Hudaýa gullugymyz ony söýýändigimizi görkezýär
1. Isanyň Hudaýa bolan söýgüsi nämä höweslendirýärdi?
1 Isanyň Ýehowa bolan söýgüsi oňa gulluk etmäge höweslendirýärdi. Bu onuň ähli edýän işinden hem görünýärdi. Isa şeýle diýdi: «Meniň Atany söýýänligimi, Ata Maňa nähili tabşyryk beren bolsa, şony berjaý edýänligimi dünýä bilmelidir» (Ýahýa 14:31). Isanyň şägirtleri hökmünde biz hem gullugymyz bilen Hudaýa bolan çuňňur söýgimizi görkezip bileris (Mat. 22:37; Efes. 5:1, 2).
2. Ýehowa bolan söýgimiz gullugymyza nähili täsir edýär?
2 «Adyň mukaddes bolsun». Biz adamlara Ýehowa we onuň Patyşalygy barada yhlasly gürrüň bermek üçin her bir mümkinçilikden peýdalansak, Hudaýa bolan söýgimizi görkezeris hem-de onuň adynyň mukaddeslenmegine ýardam ederis (Zeb. 83:18; Ezek. 36:23; Mat. 6:9). Biz hem Isa ýaly gullugymyzda Ýehowanyň adynyň mukaddeslenmegini we onuň niýetiniň amala aşmagyny ak ýürekden isleýändigimizi hemişe görkezýäris (Mat. 26:39).
3. Ýehowa bolan söýgimiz kynçylyklara döz gelmäge nädip kömek edýär?
3 Söýýändigimiz üçin kynçylyklara döz gelýäris. Ýehowa bolan söýgi ähli kynçylyklara döz gelmäge kömek edýär (1 Kor. 13:4, 7). Isa durmuşynda gullugyna päsgel berýän kynçylyklara duş gelýärdi. Emma Isanyň Ýehowa bolan çuňňur söýgüsi we onuň islegini berjaý etmek höwesi ähli kynçylyklara döz gelmäge kömek etdi (Mar. 3:21; 1 Pet. 2:18—23). Biz hem köp kynçylyklara duş gelýäris, ýöne Hudaýa bolan söýgimiz olara döz gelmäge ýardam edýär. Eger biz Isanyň göreldesine eýersek, gullugymyzy dowam etmäge güýjümiz bolar. Belki, biz maşgaladaky garşylyklar, adamlaryň biperwaýlygy, saglygymyzyň gowşaklygy ýa-da garrylyk sebäpli bolýan kynçylyklara duş gelýändiris. Emma bularyň hiç biri Ýehowa bar güýjümiz bilen gulluk etmäge höweslendirýän söýgimizi gowşadyp bilmez.
4. Ýehowa bolan söýgimizi nädip görkezip bileris?
4 Söýgi güýçli häsiýet, şol sebäpli gullugymyzda Hudaýa bolan çuňňur söýgimizi görkezmäge mümkinçiligimiz bar (1 Kor. 13:13). Ýehowanyň adynyň hemişelik mukaddeslenjek wagty has golaýlaşýar. Şonuň üçin geliň, «söýgimiz... barha artar» ýaly jan edeliň (Fil. 1:9; Mat. 22:36—38).