Sowally bukja
◼ Eger durmuş gurýanlar Patyşlyk zalynda toý nutgy bilen çykyş edilmegini isleseler, ýaşuly bilen nähili soraglary ara alyp maslahatlaşmaly?
Mukaddes Ýazgylardaky prinsipe görä, tutulýan toý Ýehowa şöhrat getirýär. Aýratynam, bu Patyşalyk zalynda çykyş ediljek toý nutgyna degişli, çünki daş-töwerekdäki adamlar şeýle dabara Hudaýa gullugymyzyň bir bölegi ýaly garaýarlar. «Herki zat sypaýyçylyk hem tertip bilen bolmaly», şol sebäpli Patyşalyk zalynda toý nutgy bilen çykyş edilmek baradaky haýyşa ýerli ýaşulular seretmeli (1 Kor. 14:40).
Eger durmuş gurýanlar Patyşalyk zalynda nutk bilen çykyş edilmegini isleseler, olar bu haýyşyny şol zalda geçirilýän ýygnagyň gulluk komitetine ýazmaly. Muny öňünden etmeli. Şeýle-de bu hatda toý nutgy üçin zalyň haçan ulanyljakdygy hakynda çak edilýän senesini we wagtyny görkezmeli. Olar ýaşulularyň toý nutgy üçin ýygnak duşuşyklarynyň tertibini üýtgetmejekdigini unutmaly däl. Şeýle-de ýigit bilen gyzyň ýygnakda gowy abraýy bolup, Mukaddes Ýazgylaryň prinsipleri we Ýehowanyň dogry kadalary boýunça ýaşamaly.
Eger durmuş gurýanlar öňürti gulluk komiteti bilen duşuşyp, zalda nähili taýýarlyklaryň planlaşdyrylýandygy barada pikir alyşsalar, toý Ýehowa şöhrat getirer. Elbetde, ýaşulular öz garaýşyny öňe sürmeýärler, ýöne olar bir zady ýerliksiz görseler, durmuş gurýanlara planlaryny üýtgetmegi maslahat berýärler. Diňe Patyşalyk sazlary ýa-da aýdym kitabymyzdaky aýdymlary ulanmaly. Patyşalyk zalyny bezemek ýa-da oturgyçlaryň ýerini üýtgetmek üçin hem ýaşululardan rugsat almaly. Surata ýa-da wideo alananda, hemmeler özüni gowy alyp barmaly. Eger şol wagt Patyşalyk zalynda ýygnak geçirilmeýän bolsa ýaşulular repetisiýa geçirmäge rugsat berip biler. Bildiriş tagtasyna toý nutgyna çakylyk asmaly däl. Emma bu barada ýaşulular gulluk duşuşygynda gysgaça bildiriş edip bilerler.
Toý nutgyna gelenleriň suwda çokundyrylan wagyzçy bolmagy hökman däl. Emma olaryň durmuşy Mukaddes Ýazgylaryň prinsiplerine garşy gelmeli däl ýa-da olaryň hereketi dabara gatnaşýanlary büdremeli däl. Toý nutgy bilen ýaşuly çykyş etmeli. Ýaşulular Hudaýyň Sözüniň ukyply mugallymlary bolany üçin, olar bu dabaraly gün bilen baglanyşykly Ýazgylardaky prinsipleri ulanmaga has gowy üns bererler (1 Tim. 3:2).
Toý nutgy bilen çykyş edýän ýaşuly bu dabaranyň Patyşalyk zalynda geçirilişine-de jogapkär, şol sebäpli onuň nähili alnyp baryljakdygy barada ony habarly etmeli. Ol durmuş gurýanlar bilen duşuşyp, tanyşlyk döwründe olaryň ahlak taýdan özlerini nähili alyp barandyklary barada sorar; olar açyk we dogruçyl bolmaly. Eger durmuş gurýanlaryň biri öň nikada bolan bolsa, onda Ýazgylar we kanun esasynda muny tassyklamaly (Mat. 19:9). Munuň üçin ol ýaşula talak hatyny görkezmeli.
Durmuş gurýanlar ýaşuly bilen aç-açan gürrüňdeş bolup, doly hyzmatdaşlyk etseler, onda toý hemmeler üçin bagtly dabara bolar (Sül. tym. 15:22; Ýew. 13:17).