Maşgalamyz halas bolar ýaly nädip kömek edip bileris?
1 Mukaddes Ýazgylardaky pygamberligiň ýerine ýetişi bu zalym dünýäniň soňunyň örän çalt golaýlaşýandygyny aýdyň görkezýär. Biz häzir Nuhuň tupanynyň öň ýanyndaka meňzeş agyr günlerde ýaşaýarys (Mat. 24:37—39). «Nuh Hudaýyň huzurynda gezeni» üçin gadymy dünýä ýok bolanda, ol halas boldy (Bar. 6:9). Nuh öz maşgalasyna Ýehowanyň ýollaryny öwreden bolmaly, şol sebäpli onuň maşgalasy hem Tupanda halas boldy. Biz hem Nuhdan görelde alyp, bu zalym dünýäniň soňy gelende, halas bolar ýaly maşgalamyza nädip kömek edip bileris?
2 Dogrulyk wagyzçysy. Nuh «dogrulyk wagyzçysy» hökmünde 40—50 ýyla golaý erjellik bilen wagyz etdi (2 Pet. 2:5). Nuh wagyz edende, adam keşbine giren pitneçi perişdeleriň täsiri astynda, adamlar onuň üstünden gülen bolmaly. Bizem köplenç gullukda biperwaý we üstümizden gülýän adamlara duş gelýäris, bu-da dünýäniň soňunyň golaýlandygyny subut edýär (2 Pet. 3:3, 4). Emma Nuhuň günlerinden tapawutlylykda, köp adamlar biziň edýän tagallalarymyza seslenýärler we Ýehowa sežde edip başlaýarlar (Iş. 2:2). Biz diňe wagyz etmegimizi dowam edip, «özümizi, hem özümize gulak asýanlary halas ederis» (1 Tim. 4:16). Ata-eneler öz göreldeleri bilen wagyz işiniň gaýragoýulmasyzdygyny çagalaryna öwretmeli (2 Tim. 4:2).
3 Ol «şeýle-de etdi». Nuh we onuň maşgalasy halas bolmak üçin Ýehowanyň görkezmesine gürrüňsiz eýermelidiler (Bar. 6:22). Şu günler biziň üçinem Hudaýyň Mukaddes Ýazgylar we sadyk hyzmatkär arkaly berýän görkezmesine «diýen etmek» wajyp (Ýakup 3:17). Meselem, bir maşgalada ulalan çagalar kakasynyň Ýehowanyň guramasynda berilýän maslahatlary ulanyşyny ýatlaýarlar. Kakasy maslahat berlişi ýaly, her hepde maşgala okuwyny geçirýärdi we her dynç güni olar bilen wagyz edýärdi. Ol her hepde bir çagasy bilen gulluga çykýardy. Onuň erjellik bilen «şeýle etmekligi» çagalarynda güýçli täsir galdyrdy we olaryň altysy-da Ýehowanyň wepaly gullukçylary bolup ýetişdiler.
4 Bu dünýäniň soňy duýdansyz geler (Luka 12:40). Emma Nuhuň göreldesine eýerip, gutulyşa iman edýändigimiz üçin, biz we maşgalamyz oňa taýýar bolar! (Ýew. 11:7).