Garawul diňiniň ONLAÝN KITAPHANASY
Garawul diňiniň
ONLAÝN KITAPHANASY
türkmen
Ä
  • Ç
  • ç
  • Ä
  • ä
  • Ž
  • ž
  • Ň
  • ň
  • Ö
  • ö
  • Ş
  • ş
  • Ü
  • ü
  • Ý
  • ý
  • MUKADDES KITAP
  • EDEBIÝATLAR
  • DUŞUŞYKLAR
  • km 7/09 sah. 3
  • Ýehowa her gün alkyş aýt

Şuňa degişli wideo ýok.

Bagyşlaň, wideo ýüklenende näsazlyk ýüze çykdy.

  • Ýehowa her gün alkyş aýt
  • Hudaýa gullugymyz — 2009
  • Meňzeş maglumat
  • Ýehowa alkyş aýdalyň!
    Ýehowanyň şanyna aýdym aýdalyň
  • Ýehowa alkyş aýdyň
    Ýehowa aýdym aýdalyň
  • «Ýehowanyň adyny wasp ediň!»
    Garawul diňi Ýehowa Hudaýyň Patyşalygyny yglan edýär (Ýygnak üçin) — 2024
Hudaýa gullugymyz — 2009
km 7/09 sah. 3

Ýehowa her gün alkyş aýt

1. Hudaýyň gullukçylary näme etmäge jan edýärler we näme üçin?

1 Dawut patyşa Ýehowa «her gün», hatda ebedi alkyş aýtmagy ýüregine düwdi (Zeb. 145:2, 7, 21). Bizde-de Ýehowa her gün alkyş aýtmaga ençeme sebäp bar (Zeb. 37:10; 145:14, 18; 2 Pet. 3:13).

2. Maşgalalar Ýehowa nädip her gün alkyş aýdyp biler?

2 Öýümizde. Bizde gündeki aýady ara alyp maslahatlaşmaga, maşgala okuwyny geçirmäge we ýygnak duşuşyklaryna taýýarlanmaga kömek edýän ençeme ajaýyp edebiýatlarymyz bar. Köp maşgalalar günüň dowamynda hiç bolmanda bir gezek bile oturyp naharlanýarlar. Bu howlukman, arkaýyn söhbetdeşlik etmäge we Ýehowa alkyş aýtmaga mümkinçilik berýär. Erkin ýagdaýda geçirilýän şeýle söhbetdeşlik ata-enelere çagalaryny «Rebbiň terbiýe hem öwüdi bilen ulaltmaga» kömek edýär (Efes. 6:4; Kanun. 6:5—7).

3. Doganlar bilen gürrüňdeşlik bize nähili mümkinçilik berýär?

3 Doganlar bilen gürrüňdeş bolanda. Biziň wagyz edenimizde we ýygnak duşuşygynda doganlar bilen Ýehowany şöhratlandyrmaga ajaýyp mümkinçiligimiz bar (Sül. tym. 15:30; Flp. 4:8; Ýew. 13:15). Biz Ýehowany söýýäris, şol sebäpli biri-birimiz bilen gürrüňdeş bolanda, Ýehowanyň ýagşylygy üçin oňa ýürekden minnetdarlyk bildirýäris (Zeb. 106:1).

4. Ýehowany şöhratlandyrmaga nähili mümkinçilik bar?

4 Iman etmeýänler bilen gürrüň edende. Biziň her gün wagyz etmäge mümkinçiligimiz bolmasa-da, Ýehowa hem-de onuň niýeti barada işdeşlerimiz, synpdaşlarymyz we başgalar bilen gysgaça gürrüň edip, akýürekli adamlara umyt berip bileris (Zeb. 27:14; 1 Pet. 3:15). Meselem, uçarda bir uýa ýanynda oturan aýala wagyz edip, teselli berýär we ruhlandyrýar. Netijede, ol aýal gürrüňdeşligi dowam etmek üçin uýamyza adresini we telefon belgisini berýär. Dünýädäki kynçylyklaryň we ýagdaýyň gitdigiçe erbetleşýändigine garamazdan, Ýehowanyň halky gulak asmak isleýän adamlara «hoş habary» aýdýar. Bu olara umyt hem-de Ýehowany şöhratlandyrmaga mümkinçilik berýär (Iş. 52:7; Rim. 15:11).

5. Biz näme üçin Ýehowany şöhratlandyrmak isleýäris we muny nädip edip bileris?

5 Ýehowa her gün gullukçylarynyň öwgüsini eşitmek nähili ýakymly! Biz Ýehowanyň daş-töweregimizdäki ýaradan zatlary üçin oňa her gün öýümizde, ýygnakda we entek Ýehowany şöhratlandyrmaýan adamlar bilen gepleşende öwgi aýdyp bileris (Zebur 19:1—4).

    Türkmençe edebiýatlar (1997—2026)
    Çykmak
    Girmek
    • türkmen
    • Paýlaş
    • Sazlamalar
    • Copyright © 2025 Watch Tower Bible and Tract Society of Pennsylvania
    • Şertler we düzgünler
    • Gizlinlik syýasaty
    • Gizlinlik sazlamalary
    • JW.ORG
    • Girmek
    Paýlaş