üzmän wagyz ederis
1 Biziň ýaşaýan ýerimizde ýygy-ýygydan we pugta wagyz edilýändigi üçin, adamlar hoş habara käte seslenmeýän ýaly bolup görünýär. Emma wagyz etmäge degerli sebäpler bar (Mat. 28:19, 20).
2 Güwälik üçin. Isa Patyşalyk işi «ahyrzamanyň» esasy alamaty bolup, «hemme milletlere güwälik hökmünde... wagyz ediler» diýip pygamberlik etdi (Mat. 24:3, 14). Adamlar biziň Patyşalyk baradaky hoş habary wagyz edýänimizi görende, olara gowy güwälik edilýär. Meýdançadan gidenimizden soň hem, hatda hoş habary diňlemedik adamlarlaryň käbiri biz barada uzak wagtlap gürrüň etmekleri mümkin. Eger biz gullugymyzyň wajypdygyna düşünsek, wagyz etmegimizi dowam ederis. Biz güwälik etmek hem-de duýduryş habaryny wagyz etmek bilen Mukaddes Ýazgylardaky pygamberligiň ýerine ýetmegine gatnaşyp, Ýehowanyň ýüregini begendirýäris (2 Sel. 1:6—9).
3 Erjellik wajyp. Ünsüňi sowýan zatlaryň we aladalaryň artýan döwründe adamlaryň hakykata bolan höwesi gaçmagy mümkin, şol sebäpli olary gyzyklandyrar ýaly bize erjellik gerek. Ýehowanyň Güwäçileri bir aýalyň öýüne ýylyň dowamynda her hepde gelýärdiler, diňe şondan soň ol Mukaddes Ýazgylar barada gürrüň etmek üçin Güwäçileri öýüne çagyrýar. Oňa eşidenleri şeýle ýaraýar welin, Mukaddes Ýazgylar okuwyny geçmäge razylaşýar, ýygnak duşuşyklaryna gatnaşyp başlaýar we biraz wagtdan suwda çokundyrylmak isleýändigini aýdýar.
4 Dünýäniň ýagdaýy tiz üýtgeýändigi sebäpli, adamlaryň hoş habara bolan garaýşy hem üýtgeýär. Gelejege umyt berýän habary öň diňlemek islemeýän adamlaryň köpüsi, indi höwes bilen diňlemekleri mümkin. Hoş habara hatda ýekeje adam seslense, biziň erjelligimiz sylaglanar.
5 Ýer ýüzünde «ähli ýigrenji zatlardan gynanýan we ah çekýän» adamlar günsaýyn köpelýär (Ezek. 9:4). Wagyz işiniň netijesinde dogrulygy agtarýan adamlar Patyşalyk habaryna seslenýärler (Iş. 2:2, 3). Şol sebäpli, geliň, yzyny üzmän, sypaýyçylykly, ýöne erjellik bilen «şatlykly hoş habary» wagyz etmegimizi dowam edeliň! (Iş. 52:7; Res. iş. 5:42).