Garawul diňiniň ONLAÝN KITAPHANASY
Garawul diňiniň
ONLAÝN KITAPHANASY
türkmen
Ä
  • Ç
  • ç
  • Ä
  • ä
  • Ž
  • ž
  • Ň
  • ň
  • Ö
  • ö
  • Ş
  • ş
  • Ü
  • ü
  • Ý
  • ý
  • MUKADDES KITAP
  • EDEBIÝATLAR
  • DUŞUŞYKLAR
  • km 3/09 sah. 1
  • Ýatlama agşamyna gowy taýýarlanýarys

Şuňa degişli wideo ýok.

Bagyşlaň, wideo ýüklenende näsazlyk ýüze çykdy.

  • Ýatlama agşamyna gowy taýýarlanýarys
  • Hudaýa gullugymyz — 2009
  • Meňzeş maglumat
  • Ýatlama agşamy barada ýatlatma
    Hudaýa gullugymyz — 2008
  • Ýatlama agşamy babatda ýatlatma
    Hudaýa gullugymyz — 2007
  • Ýatlama agşamy barada ýatlatma
    Hudaýa gullugymyz — 2006
  • Siz Ýatlama agşamyna taýýarlyk görýäňizmi?
    Hudaýa gullugymyz — 2015
Hudaýa gullugymyz — 2009
km 3/09 sah. 1

Ýatlama agşamyna gowy taýýarlanýarys

Isa Mesihiň şägirtleri onuň ölen gününi ýatlamak üçin gowy taýýarlanýarlar (Luka 22:19). Bu olar üçin uly şatlyk we hormat! Ýatlama agşamyna taýýarlananda nämäni göz öňünde tutmaly?

◼ Wagty we geçirilýän ýeri. Ýatlama agşamynyň haçan we nirede geçirilýändigini hemmeler anyk bilmeli. Eger birnäçe topar şol bir ýerde ýygnanýan bolsa, onda wagtynda gelip, wagtynda gitmeli, çünki duşuşyklaryň arasyndaky wagt çäkli bolýar. Basgançak meýdançasynda, girelgede we ýanýodada adamlar ýygnanmaz ýaly, maşyn duralgasynda-da maşynlar üýşmez ýaly çäre görmeli.

◼ Çakylyk. Ähli wagyzçylar gyzyklanýan adamlary nädip çagyrmalydygyny bilýärmikä? Ýerli ýagdaýa görä, olar kimi çagyryp biler?

◼ Ulag. Gyzyklanýanlaryň we dogan-uýalarymyzyň käbiri Ýatlama agşamyna özleri baryp bilmeýär. Olary maşynda äkitmeli ýa-da bile gitmeli. Siz şeýle kömegi berip bilermisiňiz?

◼ Nyşanlar. Nyşanlaryň gün ýaşmanka geçirilmezligine üns beriň. Mesh edilen mesihçiler ýarawsyzlygy sebäpli baýramçylyga gelip bilmese, olara nyşanlary eltip bermegiň aladasyny etmeli. Baýramçylyga gerekli çöregi we gyrmyzy şeraby almaly ýa-da taýýarlamaly. (Seret w03-U 15.2, sah. 14, abz. 14.)

◼ Ýygnanylýan ýer. Jaýy öňünden arassalap taýýarlamaly. Ol ýere gowy stol getirip, üstüne saçak ýazyp, tarelka we bokal goýmaly. Guramaçylary we nyşanlary geçirýän doganlary bellemeli hem-de olara duşuşygyň nähili geçýändigini, borçlaryny, şeýle-de daş keşbiniň, egin-eşiginiň salykatly bolmalydygyny öňünden düşündirmeli.

Isa Mesihiň ölen gününiň Ýatlama agşamy örän wajyp waka, şol sebäpli biziň her birimiz we ýygnagymyz oňa gowy taýýarlanmak isleýäris. Elbetde, Ýehowa söýgüli Ogly Isa Mesih arkaly adamzada beren tölegine ýürekden minnetdarlyk bildirýänleriň ählisine bol bereket berer.

    Türkmençe edebiýatlar (1997—2026)
    Çykmak
    Girmek
    • türkmen
    • Paýlaş
    • Sazlamalar
    • Copyright © 2025 Watch Tower Bible and Tract Society of Pennsylvania
    • Şertler we düzgünler
    • Gizlinlik syýasaty
    • Gizlinlik sazlamalary
    • JW.ORG
    • Girmek
    Paýlaş